Ýerli

Gurbanguly Berdimuhamedow “Rönesans Holding” kompaniýasynyň Türkmenistandaky işine ýokary baha berdi
27.09.2025 18:32
12k+

Gurbanguly Berdimuhamedow “Rönesans Holding” kompaniýasynyň Türkmenistandaky işine ýokary baha berdi

26-njy sentýabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Rönesans Holding” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjak bilen duşuşdy. Gurbanguly Berdimuhamedow “Rönesans Holding” kompaniýasynyň köp ýyllaryň dowamynda türkmen bazarynda üstünlikli işläp gelýändigini belledi
Gurbanguly Berdimuhamedow “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
27.09.2025 18:27
7.8k+

Gurbanguly Berdimuhamedow “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

26-njy sentýabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk bilen duşuşdy. Ahmet Çalyk mümkinçilikden peýdalanyp, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasyna Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda karbamid öndürýän toplumyň gurluşygynyň ynanylandygy üçin hoşallyk bildirdi
Serdar Berdimuhamedow “Buig” kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen täze taslamalary maslahatlaşdy
27.09.2025 18:23
8.3k+

Serdar Berdimuhamedow “Buig” kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen täze taslamalary maslahatlaşdy

26-njy sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow “Buig” kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Marten Buigi kabul etdi. Myhman Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza geldi
Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli baýramçylyk ýörişi geçirildi
27.09.2025 18:15
11k+

Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli baýramçylyk ýörişi geçirildi

Aşgabatda Döwlet münberiniň toplumynyň öňündäki meýdançasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk ýörişi geçirildi. Ir bilen Prezident Serdar Berdimuhamedow Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy
Mejlisler merkezinde Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda baýramçylyk konserti geçirildi
27.09.2025 11:23
10k+

Mejlisler merkezinde Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda baýramçylyk konserti geçirildi

26-njy sentýabrda Aşgabatdaky Mejlisler merkezinde Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda medeniýet we sungat ussatlarynyň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyna bagyşlanan konserti geçirildi. Dabara
Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny Garaşsyzlyk güni bilen gutlady
27.09.2025 11:18
6.3k+

Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny Türkmenistanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni bilen gutlady. Döwlet Baştutany bu baýramçylygyň eziz Watanymyza milli buýsanjymyzy has-da pugtalandyryp, täze üstünlikleri gazanmaga we belent sepgitlere ýetmäge güýç-kuwwat berjekdigine berk ynam bildirdi
ÝB Türkmenistana serhet weterinariýa gözegçiligi üçin niýetlenen täze enjamlary gowşurdy
26.09.2025 11:42
6.7k+

ÝB Türkmenistana serhet weterinariýa gözegçiligi üçin niýetlenen täze enjamlary gowşurdy

24-nji sentýabrda Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň ýanyndaky Döwlet weterinariýa gullugy okuw otaglaryna döwrebap enjamlar toplumy gowşuryldy. Serhet gözegçiligini kämilleşdirmek üçin niýetlenen bu enjamlar Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän BOMCA 10 maksatnamasynyň çäklerinde berildi
«Türkmenhowaýollarynyň» mekdebinde daşary ýurtlaryň uçarmanlary hem taýýarlanylar
26.09.2025 11:32
11k+

«Türkmenhowaýollarynyň» mekdebinde daşary ýurtlaryň uçarmanlary hem taýýarlanylar

25-nji sentýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer M.Çakyýew Türkmenistanyň raýat awiasiýasy pudagy üçin halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi
Hökümet mejlisinde oktýabr aýynda Türkmenistanda geçiriljek esasy çäreleriň Tertibi maslahatlaşyldy
26.09.2025 11:25
9.7k+

Hökümet mejlisinde oktýabr aýynda Türkmenistanda geçiriljek esasy çäreleriň Tertibi maslahatlaşyldy

