Saýlanan şäher
27 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Sport
Baş sahypa
/
Habarlar
/
Sport
31.05.2025 19:45
5.7k+
Çaganyň tomus dynç alşyny nädip peýdaly geçirmeli? Aşgabatdaky Kikboks zaly türgenleşiklerine çagyrýar
Çaganyň tomusky dynç alyş möwsümini nädip hem peýdaly, hem gyzykly geçirmeli? Sport ýerine düşen çözgüt bolup biler. Aşgabatda Olimpiýa şäherçesinde ýerleşýän Kikboks zaly 6 ýaşdan 18 ýaşa çenli çagalary we ýetginjekleri sportuň bu görnüşi boýunça türgenleşiklere ýazylmaga çagyrýar
31.05.2025 10:59
3.9k+
Massimiliano Allegri ýene-de “Milana” tälimçi bellendi
Italýan futbol kluby “Milan” Massimiliano Allegriniň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenendigini habar berdi. Ýylyň başynda “Milana” ýolbaşçy bolan portugaliýaly hünärmen Seržiu Konseýsau bir gün öň işden çykaryldy
31.05.2025 10:54
6.3k+
“Real” Trent Aleksandr-Arnoldyň geçendigini resmi taýdan yglan etdi
Madridiň “Realy” “Liwerpulyň” ýetişdiren oýunçysy we Angliýanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Trent Aleksandr-Arnoldyň topara geçendigini resmi taýdan yglan etdi. Futbolçy bilen şertnama 2031-nji ýylyň iýun aýynyň ahyryna çenli möhlet bilen baglaşyldy
30.05.2025 13:03
13k+
Ýewropanyň iň gymmat futbol klublarynyň reýtingi düzüldi
Football Benchmark Group agentligi Ýewropada bazar bahasy ýokary bolan klublaryň reýtingini düzdi. Sanawda öňdebaryjy Madridiň “Realy” boldy. Onuň bahasy 6,3 mlrd ýewro barabar. Bloomberg “patyşalyk klubunyň” girdejileriniň “Bernabeu” stadionynyň durkunyň täzelenmegi netijesinde ep-esli artandygyny belleýär
30.05.2025 12:27
4.7k+
Alwaro Arbeloa “Realyň” ýaşlar toparyna baş tälimçi bellendi
Madridiň “Realynyň” öňki goragçysy Alwaro Arbeloa klubuň ýaşlar topary “Kastilýa” ýolbaşçy boldy. Bu barada klubuň resmi saýtynda habar berilýär. 42 ýaşly ispaniýaly ýaşlaryň tälimçisi wezipesinde 2019-njy ýyldan bäri topara ýolbaşçy bolan Rauly çalyşdy
29.05.2025 12:16
6.5k+
“Çelsi” Konferensiýalar ligasynyň finalynda “Betisi” utdy
Penşenbe gününe geçilen gije Polşanyň Wroslaw şäherinde UEFA-nyň Konferensiýalar ligasynyň final oýny geçirildi. Kubok ugrunda Ispaniýanyň “Betis” topary bilen Angliýanyň “Çelsisi” bäsleşdi. London kluby 4:1 hasabynda ýeňiş gazandy
28.05.2025 23:06
5k+
“Liwerpulyň” tälimçisi Arne Slot jenap Aleks Fergýuson adyndaky baýragy aldy
“Liwerpulyň” baş tälimçisi Arne Slot Menejerler assosiasiýasy (LMA) tarapyndan ýylyň tälimçisi diýlip ykrar edildi. Ol “Mançester Ýunaýtediň” öňki tälimçisi Aleks Fergýusonyň hormatyna atlandyrylan baýragy aldy
28.05.2025 20:33
13k+
Messi we Suares öz futbol klubuny döretdi
Argentinanyň milli ýygyndysynyň we MLS-iň “Inter Maýami” klubunyň hüjümçisi Lionel Messi öz urugwaýly dosty we topardaşy Luis Suaresiň taslamasyna goşuldy. Olar bilelikde özleriniň futbol klubunyň döredilendigini habar berdi
28.05.2025 13:49
9.5k+
Raul “Realyň” ýaşlar toparynyň tälimçisi wezipesinden aýryldy
