Saýlanan şäher
26 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Medeniýet we jemgyýet
Baş sahypa
/
Habarlar
/
Medeniýet we jemgyýet
18.09.2025 10:07
1.2k+
Rolling Stone-nyň we Variety-niň neşirýatçysy AI gözleg ulgamynyň jogaplary sebäpli Google-y kazyýete berdi
Rolling Stone, Billboard, The Hollywood Reporter we Variety neşirýatlaryna eýeçilik edýän Penske Media amerikan metbugat kompaniýasy Google-y Waşingtondaky federal sebit kazyýetine berdi diýip, The Wall Street Journal neşiri habar berýär
17.09.2025 23:11
7k+
Xiaomi 17 Pro we 17 Pro Max üýtgeşik dizaýna – yzky panelde displeýe eýe bolar
Xiaomi tötänden diýen ýaly maglumatlaryň syzmagyna ýol berdi: kompaniýanyň resmi akkaunty Weibo sosial ulgamynda gysga wagtlyk profil suratyny geljekki Xiaomi 17 Pro Max-yň renderi bilen çalyşdy. Suratyň tiz wagtdan aýrylandygyna garamazdan, ol muşdaklaryň we KHBS-iň arasynda ýaýrap ýetişdi
17.09.2025 16:51
2.9k+
“Emmi” baýragynyň gowşurylyş dabarasyna 7,4 mln adam tomaşa etdi
CBS kanalynda 77-nji “Emmi” telewizion baýragynyň gowşurylyş dabarasynyň ýaýlymyna 7,4 mln adam tomaşa etdi. Bu ABC-de ýaýlyma berlen geçen ýylky dabara bilen deňeşdirilende 8% köpdür. Şol wagt ol 2021-nji ýyldan bäri iň meşhur dabara bolupdy diýip, Variety ýazýar
17.09.2025 09:46
6.9k+
Xiaomi iPhone bilen bäsleşmek üçin 16-njy seriýanyň üstünden böküp, Xiaomi 17-ni çykarar
Xiaomi kompaniýasy şu aý täze flagman smartfonlary bolan Xiaomi 17 Pro-ny we Xiaomi 17 Pro Max-y hödürlär. Öndüriji garaşylýan Xiaomi 16 modelini çykarmagyň ýerine, nomerini üýtgetmek we enjamlary iPhone 17 bilen deň bolar ýaly göni 17-nji seriýa geçmek kararyna geldi diýip, Bloomberg ýazýar
17.09.2025 09:29
3.9k+
Netflix “Jadygöý” serialynyň dördünji möwsüminiň çykjak senesini aýdyp, tizeri hödürledi
Netflix опубликовал официальный тизер четвёртого сезона «Ведьмака» и раскрыл, что премьера состоится 30 октября 2025 года. Теперь роль главного героя Геральта вместо Генри Кавилла будет исполнять Лиам Хемсворт
16.09.2025 20:36
5.1k+
Watikanda meşhur aýdymçylaryň gatnaşmagynda ilkinji pop-konsert geçirildi
12-13-nji sentýabrda Watikanda dünýäniň ähli ýerinden akyldarlaryň, şol sanda Nobel baýragynyň eýeleriniň gatnaşmagynda “adamzat doganlygy” sammiti geçirildi. Sammit gutarandan soň Keramatly Pýotryň meýdanynda Watikanyň taryhynda ilkinji Grace for the World pop-konserti geçirildi
16.09.2025 20:07
6.9k+
Los-Anjelesde 15 mln dollara Dewid Linçiň öýi satylýar
Los-Anjelesde amerikaly kinorežissýor Dewid Linçe degişli bolan üç jaýdan ybarat toplum satuw çykaryldy. Ol bu ýerde 35 ýyl ýaşap, “Malholland draýw” (Малхолланд драйв) we “Ýitirilen ýol” (Шоссе в никуда) ýaly filmlerini döretdi
16.09.2025 20:04
1.6k+
Google Gemini ABŞ-da iPhone üçin iň meşhur mugt programma boldy