25-nji sentýabrda geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda wise-premýer B.Seýidowa oktýabr aýynda geçiriljek esasy çäreleriň Tertibi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, geljek aýyň dowamynda Halkara parahatçylyk
Aşgabatda saglygy goraýyş, bilim, sport ulgamlarynyň halkara sergisi geçiriler
26.09.2025 11:21
3.5k+

Aşgabatda saglygy goraýyş, bilim, sport ulgamlarynyň halkara sergisi geçiriler

Aşgabatda “Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly halkara sergisiniň we ylmy maslahatynyň çäklerinde 3 sany iri forumy geçirmek göz öňünde tutulýar. Olar - Türki dilli ýurtlaryň kardiologlarynyň XI kongresi, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň fiziologlarynyň halkara kongresi, Ýewraziýa döwletleriniň onkolog lukmanlarynyň halkara maslahaty
Serdar Berdimuhamedow geologiýa işleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek bilen bagly teklibi goldady
26.09.2025 11:01
5.5k+

Serdar Berdimuhamedow geologiýa işleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek bilen bagly teklibi goldady

25-nji sentýabrda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Prezident Serdar Berdimuhamedow nebitiň we tebigy gazyň gözlegi boýunça geologiýa işleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek bilen bagly taýýarlanylan teklibi goldap, wise-premýer B
Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-wenger toparynyň mejlisi geçiriler
26.09.2025 10:58
2.8k+

Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-wenger toparynyň mejlisi geçiriler

25-nji sentýabrda Hökümet mejlisiniň barşynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-wenger toparynyň türkmen böleginiň düzümini tassyklaýan Karara gol çekdi. Bellenilişi
142 sany daşary ýurt raýatyna Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama berildi
26.09.2025 10:54
8.9k+

142 sany daşary ýurt raýatyna Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama berildi

25-nji sentýabrda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Prezident Serdar Berdimuhamedow daşary ýurt raýatlarynyň bir toparyna Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamalary bermek hakynda Karara gol çekdi. Mejlisiň dowamynda wise-premýer daşary işler ministri R
Türkmenistanyň Prezidenti Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli 225 adamyň günäsini geçdi
26.09.2025 10:48
17k+

Türkmenistanyň Prezidenti Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli 225 adamyň günäsini geçdi

25-nji sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Hökümet mejlisiniň barşynda “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, günäsi geçilen 225 raýat mundan beýläk azatlykdan mahrum etmek görnüşindäki esasy jeza çäresini çekmekden boşadyldy
«Arkadag» FK ikinji gezek Türkmenistanyň Naýbaşy kubogyny aldy
25.09.2025 21:15
12k+

«Arkadag» FK ikinji gezek Türkmenistanyň Naýbaşy kubogyny aldy

«Arkadag» futbol topary Türkmenistanyň Naýbaşy kubogyny yzly-yzyna ikinji gezek eýeledi. Aşgabatdaky «Nusaý» stadionynda geçirilen duşuşykda «Arkadag» «Ahaldan» 3:0 hasabynda üstün çykdy. Ýeňijileriň düzüminde iki goly Altymyrat Annadurdyýew (52-nji hem-de 63-nji minutlar), ýene bir topy bolsa Mirza Beknazarow (14) geçirdi
“Türgen” himçistka talyplar üçin aksiýa yglan etdi: kostýum-balak, don, çabyt, ponbarhat...
25.09.2025 16:19
7.1k+

“Türgen” himçistka talyplar üçin aksiýa yglan etdi: kostýum-balak, don, çabyt, ponbarhat...

