Volkswagen Polo, Golf we Touareg ýaly meşhur modellerini täzeläp, elektromobile öwrer
24.09.2025 09:58
2.1k+

Volkswagen Polo, Golf we Touareg ýaly meşhur modellerini täzeläp, elektromobile öwrer

Volkswagen kompaniýasy öz meşhur modellerini täzelemegi we olary elektrik hereketlendirijisine geçirmegi maksat edinýär. Ilki bilen täze ID.2 kompakt hetçbek peýda bolar — ol täze Polo hökmünde çykarylar. Soňra bolsa elektrik Golf, Tiguan we Roc modelleri görkeziler
Rolls-Royce potologynda ýyldyzly asmany bolan Cullinan-y döretdi
23.09.2025 16:14
6.4k+

Rolls-Royce potologynda ýyldyzly asmany bolan Cullinan-y döretdi

Rolls-Royce Cullinan krossoweriniň Cosmos diýlip atlandyrylýan ýörite wersiýasyny çykardy. Awtoulagda özboluşly interýer bar: “ýyldyzly asman” firma mahsus podweskasynyň elde çekilen kosmiki peýzaž bilen üsti ýetirilýär
Ford Expedition 2026-nyň alyp gaçmakdan goragyny güýçlendirdiler
22.09.2025 23:59
6.7k+

Ford Expedition 2026-nyň alyp gaçmakdan goragyny güýçlendirdiler

Ford kompaniýasy 2026-njy ýylyň modeli bolan Expedition ulagyny Security Package atly toplumy bilen enjamlaşdyrdy. Bu ulgam ähli görnüşlerde — XL, Active, Tremor, Platinum we King Ranch — komplektasiýalarda elýeterli bolup, FordPass mobil goşundysy arkaly işledilýär
Hyundai ýarym milliondan gowrak Palisade ulaglaryny yzyna gaýtarýar
22.09.2025 18:57
8k+

Hyundai ýarym milliondan gowrak Palisade ulaglaryny yzyna gaýtarýar

Hyundai ABŞ-da 2020-2025-nji ýyllarda öndürilen 568 müňden gowrak "Palisade" awtoulagyny tehniki näsazlyklar sebäpli yzyna gaýtarýandygyny habar berdi. Bu barada "Reuters" habar gullugy ABŞ-nyň Ulag ýollarynda hereket howpsuzlygy boýunça milli müdirligine (NHTSA) salgylanyp habar berýär
ABŞ-da enjam panelindäki näsazlyk sebäpli 590 müňden gowrak Toyota we Lexus yzyna gaýtarylýar
22.09.2025 18:45
9.4k+

ABŞ-da enjam panelindäki näsazlyk sebäpli 590 müňden gowrak Toyota we Lexus yzyna gaýtarylýar

Ýaponiýanyň Toyota kompaniýasy enjam panelindäki bolup biljek näsazlyk sebäpli ABŞ-da 591 377 awtomobiliň yzyna gaýtarylýandygyny habar berdi. Kemçilik sebäpli sürüjiler tizlik, teker başyşy, tormoz ulgamynyň işi we beýleki görkezijiler ýaly möhüm maglumatlary görmän biler
Mercedes Germaniýada öz zerurlyklary üçin hususy ýel elektrostansiýasyny gurar
22.09.2025 18:01
3.3k+

Mercedes Germaniýada öz zerurlyklary üçin hususy ýel elektrostansiýasyny gurar

Mercedes-Benz Germaniýanyň demirgazygynda Papenburg şäherindäki synag ýolunyň çäginde hususy ýel elektrostansiýasynyň gurluşygyna başlady. 2027-nji ýyla çenli, takmynan, 800 gektarlyk ýerde umumy kuwwaty 140 megawatt bolan 20 ýel turbinasyny gurnamak meýilleşdirilýär
Lexus LX wnedorožnigini garderobly “kaşaň” gözellik salonyna öwürdi
22.09.2025 00:52
10k+

Lexus LX wnedorožnigini garderobly “kaşaň” gözellik salonyna öwürdi

Lexus-yň amerikan bölümi özüniň flagman LX wnedorožnigi bolan Glam LX konseptiniň adaty bolmadyk görnüşini görkezdi. Awtoulag garderobly we serpilip açylýan dört gapyly ykjam gözellik salonyna öwrüldi. Iň uly üýtgeşmeler ýükdanyna degişli boldy
Täsin ýaryş: iň inçe, iň gysga we iň ýasy maşyn öz arasynda ýaryş geçirdi
20.09.2025 17:48
22k+