Google-yň Gemini programmasyna ABŞ-da iPhone üçin iň meşhur mugt programmalaryň sanawynda birinji orny eýelemek başartdy. Bu barada 9to5Google habar berýär. Google-yň beýleki meşhur mugt programmalarynyň arasynda Search, Google Maps, Google Chrome we Gmail hem bar
16.09.2025 18:33
3.9k+
Meta täze önümleri bilen tanyşdyrmaga taýýarlanýar: 800 dollara geljegiň äýnegi, EA hyzmatlary we beýlekiler
Wirtual we giňeldilen hakykata, emeli aňa we metaälemine bagyşlanan Meta Connect 2025 ýyllyk konferensiýasyna sanlyja gün galdy. Şu ýyl kompaniýa akylly äýneklerini we EA tehnologiýalaryny ösdürmäge ünsi gönükdirer
16.09.2025 18:27
2.9k+
“Doga: Soňky dessurlar” iki hepdede 330 mln dollardan gowrak ýygnady
“Doga: Soňky dessurlar” (Заклятие: Последние обряды) elhençlik filminiň kassa ýygymy iki hepde prokatyň dowamynda bütin dünýäde 330 mln dollardan geçdi. Bu barada Variety ýazýar. Ikinji dynç günleriniň jemi boýunça, film ABŞ-da 131 mln dollar ýygnap, kassa ýygymy boýunça ikinji orny eýeledi
16.09.2025 18:23
4.8k+
Balkanabatda kitap okamak boýunça bäsleşik geçirildi
14-nji sentýabrda “Kämil bilim” okuw merkeziniň Balkanabat şäherindäki şahamçasynda “Kitap – ýeňşiň açary” ady bilen kitap okamak boýunça bäsleşik geçirildi. Oňa Balkan welaýatynyň kitapsöýüjileriniň 300-e golaýy gatnaşdy diýip, guramaçylar habar berdi
16.09.2025 14:42
2.2k+
Şekspiriň keşbinde Pol Meskalyň oýnamagyndaky film Torontodaky kinofestiwalyň baş baýragyny aldy
Režissýor Hloýa Çžaonyň “Hamnet” dramasy Torontodaky 50-nji halkara kinofestiwalynda baş baýragyň – tomaşaçylaryň baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Variety neşiri habar berýär. Film ýazyjy Meggi O’Farrelliň 2020-nji ýylda çykan adybir romanyna esaslanýar
16.09.2025 13:50
4.8k+
Team Falcons topary Dota 2 boýunça ýaryşda ýeňiji bolup, $1 mln gazandy
Team Falcons topary Dota 2 oýny boýunça The International 2025 ýaryşynda ýeňiji boldy. Ýaryş Germaniýanyň Gamburg şäherinde geçirildi. Grand-finalda topar bäş kartanyň netijesi boýunça Xtreme Gaming hytaý toparyny 3:2 hasabynda utdy
16.09.2025 13:25
2.1k+
Ýene 28 günden Windows 10-nyň goldawy tamamlanýar. Microsoft soňky duýduryşy berýär
Microsoft kompaniýasy Windows 10 operasion ulgamyna goldawyň ýene 28 günden tamamlanjakdygy barada duýduryş berdi. Bu Windows 10 2015 LTSB we Windows 10 IoT Enterprise LTSB 2015 wersiýalaryna hem degişlidir. 14-nji oktýabrdan soň ulanyjylar soňraky howpsuzlyk täzelenmelerini we tehniki goldawy almazlar
16.09.2025 12:21
1.8k+
OpenAI: ChatGPT-ni iş maksady bilen ulanýanlaryň sany gitdigiçe azalýar
ChatGPT-den her hepde peýdalanýan ulanyjylaryň sany 700 million adama, ýagny Ýer şarynyň uly ýaşly ilatynyň 10 göterimine barabar. Bu barada OpenAI kompaniýasynyň çap eden makalasynda aýdylýar. Makalada beýleki gyzykly maglumatlar hem getirilýär
16.09.2025 11:43
2.5k+
Apple iOS 26-ny çykardy: haýsy iPhone-lar täzelenmäni alyp biler?
