Türkmenistanyň Döwlet sirki Täze ýyl mynasybetli çykyşlaryny her gün gurnap başlady

24.12.2025, 13:535,665
1 / 2

Türkmenistanyň Döwlet sirki  Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli «Ganatly bedewler» atly täze sahnalaşdyrlan sirk çykyşyny hödürleýär.

Çykyşlaryň dowamynda türkmeniň milli sirk sungatyny dünýä ýaýan, “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň we Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň “Türkmen jigitleri” toparynyň, Hindistanyň şadyýan maýmynjyklarynyň, Mongoliýanyň “Baktrial” iki örküçli düýeleriniň, Germaniýanyň “Pudel” güjüjikleriniň, Hindistanyň “Tawus” guşunyň, Şotlandiýanyň “Poni” atlarynyň, masgarabazdyr akrobatlaryň, howa gimnastlarynyň, ekwelibristleriň we žanglýorlaryň, erkin ýagdaýda tälim berlen atlaryň we täze ýyl baýramçylygy mynasybetli Aýazbaba bilen Garpamygyň  täsin özüne çekiji jadyly çykyşlary görkeziler.
Sirk çykyşlary 2025-nji ýylyň dekabr aýynyň 20-den 2026-nji ýylyň 11-nji ýanwary aralygynda hepdäniň ähli günlerinde dowam eder.
Giriş petekleri “online” görnüşinde sirk.gov.tm resmi web  sahypasyndan alyp bilersiňiz.
Habarlaşmak üçin: 39-80-44; 39-80-45; 36-10-95; 36-10-34.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.