Serdar Berdimuhamedow geologiýa işleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek bilen bagly teklibi goldady

26.09.2025, 06:015,496

25-nji sentýabrda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Prezident Serdar Berdimuhamedow nebitiň we tebigy gazyň gözlegi boýunça geologiýa işleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek bilen bagly taýýarlanylan teklibi goldap, wise-premýer B.Amanowa bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Mejlisiň dowamynda wise-premýer B.Amanow “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
Häzirki wagtda korporasiýa tarapyndan ýurdumyzyň dürli künjeklerinde uglewodorod serişdeleriniň ýerasty gorlaryny anyklamak we ýüze çykarmak işleri alnyp barylýar. Bu işleri ýerine ýetirmekde, gözleg-barlag guýularyny burawlamakda döwrebap tehnologiýalardan netijeli peýdalanylýar. Bu ugurdaky işleriň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak üçin düzümiň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga hem-de döwrebaplaşdyrmaga aýratyn üns berilýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.