Apple kompaniýasy iPhone üçin täze iOS 26 operasion ulgamyny çykardy. Täzelenmäni 30 töweregi model aldy, ýöne iPhone XS, iPhone XS Max we iPhone XR smartfonlary iOS 18-de galar. Kompaniýa täzelenmäni birbada gurnamak başartmasa, munuň serwerlere agram düşmegi bilen baglanyşyklydygyny we soňrak synanyşyp görmelidigini duýdurdy
15.09.2025 17:05
4.3k+
Apple täze iPhone smartfonlaryny bejermegiň bahasyny aýtdy
Apple resmi hyzmat merkezlerinde täze iPhone modellerini bejeriş işiniň bahasyny mälim etdi. Garaşylyşy ýaly, hyzmatyň bahalary arzan däl. Smartfonlaryň ähli şaýlary üçin diýen ýaly çalyşmagyň bahasy ýokarlandy
15.09.2025 16:55
7.9k+
Londonda Jeýms Bonduň jaýy satuwa çykaryldy: bahasy £6,45 mln
Londonda britaniýaly ýazyjy Ýan Flemingiň romanlarynyň gahrymany – meşhur “007 agenti” Jeýms Bond bilen baglanyşykly diýlip hasaplanýan jaý satuwa çykaryldy. Onuň bahasy 6,45 mln funt sterlinge barabar diýip, Mansion Global habar berýär
15.09.2025 16:51
1.9k+
Google Pixel iň çalt ösýän premium-smartfon brendi boldy
Google Pixel brendi 2025-nji ýylyň birinji ýarymynda premium smartfonlaryň bazarynda rekord ösüşi görkezdi. Bu barada Counterpoint Research analitiki kompaniýasyna salgylanyp, 9to5Google habar berýär. Pixel smartfonlarynyň satuwy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 105% ýokarlandy
15.09.2025 16:19
3.5k+
“Kinostudiýa” serialy 13 “Emmi” baýragyna mynasyp bolup, rekord goýdy
14-nji sentýabrda Los-Anjelesde 77-nji “Emmi” telewizion baýragynyň gowşurylyş darabasy geçirildi. Agşamyň esasy ýeňijisi 13 heýkele mynasyp bolan, şol sanda “Iň gowy komediýa serialy” kategoriýasynda ýeňiş gazanan “Kinostudiýa” serialy boldy diýip, Variety habar berýär
15.09.2025 15:50
6.8k+
Bütin dünýäde Starlink işlemegini bes etdi
15-nji sentýabrda irden Ilon Maskyň SpaceX kompaniýasy tarapyndan dolandyrylýan Starlink hemra aragatnaşyk ulgamy işlemegini bes etdi. Bu belli internet çeşmeleriniň işindäki bökdençlikleri yzarlaýan Downdetector hyzmatynyň maglumatlaryndan gelip çykýar
15.09.2025 15:08
1.2k+
Nintendo “Doganlar Super Mario kinoda” multfilminiň dowamynyň tizerini görkezdi
Nintendo Direct tanyşdyrylyşynda “Doganlar Super Mario kinoda” multfilminiň dowamynyň ilkinji tizeri görkezildi. Täze multfilm The Super Mario Galaxy Movie adyny aldy. Tizer sýužeti açyp görkezmeýär. Wideoda kamera ilki agajyň aşagynda ýatan Mariony görkezýär, soňra şa gyzy Pijiň galasyna golaýlaýar, soň bolsa kosmosa okdurylýar
15.09.2025 12:54
8.8k+
Braziliýada ýaguar uly pişikleriň arasynda ýüzmek boýunça rekord goýdy
Uly ýaşly erkek ýaguar Braziliýanyň merkezindäki Serra-da-Mesa suw howdanynda ýüzmek boýunça rekord goýdy. Ol ada ýetmek üçin 1,3 km aralygy ýüzüp geçdi. Rekord kamera-duzaklary tarapyndan tassyklandy diýip, New Scientist habar berýär
15.09.2025 12:46
12k+
Dünýäde 100 ýaşa ýeten her 6-njy adam Ýaponiýada ýaşaýar: bu ýerde olaryň sany tas 100 müň
Ýaponiýada 100 we ondan uly ýaşly adamlaryň sany 100 müňe golaýlady. Bu barada Ýaponiýanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň maglumatlaryna salgylanyp, NHK teleradiokompaniýasy habar berdi. Soňky bir ýylda ýüz ýaşly ýaponiýalylaryň sany 4644 adam artdy, bu hem soňky 55 ýylda iň ýokary artyş boldy