Raul “Realyň” ýaşlar topary bolan “Kastilýanyň” baş tälimçisi wezipesinden aýryldy. Bu barada klubuň resmi web sahypasynda habar berildi. 47 ýaşly hünärmen topara alty ýyl ýolbaşçylyk etdi. Onuň ýolbaşçylygynda “Kastilýa” 2019/20 möwsüminde UEFA-nyň Ýaşlar ligasynda ýeňiji boldy
28.05.2025 13:33
14k+
Röwşen Meredow Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň täze baş tälimçisi boldy
Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Tehniki direktory, futbol hünärmeni Röwşen Meredow Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndy toparynyň baş tälimçisi wezipesine bellenildi. Bu barada federasiýanyň resmi saýtynda habar berilýär
28.05.2025 13:26
7.4k+
Türkmenistanyň Futbol federasiýasy Kataryň Futbol Assosiasiýasy bilen hyzmatdaşlyk şertnamasyny baglanyşdy
Türkmenistanyň Futbol federasiýasy Kataryň Futbol Assosiasiýasy bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen şertnama gol çekdi. Gol çekişmek dabarasy 26-njy maýda Doha şäherindäki Al Bidda binasynda ýerleşýän Katar Futbol Assosiasiýasynyň merkezi edarasynda geçirildi
28.05.2025 12:34
7.4k+
Ýamal “Barselona” bilen şertnamany 2031-nji ýyla çenli uzaltdy
Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň we “Barselonanyň” hüjümçisi Lamin Ýamal katalon kluby bilen şertnamany uzaltdy. Bu barada klubuň saýtynda habar berilýär. 17 ýaşly futbolçy bilen täze şertnama 2031-nji ýylyň tomsuna çenli hereket eder
28.05.2025 12:01
11k+
Ronaldu Pro-liganyň iň gowy bombardiri boldy, ýöne “Al-Nasr” bary-ýogy üçlükde
Saud Arabystanynyň çempionatynda 2024/25 möwsümi tamamlandy. Ýaryşyň iň gowy bombardiri “Al-Nasryň” hüjümçisi Kriştianu Ronaldu boldy. Ol 30 oýunda 25 gol geçirdi. Snaýperleriň ýaryşynda ikinji orny 23 gol bilen “Al-Ahliden” Aýwan Toni eýeledi
27.05.2025 10:10
9.1k+
105 ýaşly tailandly türgen Bütindünýä halypalar oýnunda 4 altyn medal gazandy
Tailanddan 105 ýaşly Sawang Janpram Taýwanda geçirilen Bütindünýä halypalar oýnunda (World Masters Games) dört altyn medal gazandy. Bu barada People neşiri habar berýär. Janpram ýaryşyň iň uly ýaşly we “100 ýaşdan uly” ýaş toparynda ýeke-täk gatnaşyjy boldy, şol sebäpli oňa ýeňiş gazanmak üçin diňe degişli dissiplinalarda ýaryşy tamamlamak ýeterlikdi
26.05.2025 20:49
6.8k+
ABŞ-nyň milli ýygyndysy 65 ýylda ilkinji gezek hokkeý boýunça dünýä çempionatyny utdy
ABŞ-nyň milli ýygyndysy hokkeý boýunça dünýä çempionatynda ýeňiji boldy. Şu ýyl ýaryşy Şwesiýa we Daniýa kabul etdi. Stokgolmda geçirilen final oýnunda amerikalylar Şweýsariýanyň toparyny owertaýmda 1:0 hasabynda utdy
26.05.2025 14:59
1.8k+
“Maklareniň” sürüjisi Norris Monakonyň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy
“Maklaren” toparynyň britaniýaly ýaryşa gatnaşyjysy Lando Norris “Formula-1-iň” Monte-Karlonyň ýolunda geçirilen sekizinji tapgyrynda ýeňiji boldy. Ikinji bolup pellehana “Ferrariniň” sürüjisi Şarl Lekler geldi
25.05.2025 23:51
