Stellantis döwlet Baştutanlary üçin DS N°8 Présidentiel elektromobilini hödürledi
10.05.2025 22:41
12k+

Stellantis döwlet Baştutanlary üçin DS N°8 Présidentiel elektromobilini hödürledi

Stellantis kompaniýasy döwlet Baştutany üçin dünýäde ilkinji elektrik awtomobilini – DS N°8 Présidentiel ulagyny hödürledi. Ony Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron aldy. Awtomobiliň kuzowy gara öwüşginler bilen ýakut gök reňke boýaldy
Jesko Absolut giperkary ýarym mil aralykda Venom F5-iň tizlik rekordyny täzeledi
10.05.2025 19:15
3.5k+

Jesko Absolut giperkary ýarym mil aralykda Venom F5-iň tizlik rekordyny täzeledi

Koenigsegg Jesko Absolut giperkary ýarym mil – takmynan, 800 metr aralykda tizlik rekordyny goýdy. Ulag tizligini 359,83 km/sag çenli artdyryp, Hennessey Venom F5-iň öňki netijesinden geçdi. Bu ulag tizligini 357,11 km/sag çenli artdyrypdy
Tesla iň arzan modelini hödürledi. Bahasy 33 990 dollar
10.05.2025 14:37
5.7k+

Tesla iň arzan modelini hödürledi. Bahasy 33 990 dollar

Tesla kompaniýasy ABŞ-da «Model Y» krossoweriniň yzky tekerlerden herekete getirilýän täze görnüşini hödürledi. Täze model has uzak ýol geçmäge ukyply bolup, arzan bahasy bilen tapawutlanýar. Bu barada «ITHome» portaly habar berýär
Täze Toyota Corolla Cross 2026 tanyşdyryldy
09.05.2025 16:22
13k+

Täze Toyota Corolla Cross 2026 tanyşdyryldy

Täzeden dizaýn edilen «Toyota Corolla Cross 2026» tanyşdyryldy. Ol hem täzelenen görnüşi, hem-de täze «GR Sport» görnüşi bilen hödürlenýär diýip, «Carscoops» habar berýär. Krossower petek şekilli gözenek, daraldylan faralar we ýokary derejeli görnüşlerinde LED çyralar bilen üpjün edilen
ABŞ-nyň paçlary, ýapon ýenasy we çig malyň bahalary Toyota-nyň girdejisine zyýan ýetirýär
09.05.2025 16:02
7.3k+

ABŞ-nyň paçlary, ýapon ýenasy we çig malyň bahalary Toyota-nyň girdejisine zyýan ýetirýär

Toyota Motor 2026-njy ýylyň mart aýynda tamamlanjak häzirki maliýe ýylynda operasion girdejiniň 21% azaljakdygyny çaklaýar. Bu barada Reuters agentligi habar berýär. Kompaniýa geçen ýylky 4,8 trln ýena bilen deňeşdirilende 3,8 trln ýena (takmynan, 26 mlrd dollar) möçberde girdeji gazanmagyna garaşýar
Tesla-nyň ammarlarynda 10 müňden gowrak Cybertruck tozan basyp ýatyr, pikapa isleg ýok
09.05.2025 16:00
22k+

Tesla-nyň ammarlarynda 10 müňden gowrak Cybertruck tozan basyp ýatyr, pikapa isleg ýok

ABŞ-da Tesla-nyň ammarlarynda 10 000-den gowrak alynmadyk Cybertruck bar. Hasaplamalara görä, olaryň umumy bahasy 721 mln ýewro (809 mln dollardan gowrak) golaýlaýar. Kompaniýanyň öňdebaryjy önüm diýip görkezen modeli satuw boýunça çaklamalary ödemedi diýip, ArenaEV ýazýar
Mitsubishi 2026-njy ýylyň tomsunda täze elektrokrossower hödürlär
09.05.2025 15:53
3.7k+

Mitsubishi 2026-njy ýylyň tomsunda täze elektrokrossower hödürlär

Mitsubishi kompaniýasy 2026-njy ýylyň tomsunda Demirgazyk Amerikada elektromobil bazaryna gaýdyp geler. Täze model ABŞ-da we Kanadada elýeterli bolar. Bu 2017-nji ýylda i-MiEV modeliniň satuwy bes edileni bäri brendiň ilkinji elektromobilidir
BMW öz ştab-kwartirasynyň şekilindäki çüýşede atyr çykardy
09.05.2025 09:31
7.7k+

