Porsche model hataryny gysgaldar we satuw göwrümini artdyrmagyň ýerine girdejililige bil baglar

Şu gün, 06:21388

Porsche 2035-nji ýyla çenli ösüşiň täze strategiýasyny taýýarlaýar. Ol satuw göwrümini artdyrmagyň ýerine model hataryny gysgaltmagy we her bir awtoulagyň girdejililigini ýokarlandyrmagy göz öňünde tutýar.

Geljekki biznes modeliniň esasy ugurlary barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Mihael Laýters gürrüň berdi. Onuň sözlerine görä, häzirki awtoulag hatary gaty çylşyrymly boldy, şonuň üçin aýry-aýry modelleriň modifikasiýalarynyň sany gysgaldylar. Kompaniýa şeýle hem ulanylýan platformalaryň sanyny azaltmagy ähtimal hasaplaýar.

Laýters «Porsche-niň» satuwyň iň ýokary göwrümi ugrunda göreşmek niýetiniň ýokdugyny we alyjylaryň bu brendiň awtoulaglaryny saýlaýan hil aýratynlyklaryny saklamaga ünsi jemlejekdigini nygtady. Hususan-da, kompaniýa sürüjiniň özbaşdak dolandyrmagyna gönükdirilen modelleri öndürmegini dowam etdirer.

Öndüriji güýç gurluşlarynyň üç görnüşini — içinden ýandyrylýan hereketlendirijileri, gibridleri we elektroulaglary ösdürmegi dowam etdirer. Şol bir wagtyň özünde, gibrid tehnologiýalar doly elektrikleşdirmäge barýan ýolda wagtlaýyn tapgyr hökmünde görülmeýär. «911» maşgalasy üçin geljekde hut gibrid güýç gurluşy esasy bolmalydyr.

Täze strategiýa operasion çykdajylary azaltmaga hem gönükdirilendir. Kompaniýa bu prosesi «sanyň sosial taýdan jogapkärli düzeldilmegi» diýip atlandyryp, işgärleriň sanyny azaltmagyny dowam etdirer. Kärdeşler arkalaşyklary bilen gepleşikler eýýäm başlandy.

«Porsche» täze strategiýanyň detallaryny 7-nji oktýabrda mälim etmegi meýilleşdirýär. Mundan ozal kompaniýa elektro-welosipedleri öndürmek we programma üpjünçiligini hem-de akkumulýator öýjüklerini işläp düzmek bölümleri ýaly, işiň käbir profilsiz ugurlarynyň ýapylýandygyny eýýäm habar beripdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.