Raşid Meredow Nýu-Ýorkda BMG-niň Siwilizasiýalaryň bileleşiginiň Ýokary wekili bilen duşuşdy

25.09.2025, 09:582,957

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Siwilizasiýalaryň bileleşiginiň Ýokary wekili Migel Anhel Moratinos bilen duşuşdy. Duşuşyk 23-nji sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji mejlisiniň çäklerinde geçirildi diýip, türkmen daşary syýasat edarasynda habar berdiler.

Duşuşykda taraplar Türkmenistanyň BMG-niň Siwilizasiýalaryň bileleşigi bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar, medeniýetler we dinler arasyndaky dialogy ösdürmegiň, halkara gatnaşyklarynda özara düşünişmegi we ynanyşmagy pugtalandyrmagyň ähmiýetini nygtadylar. Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji mejlisiniň meýdançasyny parahatçylyk, ynanyşmak we özara düşünişmek mowzugyny öňe sürmek üçin işjeň ulanmaga taýýardygyny tassyklady.
Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň Siwilizasiýalaryň bileleşiginiň gatnaşmagynda, şol sanda Merkezi Aziýa sebitinde bilelikdäki çäreleri we taslamalary geçirmek mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak başlangyjy öňe sürüldi.
Şeýle hem, ÝUNESKO-nyň hem-de Siwilizasiýalaryň bileleşiginiň howandarlygynda sebitiň ýurtlarynyň, halkara bilermenleriň we edaralaryň gatnaşmagynda «Merkezi Aziýa — parahatçylykly ýaşaýşy gurmagyň giňişligi» atly halkara forumy, şeýle-de parahatçylyk, ynanyşmak we özara hormat goýmak medeniýeti boýunça Ählumumy sammiti geçirmek baradaky Türkmenistanyň teklipleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
​​​​​​​Duşuşygyň ahyrynda taraplar parahatçylygyň we özara hormat goýmagyň bähbidine hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak arkaly bellenen ugurlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge meýillerini beýan etdiler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.