Bentley kompaniýasy Torcal elektrokrossowerini köpçülige hödürledi. Modeliň iň kuwwatly S görnüşi 1350 Nm-e we 888 at güýjüne eýe bolup, ol 100 km/sag tizlige 2,9 sekuntda çykýar hem-de WLTP boýunça boýunça 600 kilometre çenli ýol geçmäge ukyplydyr.
Modeliň başlangyç bahasy, takmynan, 230 müň dollar.
Torcal-yň dizaýnynda Bentley-niň nusgawy modellerine we EXP 15-i hem öz içine alýan häzirki zaman konsepsiýalaryna salgylanmalar bar. Ulagyň bäş metrlik gabarasy yzky tigirleriň üstünde haýbat bilen çişip duran ýaly görünýär. Dizaýnerler bu görnüşi «dynç alýan ýyrtyjy» (resting beast stance) diýip atlandyrdy. Bäş metrlik elektrik awtoulag hereketsiz wagtynda-da ýere ýapyşyp, bökmäge taýýar bolup duran güýçli ýyrtyjyny ýada salýar.
Krossower doly işjeň asma ulgamy we uýgunlaşýan, iki klapanly amortizatorlar bilen üpjün edildi. Amortizatorlaryň her biri ýol şertlerine hem-de sürüjiniň hereketlerine aýratynlykda jogap berýär. Bu adaty kese durnuklaşdyryjylary ulanyşdan aýyrmaga ýardam berdi. Doly dolandyrylýan şassi bolsa yzky tigirleri 50-a çenli öwürýär.
113 kWt/sag güýji bolan batareýa 400 kWt-a çenli kuwwatly ulgamdan zarýad alýar. Ýedi minutyň dowamynda awtoulagyň ätiýaçlygyny, takmynan, 161 kilometre çenli dolduryp bolýar.

Awtoulagyň salonynda tebigy deri, merino ýüňi, şpon we alýumin ulanylypdyr. Adaty kürsüler 16 ugur boýunça sazlanýar we owkalama funksiýasy bilen üpjün edilen. Öňdäki ýolagçy üçin goşmaça multimedia displeýi göz öňünde tutulmandyr.

Torcal üçin Bentley V8-iň sesi esasynda ýörite saz döredildi. Bu saz deprekler, alt we bas-gitara gurallary arkaly ýerine ýetirilýär. Sazyň häsiýeti we sesiniň derejesi awtoulagyň tizligine hem-de talap edilýän kuwwata görä üýtgeýär.

Kömekçi ulgamlar toplumy 25 sany radary, datçikleri we kameralary öz içine alýar. Tirkege almak, awtoduralga girmek, parallel we uzak aralykdan ulagy duralga goýmak ýaly kömekçi ulgamlar göz öňünde tutulandyr. Şeýle-de ähli gapylar elektrik herekete getirijiler bilen enjamlaşdyryldy.