Toyota-nyň satuwlary ýarym ýyl bäri peselip barýar

Düýn, 18:581,791

Toyota Group-yň dünýä boýunça satuwlary 2026-njy ýylyň iýul aýynda geçen ýylyň degişli aýy bilen deňeşdirilende 5,3% peselip, 912 683 awtomobile düşdi. Bu kompaniýanyň satuw görkezijileriniň yzygiderli altynjy aý peselişidir diýip, Bloomberg habar berýär.

Bu hasabata Toyota-nyň öz görkezijileri bilen birlikde, onuň şahamçasy bolan Daihatsu kompaniýasynyň netijeleri hem girýär. Kompaniýalar toparynyň dünýä boýunça önümçiligi hem iýulda 1,4% azalyp, 934 953 awtomobile deň boldy.

Islegiň azalmagynyň esasy sebäpleriniň biri ýangyjyň gymmatlamagy boldy. Bu ýagdaý adaty ýangyçly awtomobilleriň geçginliligine ýiti täsir etdi. Şeýle hem Toyota Hytaý bazarynda kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz boldy. Ol ýerde ýapon brendleri ýerli öndürijileriň barha artýan bäsdeşligine sezewar bolýar. Iýul aýynda Hytaýyň bazarynda Toyota we Lexus satuwlary göni 24% aşak düşdi.

Dünýädäki durnuksyzlyk ýagdaýy, şeýle-de logistika ugurlarynyň bökdelmegi hem goşmaça sebäp boldy. Nebitiň gymmatlamagy Toyota-nyň Ýakyn Gündogardaky satuwlarynyň takmynan 45%-e golaý peselmegine getirdi.

Şeýle-de bolsa, dünýäniň beýleki sebitlerinde kompaniýa ýitgileriň bir böleginiň öwezini dolmagy başarýar. Demirgazyk Amerikada satuwlar öňki derejesinde diýen ýaly galdy, Ýaponiýada we Ýewropada bolsa gibrid awtomobillerine bolan uly isleg sebäpli görkezijiler artdy. Toyota şu ýylyň dowamynda gibrid ulaglarynyň satuwynyň ilkinji gezek 5 milliondan aşjakdygyna garaşýar.

Hytaýdaky pes netijeleri beýleki ýapon öndürijilerinde hem görmek bolýar. Iýulda Honda-nyň bu ýurtdaky satuwlary 44% azaldy, emma ABŞ-daky 13% ösüş kompaniýa dünýä boýunça satuwlaryny 3,4% artdyryp, 289 142 awtomobile ýetirmäge kömek etdi. Nissan bolsa dünýä boýunça takmynan 17% az awtomobil satdy (219 495 ulag), onuň önümçiligi bolsa 16%-e golaý azaldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.