Syýasat we ykdysadyýet

Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi Suhumi döwlet uniwersitetiniň rektory bilen duşuşdy
12.09.2025 18:38
4.4k+

Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi Suhumi döwlet uniwersitetiniň rektory bilen duşuşdy

11-nji sentýabrda Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi D.Seýitmämmedow Suhumi döwlet uniwersitetiniň rektory Tea Jugeli bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň barşynda ilçi rektory täze wezipä bellenmegi bilen gyzgyn gutlap, onuň ýolbaşçylygynda ýokary okuw mekdebiniň üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdi
Daşkentde Arkadag şäherindäki iri lukmançylyk klasteriniň tanyşdyrylyşy geçirildi
12.09.2025 18:34
6.4k+

Daşkentde Arkadag şäherindäki iri lukmançylyk klasteriniň tanyşdyrylyşy geçirildi

10-njy sentýabrda Daşkent şäherinde Türkmenistanyň Özbegistandaky ilçisi Ş.Meredow bilen Özbegistanyň saglygy goraýyş ministri A.Hudaýarowyň arasynda türkmen wekiliýetiniň gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi. Türkmenistanyň
Çalık Holding TIF 2025 forumynyň baş hemaýatkäri bolar
12.09.2025 17:37
3.9k+

Çalık Holding TIF 2025 forumynyň baş hemaýatkäri bolar

Türkiýäniň iri kompaniýalar topary bolan Çalık Holding Türkmenistanyň maýa goýum forumy – 2025-iň baş hemaýatkäri bolar. Forumyň altyn hemaýatkäri hökmünde bolsa "Eziz Doganlar" hojalyk jemgyýeti çykyş eder. Forum 2025-nji ýylyň 18–19-njy sentýabrynda Hazaryň türkmen kenaryndaky «Awaza» sport toplumynyň konferensiýa merkezinde geçiriler
Türkmenistanyň DIM-nde BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň wekili bilen duşuşyk geçirildi
12.09.2025 17:27
3.1k+

Türkmenistanyň DIM-nde BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň wekili bilen duşuşyk geçirildi

10-njy sentýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary M. Bäşimowa BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň Merkezi Aziýa, Owganystan, Eýran we Pakistan boýunça sebitleýin wekili Oliwer Ştolpen bilen duşuşdy
Raşid Meredow BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy bilen duşuşdy
12.09.2025 12:28
2.1k+

Raşid Meredow BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy bilen duşuşdy

10-njy sentýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenkonyň arasynda duşuşyk geçirildi. Türkmenistanyň DIM-nde habar bermeklerine görä, duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň BMG we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen hyzmatdaşlygynyň häzirki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar
Raşid Meredow BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili Kaha Imnadze bilen duşuşdy
12.09.2025 12:15
2.1k+

Raşid Meredow BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili Kaha Imnadze bilen duşuşdy

10-njy sentýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň (MAÖADSM) ýolbaşçysy Kaha Imnadze bilen duşuşyk geçirdi
Daşoguz welaýatynda täze şäherçe we awtomobil köprüleri açyldy
12.09.2025 11:33
19k+

Daşoguz welaýatynda täze şäherçe we awtomobil köprüleri açyldy

11-nji sentýabrda Köneürgenç etrabynyň Täze ýol geňeşliginde täze, döwrebap şäherçäniň hem-de awtomobil köprüleriniň açylyş dabarasy boldy. Bitaraplyk şäherçesiniň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, welaýat, etrap halk maslahatlarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, welaýatyň ýaşaýjylary gatnaşdylar
Türkmenistan Ysraýylyň Doha şäherindäki ýaşaýyş etrabyna uran zarbalaryny ýazgardy
12.09.2025 11:16
13k+

Türkmenistan Ysraýylyň Doha şäherindäki ýaşaýyş etrabyna uran zarbalaryny ýazgardy

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi penşenb güni Ysraýyl Döwletiniň Doha şäherindäki ýaşaýyş etrabyna uran zarbalaryny ýazgaryp, beýanat bilen çykyş etdi. Beýanatda bellenilişi ýaly, Türkmenistan şeýle hereketlere Katar Döwletiniň özygtyýarlylygyna kast edilmegi we halkara hukugynyň kadalarynyň gödek bozulmagy hökmünde garaýar
ChatGPT dünýäniň çat-bot bazarynyň 80%-den gowragyny eýeleýär
11.09.2025 21:19
1.9k+

