“Barselona” Flik bilen şertnamany 2027-nji ýyla çenli uzaltdy

22.05.2025, 11:556,919

“Barselona” futbol kluby baş tälimçi Hans-Diter Flik bilen şertnamany uzaltdy. Bu barada klubuň resmi saýtynda habar berilýär.

Ilkibaşdaky şertnama 2026-njy ýylyň tomsuna çenli hereket edýärdi. Täze şertlere görä, germaniýaly hünärmen bu wezipede 2026/27 möwsüminiň ahyryna çenli galar.
2024/25 möwsüminde Fligiň ýolbaşçylygynda topar içerki üç ýaryşyň ählisinde – Ispaniýanyň çempionatynda, ýurduň Kubogynda we Superkubogynda ýeňiş gazandy. Şeýle-de, “Barselona” dürli ýaryşlarda dört gezek Madridiň “Realyny” utup, bu oýunlarda 16 gol geçirdi. Öň hiç bir topar bir möwsümde “Reala” şonça gol geçirmändi. Mundan öň rekord “Espanýola” (1929/30 möwsüminde 13 gol) we “Barselonanyň” özüne (2011/12 möwsüminde 13 gol) degişlidi.
60 ýaşly Flik “Barselona” 2024-nji ýylyň maýynda tälimçi boldy, ol bu wezipede Hawini çalyşdy. Ozal hünärmen “Hoffenhaýmda”, “Bawariýada” we Germaniýanyň milli ýygyndysynda işledi. Mýunhen kluby bilen bilelikde iki çempionaty, Germaniýanyň Kubogyny we Superkubogyny, şeýle-de Çempionlar ligasyny, UEFA-nyň Superkubogyny we Klublaýyn dünýä çempionatyny utdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.