BYD dünýäniň iň iri bäş awtoulag öndürijisiniň hataryna goşuldy

Şu gün, 15:491,086

Hytaýyň BYD kompaniýasy 2026-njy ýylyň üçünji çärýeginiň netijeleri boýunça dünýäniň iň iri bäş awtoulag öndürijisiniň hataryna girdi. Ol ilkinji gezek Renault–Nissan–Mitsubishi birleşiginden öňe geçdi. The Korea Herald neşiriniň habar bermegine görä, kompaniýa üç aýyň dowamynda 1,32 mln awtoulag satyp, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, satuwyny 18,7% artdyrdy.

Reýtingiň birinji ornunda 2,74 mln awtoulag satan Toyota Group kompaniýalar topary galdy. Ikinji orny 1,89 mln awtoulag bilen Volkswagen Group eýeledi. Hyundai Motor Group bolsa 1,76 mln awtoulag satyp, üçünji basgançaga çykdy. Şeýlelikde, onuň Volkswagen bilen arasyndaky tapawut, takmynan, 125 müň awtoulaga çenli azaldy.

BYD kompaniýasynyň ösüşine esasy itergi beren ýagdaý daşary ýurtlara awtoulag iberilişiniň artmagy boldy. Hasabat döwründe kompaniýanyň eksporty 137% ýokarlanyp, 551 müň awtoulaga ýetdi. Bu görkeziji umumy satuwyň, takmynan, 42%-ine deň boldy.

Hytaý öndürijisiniň üstünlikleriniň çäginde käbir bäsdeşleriniň görkezijileri peseldi. Volkswagen kom-paniýasynyň Hytaýdaky awtoulag satuwy 38,5% azalyp, 406 müňe düşdi. Toyota kompaniýasynyň sentýabr aýyndaky satuwy bolsa 19,7% peseldi. Şeýlelikde, onuň satuwy yzly-yzyna sekizinji aý hem azaldy. Renault–Nissan–Mitsubishi birleşiginiň çärýeklik satuwy hem 11,1% kemeldi.

Hyundai Motor Group-yň düzümindäki Kia kompaniýasy awtoulag satuwyny 6,9% artdyryp, 829 müňe ýetirdi. Hyundai Motor kompaniýasynyň satuwy bolsa 10,1% azalyp, 931 müňe düşdi. Muňa Günorta Koreýadaky kärhanalarda geçirilen iş taşlaýyşlar, şeýle hem Ýewropanyň we Hytaýyň bazarlarynda satuwyň peselmegi täsir etdi.

Iň iri awtoulag öndürijileriniň sanawynda altynjy orny 1,03 mln awtoulag satan General Motors eýeledi. Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 5,2% köpdür.