Täsin ýaryş: iň inçe, iň gysga we iň ýasy maşyn öz arasynda ýaryş geçirdi

Italiýada adaty bolmadyk ýaryş geçirildi — oňa üç sany özboluşly Fiat Panda gatnaşdy. Ýaryşa dünýäniň iň gysga, iň inçe we iň pes maşynlary atlaryna dalaş edýän ulaglar gatnaşdy. Netijede iň gysga ulag ýeňiş gazandy
Bugatti La Voiture Noir auksiona çykarylar, ýöne näçeräk bahadan we kime satyljagy gizlin bolup galar
20.09.2025 06:50
4.1k+

Bugatti La Voiture Noir auksiona çykarylar, ýöne näçeräk bahadan we kime satyljagy gizlin bolup galar

Broad Arrow auksion öýi we SBX onlaýn platformasy auksiona gatnaşmak üçin arzalaryň kabul edilip başlanandygyny habar berdi, onuň esasy harydy - Bugatti La Voiture Noir özboluşly superkary bolar. Bu awtoulag bir nusgada çykarylan we bir wagtlar dünýäde iň gymmat täze awtoulag hasaplanýardy
Toyota täzelenen GR Corolla 2026 üçin sargytlary kabul edip başlady
20.09.2025 06:29
4.3k+

Toyota täzelenen GR Corolla 2026 üçin sargytlary kabul edip başlady

Toyota Gazoo Racing ýapon dilerlerinde GR Corolla hetçbeginiň täzelenen görnüşi üçin sargytlaryň kabul edilip başlanandygyny habar berdi. Satuw 2026-njy ýylyň 3-nji martynda başlar. Täzelenmeler Super Taikyu seriýasynyň ýaryş ulaglarynda ulanylýan tehnologiýalary önümçilik awtomobillerine geçirmäge gönükdirilendir
755 müňden gowrak Opel, Peugeot, Fiat we Citroën ýangyjyň syzyp bilmegi sebäpli yzyna gaýtarylýar
19.09.2025 14:53
3k+

755 müňden gowrak Opel, Peugeot, Fiat we Citroën ýangyjyň syzyp bilmegi sebäpli yzyna gaýtarylýar

Maserati, Chrysler we Jeep brendlerini öz içine alýan Stellantis konserni ýangyjyň syzmak töwekgelçiligi sebäpli bütin dünýäde 755 müňden gowrak awtomobili yzyna gaýtarýar. Bu mesele ýangyna getirip biler diýip, Bild gazeti habar berdi
Škoda täze ýylpyldysyz kuzowly Elroq RS ulagyny hödürledi
19.09.2025 01:05
6.3k+

Škoda täze ýylpyldysyz kuzowly Elroq RS ulagyny hödürledi

Škoda Auto kompaniýasy kuzowyň täze boýagy – “Matte Grey” ýylpyldysyz reňki bilen Elroq RS elektrik krossoweriniň hataryny giňeltdi. Bu ýylpyldamaýan boýag tehnologiýasynyň häzirki modelde ilkinji gezek ulanylmagy boldy
Shell elektromobillere 10 minutda zarýad berjek tehnologiýany oýlap tapdy
18.09.2025 10:35
1.5k+

Shell elektromobillere 10 minutda zarýad berjek tehnologiýany oýlap tapdy

Elektrik ulaglary üçin çalt zarýad beriş tehnologiýalary dürli ugurlar boýunça ösýär. Kuwwatly zarýad beriş stansiýalaryndan başga-da, batareýany dolandyrmak ulgamlary uly ähmiýete eýe. Shell kompaniýasy RML Group bilen bilelikde göwrümi 34 kWt bolan synag batareýasyny 10 minutda 10%-den 80%-e çenli zarýad bermäge mümkinçilik berýän EV-Plus sowadyjy suwuklygyny işläp taýýarlady
1180 at güýçli täze BYD wnedorožnigi 3,5 sekuntda 100-e çykýar. Bahasy 179 800 dollar
18.09.2025 10:31
9.2k+

1180 at güýçli täze BYD wnedorožnigi 3,5 sekuntda 100-e çykýar. Bahasy 179 800 dollar