Aşgabatda Olimpiýa şäherçesinde ýerleşýän «Türgen» himçistka talyplar üçin “5+1” aksiýasyny yglan etdi. Aksiýanyň dowamynda şol bir egin-eşikden 5 sanysyny tabşyrana 6-njy mugt arassalanyp berilýär. Ýagny, 5 sany kostýum-balak tabşyrana 6-njy mugt ýuwlup berilýär
Raşid Meredow Nýu-Ýorkda BMG-niň Siwilizasiýalaryň bileleşiginiň Ýokary wekili bilen duşuşdy
25.09.2025 14:58
2.9k+

Raşid Meredow Nýu-Ýorkda BMG-niň Siwilizasiýalaryň bileleşiginiň Ýokary wekili bilen duşuşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Siwilizasiýalaryň bileleşiginiň Ýokary wekili Migel Anhel Moratinos bilen duşuşdy. Duşuşyk 23-nji sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji mejlisiniň çäklerinde geçirildi diýip, türkmen daşary syýasat edarasynda habar berdiler
1-nji oktýabrdan Aşgabat-Türkmenbaşy howa gatnawlarynyň sany günde iki gezege çenli azaldylar
25.09.2025 14:37
12k+

1-nji oktýabrdan Aşgabat-Türkmenbaşy howa gatnawlarynyň sany günde iki gezege çenli azaldylar

«Türkmenistan» awiakompaniýasy 1-nji oktýabrdan başlap Aşgabat – Türkmenbaşy ugry boýunça howa gatnawlarynyň sanyny günde üç gezekden iki gezege çenli azaldar. Täzelenen tertip awiakompaniýanyň resmi saýtynda ýerleşdirildi
Türkmen talyplary akademik alyş-çalyş maksatnamasynyň çäklerinde Ýaponiýa bardylar
25.09.2025 14:29
4.9k+

Türkmen talyplary akademik alyş-çalyş maksatnamasynyň çäklerinde Ýaponiýa bardylar

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň üç talyby hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň çäklerinde Ýaponiýa döwletine gitdiler. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň saýtynda habar berilýär
Balkandaky döwlet drama teatry TÜRKSOÝ-nyň teatr festiwalyna çykyş edýär
25.09.2025 14:23
1.7k+

Balkandaky döwlet drama teatry TÜRKSOÝ-nyň teatr festiwalyna çykyş edýär

Balkan welaýatyndaky Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatry III Halkara TÜRКSOÝ teatr festiwalynda Türkmenistana wekilçilik edýär. Forum 21–26-njy sentýabrda şu ýyl Türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilen Aktau şäherinde geçirilýär
Serdar Berdimuhamedow ABŞ-da Şweýsariýanyň Prezidenti bilen duşuşdy
25.09.2025 13:51
5.2k+

Serdar Berdimuhamedow ABŞ-da Şweýsariýanyň Prezidenti bilen duşuşdy

ABŞ-da BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň mejlisiniň geçirilýän günlerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidenti Karin Keller-Zutter bilen duşuşdy. Bu barada TDH habar berýär
Serdar Berdimuhamedow Awstriýanyň Prezidenti bilen hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşdy
25.09.2025 13:46
3.5k+

Serdar Berdimuhamedow Awstriýanyň Prezidenti bilen hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşdy

Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti Aleksandr Wan der Bellen bilen duşuşdy. Bu barada TDH habar berýär. Duşuşygyň dowamynda
Serdar Berdimuhamedow Portugaliýanyň Prezidentini Aşgabatda geçiriljek halkara foruma çagyrdy
25.09.2025 13:39
4.4k+

Serdar Berdimuhamedow Portugaliýanyň Prezidentini Aşgabatda geçiriljek halkara foruma çagyrdy

ABŞ-a iş saparynyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Portugaliýanyň Prezidenti Marselo Rebelо de Souza bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler häzirki wagtda hyzmatdaşlygy ösdürmek we pugtalandyrmak üçin iki ýurduň hem giň mümkinçilikleriniň bardygyny aýtdylar
Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda atçylyk toplumlaryna baryp gördi
25.09.2025 13:36
8.8k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda atçylyk toplumlaryna baryp gördi

24-nji sentýabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat atçylyk sport toplumyna baryp, Garaşsyzlygyň 34 ýyllygyna görülýän taýýarlyk işleri we toplumyň döwrebaplaşdyrylyşy bilen tanyşdy
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň mejlisinde çykyş etdi
25.09.2025 10:01
11k+

