Türkmenistanyň birža söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy 5 million 506 müň dollardan gowrak boldy

10.11.2025, 20:062,201

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda jemi bahasy ABŞ-nyň 5 million 506 müň dollaryndan gowrak bolan geleşikleriň 11-si hasaba alyndy. 

Daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi, şeýle hem «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen uçar kerosinini satyn aldylar.
Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Şweýsariýanyň, Estoniýanyň, Gonkongyň telekeçilerine ýorgan-düşek daşlyklarynyň toplumlary, nah ýüplük, pagta süýümi, ýeňil senagat önümçiliginiň galyndylary, arassalanmadyk guradylan buýan köki we baldagy ýerlenildi.
Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 58 million 625 müň manatdan gowrak bolan polipropileni, binýatlyk ýagyny («Türkmennebit» döwlet konserni), şeýle hem pagta süýümini satyn aldylar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.