Bir ýyl ozal Hytaýyň BYD kompaniýasy ähli tekerleri garaşsyz herekete gelýän, “tank öwrümini” ýerine ýetirmäge we hatda suwda saklanmaga-da ukyply YangWang U8 wnedorožnigi bilen tanyşdyrdy. Indi awtoulag öndürijisi bahasy 179 800 dollar bahasy bolan U8L-iň uzaldylan görnüşini çykardy
Lamborghini sürüjiniň ýalňyşlyklaryny düzedip biljek akylly superkar döredýär
18.09.2025 10:28
2.8k+

Lamborghini sürüjiniň ýalňyşlyklaryny düzedip biljek akylly superkar döredýär

Lamborghini sürüjä häzirki wagtda ýalňyşlyklary düzetmäge we awtoulaga gözegçiligi ýokarlandyrmaga kömek etjek emeli aň döredýär. Markanyň tehniki direktory Ruwen Moruň sözlerine görä, kompaniýa eýýäm ýol şertlerine we sürüliş stiline laýyklap torky dolandyrmak üçin maşyn öwreniş elementlerini ulanýar
Gibridleriň we elektromobilleriň dünýädäki satuwy ýylyň başyndan bäri 25% ösdi
18.09.2025 10:11
1.9k+

Gibridleriň we elektromobilleriň dünýädäki satuwy ýylyň başyndan bäri 25% ösdi

2025-nji ýylyň awgust aýynda dünýäde 1,7 million gibrid we elektrik ulagy satyldy. Bu geçen ýylyň awgust aýy bilen deňeşdirilende 15% köp. Ýylyň başyndan bäri satuw 25% ýokarlandy, ýöne esasy ösüş iň uly bazarlaryň daşyndaky sebitlerde bolup geçdi diýip,  Rho Motion seljeriş kompaniýasynyň maglumatlaryna salgylanýan Electrek neşiri ýazýar
Ilon Mask Tesla-nyň 1 milliard dollarlyk paýnamalaryny satyn aldy
17.09.2025 09:40
4k+

Ilon Mask Tesla-nyň 1 milliard dollarlyk paýnamalaryny satyn aldy

Ilon Mask soňky bäş ýylyň içinde ilkinji gezek Tesla kompaniýasynyň paýnamalaryny açyk bazardan satyn aldy. Telekeçi jemi 1 milliard dollarlyk 2,57 million paýnamany satyn aldy. Bu Teslanyň taryhynda iň uly insaýder satyn alşydyr diýip, ABŞ-nyň Gymmatly kagyzlar we biržalar komissiýasynyň (SEC) hasabatyna salgylanýan CNBC habar berýär
Tesla kompaniýasy Cybertruck-yň iň elýeterli görnüşiniň önümçiligini togtatdy
17.09.2025 09:35
4.9k+

Tesla kompaniýasy Cybertruck-yň iň elýeterli görnüşiniň önümçiligini togtatdy

Tesla satuwa çykarylandan bary-ýogy birnäçe aýdan soň Cybertruck-yň iň elýeterli görnüşiniň önümçiligini bes etdi. Elektrik pikap täjirçilik taýdan şowsuz boldy. Ozal kompaniýa bir milliondan gowrak sargyt barada habar beripdi
Lexus LFA-nyň mirasdüşerini taýýarlaýar: kuwwatly LFR superkary takmynan 900 at güýjüni alar
15.09.2025 17:46
4.9k+

Lexus LFA-nyň mirasdüşerini taýýarlaýar: kuwwatly LFR superkary takmynan 900 at güýjüni alar

Nýurburgring ýolunda 2010-2012-nji ýyllarda öndürilen LFA modeliniň mirasdüşeri boljak Lexus LFR superkarynyň prototipleri göze ildi. Autoevolution-yň  berýän maglumatyna görä, synaglara dürli aerodinamiki elementleri bolan LFR-iň üç wersiýasy gatnaşdy: biri uly antikryloly, beýlekisi kiçeňräk spoýlerli we üçünjisi goşmaça böleksiz
BMW duýdansyz ýagdaýda öz firma nyşanynyň dizaýnyny täzeledi
15.09.2025 16:58
12k+