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň mejlisinde çykyş etdi

Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň ýokary derejeli plenar mejlisiniň ilkinji gününe gatnaşdy we maksatnamalaýyn çykyş etdi
“Türkmenfilm” Tikenjik bilen Mymyjyk multserialynyň täze bölümlerini taýýarlap başlady
24.09.2025 12:38
3.7k+

“Türkmenfilm” Tikenjik bilen Mymyjyk multserialynyň täze bölümlerini taýýarlap başlady

Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi Tikenjik bilen Mymyjygyň başdan geçirmeleriniň 3-4-nji bölümleriniň önümçiligine girişdi. 6 ýaşa çenli çagalar üçin niýetlenen bu multserilada Tikenjik atly kirpijik bilen Mymyjyk atly towşanjygyň başdan geçirýän gyzykly wakalary beýan edilýär
Türkmen okuwçysy Moskwada Bütindünýä sungat festiwalynyň baş baýragyny aldy
24.09.2025 10:40
8.6k+

Türkmen okuwçysy Moskwada Bütindünýä sungat festiwalynyň baş baýragyny aldy

Türkmenabadyň Çagalar sungat mekdebiniň okuwçysy, ýaş suratkeş Aziza Bäşimowa Moskwada geçirilen «Parahatçylygyň çagalary: dostlaşmagyň wagty» atly halkara döredijilik festiwalynyň Gran-pri baýragyna mynasyp boldy
Türkmenistan Bişkekde Merkezi Aziýa döwletleriniň Parlamentara forumyna gatnaşdy
24.09.2025 10:31
5.9k+

Türkmenistan Bişkekde Merkezi Aziýa döwletleriniň Parlamentara forumyna gatnaşdy

23-nji sentýabrda Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkek şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň III Parlamentara forumy geçirildi. Oňa sebitiň döwletleriniň parlament ýolbaşçylary gatnaşdylar. Türkmenistana bu çärede ýurdumyzyň ilçisi Nury Gölliýew wekilçilik etdi
Türkmen talyplary WSDG 2025 halkara ylmy bäsleşikde ýeňiş gazandylar
24.09.2025 10:27
1.7k+

Türkmen talyplary WSDG 2025 halkara ylmy bäsleşikde ýeňiş gazandylar

Oguz han adyndaky Türkmenistanyň Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyplary halkara derejesindäki «Bütindünýä durnukly ösüş maksatlary bäsleşigi – 2025» (WSDG 2025) atly ýaryşda üstünlik gazandylar. Bäsleşik Malaýziýanyň Multimediýa uniwersiteti we Malaýziýanyň ýaş alymlar birleşigi tarapyndan onlaýn görnüşde guraldy
Serdar Berdimuhamedow Kuweýtiň Mirasdüşer Şazadasy bilen duşuşdy
24.09.2025 09:35
4.5k+

Serdar Berdimuhamedow Kuweýtiň Mirasdüşer Şazadasy bilen duşuşdy

ABŞ-da iş saparynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Kuweýt Döwletiniň Mirasdüşer Şazadasy Şeýh Sabah Al-Halid Al-Sabah bilen duşuşdy. Bu barada TDH habar berýär. Söhbetdeşler ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we olary ösdürmegiň geljekki ugurlary barada pikir alyşdylar, şu duşuşygyň netijeleriniň özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdiler
Serdar Berdimuhamedow Nýu-Ýorkda Eswatininiň Patyşasy Mswati III bilen duşuşdy
24.09.2025 09:28
3.6k+

Serdar Berdimuhamedow Nýu-Ýorkda Eswatininiň Patyşasy Mswati III bilen duşuşdy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň çäklerinde Eswatininiň Patyşasy Mswati III bilen duşuşdy. TDH agentliginiň habar berşi ýaly, duşuşygyň barşynda Eswatininiň Patyşasy şu
Serdar Berdimuhamedow Antoniu Guterrişi 12-nji dekabrda Aşgabatda geçiriljek halkara foruma çagyrdy
24.09.2025 09:18
5k+

