Saýlanan şäher
26 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
emeli aň
Baş sahypa
/
Habarlar
/
emeli aň
11.07.2025 10:50
1.3k+
OpenAI Google Chrome bilen bäsleşmek üçin öz brauzerini işe girizer
OpenAI ýakyn hepdelerde emeli aňly hususy web-brauzerini işe girizmäge taýýarlanýar. Kompaniýa onuň bazarda öňdebaryjy orny eýeleýän Google Chrome bilen bäsleşip biljekdigine ynanýar diýip, Reuters habar berýär
10.07.2025 23:31
2.1k+
Meta Apple-yň emeli aň boýunça esasy hünärmenini özüne çekdi
Apple-yň emeli aň boýunça öňdebaryjy hünärmenlerinden biri bolan Ruoming Pang kompaniýany terk edip, Meta geçýär. Bloomberg agentliginiň habaryna görä, ol täze döredilen Superintelligence Labs laboratoriýasynda esasy wezipä bellener
09.07.2025 20:08
2.5k+
Google emeli aňyň kömegi bilen düwnük keseline garşy derman taýýarlaýar
Alphabet holdinginiň düzümine girýän Isomorphic Labs kompaniýasy emeli aň tehnologiýalaryny ulanyp, düwnük keseline garşy derman serişdesini işläp taýýarlaýar. Bu barada Fortune neşiri habar berýär. Kompaniýanyň
09.07.2025 09:54
2.8k+
Galaxy Watch 8 sagatlary Gemini emeli aňy bilen işleýän ilkinji sagatlar bolar
Samsung-yň Galaxy Watch 8 akylly sagatlary Google-yň Gemini emeli aňy bilen işleýän ilkinji Wear OS dolandyryşly enjamlar bolar. Bu barada Android Headlines neşiri internetde peýda bolan degişli mahabat suratlaryna salgylanyp habar berýär
08.07.2025 17:33
3.6k+
Jons Hopkins uniwersitetiniň emeli aňy ýüregiň birden durmak howpuny 93%-e çenli takyklyk bilen anyklaýar
Jons Hopkins uniwersitetiniň alymlary ýüregiň birden durmak howpuna degişli alamatlary ýokary takyklyk bilen ýüze çykarýan emeli aň algoritmini işläp düzdüler. Model hassalaryň doly lukmançylyk maglumatlaryny, şol sanda öňki ýürek MRT (magnit-rezonans tomografiýa) barlaglaryny hem seljerýär we ölüm howpuny ýokarlandyrýan dokumanyň, ýagny fibrozanyň bardygyny-ýokdugyny kesgitleýär
07.07.2025 14:19
6.9k+
Hyundai täze Elantra we Tucson modellerine «PLEOS Connect» atly emeli aňly öz multimedia ulgamyny ornaşdyrar
Hyundai Motor Group täze Elantra we Tucson modellerinde PLEOS Connect atly multimedia ulgamyny hödürlär. Bu kompaniýanyň «programmalaýyn kesgitlenýän awtoulaglar» (SDV – software-defined vehicle) üçin niýetlenen ilkinji özboluşly programma platformasydyr
07.07.2025 13:17
2.4k+
ChatGPT kosmos gämisini dolandyrmaga ukyplydygyny görkezdi
ChatGPT kosmos gämisini dolandyrmaga ukyply bolup çykdy. Ol «Kerbal Space Program Differential Games» atly simulýasiýadaky uçuş bäsleşiginde ikinji orny eýeledi. Bu barada «Live Science» neşiri habar berýär. Bäsleşik ilkinji gezek 2023-nji ýylda Massaçusets tehnologiýa institutynyň başlangyjy bilen geçirilip başlandy
05.07.2025 06:25
2.8k+
Melaniýa Tramp EA-nyň kömegi bilen ses berlen audio kitabyny çykardy