10k+
Habi Alonso resmi taýdan "Reala" bellenildi, "Baýerde" onuň ýerine Erik ten Hag geçdi
Habi Alonso Madridiň "Realynyň" täze baş tälimçisi boldy. 43 ýaşly hünärmen bilen baglaşylan şertnama 2028-nji ýylyň tomsuna çenli dowam eder. Ol wezipesine 1-nji iýunda girişer. 2022-nji ýylyň oktýabryndan bäri Alonso Lewerkuzeniň "Baýer" toparynyň baş tälimçisi bolup işledi
25.05.2025 10:33
6.5k+
“PSŽ” taryhda 16-njy gezek Fransiýanyň Kubogynyň eýesi boldy
“PSŽ” Fransiýanyň Kubogynyň final oýnunda “Reýmsi” utdy. Duşuşyk “Stad de Frans” stadionynda geçirildi we Pariž toparynyň peýdasyna 3:0 hasabynda tamamlandy. 16-njy we 19-njy minutlarda Bredli Barkolýa iki gol geçirdi
25.05.2025 10:31
2.4k+
Jokowiç karýerasynda 100-nji ATP titulyny gazandy
Serbiýaly tennisçi Nowak Jokowiç Ženewada geçirilen ATP ýaryşynyň ýeňijisi boldy. Ýaryşda ikinji belgi bilen ýerleşdirilen 38 ýaşly türgen finalda dünýäniň 31-nji raketkasy, polşaly Hubert Hurkaçy 5:7, 7:6 (7:2), 7:6 (7:2) hasabynda utdy
25.05.2025 10:22
5.7k+
Mohamed Salah APL möwsüminiň iň gowy oýunçysy boldy
“Liwerpulyň” hüjümçisi Mohamed Salah Angliýanyň Premýer-ligasy 2024/2025 möwsüminiň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi. Bu barada liganyň metbugat gullugy X sosial ulgamynda habar berdi. Tamamlanan möwsümde 32 ýaşly müsürli oýunçy Angliýanyň çempionatynda 37 oýna gatnaşdy
24.05.2025 12:29
2k+
«Tur de Frans» ýaryşynyň soňky tapgyry ilkinji gezek Monmartr depesinden geçer
Fransiýanyň meşhur «Tur de Frans» welosiped ýaryşynyň soňky tapgyry ilkinji gezek Parižiň 18-nji etrabyndaky Monmartr depesinden geçer. Bu barada «Reuters» agentligi habar berýär. «Tur de Frans» – 100 ýyldan gowrak wagt bäri Fransiýada we goňşy ýurtlarda geçirilýän iň meşhur we abraýly welosiped ýaryşydyr
24.05.2025 11:55
6.8k+
“Napoli” taryhynda dördünji gezek Italiýanyň çempiony boldy
Italiýanyň futbol boýunça çempionatynda soňky tapgyryň aýgytly oýunlary oýnaldy we olaryň netijesinde “Napoli” ýaryşyň ýeňijisi boldy. 38-nji tapgyrdan öň “Napoli” “Interden” bir utuk öňde barýardy. Anna güni toparlaryň ikisi-de jemleýji oýunlaryny oýnady
24.05.2025 11:51
8k+
3-nji iýunda Aşgabatda köpçülikleýin welosipedli ýöriş guralar
Türkmenistanda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş çärelerini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu barada wise-premýer B.Orazdurdyýewa Hökümet mejlisinde hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, 3-nji iýunda paýtagtymyzda köpçülikleýin welosipedli ýörişi guramagyň göz öňünde tutulýandygy barada aýdyldy
23.05.2025 12:39
6.1k+
“Barselona” Rafinýa bilen şertnamany 2028-nji ýyla çenli uzaltdy
“Barselona” braziliýaly hüjümçi Rafinýa bilen şertnamanyň möhletiniň 2028-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenli uzaldylandygyny resmi taýdan habar berdi. Öňki şertnama 2027-nji ýylyň tomsuna çenli hereket edýärdi. “Zehin we oýna gowy düşünmek onuň doly güýjüni siňdirmek we her gün agyr işi ýerine ýetirmek ukyby bilen utgaşýar
