Raşid Meredow Jibutiniň, Yragyň, Slowakiýanyň we Wengriýanyň daşary işler ministrleri bilen gepleşikleri geçirdi

13.11.2025, 15:083,514

12-nji noýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow daşary ýurtly kärdeşleri bilen telefon arkaly söhbetdeşlikleri geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.

Hususan-da, R.Meredow Jibutiniň daşary işler ministri Mahmud Ali Ýusuf, Yragyň daşary işler ministri Fuad Muhammed Huseýn, Slowakiýanyň Daşary we Ýewropa işleri ministrliginiň Döwlet sekretary Marek Eştok we Wengriýanyň daşary işler we daşary söwda ministri Peter Siýarto bilen gepleşikleri geçirdi.
Gepleşikleriň barşynda taraplar syýasy-diplomatik hem-de ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk giňeltmegiň möhümdigini nygtadylar.
Ministrler halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň hem-de Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň häzirki derejesine ýokary baha berdiler we parahatçylygy hem-de durnukly ösüşi berkitmek meselelerinde garaýyşlaryň umumylygyny bellediler.
Şeýle hem taraplar 2025-nji ýylyň dekabr aýynda Aşgabat şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna taýýarlyk meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.