Porsche halas bolmak üçin top-menejerlerini 40% azaldyp, ulaglary gymmatladar

Şu gün, 14:30734
1 / 3

Lýuks derejeli sport awtoulaglaryny öndürýän Germaniýanyň Porsche AG kompaniýasynyň baş direktory Mihael Lýaýters kompaniýany halas etmek boýunça strategiýany hödürledi. «Frankfurter Allgemeine Zeitung» neşiriniň habar berşi ýaly, meýilnama dünýä bazarynda satuwyň ep-esli peselmegi netijesinde çykdajylary düýpli azaltmagy, giň gerimli kadr üýtgeşmelerini geçirmegi we model hataryna gaýtadan seretmegi öz içine alýar.

Kompaniýa çykdajylary azaltmagyň çäginde ýolbaşçy wezipeleriň sanyny 40%, dolandyryş we önümçilik bölümlerindäki işgärleriň sanyny bolsa, takmynan, 25% azaldar. Şol bir wagtyň özünde, kompaniýa zähmet haky ulgamyna täzeden sereder: top-menejerleriň şahsy netijelerine bagly bolan ýyllyk bonusynyň paýy 10%-den 30%-e çenli ýokarlandyrylar.

Ýakyn ýyllarda öndüriji ünsi, esasan, içinden ýandyrylýan hereketlendirijili awtoulaglary döretmäge gönükdirmek isleýär, şeýle-de ol elektrik bolmadyk üç sany täze modeli döretmek mümkinçiligini öwrenýär. Orta möhletli geljekde bu ädim amaly girdejini (EBIT) häzirki 7,8%-den 10–15%-e çenli ýokarlandyrmaga ýardam eder.

Kompaniýanyň ýolbaşçysynyň aýtmagyna görä, 2035-nji ýyldan başlap içinden ýandyrylýan hereketlendirijili awtoulaglary gadagan etmek baradaky çözgüde garamazdan, adaty hereketlendirijili ýa-da gibrid güýç enjamly awtoulaglaryň, şol sanda zarýad berilýän gibridleriň umumy satuwdaky paýy öňküsi ýaly 67% töweregi bolar. Geçen ýyl Porsche tarapyndan satylan awtoulaglaryň, takmynan, 78%-i içinden ýandyrylýan hereketlendiriji bilen enjamlaşdyrylypdy.

Şeýle hem kompaniýa tutuş model hatarynda hödürlenýän wersiýalaryň sanyny 20 göterim azaldar, bu bolsa çykdajylary peselder we galan görnüşleriň satuwyny 30 göterim ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer. Şol bir wagtyň özünde, Porsche awtoulaglarynyň ortaça bahasyny 20% ýokarlandyrmagy göz öňünde tutýar.

Öndüriji tarapyndan şeýle çäreleriň görülmegi dünýäde islegiň peselýän döwri bilen gabat geldi: 2026-njy ýylyň ilkinji dokuz aýynda kompaniýa 178 532 awtoulag satdy, bu bolsa öňki ýylyň görkezijilerinden 16% azdyr.

Iň uly pese gaçyş Hytaýda hasaba alyndy, ol ýerde satuw 33% azaldy. Demirgazyk Amerikada satuw möçberi 13%, Ýewropada 11%, Germaniýada bolsa 7% azaldy.