ChatGPT dünýäniň çat-bot bazarynyň 80%-den gowragyny eýeleýär

OpenAI kompaniýasynyň ChatGPT emeli aňly çat-bot bazarynda agdyklyk etmegini dowam etdirýär we şeýle hyzmatlaryň dünýäde ulanylyşynyň bäşden dört bölegini öz içine alýar. Bu barada web-seljeriji StatCounter şereketiniň 2024-nji ýylyň iýulyndan 2025-nji ýylyň awgustyna çenli aralykdaky maglumatlaryna salgylanýan TechRadar habar berýär
Türkmenistanyň Germaniýadaky konsuly Myrat Özbekbaýew Maýnz şäherine baryp gördi
11.09.2025 20:36
4.8k+

Türkmenistanyň Germaniýadaky konsuly Myrat Özbekbaýew Maýnz şäherine baryp gördi

Türkmenistanyň Germaniýadaky konsuly Myrat Özbekbaýew Reýnland-Pfalz federal sebitiniň paýtagty Maýnz şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Konsul saparyň barşynda sebitiň esasy wekilleri, şol sanda Ykdysadyýet, ulag, oba hojalygy we üzümçilik ministrliginiň Döwlet sekretary Petra Dik-Walter we Reýn-Gessen Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçylygy bilen birnäçe duşuşyklary geçirdi
Oktýabryň ahyrynda Germaniýada Türkmen ykdysadyýetiniň günleri geçiriler
11.09.2025 20:26
2.7k+

Oktýabryň ahyrynda Germaniýada Türkmen ykdysadyýetiniň günleri geçiriler

2025-nji ýylyň 30–31-nji oktýabrynda Germaniýanyň Frankfurt şäherinde Türkmenistanyň Ykdysadyýet günleri geçiriler. Çäre Türkmenistanyň we Germaniýanyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýär
Sentýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçiriler
11.09.2025 20:04
4.2k+

Sentýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçiriler

18-20-nji sentýabr aralygynda Aşgabat Söwda-senagat edarasynyň binasynda ýurt Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçiriler. Sergä Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, daşary ýurtlary kompaniýalaryň, işewürleriň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň gatnaşmagyna garaşylýar
Türkmenistanda pagta ýygymy möwsümine badalga berildi
11.09.2025 11:03
7k+

Türkmenistanda pagta ýygymy möwsümine badalga berildi

10-njy sentýabrda Türkmenistanda pagta ýygymyna köpçülikleýin girişildi.  Asylly däbe görä, hormatly ýaşulular Beýik Biribardan Watanymyzyň abadançylygy, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda täze zähmet ýeňişlerine tarap öňe barýan halkymyzyň rowaçlygy barada doga-dileg edip, “bismilla” bilen pagta ýygymyna badalga berdiler
Köneürgenç etrabynda täze Bitaraplyk şäherçesiniň açylyş dabarasy geçirilýär
11.09.2025 10:58
11k+

Köneürgenç etrabynda täze Bitaraplyk şäherçesiniň açylyş dabarasy geçirilýär

Şu gün, 11-nji sentýabrda Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň Täze ýol geňeşliginde täze, döwrebap Bitaraplyk şäherçesiniň açylyş dabarasy geçiriler. Prezidenti Serdar Berdimuhamedow dabara gatnaşyjylary gutlady
Ahal welaýatynda Döwletli mekan obasy açyldy: onda nämeler bar?
10.09.2025 10:50
24k+

Ahal welaýatynda Döwletli mekan obasy açyldy: onda nämeler bar?