BMW öz ştab-kwartirasynyň şekilindäki çüýşede atyr çykardy

Germaniýanyň BMW awtokonserni öz önümleriniň hataryny giňeldýär. Kompaniýa iki sany täze atyr hödürledi – Amberness we Bergamood. Bu hoşboý yslar Widal maşgalasyna degişli bolan Mavive italýan kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda döredildi
Niderlandlarda seýrek we üýtgeşik boýagly Lamborghini Revuelto satylýar
09.05.2025 01:43
6.5k+

Niderlandlarda seýrek we üýtgeşik boýagly Lamborghini Revuelto satylýar

Lamborghini Rotterdam diler merkezinde aýratyn Lamborghini Revuelto satuwa çykaryldy. Awtomobil müşderilere üýtgeşik reňkleri, materiallary we bezegi saýlamaga mümkinçilik berýän Ad Personam programmasy boýunça döredildi
Hyundai ABŞ-da awtomobil ýygnamak üçin müňlerçe gumanoid robotlary işleder
08.05.2025 16:42
4.8k+

Hyundai ABŞ-da awtomobil ýygnamak üçin müňlerçe gumanoid robotlary işleder

Hyundai Jorjiýa ştatyndaky Metaplant America zawodynda adam şekilli Atlas robotlaryny ulanyp başlar. Bu iki aýakly maşynlar Boston Dynamics kompaniýasy tarapyndan işlenip düzüldi we öň adamlar tarapyndan ýerine ýetirilen işleri ýerine ýetirmek üçin niýetlenýär
Ford akkumulýatoryň ot almak howpy sebäpli, F-150 Lightning pikaplaryny yzyna çagyrýar
08.05.2025 16:11
3.1k+

Ford akkumulýatoryň ot almak howpy sebäpli, F-150 Lightning pikaplaryny yzyna çagyrýar

Ford kompaniýasy 2022-nji ýylyň noýabryndan 2023-nji ýylyň martyna çenli aralykda öndürilen elektrikli «F-150 Lightning» pikaplaryny akkumulýatoryň ot almak howpy sebäpli yzyna çagyrýandygyny yglan etdi. Mesele akkumulýator blogyndaky şinalaryň üstünde ýerleşýän boltlaryň gowşak berkidilmegi bilen baglanyşykly bolup, bu ýagdaý elektrik dugasynyň döremegine we ýangyna sebäp bolup biler
Xiaomi «SU7 Ultra-nyň» kuwwat çäklendirmelerini aýyrdy: indi ol ozalky 900-e derek 1548 at güýjüni berýär
08.05.2025 13:33
2.4k+

Xiaomi «SU7 Ultra-nyň» kuwwat çäklendirmelerini aýyrdy: indi ol ozalky 900-e derek 1548 at güýjüni berýär

Howpsuzlyk sebäpli Xiaomi öz «SU7 Ultra» elektromobiliniň kuwwatyny başlangyç tapgyrda programma arkaly çäklendiripdi. Emma müşderileriň şikaýatlaryndan soň, kompaniýa bu karary täzeden gözden geçirip, çäklendirmeleri aýyrmaga karar berdi
BYD aprel aýynda Tesla-nyň tutuş çärýekde satanyndan köp ulag satdy
08.05.2025 12:14
2.2k+

BYD aprel aýynda Tesla-nyň tutuş çärýekde satanyndan köp ulag satdy

Hytaýyň BYD awtoöndürijisi 2025-nji ýylyň ýanwar – aprel aýlaryndaky satuw barada maglumatlary hödürledi. Kompaniýa bu döwürde 1,38 mln awtomobil satdy – bu 2024-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 46,98% köpdür
Toyota 1987-nji ýylyň modelinden ylham alyp döreden  2026-njy ýylyň Corolla FX hetçbegini hödürledi
07.05.2025 14:09
10k+

Toyota 1987-nji ýylyň modelinden ylham alyp döreden 2026-njy ýylyň Corolla FX hetçbegini hödürledi