23.05.2025 12:37
8.8k+
Modriç “Bernabeu” stadionynda “Real” üçin hoşlaşyk oýnuny geçirer
39 ýaşly horwatiýaly ýarymgoragçy Luka Modriç Klublaýyn dünýä çempionatyndan soň Madridiň “Realyny” terk edýändigini habar berdi. Ol bu barada sosial ulgamlarda ýerleşdiren hoşlaşyk hatynda aýtdy. “Realyň” gadyrly janköýerleri, wagt geldi
23.05.2025 12:31
14k+
Lionel Messi karýerasynda iň gowy görýän goluny aýtdy: ol ony kelle bilen saldy
“Barselonanyň” öňki hüjümçisi Lionel Messi 2008/2009 möwsüminiň Çempionlar ligasynyň finalynda “Mançester Ýunaýtediň” derwezesine kelle bilen salan goluny karýerasynda iň gowy görýän goly hasaplaýandygyny aýtdy
22.05.2025 23:58
5.9k+
FIFA täze transfer penjiresiniň açylmagyny tassyklady
ABŞ-da geçiriljek 2025-nji ýylyň Klublaýyn dünýä çempionatyna klublary gatnaşýan FIFA-nyň 20 agza assosiasiýasynyň ählisi ýörite transfer penjiresiniň açylmagyny makullady. Bu barada Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) resmi saýtynda habar berilýär
22.05.2025 12:28
12k+
De Brýoýne “ManSiti” bilen hoşlaşdy: klub “Etihadyň” ýanynda onuň heýkelini oturdar
“Mançester Siti” häzirki möwsümiň ahyrynda kluby terk etjek toparyň kapitany, belgiýaly ýarymgoragçy Kewin de Brýoýneniň heýkelini oturdar. Heýkel “Etihad” stadionynyň girelgeleriniň birinde peýda bolar diýip, klubuň metbugat gullugy habar berdi
22.05.2025 12:01
7.2k+
“Tottenhem” “Mançester Ýunaýtedi” utup, soňky 41 ýylda ilkinji ýewrokubok baýragyny gazandy
Ýewropa ligasynyň finalynda “Tottenhem Hotspur” “Mançester Ýunaýtedi” 1:0 hasabynda utdy. Oýun Bilbaodaky (Ispaniýa) “San-Mames Barriýa” stadionynda geçirildi. Ýeňiş goluny 42-nji minutda Brennan Jonson girizdi
22.05.2025 11:55
6.9k+
“Barselona” Flik bilen şertnamany 2027-nji ýyla çenli uzaltdy
“Barselona” futbol kluby baş tälimçi Hans-Diter Flik bilen şertnamany uzaltdy. Bu barada klubuň resmi saýtynda habar berilýär. Ilkibaşdaky şertnama 2026-njy ýylyň tomsuna çenli hereket edýärdi. Täze şertlere görä, germaniýaly hünärmen bu wezipede 2026/27 möwsüminiň ahyryna çenli galar
21.05.2025 16:23
8.3k+
Magnus Karlseni birbada 143 müň küştçi "köpledi"
On ýyllap (2013-nji ýyldan 2023-nji ýyla çenli) küşt boýunça dünýä çempiony titulyna eýeçilik eden norwegiýaly grossmeýster Magnus Karlsen täze üýtgeşik rekord goýdy – ol 143 müň adama garşy küşt oýnuny oýnady
21.05.2025 11:34
9.4k+
“PSŽ” Çempionlar ligasynyň finalyny “Park de Prens” stadionynda göni ýaýlymda görkezer
“Pari Sen-Žermen” Çempionlar ligasynyň “Inter” bilen final oýnuny göni ýaýlymda görkezer. Oýun Fransiýanyň häzirki çempionlarynyň öý stadiony bolan “Park de Prensde” ýaýlyma berler diýip, Pariž klubunyň resmi saýty habar berýär
20.05.2025 22:07
11k+
Lamin Ýamal täze möwsümden “Barselonada” 10-njy belgini alar