15.09.2025 11:43
4k+
Aşgabatda "Zümerret zergärçilik önümleri" binasynda abatlaýyş işleri geçiriler
Türkmenistanyň Merkezi banky «Zümerret zergärçilik önümleri» zergärçilik dükanynyň binasynda abatlaýyş işlerini geçirmek boýunça bäsleşik yglan etdi. Bu bina Aşgabat şäherinde Bitarap Türkmenistan şaýolunyň ugrunda ýerleşýär
15.09.2025 10:54
3.9k+
Kodak kindiwanja sanly kamera-breloklary çykardy
Kodak Charmera diýlip atlandyrylýan kindiwanja sanly kamera-breloklar satuwa çykdy. Olaryň dizaýny Kodak-yň 1987-nji ýyldaky ilkinji bir gezek ulanylýan kamerasyndan ylham aldy. Enjam Kodak bilen ygtyýarnama şertnamasy boýunça Reto kompaniýasy tarapyndan öndürilýär
15.09.2025 09:53
4.3k+
Legendary Germiona bilen Malfoýyň söýgüsi barada muşdaklaryň hekaýatyny ekranlaşdyrar
Legendary amerikan kinokompaniýasy Garri Potter baradaky kitaplardan Germiona Greýnjer bilen Drako Malfoýyň gizlin söýgüsi barada fanfikiň esasynda döredilen kitap üçin hukuk satyn aldy. The Hollywood Reporter-iň habar bermegine görä, şertnamanyň bahasy 3 mln dollar boldy
15.09.2025 08:58
9.3k+
Az-kem ýagyş ýagar: Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty (15.09 - 21.09)
Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi. Aşgabatda az-kem bulutly, hepdäniň başynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, az-kem ýagyş ýagar
14.09.2025 23:57
12k+
Aşgabatda döwrebaplaşdyrylan «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň XV ýyllygy» seýilgähi açyldy
13-nji sentýabrda Aşgabatda döwrebaplaşdyrylan «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň XV ýyllygy» seýilgähiniň açylyş dabarasy boldy. Bu döwrebap seýilgäh özüniň binagärlik çözgüdi bilen paýtagtymyzyň durmuş maksatly desgalary bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirdi
14.09.2025 21:06
1.1k+
Indi Microsoft Store-da mugt programmalary hasaba alyş üçin tölemezden ýerleşdirip bolýar
Microsoft işläp düzüjiler üçin hasaba alyş tölegini ýatyrdy. Bu indi Microsoft Store-da mugt programmalary maliýe çykdajysyz ýerleşdirip bolýandygyny aňladýar. Ozal programmanyň özi mugt bolsa-da, akkaunt açmak üçin töleg tölemeli bolýardy: şahsy akkauntyň bahasy 19 dollar, korporatiw – 99 dollardy
14.09.2025 21:04
1k+
YouTube ähli awtorlar üçin wideo dublýažy funksiýasyny elýeterli edýär
YouTube ähli kontent döredijiler üçin wideo köp dilli ses bermek funksiýasyny resmi taýdan işe girizýär. Mundan öň kompaniýa funksiýany iki ýyl synagdan geçirdi – ol MrBeast, Jamie Oliver we Mark Rober ýaly belli blogerleriň gatnaşmagynda 2023-nji ýylda başlady
14.09.2025 21:02
2.1k+
Paramount kompaniýasy Warner Bros.-y satyn almak barada teklip taýýarlaýar
Paramount Skydance kompaniýasy Warner Bros Discovery-ny (WBD) satyn almak barada teklip taýýarlaýar. Bu ABŞ-da mediakompaniýalaryň iň uly birleşmesi bolup biler diýip, The Guardian habar berýär. Şertnama Warner Bros
14.09.2025 20:25
6.4k+
Mask Starlink-iň wagtyň geçmegi bilen öýjükli aragatnaşyk operatorlarynyň ornuny eýelejekdigini aýtdy