Serdar Berdimuhamedow Antoniu Guterrişi 12-nji dekabrda Aşgabatda geçiriljek halkara foruma çagyrdy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň çäklerinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşdy. Bu barada TDH habar berýär. Duşuşygyň öňüsyrasynda Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Hormatly myhmanlar kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy
Nýu-Ýorkda Türkmenistanyň we Kubanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçirildi
23.09.2025 19:21
5.6k+

Nýu-Ýorkda Türkmenistanyň we Kubanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçirildi

22-nji sentýabrda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Kubanyň daşary işler ministri Bruno Rodriges Parrilýanyň arasynda duşuşyk geçirildi
Raşid Meredow BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary Rozmari Dikarlo bilen duşuşdy
23.09.2025 19:16
3.8k+

Raşid Meredow BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary Rozmari Dikarlo bilen duşuşdy

22-nji sentýabrda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow BMG-niň Baş sekretarynyň Syýasy we parahatçylyk döredijilik meseleleri boýunça orunbasary hanym Rozmari Dikarlo bilen duşuşyk geçirdi
Türkmenistan Hytaýyň Hançžounyň Dýanszy uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmagy teklip etdi
23.09.2025 18:30
2.8k+

Türkmenistan Hytaýyň Hançžounyň Dýanszy uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmagy teklip etdi

22-nji sentýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Hançžou şäheriniň (HHR) Halk hökümetiniň Baş sekretarynyň orunbasary Sýuý Sinşan bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler
Türkmenistanly aýdymçy Döwran Şammyýew Silk Way Star bäsleşiginiň ilkinji üçlügine girdi
23.09.2025 13:46
17k+

Türkmenistanly aýdymçy Döwran Şammyýew Silk Way Star bäsleşiginiň ilkinji üçlügine girdi

20-nji sentýabrda Gazagystanda 12 ýurtdan gelen aýdymçylaryň gatnaşmagynda Silk Way Star atly aýdym-sazly bäsleşik başlandy. Bu bäsleşikde Türkmenistanyň adyndan aýdymçy Döwran Şammyýew çykyş edýär. Ilkinji epizodda D
Aşgabatda Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň Prezidentiniň doglan gününiň şanyna konsert geçirildi
23.09.2025 13:16
10k+

Aşgabatda Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň Prezidentiniň doglan gününiň şanyna konsert geçirildi

22-nji sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent maksatlarynyň aýdyň ýollary» atly aýdym-sazly dabara geçirildi. Ol Prezident Serdar Berdimuhamedowyň doglan gününiň nurana senesini hem-de täze taryhy döwürde ýurdumyzyň gazanýan üstünliklerini dabaralandyrdy
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň ýolbaşçylaryny Milli güni bilen gutlady
23.09.2025 11:29
3k+

Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň ýolbaşçylaryny Milli güni bilen gutlady

23-nji sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adyndan Iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri Saud Arabystanynyň Patyşasy Salman ben Abdelaziz Al Sauda hem
Türkmenistanyň biržasynda geçen hepdedäki geleşikleriň jemi bahasy 7 mln 435 müň dollardan gowrak boldy
23.09.2025 11:22
2.6k+

Türkmenistanyň biržasynda geçen hepdedäki geleşikleriň jemi bahasy 7 mln 435 müň dollardan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda jemi bahasy ABŞ-nyň 7 million 435 müň dollaryndan gowrak bolan geleşikleriň 22-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» we «Türkmengaz» döwlet konsernleriniň kärhanalarynda öndürilen suwuklandyrylan gazy we gidro usulda arassalanan dizel ýangyjyny satyn aldylar
Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýokary derejeli plenar mejlisine gatnaşdy
23.09.2025 11:08
5k+

Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýokary derejeli plenar mejlisine gatnaşdy

22-nji sentýabrda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllygy mynasybetli Baş Assambleýanyň ýokary derejeli plenar mejlisine gatnaşdy
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.