9-njy sentýabrda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Öňaldy geňeşliginde täze, döwrebap Döwletli mekan obasynyň açylyş dabarasy geçirildi. Dabara ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Mejlisiniň, welaýat we etrap halk maslahatlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, etrabyň ýaşaýjylary gatnaşdylar
Serdar Berdimuhamedow Kim Çen Yny Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň döredilen güni bilen gutlady
10.09.2025 10:29
6.4k+

Serdar Berdimuhamedow Kim Çen Yny Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň döredilen güni bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň Döwlet işleri boýunça Başlygy Kim Çen Yna we ýurduň ähli halkyna milli baýram — Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň döredilen güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi
Serdar Berdimuhamedow Täjigistanyň halkyny Garaşsyzlyk güni bilen gutlady
10.09.2025 10:24
3.5k+

Serdar Berdimuhamedow Täjigistanyň halkyny Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona we ýurduň ähli doganlyk halkyna Täjigistan Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi
Raşid Meredow Finlýandiýanyň ÝHHG-däki Ýörite wekili bilen duşuşdy
09.09.2025 23:48
2k+

Raşid Meredow Finlýandiýanyň ÝHHG-däki Ýörite wekili bilen duşuşdy

8-nji sentýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Finlýandiýanyň ÝHHG-däki Ýörite wekili Teri Hakala bilen duşuşyk geçirdi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler. Gepleşikleriň dowamynda taraplar syýasy, ykdysady-ekologik we ynsanperwer ugurlaryň çäklerinde Türkmenistan bilen ÝHHG-niň arasyndaky köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar
Altynyň bahasy taryhda ilkinji gezek 3700 dollardan geçdi
09.09.2025 23:15
5.8k+

Altynyň bahasy taryhda ilkinji gezek 3700 dollardan geçdi

Altynyň bahasy ýokarlanmagyny dowam edýär. Ol ilkinji gezek bir troý unsiýasy üçin 3700 dollardan geçdi. Gymmatbaha metalyň bahasy sişenbe güni geçirilen söwdalarda taryhy rekordyny täzeledi. Nýu-Ýorkyň Comex biržasyndaky dekabr fýuçersleriniň iň ýokary derejesi $3706,77 boldy
“Türkmen aýna önümleri” kärhanasynyň täze önümhanasyna halkara güwänamalary gowşuryldy
09.09.2025 11:08
6.3k+

“Türkmen aýna önümleri” kärhanasynyň täze önümhanasyna halkara güwänamalary gowşuryldy

8-nji sentýabrda Ahal welaýatynda, Aşgabadyň demirgazygyndaky senagat toplumynyň çäginde ýerleşýän çüýşe önümlerini öndürýän önümhananyň açylyş dabarasynda halkara güwänamalary gowşurmak dabarasy boldy. Germaniýanyň
Ahal welaýatynda açylan çüýşe önümleri önümhanasynda önümçilik nähili alnyp barylýar?
09.09.2025 11:02
13k+

Ahal welaýatynda açylan çüýşe önümleri önümhanasynda önümçilik nähili alnyp barylýar?

8-nji sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Ahal welaýatynda çüýşe önümlerini öndürýän önümhananyň açylyş dabarasy geçirildi. Dabaranyň barşynda Prezident Serdar Berdimuhamedow täze önümhananyň binalary bilen tanyşdy
Ahal welaýatynda täze Döwletli mekan obasy açylýar
09.09.2025 10:45
11k+

Ahal welaýatynda täze Döwletli mekan obasy açylýar

Şu gün Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Öňaldy geňeşliginde täze, döwrebap Döwletli mekan obasy açylýar. Prezidenti Serdar Berdimuhamedow açylyş dabarasyna gatnaşyjylara gutlag iberdi. Täze oba Türkmenistanyň Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli açylýar
Ahal, Daşoguz welaýatlarynda täze ilatly ýerler döredildi we olara şäherçe, oba derejesi berildi
09.09.2025 10:38
13k+

Ahal, Daşoguz welaýatlarynda täze ilatly ýerler döredildi we olara şäherçe, oba derejesi berildi

8-nji sentýabr Türkmenistanyň Mejlisi Ahal, Daşoguz welaýatlarynda döredilen täze ilatly ýerlere şäherçe, oba derejesini bermek we olara at dakmak hakynda Karar kabul etdi. Karara Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D
Türkmenistanyň wekiliýeti Eýrana baryp, demir ýol ulaglary boýunça taslamalary maslahatlaşdy
08.09.2025 22:48
6.2k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Eýrana baryp, demir ýol ulaglary boýunça taslamalary maslahatlaşdy

