Serdar Berdimuhamedow Prezident Marselo Rebelo de Souzany Portugaliýanyň güni mynasybetli gutlady

10.06.2025, 11:224,376

Prezident Serdar Berdimuhamedow Portugaliýanyň Prezidenti Marselo Rebelo de Souza we ýurduň ähli halkyna Portugaliýanyň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutany pursatdan peýdalanyp, Prezident Marselo Rebelo de Souza berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Portugaliýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş, rowaçlyk arzuw etdi.
Portugaliýanyň güni her ýylyň 10-njy iýunynda bellenilip geýilýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.