Britaniýanyň Bentley markasy doly elektrikleşdirmä geçýär. Onuň Torcal atly ilkinji elektromobiliniň tanyşdyrylyşyny 2026-njy ýylyň 23-nji sentýabrynda Londonda geçirmek meýilleşdirilýär.

Tizerlere we kompaniýanyň aýtmagyna görä, täze önüm däp bolan britan kaşaňlygyny Volkswagen nemes konserniniň tehnologiýalary bilen utgaşdyrýar.
Torcal modeliniň ady özüniň gaýaly landşaftlary bilen belli bolan Ispaniýanyň El-Torkal-de-Antekera (El Torcal de Antequera) goraghanasyna salgylanýar. Şeýle hem adyň özünde iňlis dilindäki «torque» (aýlanma pursaty) sözi bilen baglanyşyk bolup, ol elektromobiliň güýçli we çalt bat alyş häsiýetine yşarat edýär.

Modeliň dizaýny romb şekillerine esaslanýar. Ýörite «almaz» örmesi radiator gözeneginde, optikada, oturgyçlaryň daşlygynda we displeýleriň grafikasynda bolar.
Sürüş režimlerini saýlaýjy ryçag içinden granlanan bitewi hrustal böleginden ýasaldy.
Awtomobil Porsche Macan Electric we Audi Q6 e-tron modellerinde hem ulanylýan PPE (Premium Platform Electric) platformasynda döredildi. Ölçegleri we görkezijileri boýunça krossower elektrik Cayenne modeline ýakyndyr.
Modeliň esasy häsiýetnamalary:
- Batareýa: sygymy 109 kWt·sag
- Ýol ätiýajy: takmynan, 620 km
- Güýji: 850 kWt-a çenli bolan doly ýöredijili ulgam
- Çalt zarýad: 160 km ýol üçin energiýany doldurmak 7 minut alýar
Synag prototipleri modeliň Bentayga modelinden (uzynlygy 5,13 metr) biraz gysgadygyny görkezýär. Bu bolsa Torcal modelini uzynlygy 5 metr töweregi bolan kaşaň şäher krossoweri hökmünde görkezmäge mümkinçilik berýär.

Ilkibaşda Bentley elektromobili 2025-nji ýylda tanyşdyrmagy meýilleşdiripdi, ýöne möhletler süýşürildi. Mundan başga-da, kompaniýa 2030-njy ýyla çenli içinden ýanýan hereketlendirijilerden doly ýüz öwürmegi göz öňünde tutýan Beyond100 strategiýasyny täzeden gözden geçirdi. Dolandyryş geňeşiniň täze başlygy Frenk Walliser ahyrky möhleti 2035-nji ýyla süýşürdi.
Möhletleriň süýşürilmegi gymmat bahaly elektromobillere bolan islegiň azalmagy bilen baglanyşyklydyr, sebäbi brendiň müşderileri öňküsi ýaly içinden ýanýan hereketlendirijili ulaglary we zarýad stansiýalaryna bagly bolmazlygy makul bilýär. Şol sebäpli kompaniýa Torcal modeli bilen elektrik awtomobiliň hem klassyky W12 hereketlendirijili awtomobiller ýaly nepis hem-de oňaýly bolup biljekdigini görkezmäge çalyşýar.