Lamin Ýamal täze möwsümden başlap, “Barselonada” meşhur onunjy belgide oýnar. Klubuň ýolbaşçylygy bu belgini ýaş futbolça 13-nji iýuldan soň, oýunçy 18 ýaşyna ýetenden soň bermek kararyna geldi diýip, X sosial ulgamynda Memorabilia1899 akkaunty habar berýär
20.05.2025 10:21
11k+
“Altyn top – 2025” baýragynyň gowşuryljak senesi we ýeri belli boldy
France Football žurnaly tarapyndan ýylyň iň gowy futbolçysyna berilýän “Altyn top” baýragynyň gowşurylyş dabarasy 2025-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda Parižde geçiriler. Bu barada baýragyň X sosial ulgamyndaky resmi sahypasynda habar berilýär
19.05.2025 19:06
8k+
Di Mariýa “Benfikadan” gidýändigini habar berdi
“Benfikanyň” hüjümçisi Anhel Di Mariýa Lissabon klubunyň çempionatdaky şowsuzlygyna teswir berip, özüniň topardan gitjekdigini mälim etdi. Ýatlap geçsek, aýgytly göreşde “bürgütler” çempionlygy “Sportinge” bermeli boldy
19.05.2025 14:54
6k+
“Galatasaraý” 25-nji gezek Türkiýäniň çempiony boldy we bäşinji ýyldyzyny aldy
Stambulyň “Galatasaraý” futbol kluby 25-nji gezek Türkiýäniň çempiony titulyny gazandy. Topar möwsümiň gutarmagyna iki tapgyr galanda birinji orny üpjün etdi. Türkiýäniň Superligasynyň 36-njy tapgyrynda “ýolbarslar” öz meýdançasynda “Bellona Kaýserispory” 3:0 hasabynda utdy
19.05.2025 14:49
2.2k+
Karlos Alkaras finalda Ýannik Sinneri utup, Rimde “Mastersiň” çempiony boldy
Ispaniýaly tennisçi Karlos Alkaras Rimde geçirilen “Masters” ýaryşynyň finalynda dünýäniň birinji raketkasy, italiýaly Ýannik Sinneri utdy. Ýaryşyň baýrak gaznasy 8 mln ýewrodan geçýär. Duşuşyk 7:6 (7:5), 6:1 hasabynda dünýä reýtinginiň üçünji belgili tennisçisi Alkarasyň peýdasyna tamamlandy
19.05.2025 14:47
1.8k+
Maks Werstappen Italiýanyň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy
“Red Bull” toparynyň niderlandly sürüjisi Maks Werstappen “Formula-1” çempionatynyň ýedinji tapgyry bolan Emiliýa-Romanýanyň Gran-prisinde ýeňiji boldy. Ýaryş Italiýanyň Imola şäherinde geçirildi. Pellehana ikinji bolup “Maklarenden” britaniýaly Lando Norris geldi
19.05.2025 08:40
8k+
Türkmen karateçileri Polşada fudokan karate boýunça dünýä çempionatynda 21 medal gazandylar
Polşanyň Pulawy şäherinde geçirilen fudokan karate boýunça dünýä çempionatynda türkmenistanly türgenler jemi 21 medal gazandylar. Bu halkara ýaryşa 47 ýurtdan 3 müň töweregi türgen gatnaşdy. Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň gazananlary: 7 altyn, 5 kümüş we 9 bürünç medal
19.05.2025 08:34
10k+
Ýaş türkmen küştçüleri Duşenbede Günbatar Aziýanyň birinjiliginde bäş medal gazandylar
Türkmenistanyñ ýygyndy topary küşt boýunça Günbatar Aziýanyň ýaşlar çempionatynda bir altyn we dört bürünç medala eýe boldy. Ýaryş Täjigistanyň paýtagty Duşenbede geçirildi. Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň habar bermegine görä, ýaryşa 12 ýurtdan 200-den gowrak oýunçy gatnaşdy
«
1
…
33
34
35
…
161
»
«
1
…
30
31
32
33
34
35
36
37
38
…
161
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.