6-8-nji sentýabr aralygynda Türkmenistanyň demir ýol ulaglary ministri M.Akmämmedowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Eýrana iş saparyny amala aşyrdy diýip, Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär. Saparyň dowamynda Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şäher gurluşyk ministri F
Serdar Berdimuhamedow Gökdepe etrabynda «Türkmen aýna önümleri» kärhanasynyň täze önümhanasyny açdy
08.09.2025 18:29
18k+

Serdar Berdimuhamedow Gökdepe etrabynda «Türkmen aýna önümleri» kärhanasynyň täze önümhanasyny açdy

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda «Türkmen aýna önümleri» kärhanasynyň täze önümhanasy dabaraly ýagdaýda işe girizildi. Täze önümhananyň kuwwatlylygy bir gije-gündizde 100 tonna çüýşe önümlerini öndürmäge niýetlenen diýip, «Neýtralnyý Türkmenistan» gazeti habar berýär
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýeti Kataryň we Russiýanyň guramalary bilen Ähtnamalara gol çekişdi
08.09.2025 11:44
10k+

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýeti Kataryň we Russiýanyň guramalary bilen Ähtnamalara gol çekişdi

4-5nji sentýabrda Aşgabatda GDA ýurtlarynyň Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýetleriniň ýolbaşçylarynyň, şeýle hem Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň federasiýasynyň hem-de Halkara Gyzyl Haç komitetiniň wekilleriniň duşuşygy geçirildi
Türkmenistanyň Prezidenti täze kazylary belledi we olara hünär derejelerini berdi
08.09.2025 11:10
12k+

Türkmenistanyň Prezidenti täze kazylary belledi we olara hünär derejelerini berdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda: Ýusup Kurbankulyýewiç
Serdar Berdimuhamedow Braziliýanyň Prezidentini Garaşsyzlyk güni bilen gutlady
08.09.2025 10:52
1.4k+

Serdar Berdimuhamedow Braziliýanyň Prezidentini Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidenti Luis Inasiu Lula da Silwa Braziliýa Federatiw Respublikasynyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi
Nýu-Ýorkda BMG-niň düzümleriniň Türkmenistan üçin ýurt maksatnamalary tassyklanyldy
07.09.2025 20:19
6.1k+

Nýu-Ýorkda BMG-niň düzümleriniň Türkmenistan üçin ýurt maksatnamalary tassyklanyldy

25-nji awgustdan 5-nji sentýabr aralygynda Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM), Ilat gaznasynyň (ÝUNISEF) hem-de Çagalar gaznasynyň (ÝUNFPA) ýerine ýetiriji geňeşleriniň ikinji nobatdaky mejlisleri geçirildi
ÝB Google-a tas €3 mlrd jerime saldy. Bu Ýewropada kompaniýanyň iň uly jerimeleriniň biri
07.09.2025 19:52
4.7k+

ÝB Google-a tas €3 mlrd jerime saldy. Bu Ýewropada kompaniýanyň iň uly jerimeleriniň biri

Ýewrokomissiýa Google-yň baş kompaniýasy bolan Alphabet-e mahabat tehnologiýalarynyň bazarynda agdyklyk ediji ornundan hyýanatçylykly peýdalanandygy üçin 2,95 mlrd ýewro jerime saldy. Bu barada Bloomberg agentligi habar berdi
Dürli ýurtlarda her sagatda näçe çaga dogulýar? BMG-niň maglumatlaryna esaslanýan infografika
07.09.2025 19:13
11k+

Dürli ýurtlarda her sagatda näçe çaga dogulýar? BMG-niň maglumatlaryna esaslanýan infografika

BMG-niň “Ýurtlaryň ilat sanynyň geljegi” baradaky hasabatyna görä, 2023-nji ýylda dünýäde 132 milliondan gowrak çaga dünýä indi, bu bolsa her sagatda 15 000 töweregi bäbegiň dünýä inendigini aňladýar. Hindistan täze doglan bäbekleriň sany boýunça dünýäde öňde barýar, bu ýurtda sagatda 2600-den gowrak çaga dogulýar
Hytaý alty aýda beýleki ýurtlara garanyňda, iň köp Gün elektrik stansiýasyny gurdy
07.09.2025 18:51
2k+

