Saýlanan şäher
26 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Ýerli
Baş sahypa
/
Habarlar
/
Ýerli
14.06.2025 10:53
2.7k+
22 — 27-nji iýunda Ahal welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler
Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli şu ýylyň 22 — 27-nji iýuny aralygynda Ahal welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär
14.06.2025 10:49
1.5k+
15 — 19-njy iýunda Aşgabatda küşt boýunça halkara ýaryş geçiriler
15 — 19-njy iýun aralygynda Aşgabatda küşt boýunça halkara ýaryş geçiriler. Ýaryşa taýýarlyk görlüşi barada anna güni Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Orazdurdyýewa hasabat berdi. Ýaryşlar Aşgabat şäherindäki Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde geçiriler
14.06.2025 10:43
1.9k+
Türkiýede Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisi geçiriler
Türkiýe Respublikasynda Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Anna güni wise-premýer N.Atagulyýew sergä görülýän işleri barada hasabat berdi
14.06.2025 10:32
4.8k+
Aşgabatda we welaýatlarda zähmet we ilatyň iş üpjünçilik bölümlerinde okuw-maglumat merkezleri dörediler
Aşgabat şäherinde we welaýatlaryň 6 etrabynda Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň garamagyndaky zähmet we ilatyň iş üpjünçilik bölümlerinde okuw-maglumat merkezlerini döretmek göz öňünde tutulýar
14.06.2025 10:19
1.4k+
Türkmenistanyň wekiliýeti Russiýada halkara ykdysady foruma gatnaşar
Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Buýrugyna laýyklykda, wise-premýer N.Atagulyýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Russiýa Federasiýasynda gulluk iş saparynda bolar. Sapar 2025-nji ýylyň 17 — 21-nji iýuny aralygynda amala aşyrylar
14.06.2025 10:03
10k+
Türkmenistan Ýakyn Gündogarda emele gelen dartgynly ýagdaý bilen baglanyşykly aladalanmasyny bildirýär - DIM
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Ysraýylyň 2025-nji ýylyň 13-nji iýunynda Eýranyň çäginde ýerleşýän ilatly nokatlara we desgalara raketa zarbalaryny amala aşyrmagy bilen baglylykda, resmi beýanat bilen çykyş etdi
13.06.2025 17:37
7.6k+
Balkanabatda mugallymlaryň festiwaly geçirildi
Balkanabat şäherinde “Kämil mugallym – kämil nesil” atly mugallymlaryň festiwaly geçirildi. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de “Kämil Bilim” okuw merkeziniň bilelikde guramagynda geçirilen bu çäre ýurdumyzyň günbatar sebitiň orta mekdeplerinde bilim berýän mugallymlaryň ýüzden gowragyny bir ýere jemledi
13.06.2025 17:31
5.4k+
Türkmenistanda ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi
12-nji iýunda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Ylymlar güni mynasybetli ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi
13.06.2025 13:02
6.6k+
Serdar Berdimuhamedow ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak hakynda Karara gol çekdi
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleri hakynda Karara gol çekdi. Şu ýyl bäsleşigiň emin agzalary hödürlenen işleri seljerip, jemi 118 sany ýaş alymy ýeňiji diýip yglan etdiler
13.06.2025 12:12
22k+
Serdar Berdimuhamedow Hindistanyň ýolbaşçylaryna awiaheläkçilik zerarly gynanç bildirdi
Prezident Serdar Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Draupadi Murmuwa hem-de Premýer-ministri Narendra Modä ýurduň Ahmedabad şäherinde ýolagçy uçarynyň heläkçilige uçramagy hem-de bu betbagtçylygyň köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelere getirmegi zerarly gynanç hatyny iberdi
12.06.2025 22:28
2.6k+
Türkmenistanda Ylymlar güni mynasybetli halkara ylmy maslahat geçirilýär
Şu gün, 12-nji iýunda Aşgabatda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» halkara ylmy maslahat öz işine başlady. Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň ylmy jemgyýetçiliginiň wekillerini, şeýle hem iki günlük foruma gatnaşyjylary gutlady
12.06.2025 12:07
6.2k+
Serdar Berdimuhamedow ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerini gutlady
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň ýaşlaryny ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşikde gazanan uly üstünlikleri bilen gutlady. Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, bilim
12.06.2025 10:13
7.7k+
Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň bugdaý meýdanlarynda orak möwsümi başlandy
11-nji iýunda Türkmenistanyň Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň bugdaý meýdanlarynda orak möwsümine badalga berildi. Daşoguz hem-de Balkan welaýatlarynda oragyň başlanmagynyň öňüsyrasynda
12.06.2025 10:07
6.6k+
Serdar Berdimuhamedow RF-niň ýolbaşçylaryny we halkyny Russiýanyň güni bilen gutlady
Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine we Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustine hem-de ýurduň ähli halkyna Russiýanyň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi
12.06.2025 10:01
11k+
Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynda iş saparynda bolup,bugdaý oragyna ak pata berdi
11-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyna iş saparyny amala aşyryp, welaýatyň çäklerinde galla oragynyň depgini bilen tanyşdy hem-de etrabyň Magtymguly daýhan birleşiginde bugdaý oragyna ak pata berdi
11.06.2025 14:44
12k+
Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde innowasiýalara bagyşlanan halkara maslahat geçirildi
11-nji iýunda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde «Innowasiýalar, parahatçylyk, durnukly ösüş» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Halkara ylmy-amaly maslahata dünýäniň
11.06.2025 14:10
12k+
Türkmenistanyň wise-premýeri N.Atagulyýew Daşkentde Özbegistanyň Prezidenti bilen duşuşdy
Daşkentde geçirilen Halkara maýa goýum forumynyň çäklerinde Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýewiň duşuşygy boldy. Bu barada özbek Lideriniň metbugat gullugy habar berýär
11.06.2025 11:58
5k+
TurkmenTextile Expo-2025 dünýä modasynyň meşhur wekillerini jemlär
Şu gün, 11-nji iýunda Aşgabatda «TurkmenTextile Expo-2025» atly ilkinji halkara dokma we moda sergisi öz işine başlaýar. Onda Italiýadan, Beýik Britaniýadan, Singapurdan, Niderlandlardan, Gazagystandan, Hindistandan we Özbegistandan öňdebaryjy dizaýnerler öz egin-eşik toplumlaryny tanyşdyrarlar
11.06.2025 11:32
15k+
Türkmenistanyň milli ýygyndysy Tailandyň derwezesine taryhynda iň çalt goluny geçirdi
Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Aziýa Kubogy-2027-niň üçünji saýlama tapgyrynyň ikinji oýnunda öz meýdanynda Tailandyň ýygyndy toparyndan 3:1 hasabynda üstün çykdy. “Aşgabat” köpugurly stadionynda geçirilen oýunda ýygyndy toparymyza ýeňiş getiren toplary Mihail Titow (1-nji minutda), Yhlas Saparmämmedow (37-nji) we Mekan Saparow (66-njy minutda) geçirdiler
10.06.2025 22:09
11k+
Hytaýda ýa Türkiýede okamak isleýäňmi? “Yakynyol” amatly teklip hödürleýär
Hytaý, Türkiýe ýokary hilli okuw maksatnamalary, ylmy-tehnologik ugurlardaky giň mümkinçilikleri bilen dünýäniň dürli künjeginden ýaşlary özüne çekýär. Bu ýurtda okamak isleýän türkmen ýaşlarynyň sany hem barha artýar
10.06.2025 22:07
3.5k+
Türkmenistan BMG-niň Syýahatçylyk guramasynyň Ýewropa sebiti üçin Komissiýasynyň 71-nji mejlisine gatnaşdy
Türkmenistan 4-6-njy iýun aralygynda Azerbaýjanyň Baku şäherinde geçirilen BMG-niň Syýahatçylyk guramasynyň Ýewropa sebiti üçin Komissiýasynyň 71-nji mejlisine gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berdi
10.06.2025 16:32
21k+
Türkmenistanyň DIM-i türkmen raýatlarynyň ABŞ-a girmegine bölekleýin gadagançylygyň girizilmegi boýunça aladasyny mälim etdi
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi raýatlarymyzyň ABŞ-a girmegine bölekleýin gadagançylygyň girizilmegi baradaky habarlaryň peýda bolmagy bilen baglylykda aşa düşünişmezligini hem-de aladasyny mälim etdi. Degişli beýanat Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy tarapyndan ýaýradyldy
10.06.2025 16:22
4.4k+
Serdar Berdimuhamedow Prezident Marselo Rebelo de Souzany Portugaliýanyň güni mynasybetli gutlady
Prezident Serdar Berdimuhamedow Portugaliýanyň Prezidenti Marselo Rebelo de Souza we ýurduň ähli halkyna Portugaliýanyň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutany pursatdan peýdalanyp, Prezident Marselo Rebelo de Souza berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Portugaliýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş, rowaçlyk arzuw etdi
10.06.2025 15:56
3.3k+
Türkmenistanyň Döwlet sirki tomusky täze çykyşlaryna çagyrýar
Türkmenistanyň Döwlet sirki Aşgabadyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny sirk tomaşasyny görmäge çagyrýar. 15-nji iýunda sagat 18:00-da geçiriljek çykyşlarda dürli sirk oýunlary, artistleriň täzeden-täze şowhunly çykyşlary
09.06.2025 19:25
3.3k+
Ženewada Türkmenistanyň halkara zähmet başlangyçlaryna goşulmagynyň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň wekiliýeti 5-nji iýunda Ženewada Halkara Zähmet Maslahatynyň 113-nji mejlisiniň çäklerinde Halkara Iş berijiler Guramasynyň (IOE) we Halkara Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Konfederasiýasynyň (ITUC) wekilleri bilen birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi
09.06.2025 14:54
12k+
Birinji ýarymynda ýagyş, +39 gradus yssy...: Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty (09.06 - 15.06)
Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi. Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda ýagyş ýagar
08.06.2025 23:27
4.8k+
Raşid Meredow «Türkmenistan – ABŞ» işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktoryny kabul etdi
8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow «Türkmenistan – ABŞ» işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart bilen duşuşyk geçirdi. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, gepleşikleriň barşynda taraplar iki ýurduň kompaniýalarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar
07.06.2025 21:30
8.1k+
Raşid Meredow Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi bilen duşuşdy
6-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi bilen bilelikdäki duşuşygyna gatnaşdy. Türkmenistanyň
07.06.2025 20:41
4.2k+
Türkmenistan «Merkezi Aziýa – Hindistan» Dialogynyň dördünji mejlisine gatnaşdy
6-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Hindistana saparynyň çäklerinde «Merkezi Aziýa – Hindistan» Dialogynyň dördünji mejlisine gatnaşdy. Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugynyň habar
07.06.2025 20:20
2.6k+
Türkmenistan "Merkezi Aziýa - Hindistan" Işewürlik geňeşiniň mejlisinde çykyş etdi
5-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Nýu-Delide geçirilen «Merkezi Aziýa – Hindistan» Işewürlik geňeşiniň mejlisine gatnaşdy. Mejlisiň barşynda sebit ýurtlarynyň hem-de Hindistanyň arasynda ulag-logistika ulgamynda özara baglanyşyklylygy ösdürmek, sanly ykdysadyýet we maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
07.06.2025 20:07
4.8k+
Raşid Meredow Nýu-Delide Hindistanyň daşary işler ministri bilen duşuşdy
5-nji iýunda Nýu-Delide Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow hindistanly kärdeşi Subramanýam Jaýşankar bilen duşuşyk geçirdi diýip, Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we ösüşiniň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar
07.06.2025 13:17
2k+
Aşgabatda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli ylmy-amaly maslahat geçirildi
5-nji iýunda Türkmenistanyň oba hojalyk toplumynyň binasynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda daşky gurşawy goramak boýunça öňde duran wezipeler we halkara hyzmatdaşlyk» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi
07.06.2025 13:13
2.9k+
Aşgabatda uglewodorod serişdelerini özleşdirmegiň täze tehnologiýalary we ekologiýa jähetleri maslahatlaşyldy
5-nji iýunda «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda utgaşykly görnüşde «Uglewodorod ýataklaryny özleşdirmekde innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň ekologik jähetleri» (TESC 2025) atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi
07.06.2025 12:21
16k+
Türkmen alymlary Derweze gaz krateriniň alawlamasyny peseltmegi başardylar
Garagum sährasyndaky Derweze gaz krateriniň ýanmagynyň depgini üç esse azaldy. Bu barada «Türkmengaz» döwlet konserniniň Tebigy gaz ylmy-barlag institutynyň barlaghanasynyň müdiri Irina Lurýewa habar berdi. "Krateriň tertipsiz ýanmagynyň ýygjamlygy 2023-nji ýylyň awgust aýy bilen deňeşdirilende üç esseden gowrak azaldy
06.06.2025 16:07
5.7k+
Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny Gurban baýramy bilen gutlady
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkyny umumadamzat gymmatlyklaryny baýlaşdyrýan hem-de belent ynsanperwerlik gatnaşyklaryny pugtalandyrýan Gurban baýramy bilen gutlady. "Jemgyýetimiziň ruhy sagdynlygy, milletimiziň ahlak kämilligi biziň esasy maksadymyzdyr
06.06.2025 15:56
5.7k+
Serdar Berdimuhamedow Masud Pezeşkian bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
5-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkianyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi diýip, TDH habar berýär. Söhbetdeşler häzirki döwürde Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky syýasy-ykdysady we medeni gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigini bellediler
06.06.2025 15:52
13k+
Serdar Berdimuhamedow ýanwar-maý aýlarynyň jemleri boýunça Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi
5-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralary tarapyndan şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine seredildi
06.06.2025 09:09
4.2k+
Türkmenistan boýunça 2 müň 100 tonnadan gowrak pile öndürildi
2025-nji ýylda Türkmenistan boýunça 2 müň 100 tonnadan gowrak pile öndürilip, bu ugurda bellenen şertnamalaýyn borçnama üstünlikli berjaý edildi. Bu barada Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer T.Atahallyýew döwlet Baştutanyna habar berdi
05.06.2025 12:03
8.7k+
Awazada halkara tans we folklor festiwaly açyldy
4-nji iýunda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Awaza — dostluk mekany» atly halkara tans we folklor festiwalynyň açylyş dabarasy boldy. Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Daşary işler ministrligi we Balkan
05.06.2025 11:47
10k+
Serdar Berdimuhamedow 2025-nji ýylyň bäş aýynyň jemleri boýunça Hökümet mejlisini geçirdi
4-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň bäş aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Mejlisiň barşynda degişli ýolbaşçylar hasabat bilen çykyş etdiler
«
1
…
56
57
58
…
160
»
«
1
…
53
54
55
56
57
58
59
60
61
…
160
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.