Toyota kompaniýasy 2026-njy ýyl «Corolla FX» hetçbegini hödürledi. Onuň dizaýny üçin 1987-nji ýylda çykarylan «Corolla FX16» modelinden ylham alnypdyr diýip, «Carscoops» habar berýär. Täze model 18 dýuýmlyk ak diskler, gara spoýler we bagažyň gapagynda retro logotip bilen enjamlaşdyryldy
Mercedes Bred Pittiň düşmeginde Formula 1 hakdaky filmiň hormatyna ýörite superkar çykardy
07.05.2025 13:23
4.2k+

Mercedes Bred Pittiň düşmeginde Formula 1 hakdaky filmiň hormatyna ýörite superkar çykardy

Mersedes-AMG Bred Pittiň baş keşbi janlandyrmagynda Formula 1 hakyndaky  filmiň hormatyna döredilen GT 63 APXGP Edition superkarynyň çäkli sanda çykan wersiýasyny hödürledi. Awtoulag filmdäki toslama Apex Gran Pri bolidiniň liwreýine meňzeş öwüşgin aldy
Ulanylan ulaglaryň arasynda Lexus we Toyota markalary iň ygtybarlylary bolup çykdy
06.05.2025 16:10
11k+

Ulanylan ulaglaryň arasynda Lexus we Toyota markalary iň ygtybarlylary bolup çykdy

Amerikanyň Consumer Reports žurnaly 2025-nji ýylda ulanylan awtoulaglaryň arasynda haýsy markalaryň iň ygtybarly hasaplanýandygyny kesgitledi. Ýapon öndürijileri ýene-de öňdebaryjy boldular. Visualcapitalist portaly pikirsoraşmalaryň netijelerine esaslanyp, infografikany taýýarlady
Dark Cosmos reňkli Toyota Camry 2026 sedanynyň interýeri görkezildi
06.05.2025 11:44
20k+

Dark Cosmos reňkli Toyota Camry 2026 sedanynyň interýeri görkezildi

Toyota 2026-njy model ýylynyň Camry ulagy barada giňişleýin maglumatlary berdi. Bu ulag indi SE, XLE we XSE wersiýalarda kuzowyň täze Dark Cosmos – “öçügsi gök” reňkinde hödürlenýär. Bu reňk ýakynda hödürlenen Nightshade wersiýasy üçin elýeterli däldir
Awtomobilleri üýtgetmek bilen belli bolan Mansory atelýesi Dubaýda ýaşaýyş diňlerini gurar
06.05.2025 10:25
5.2k+

Awtomobilleri üýtgetmek bilen belli bolan Mansory atelýesi Dubaýda ýaşaýyş diňlerini gurar

Lýuks ulaglary tehniki taýdan üýtgetmek bilen belli bolan Mansory nemes atelýesi iş gerimini giňeldip, gozgalmaýan emläk pudagynda ilkinji taslamasyny işe girizýär. Amaal deweloperi bilen bilelikde ol Dubaýyň Mohammed Bin Rashid City sebitinde ýaşaýyş diňini gurar
Porsche-niň girdejisi ABŞ-nyň nyrhlary we Hytaýda satuwlaryň peselmegi sebäpli 40% aşaklady
05.05.2025 16:17
4.5k+

Porsche-niň girdejisi ABŞ-nyň nyrhlary we Hytaýda satuwlaryň peselmegi sebäpli 40% aşaklady

Porsche Trampyň administrasiýasy tarapyndan daşary ýurt awtoulaglaryna girizilen 25 göterimlik gümrük paçlary sebäpli, agyr maliýe kynçylyklary bilen ýüzbe-ýüz boldy. Kompaniýanyň birinji çärýek boýunça hasabatyna görä, awtoulag pudagyndaky operasion girdeji 43,8% peseldi, Porsche AG-niň umumy girdejisi 40,5% azaldy, satuwdan gazanylýan girdejililik derejesi 14,2%-den 8,6%-e düşdi
Tesla, Toyota we Ford: Baýlaryň münýän ulag brendleri aýdyldy
05.05.2025 15:36
13k+

Tesla, Toyota we Ford: Baýlaryň münýän ulag brendleri aýdyldy

Maliýe we analitik maglumatlary hödürleýän S&P Global Mobility amerikan kompaniýasy ABŞ-da ilat ýazuwyndan alnan girdeji maglumatlaryny awtoulaglaryň hasaba alyş maglumatlary bilen utgaşdyrdy. Maksat – ýyllyk girdejisi 500 müň dollardan geçýän adamlaryň iň köp saýlaýan awtoulag brendleriniň sanawyny düzmekdi
Mansory saýlanmak isleýänler üçin altyn çaýylan G-Class kysymly wnedorožnigini hödürledi
05.05.2025 12:30
9.3k+

