Türkmenistanyň wekiliýeti Russiýada halkara ykdysady foruma gatnaşar

14.06.2025, 10:191,462

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Buýrugyna laýyklykda, wise-premýer N.Atagulyýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Russiýa Federasiýasynda gulluk iş saparynda bolar.

Sapar 2025-nji ýylyň 17 — 21-nji iýuny aralygynda amala aşyrylar. Türkmen wekiliýeti Sankt-Peterburgda geçirilmegi däbe öwrülen halkara ykdysady foruma gatnaşar. Forum döwlet düzümleriniň, işewür toparlaryň, bilermenler jemgyýetiniň we halkara guramalarynyň wekillerini bir ýere jemlär.
Forumyň çäklerinde söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegiň, maýa goýum gatnaşyklaryny ösdürmegiň, "ýaşyl" ykdysadyýetiň, logistikanyň we beýleki möhüm ugurlaryň meseleleri maslahatlaşylar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.