Porsche kompaniýasy Bugatti Rimac-daky paýyny we Rimac Group paýnamalar bukjasyny satmakdan, takmynan, 1 mlrd ýewro girdeji aldy. Nemes awtoöndürijisi gymmat bahaly elektromobillere bolan islegiň hem-de Hytaýda satuwyň peselmegi netijesinde öz aktiwler toplumyny azaldýar diýip, Bloomberg ýazýar.
Şertnama ýapylandan soň, Porsche Bugatti Rimac-yň kapitalyndan doly çykdy, şeýle hem Rimac Group-daky paýnamalaryň özüne degişli bolan 20,6%-ini satdy. 2021-nji ýyldan bäri Bugatti Rimac bilelikdäki kärhana hökmünde işläp gelýärdi: Porsche 45%, Rimac Group bolsa 55% paýa eýedi.
Aprel aýynda Porsche paýyny HOF Capital-yň ýolbaşçylygyndaky konsorsiuma satýandygyny mälim edipdi, ýöne şol wagt şertnamanyň bahasy aýan edilmändi. Indi kompaniýa awtomobil bölüminiň sap pul akymynyň marža görkezijisiniň 2026-njy ýylyň netijeleri boýunça öňki çaklanylan 5%-iň ornuna 7,5%-e çenli ýetmegine garaşýar. Alnan serişdeleriň 250 mln ýewrosy Porsche-niň pensiýa borçnamalaryna gönükdiriler.
Bu satuw biznesi üýtgedip gurmak çäresiniň bir bölegi boldy. Porsche-niň esasy eýesi bolan Volkswagen hem öz aktiwler toplumyna täzeden seredýär. Konserniň satyp biljek kompaniýalarynyň arasynda Ducati motosikl öndürijisi görkezilýär.
Porsche 2025-nji ýyly bary-ýogy 400 mln ýewro operasion girdeji bilen tamamlady – bu ondan öňki ýyldakydan 92,7% az. Netijelere amerikan paçlary, elektromobil pudagyndaky strategiýa gaýtadan seretmek üçin sarp edilen çykdajylar we içinden ýanýan hereketlendirijili täze modellere maýa goýumlar täsir etdi. Hytaýdaky satuw 26% azaldy.
2025-nji ýylda Porsche jemi 279 449 awtomobil satdy, bu bolsa 2024-nji ýyldaky görkezijiden 10,1% azdyr.