Mansory saýlanmak isleýänler üçin altyn çaýylan G-Class kysymly wnedorožnigini hödürledi

Mansory týuning-atelýesi altyn çaýylan kuzowly we kuwwatly hereketlendirijili Mersedes-AMG G 63-iň düýpgöter üýtgedilen görnüşini hödürledi. Wnedorožnik uzaldylan teker bazasyny, şonuň hasabyna bolsa salonda aýak goýulýan ýeri giňiş iki sany aýratyn kapitan oturgyçlaryny aldy
Volkswagen ID. Buzz ulagyny yzyna çagyrýar. Buzz. Miniwen “çakdan aşa giň” hasaplandy
05.05.2025 12:23
5.7k+

Volkswagen ID. Buzz ulagyny yzyna çagyrýar. Buzz. Miniwen “çakdan aşa giň” hasaplandy

Volkswagen ABŞ-da we Kanadada satylan ähli ID. Buzz miniwenleriniň yzyna çagyrylandygyny habar berdi. Munuň sebäbi juda gülkünç - üçünji hataryň oturgyçlary gaty giň hasaplanyp, Amerikanyň standartlaryna laýyk gelmeýär eken
602 at güýjündäki Cadillac Escalade 2025 tanyşdyryldy
04.05.2025 19:49
4.6k+

602 at güýjündäki Cadillac Escalade 2025 tanyşdyryldy

Callaway Cars kompaniýasy 2025-nji ýylyň «Cadillac Escalade» we «Escalade ESV» modelleri üçin täze SC602 týuning toplumyny tanyşdyrdy diýip, «GM Authority» habar berýär. Toplumyň esasynda 6,2 litrlik benzin bilen işleýän L87 kysymly V8 hereketlendiriji ýerleşýär
Iň kiçi Ferrari-niň kämilleşdirilen wersiýasy hödürlendi
04.05.2025 14:35
3.6k+

Iň kiçi Ferrari-niň kämilleşdirilen wersiýasy hödürlendi

Ferrari kompaniýasy 296 GTB Speciale ady bilen 296 GTB modeliniň kämilleşdirilen wersiýasyny hödürledi. Bu brendiň hatarynda iň ykjam modeldir. Kupe bilen bilelikde üsti açyk wersiýa – 296 Speciale A hem çykaryldy
Mazda dolandyryş bölümindäki kemçilik sebäpli Miata 2025-i satmagy wagtlaýyn togtatdy
04.05.2025 13:37
2.4k+

Mazda dolandyryş bölümindäki kemçilik sebäpli Miata 2025-i satmagy wagtlaýyn togtatdy

Mazda garaşylmadyk ýagdaýda 2025-nji model ýylynyň MX-5 Miata rodsterini ABŞ-nyň bazaryna ibermegini wagtlaýyn togtatdy. Munuň sebäbi dolandyryş modulynda bolup biläýjek näsazlykdy. Ulaglar portlaryň ammarlarynda wagtlaýyn saklanýar
Toyota iň ýokary derejeli Yaris Cross gibridiniň bahasyny arzanlatdy
04.05.2025 02:32
5.7k+

Toyota iň ýokary derejeli Yaris Cross gibridiniň bahasyny arzanlatdy

Toyota 2025-nji model ýyly üçin Yaris Cross krossowerini täzeledi we kuwwaty 130 at güýji bolan gibrid gurluşly wersiýasyny arzanlatdy. Indi bu elektrik gurluşy diňe bir ýokary derejeli Executive komplektasiýasynda däl, eýsem has amatly bahaly Dynamic-de hem elýeterlidir
Hyundai Kona 2025 tanyşdyryldy
03.05.2025 11:49
4.7k+

