602 at güýjündäki Cadillac Escalade 2025 tanyşdyryldy

04.05.2025, 19:494,647

Callaway Cars kompaniýasy 2025-nji ýylyň «Cadillac Escalade» we «Escalade ESV» modelleri üçin täze SC602 týuning toplumyny tanyşdyrdy diýip, «GM Authority» habar berýär.

Toplumyň esasynda 6,2 litrlik benzin bilen işleýän L87 kysymly V8 hereketlendiriji ýerleşýär. Hereketlendiriji GenThree TVS 2650 kysymly kompressor bilen güýçlendirilen. Netijede, hereketlendirijiniň güýji 602 at güýjüne (6000 aýlaw/minutda), torky bolsa 760 Nm-e çenli ýokarlandyryldy. Bu bolsa zawoddaky wersiýasyndan 182 at güýji we 136 Nm ýokarydyr.
Toplum ýokary öndürijilikli wpusky, dört turbaly poslamaýan polatdan sport görnüşli tüsse çykaryjylary we Callaway-iň «CalCal» atly dolandyryş ulgamyny öz içine alýar. Bu toplum ABŞ-nyň tutuş 50 ştatynda sertifikatlaşdyrylan we öndürijiniň kepilligine täsir etmeýär.
Şeýle hem anod bilen örtülen gapy işikleri, Callaway nyşanlary, bellik tablisasy we başga-da bezeg aýratynlyklary hödürlenýär. Goşmaça 20 dýuýmlyk diskler, ujy gara reňkli tüsse çykaryjylar we Alcantara äheňinde bezelen içki elementler hem elýeterli.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.