BYD Özbegistandaky zawodynda gezelenç gurnap başlar

05.08.2026, 07:024,458

BYD Uzbekistan Factory kärhanasy BYD Astana Motors bilen bilelikde täze taslama badalga berýär. «BYD. Özbegistanda öndürilen» atly bu taslamanyň çäginde ähli isleg bildirýänlere Jizak şäherindäki awtomobil zawodyna baryp görmek mümkinçiligi dörediler.

Ilkinji ekskursiýa 8-nji awgustda geçiriler. Kärhana gezelenç edip görmek üçin öňünden ýazylmaly.

Myhmanlara döwrebap önümçilik ugurlary, gibrid awtomobilleriniň ýygnalyş tertibi görkeziler, ulanylyşdaky tehnologiýalar, innowasiýalar we hil gözegçiligi ulgamy barada gürrüň berler.

Guramaçylar bu taslamanyň maksadynyň höwes bildirýänlere döwrebap awtomobil önümçiligi bilen tanyşdyrmakdan we BYD awtomobilleriniň nähili ýasalýandygyny görkezmekden ybaratdygyny belleýärler. Gezelençleri yzygiderli esasda geçirmek meýilleşdirilýär.

Çäre 14 ýaşdan ulular üçin elýeterli bolar. Ýerleriň sany çäkli. Goşmaça maglumatlary 1322 telefon belgisi arkaly almak mümkin.

BYD Uzbekistan Factory — Hytaýyň BYD kompaniýasynyň Merkezi Aziýadaky ilkinji zawody bolup durýar. Kärhanada brendiň Özbegistandaky bazarda hödürlenýän model hataryna degişli gibrid awtomobiller öndürilýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.