Hytaý alty aýda beýleki ýurtlara garanyňda, iň köp Gün elektrik stansiýasyny gurdy

2025-nji ýylyň birinji ýarymynda dünýäde umumy kuwwaty 380 gigawat bolan Gün elektrik stansiýalary işe girizildi.  Bu görkeziji 232 gigawat bolan 2024-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 64% köp diýip, Electrec ýazýar
Serdar Berdimuhamedow 2025-nji ýylyň 8 aýynyň jemleri boýunça Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi
06.09.2025 23:47
23k+

Serdar Berdimuhamedow 2025-nji ýylyň 8 aýynyň jemleri boýunça Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi

6-njy sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şu ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy
Türkmen ilçisi Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ilçileriniň Awstriýanyň daşary işler ministri bilen duşuşygyna gatnaşdy
06.09.2025 17:56
8.3k+

Türkmen ilçisi Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ilçileriniň Awstriýanyň daşary işler ministri bilen duşuşygyna gatnaşdy

4-nji sentýabrda Wena şäherinde Awstriýanyň Ýewropa we Halkara işler boýunça federal ministri hanym Beate Meinl-Reisinger bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Awstriýadaky ilçisi H
Gruziýada klassyky saz festiwalynda Nury Halmämmedowyň eserleri ýerine ýetiriler
06.09.2025 17:53
8.3k+

Gruziýada klassyky saz festiwalynda Nury Halmämmedowyň eserleri ýerine ýetiriler

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň sazandalary 4-nji sentýabrda Gruziýada açylan klassyky saz boýunça 7-nji Sinandali festiwalyna gatnaşýarlar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär
Raşid Meredow JBIC ýapon bankynyň başlygynyň orunbasary bilen maýa goýum taslamalaryny maslahatlaşdy
06.09.2025 17:48
4.1k+

Raşid Meredow JBIC ýapon bankynyň başlygynyň orunbasary bilen maýa goýum taslamalaryny maslahatlaşdy

5-nji sentýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň (JBIC) başlygynyň orunbasary, wekilçilikli direktory Amakawa Kazuhiko bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler
Aşgabatda BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň halkara bilermeni bilen duşuşyk geçirildi
06.09.2025 15:52
1.6k+

Aşgabatda BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň halkara bilermeni bilen duşuşyk geçirildi

2-nji sentýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň ýanyndaky Döwlet weterinariýa gullugynyň Merkezi weterinariýa laboratoriýasynyň hünärmenleri bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň (ÝYK BMG) halkara bilermeni Wiktoras Zabolotnos bilen duşuşyk geçirildi
ÝUNISEF: Maliýe kömeginiň azalmagy 2026-njy ýyla çenli ýene 6 mln çagany bilimsiz goýup biler
06.09.2025 15:42
4.2k+

ÝUNISEF: Maliýe kömeginiň azalmagy 2026-njy ýyla çenli ýene 6 mln çagany bilimsiz goýup biler

ÝUNISEF-iň täze seljermesi 2026-njy ýyla çenli bilime berilýän halkara kömegiň ABŞ-nyň 3,2 milliard dollary ýa-da 24% azalyp biljekdigini görkezýär. Guramanyň hasaplamalaryna görä, eger maliýe kömegi azaldylsa, ýene 6 million çaga bilime elýeterliligi ýitirip biler
Rimde Türkmenistanyň Prezidentiniň Italiýa saparyny guramak meselelerine seredildi
06.09.2025 15:35
4.2k+

Rimde Türkmenistanyň Prezidentiniň Italiýa saparyny guramak meselelerine seredildi

3-nji sentýabrda Italiýanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň ilçisi T.Kömekow Italiýanyň daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministriniň orunbasary E.Çiriýelli bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda şu ýyl
Türkmen wekiliýeti Ýaponiýada söwda we dokma pudagy boýunça birnäçe duşuşyklary geçirdi
06.09.2025 15:18
2.4k+

Türkmen wekiliýeti Ýaponiýada söwda we dokma pudagy boýunça birnäçe duşuşyklary geçirdi

30-njy awgustdan 3-nji sentýabr aralygynda Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Ýaponiýanyň Osaka we Tokio şäherlerine iş saparyny amala aşyrdy
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.