Hyundai Kona 2025 tanyşdyryldy

Hyundai  Kona 2025 krossoweriniň täzelenen görnüşini hödürledi. Esasy täzelik - Modern Plus esasynda döredilen H-Pick komplektasiýasynyň bolmagy. Oňa gapdal we yzky çaknyşyklaryň öňüni alyş ulgamlary, ýolagçy awtoulagdan çykanda duýduryjy, şeýle-de üçekdäki ýükdany girýär
BMW we Toyota wodorod tehnologiýalaryny işläp taýýarlamaklaryny tizleşdirýär
03.05.2025 11:46
5.7k+

BMW we Toyota wodorod tehnologiýalaryny işläp taýýarlamaklaryny tizleşdirýär

BMW wodorod tehnologiýalarynyň kämilleşdirilmegi boýunça meýilnamalaryny resmi taýdan tassyklady. Kompaniýa häzirki wagtda «iX5 Hydrogen» atly wodorodly modeli synag edýär we 2028-nji ýyla çenli Toyota bilen hyzmatdaşlykda wodorod bilen işleýän awtoulagyň köpçülikleýin önümçiligine başlamagy meýilleşdirýär
«Golaýdaky dükana gideli» diýmek ýeterlik: BMW ulaglaryna DeepSeek ornaşdyrylar
03.05.2025 11:14
4.8k+

«Golaýdaky dükana gideli» diýmek ýeterlik: BMW ulaglaryna DeepSeek ornaşdyrylar

BMW 2025-nji ýylyň üçünji çärýeginden başlap, awtoulaglaryna DeepSeek emeli aň ulgamyny ornaşdyrmaga taýynlanýar. Bu barada «ITHome» portaly habar berýär. Kompaniýa meşhur çat-botuň nähili işlejekdigini ozal hem düşündiripdi
Hytaýda Xiaomi-niň ikinji elektrokarynyň täze görnüşi patentleşdirildi
03.05.2025 11:03
2.2k+

Hytaýda Xiaomi-niň ikinji elektrokarynyň täze görnüşi patentleşdirildi

Hytaýyň Senagat we maglumat tehnologiýalary ministrliginiň soňky maglumatlaryna görä, Xiaomi YU7 elektromobiliniň täze görnüşi 835 km ýol ätiýaçlygy bilen çykarylar. Şeýlelikde, indi bir elektromotorly modelleriň hatarynda geçýän aralygy boýunça dört görnüş elýeterli bolar: 725, 810, 820 we 835 km
Chery-nyň täze krossoweri howpsuzlyk synagynda 11,5 tonna agrama çydady
02.05.2025 18:09
18k+

Chery-nyň täze krossoweri howpsuzlyk synagynda 11,5 tonna agrama çydady

Chery kompaniýasy özüniň täze Tiggo 8 CSH gibrid krossoweri üçin “awtomobil diňi” synagyny geçirdi. Bu barada brendiň metbugat gullugy habar berdi. Synagda bu brendiň ýedi awtomobili biri-biriniň üstünden dik goýuldy we netijede 12 metrlik “diň” emele geldi
Toyota Camry 2026 täze Dark Cosmos reňkine we Nightshade wersiýasyna eýe boldy
02.05.2025 18:01
12k+

Toyota Camry 2026 täze Dark Cosmos reňkine we Nightshade wersiýasyna eýe boldy

Toyota ABŞ-da 2026-njy model ýylynyň täzelenen Camry ulagyny hödürledi. Esasy täzelik – SE we XSE wersiýalaryna esaslanan Nightshade Edition boldy. Nightshade wersiýasynyň esasy aýratynlygy garaňky stil bolup, radiator gözeneginde, aýnalarda, gapy tutarlarynda, spoýlerde we yzky bamperde gara detallar hem-de 19 dýuýmlyk gara diskler we garaldylan nyşanlar bilen tapawutlanýar
Toyota Türkmenistanyň çäginde sowadyş ulgamlaryny mugt barlamak boýunça aksiýa başlatdy
01.05.2025 20:57
23k+

Toyota Türkmenistanyň çäginde sowadyş ulgamlaryny mugt barlamak boýunça aksiýa başlatdy

Toyota Central Asia FZE resmi distribýutory «Garagum Ulag» HJ we «Beýik Ýüpek Ýoly» HK resmi diler merkezleri bilen hyzmatdaşlykda 2014–2025-nji ýyllar aralygynda öndürilen Toyota we Lexus kysymly awtoulaglaryň esasy sowadyş ulgamlarynyň mugt barlagyny geçirmek boýunça aksiýanyň başlanandygyny habar berdi
Täze Toyota Tacoma IIHS-niň heläkçilik synagyndan geçip bilmedi, Infiniti QX80 iň ýokary bal gazandy
01.05.2025 14:34
14k+