BMW duýdansyz ýagdaýda öz firma nyşanynyň dizaýnyny täzeledi

BMW kompaniýasy resmi yglan etmezden, öz belli nyşanyny täzeledi. Premýera Mýunhendäki IAA Mobility 2025 awtosalonynda boldy. Ol geljekki Neue Klasse hatarynyň stilini görkezýän täze iX3 elektrik krossoweri bilen bir wagtda görkezildi diýip, Carscoops habar berýär
Toyota Corolla-nyň iň ekstremal görnüşini taýýarlaýar: täze superhetçbegiň suratlary
15.09.2025 12:01
8k+

Toyota Corolla-nyň iň ekstremal görnüşini taýýarlaýar: täze superhetçbegiň suratlary

Toyota GR Corolla hot-hetçiň has ekstremal görnüşini taýýarlaýar. Onlaýn görnüşde, megerem, dilerler üçin ýapyk görkezilişde ýazga alnan görkezme nusgasynyň suratlary we wideolary peýda boldy diýip, Carscoops habar berýär
Toyota bZ7-ni görkezdi: Huawei-iň , Xiaomi-niň we Momenta-nyň tehnologiýalaryny alan, Camry-den uzyn sedan
15.09.2025 11:52
4.5k+

Toyota bZ7-ni görkezdi: Huawei-iň , Xiaomi-niň we Momenta-nyň tehnologiýalaryny alan, Camry-den uzyn sedan

Toyota-GAC bileleşigi ýazda ilkinji gezek Şanhaý awtoulag sergisinde yglan edilen bZ7 elektrik sedanynyň resmi suratlaryny ýaýratdy. Şol bir wagtyň özünde modeliň ilkinji tehniki häsiýetnamasy yglan edildi. Satuwlar 2025-nji ýylyň ahyryna çenli başlamaly
Mercedes-Benz üç ýylda 40-dan gowrak täze model çykarmagy meýilleşdirýär
14.09.2025 21:19
5.4k+

Mercedes-Benz üç ýylda 40-dan gowrak täze model çykarmagy meýilleşdirýär

Mercedes-Benz Next Level Production atly täze önüm strategiýasyny yglan etdi. Bu strategiýanyň çäklerinde kompaniýa üç ýylyň içinde dünýä bazary üçin 40-dan gowrak täze we täzelenen modelleri çykarmagy meýilleşdirýär
Nissan Z kupesi 300ZX we GT-R sport awtoulaglarynyň äheňinde ýörite nusgada çykdy
14.09.2025 21:16
2.8k+

Nissan Z kupesi 300ZX we GT-R sport awtoulaglarynyň äheňinde ýörite nusgada çykdy

Nissan Z kupesi 1989-njy ýylyň 300ZX modeline bagyşlanan çäkli Heritage Edition görnüşinde çykaryldy. Ýörite bezegli we aksessuarly bukjadaky görnüşiniň bahasy 2940 dollar. Awtoulag öň markanyň GT-R ýaly sport modellerinde ulanylan Midnight Purple (ýarygije-benewşe) reňkine boýaldy
Toyota aerodinamikany gowulandyrmak üçin GR Yaris-i Aero Performance bukjasy bilen üpjün etdi
14.09.2025 20:22
2.9k+

Toyota aerodinamikany gowulandyrmak üçin GR Yaris-i Aero Performance bukjasy bilen üpjün etdi

Toyota kompaniýasy Ýaponiýada GR Yaris hetçbegi üçin Aero Performance bukjasyny hödürledi. Toplumy Toyota Gazoo Racing-iň hünärmenleri professional ýaryşa gatnaşyjylar bilen bilelikde işläp taýýarlady, ol modeliň aerodinamiki aýratynlyklaryny gowulandyrmaga gönükdirildi
Renault içinden ýandyrylýan hereketlendirijili täze Clio-ny hödürledi
13.09.2025 15:03
1.5k+

Renault içinden ýandyrylýan hereketlendirijili täze Clio-ny hödürledi

Renault kompaniýasy Mýunhen awtoulag sergisinde altynjy nesil Clio hetçbegini hödürledi. Bu ýyl model 35 ýaşyny doldurýar we ol Ýewropa bazarynda iň geçginli  awtoulaglaryň biri bolmagynda galýar. Täze nesle geçmek bilen awtoulag içinden ýandyrylýan hereketlendirijisini saklap galdy we gibrid görnüşlerini aldy
Toyota dünýäde iň meşhur awtoulag öndürijisi. Aýry-aýry ýurtlar boýunça bu görkeziji nähilikä?
13.09.2025 14:55
7.2k+

Toyota dünýäde iň meşhur awtoulag öndürijisi. Aýry-aýry ýurtlar boýunça bu görkeziji nähilikä?