SpaceX ýakynda EchoStar amerikan aragatnaşyk operatoryndan 17 mlrd dollara 50 MGs diapazondaky ýygylyklary satyn aldy. Bu şertnama teswir bermek bilen, kompaniýanyň ýolbaşçysy Ilon Mask wagtyň geçmegi bilen Starlink-iň ähli adaty operatorlaryň ornuny eýeläp biljekdigini aýtdy
14.09.2025 19:52
12k+
Suw astynda we wagtdan üzňe: Underwater Awards Australasia 2025 foto bäsleşiginiň ýeňijileri
Awstraliýanyň Underwater Awards Australasia 2025 suwasty foto bäsleşiginiň emin agzalary ýeňijileriň suratlaryny çap etdi. Absolýut ýeňiji suratçy Jeýms Ferrara boldy. Ol Antarktidadaky deňiz gaplaňyny surata aldy
14.09.2025 19:24
2.8k+
Sisiliýanyň kenarlarynda Birinji Puni urşy döwrüniň gadymy rim tuwulgasy tapyldy
Sisiliýanyň suwlarynda b.e.öň 241-nji ýylda Egad adalaryndaky söweş wagty ýitirilip bilnen gadymy rim bürünç tuwulgasy tapyldy diýip, Live Science habar berýär. Tuwulgany we ýene 30 töweregi predmeti Suwa giden ýerleri resminamalaşdyrmak boýunça jemgyýetiň (Society for the Documentation of Submerged Sites, SDSS) daýwerleri tapdy
14.09.2025 15:34
7.6k+
Hytaýda bir minutda iPhone 17-ni iPhone 16-nyň bir gündäki möçberinden hem köp sargyt etdiler
12-nji sentýabrda Hytaýyň uly onlaýn platformalarynda täze iPhone 17 smartfonlary üçin deslapky sargytlar başlandy. JD.com-yň maglumatlaryna görä, sargyt kabul edilip başlanandan soňky bir minutyň içinde iPhone 17-niň satuwy iPhone 16 hatarynyň ilkinji günündäki satuw möçberinden hem köp bolup, täze rekord goýdy
14.09.2025 15:13
3.5k+
Ed Şiran täze albom çykardy we ýogalandan soňky albomynyň hem gamyny iýip başlady
Britaniýaly sazanda Ed Şiran täze, karýerasynda eýýäm sekizinji albomyny çykardy. Doly görnüşli reliz “Play” adyny aldy. Ol giňeldilen nusgalar üçin aýdymlary hasaba almasaň, 13 aýdymdan ybarat. Munuň bilen bir wagtda Zeýna Loui bilen söhbetdeşlikde artist diňe öleninden soň çykjak albomyny öňünden meýilleşdirip başlandygyny aýtdy
13.09.2025 20:00
29k+
Huwaýdo-apa 130 ýaşynda. Özbegistanda Ýer ýüzüniň iň garry ýaşaýjysy tapyldy
Özbegistanda, belki-de, Ýer ýüzüniň iň garry adamy – Huwaýdo Umarowa ýaşaýar. Ýurduň Adalat ministrligi onuň 130 ýaşyndadygyny habar berdi. Edara kazyýetiň onuň ýaşyny ykrar etmek baradaky arzany resmi taýdan kanagatlandyrandygyny aýtdy
13.09.2025 17:49
4.7k+
Aşgabatda Türkmenistanda ilkinji kitaphananyň açylmagynyň 130 ýyllygy bellenilip geçildi
Aşgabatda ýurdumyzda ilkinji kitaphanasynyň döredilmeginiň 130 ýyllygy bellenildi. Dabara Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda geçirilip, kitap muşdaklaryny, kitaphana işgärlerini we medeniýet işgärlerini jemledi
13.09.2025 16:47
5.5k+
ABŞ-da 16,5 müň sözli iňlisçe–türkmençe sözlük neşir edildi
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda «Makul English-Turkmen Dictionary» atly kitap çap edildi. Neşir Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyna we Bitaraplygyň 30 ýyllygyna bagyşlandy. Sözlük eýýäm Amazon platformasynda satyn almak üçin elýeterlidir
«
1
…
61
62
63
…
276
»
«
1
…
58
59
60
61
62
63
64
65
66
…
276
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.