Täze Toyota Tacoma IIHS-niň heläkçilik synagyndan geçip bilmedi, Infiniti QX80 iň ýokary bal gazandy

Amerikanyň Ýol hereketiniň howpsuzlygy instituty (IIHS) iki sany meşhur ulagyň - Toyota Tacoma-nyň we Infiniti QX80-iň gatnaşmagynda täze heläkçilik synagynyň netijelerini çap etdi. Olaryň netijeleri biri-birine düýbünden gapma-garşy boldy
Dubaýyň polisiýasy köçelere Mansory-nyň eksklýuziw Rolls-Royce Cullinan ulagynda gözegçilik eder
01.05.2025 14:19
16k+

Dubaýyň polisiýasy köçelere Mansory-nyň eksklýuziw Rolls-Royce Cullinan ulagynda gözegçilik eder

Dubaýyň polisiýasy ulag parkyna täze patrul ulagyny - Germaniýanyň Mansory atelýesiniň düzen Rolls-Royce Cullinan-yny goşdy. Awtoulag Arabian Travel Market 2025 sergisinde görkezildi we emirlikde hukuk goraýjy edaralar tarapyndan ulanylýan kaşaň we güýçli ulaglaryň ýygyndysyna goşuldy
Opel "Corsa" modeliniň millionynjy nusgasyny çykardy
01.05.2025 13:01
3.3k+

Opel "Corsa" modeliniň millionynjy nusgasyny çykardy

Opel häzirki nesil «Corsa» modeliniň millionynjy nusgasynyň çykarylyşyny dabaraly ýagdaýda belledi. Metbugat beýannamasyna görä, dabaraly çäreler kompaniýanyň Rýusselshaým şäherindäki (Germaniýa) baş edarasynda we awtoulagyň ýygnalýan ýeri bolan Saragosa şäherindäki (Ispaniýa) zawodda geçirildi
Lamborghini täze «Temerario» gibrid superkaryny hödürledi
30.04.2025 13:15
4k+

Lamborghini täze «Temerario» gibrid superkaryny hödürledi

Italiýanyň meşhur Lamborghini awtokonserni täze gibrid superkary bolan «Temerario-ny» resmi taýdan hödürledi. Tas 1000 at güýjüni öndürýän täze model, bir wagtlar meşhur bolan «Huracan-yň» ornuny tutar. Täze sportkar eýýäm şu ýyldan başlap ýollarda görnüp başlar
“Greenhill”: Türkmen kompaniýasy ýokary görkezijili çalgy ýaglaryny öndürip başlady
30.04.2025 11:39
6.2k+

“Greenhill”: Türkmen kompaniýasy ýokary görkezijili çalgy ýaglaryny öndürip başlady

Türkmenistanda ýakynda täze nesil SP çalgy ýaglaryny öndürýän kärhana işläp başlady. Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda ýerleşýän "Täze senagat" açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bu ugurda ilkinji önümçilik işlerine girişdi
Chevrolet Braziliýanyň bazary üçin S10 100 Years Edition pikabyny hödürledi
30.04.2025 11:28
2.8k+

Chevrolet Braziliýanyň bazary üçin S10 100 Years Edition pikabyny hödürledi

General Motors Braziliýada täze 2026-njy ýyl «Chevrolet S10 100 Years Edition» pikabyny resmi tavdan tanyşdyrdy. Kompaniýanyň metbugat gullugyna görä, ýörite wersiýa brendiň ýüz ýyllygyny bellemek üçin taýýarlanyldy we deňsiz-taýsyz modelleri çykarmak däbini dowam etdirýär
Volkswagen ýewropa bazarynda elektromobil satuwy boýunça Tesla-dan geçdi
30.04.2025 11:10
2.2k+

Volkswagen ýewropa bazarynda elektromobil satuwy boýunça Tesla-dan geçdi

JATO Dynamics-iň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylyň birinji çärýeginde Volkswagen Tesla-dan öňe geçip, Ýewropa Bileleşiginiň çäginde iň meşhur elektromobil brendi boldy diýip, «Business Insider» neşiri habar berýär