Toyota 2024-nji ýylda dünýäde iň meşhur awtoulag öndürijisi boldy. Kompaniýa ABŞ we Ýakyn Gündogar ýaly milli bazarlaryň aglabasynda birinji ýeri eýeledi. World Wide Mobility neşiri ýurt boýunça iň meşhur awtoulag öndürijileriniň kartasyny neşir etdi
Xiaomi Hytaýyň iň uly elektromobil öndürijileriniň onlugyna girdi
13.09.2025 13:07
4.7k+

Xiaomi Hytaýyň iň uly elektromobil öndürijileriniň onlugyna girdi

Hytaýyň ýeňil awtomobil öndürijileriniň assosiasiýasynyň (CPCA) maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylyň awgustynda Xiaomi Auto 36 396 awtomobil satdy. Bu bir aý ozalkydan 19,5% we geçen ýylyň awgust aýyndakydan 177,6% köpdür
Togg türk markasy Mýunhen awtosalonynda Tesla Model 3-üň bäsdeşini hödürledi
12.09.2025 18:23
7.2k+

Togg türk markasy Mýunhen awtosalonynda Tesla Model 3-üň bäsdeşini hödürledi

Türkiýäniň Togg kompaniýasy Mýunhen awtosalonynda täze T10F elektrik liftbegini hödürledi. Bu markanyň T10X krossowerinden soň ikinji modeli boldy. Öndüriji Ýewropa bazaryna çykýandygyny habar berdi: modelleriň ikisi-de sentýabrda Germaniýada satuwa çykar
Porsche taryhda iň kuwwatly 911 Turbo S sportkaryny hödürledi
12.09.2025 18:19
3.9k+

Porsche taryhda iň kuwwatly 911 Turbo S sportkaryny hödürledi

Porsche öndürijisi 992.2 indeksi bilen iň kuwwatly täzelenen 911 Turbo S sportkaryny hödürledi. Esasy üýtgeşme hereketlendirijiniň kuwwatynyň ýokarlanmagy boldy, şeýle-de awtomobiliň daşky görnüşinde käbir täzelenmeler peýda boldy
ABŞ-da Tesla elektromobilleriniň paýy 38%-e çenli azaldy. Bu 2017-nji ýyldan bäri iň ýaramaz görkeziji
12.09.2025 18:15
3.4k+

ABŞ-da Tesla elektromobilleriniň paýy 38%-e çenli azaldy. Bu 2017-nji ýyldan bäri iň ýaramaz görkeziji

2025-nji ýylyň awgustynda ABŞ-nyň elektromobil bazarynda Tesla-nyň paýy 38%-e çenli azaldy. Reuters tarapyndan hödürlenen Cox Automotive kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, bu kompaniýanyň görkezijileriniň 2017-nji ýylyň oktýabryndan bäri ilkinji gezek 40%-den aşak düşmegi boldy
Jaguar Land Rover güýçli kiberhüjüm sebäpli günde 5 mln funt sterling ýitirýär
12.09.2025 17:52
2.8k+

Jaguar Land Rover güýçli kiberhüjüm sebäpli günde 5 mln funt sterling ýitirýär

Britaniýanyň Jaguar Land Rover awtoöndürijisi awgustyň ahyrynda bolan kiberhüjümden soň işini doly dikeldip bilenok. Kompaniýa hakerleriň käbir maglumatlara elýeterli bolandygyny habar berdi diýip, Bloomberg we BBC ýazýar
Aston Martin 1200 dollara çaga arabasyny görkezdi. Onuň dizaýny brendiň ulaglaryna salgylanýar
12.09.2025 17:49
6.6k+

Aston Martin 1200 dollara çaga arabasyny görkezdi. Onuň dizaýny brendiň ulaglaryna salgylanýar

Britaniýanyň premium awtomobil öndürijisi Aston Martin egg kompaniýasy bilen bilelikde öz hataryna çaga arabalaryny goşdy. Olaryň dizaýny we materiallary brendiň awtomobilleriniň elementlerini gaýtalaýar. Baha, takmynan, 1200 dollara barabar
Toyota Hytaý bazary üçin täzelenen Corolla-nyň suratlaryny görkezdi
11.09.2025 21:38
16k+

Toyota Hytaý bazary üçin täzelenen Corolla-nyň suratlaryny görkezdi

FAW-Toyota konserni Hytaý bazary üçin täzelenen Corolla sedan modelini taýýarlap başlady. Autohome neşiriniň habar bermegine görä, awtoulagyň ilkinji maglumatlary we suratlary Hytaýyň Senagat ministrliginiň katalogynda peýda boldy
Lexus gaýtadan işlenen dizaýn we täze üpjünçilik bilen IS sedanyny görkezdi
11.09.2025 15:01
10k+

Lexus gaýtadan işlenen dizaýn we täze üpjünçilik bilen IS sedanyny görkezdi

Lexus kompaniýasy 2013-nji ýyldan bäri çykýan IS sedanyny üçünji gezek täzeledi. Model gaýtadan işlenen dizaýna, täzelenen interýere, şeýle-de howpsuzlyk we rahat dolandyryş üçin täze çözgütlere eýe boldy. Hödürlenen suratlarda F Sport wersiýasy görkezilýär
Täzelenen Cadillac CT4 sedanynyň bahasy 62 700 dollara çykdy
11.09.2025 06:48
5.5k+

Täzelenen Cadillac CT4 sedanynyň bahasy 62 700 dollara çykdy

Cadillac markasy ABŞ-da 2026-njy model ýylynyň CT4 sedanyny hödürledi. Model giňeldilen enjamlaşdyryşy aldy we wersiýasyna baglylykda 2705 dollara çenli gymmatlady. Dizaýny we tehnikasy öňküligine galdy, täzelenmeler diňe boýag palitrasyna täsir etdi - iki sany täze Coastal Blue Metallic we  Vibrant White Tricoat reňk öwüşginleri goşuldy
Mýunhende bir metrlik ekranly Mercedes-Benz GLC resmi taýdan çykdy 
11.09.2025 06:43
10k+

Mýunhende bir metrlik ekranly Mercedes-Benz GLC resmi taýdan çykdy 

Mersedes-Benz kompaniýasy Mýunhen awtoulag sergisinde GLC with EQ Technology atly täze elektrik krossoweriniň doly tanyşdyrylyş dabarasyny geçirdi. Ol modeliň adaty wersiýasyna batareýaly alternatiwa bolar we satuwy pes EQC-iň ornuny tutar
Jeep ulagyň ýolda birden öçüp galmak töwekgelçiligi sebäpli 92 müň Grand Cherokee-ni yzyna ýygnaýar
11.09.2025 06:28
5.8k+

Jeep ulagyň ýolda birden öçüp galmak töwekgelçiligi sebäpli 92 müň Grand Cherokee-ni yzyna ýygnaýar

Jeep kompaniýasy 91 787 sany Grand Cherokee kysymly awtoulaglaryň, şol sanda täzeleriniň hem yzyna çagyrylýandygyny yglan etdi. Bu modelleriň hereketlendirijisinde duýdansyz elektrik togy ýitip ýa-da öçüp galmak ähtimallygy ýüze çykaryldy
Manhart týuning atelýesi BMW M5-i 910 at güýjüne çenli güýçlendirdi
11.09.2025 06:24
5.3k+

Manhart týuning atelýesi BMW M5-i 910 at güýjüne çenli güýçlendirdi

Manhart awtobezeg atelýesi BMW M5-iň esasynda täze taslama hödürledi. Model MH5 900E adyny aldy. Sedanyň gibrid güýç enjamynyň kuwwaty 727 at güýjünden we 1000 Nm-den 910 at güýjüne we 1200 Nm aýlanma güýjüne çenli artdyryldy
Stoluň üstünde goýulýan 56 santimetrlik Aston Martin-i hakyky ulagyň bahasyndan satmakçy bolýarlar
09.09.2025 09:59
8.6k+

Stoluň üstünde goýulýan 56 santimetrlik Aston Martin-i hakyky ulagyň bahasyndan satmakçy bolýarlar

Seýrek ulaglaryň we superkarlaryň takyk miniatýura nusgalaryny ýasaýandygy bilen tanalýan Britaniýanyň Amalgam studiýasy täze modeli - 1:8 masştabdaky  Aston Martin Valkyrie superkaryny hödürledi. Beýik Britaniýada onuň bahalary 14 740 funt sterlingden (19 900 dollar töweregi) başlaýar, bu hakyky Dacia Sandero-niň bir komplektasiýasyndan bary-ýogy 25 funt sterling gymmat