Melaniýa Tramp neýroulgam arkaly ses berlen “Melaniýa” ýatlamalarynyň audio görnüşini çykardy. Emeli aň onuň öz sesini, intonasiýasyny we äheňini gaýtalady diýip, Futurism neşiri ýazýar. ABŞ-nyň Birinji hanymynyň sesiniň sanly nusgasyny döretmek boýunça iş ElevenLabs amerikan kompaniýasy tarapyndan geçirildi
04.07.2025 18:42
1.7k+
Netflix her tomaşaçy üçin film we treýler döretmäge niýetlenen EA esasly tehnologiýany patentleýär
Netflix emeli aň tehnologiýasy arkaly şahsylaşdyrylan treýlerleri we interaktiw filmleri döretmegiň üstünde işleýär. Muňa kompaniýanyň täze patentleri şaýatlyk edýär diýip, Business Insider habar berýär. Dekabr aýynda berlen bir patentde her bir ulanyjy üçin şol bir filmiň treýlerleriniň dürli wersiýalaryny döretmegiň mümkindigi beýan edilýär
04.07.2025 12:19
6.4k+
Daniýa dünýäde ilkinji bolup raýatlaryny dipfeýkden goramak üçin kanun kabul etdi
Daniýa raýatlaryny dipfeýk tehnologiýasyndan goramak üçin giň gerimli kanunçylygy kabul eden ilkinji ýurt boldy. Täze kabul edilen kanun raýatlara öz sesine, daşky görnüşine hem-de sanly keşbine bolan aýratyn hukugy berýär diýip, «TechSpot» habar berýär
04.07.2025 11:51
2k+
Microsoft emeli aňa maýa goýmak üçin işçi güýjüniň 4%-ni azaldar. Bu 9 müň töweregi işgäre deň
Microsoft 9000 töweregi iş ornuny ýa-da işçi güýjüniň 4%-ini azaldar. Bu 2025-nji ýylda işden çykarylyşygyň ikinji tolkunydyr we emeli aňa maýa goýumlaryny artdyrmagyň çäginde kompaniýanyň gurluşyny tertipleşdirmäge we çykdajylary azaltmaga gönükdirilendir
03.07.2025 14:58
2.6k+
Sukerberg Meta-da “super aňy” işläp düzmek üçin täze bölümçe döretdi
Meta-nyň ýolbaşçysy Mark Sukerberg indiki nesliň emeli aňyny ösdürmek bilen meşgullanjak täze bölümçäniň – Meta Superintelligence Labs-yň (MSL) döredilendigini habar berdi. Bu bölümçä Scale AI-iň öňki ýolbaşçysy Aleksandr Wan we GitHub-yň öňki ýolbaşçysy Net Fridman ýolbaşçylyk eder
03.07.2025 14:56
3.5k+
Bilermenler smartfonlar üçin iň gowy emeli aňy deňeşdirip saýladylar
Mrwhosetheboss YouTube kanaly smartfonlar üçin meşhur emeli aň çat-botlaryny deňeşdirdi: ChatGPT, Google Gemini (2.5 Pro), Perplexity Pro we Grok 3. Synagyň maksady dürli ýagdaýlarda haýsysynyň has täsirli işleýändigini anyklamakdy
02.07.2025 14:07
5.8k+
Oskar baýragyny alan studiýa doly emeli aň tarapyndan döredilen multserialy çykardy
“Mugthorlar” (Паразиты) filmini çykaran CJ ENM kompaniýasy doly derejede emeli aň tarapyndan döredilen “Pişik Biggi” multserialyny hödürledi. Ony döredijiler konsepsiýany işläp taýýarlamak, distribusiýa we mahabatlandyrmak ýaly ähli işler bilen EA-nyň meşgullanandygyny belleýär
02.07.2025 11:13
3.1k+
Google suratlardaky eşikleri wirtual geýip görmäge mümkinçilik berýän programma döretdi
Google emeli aňy ulanyp, suratlardaky eşikleri wirtual geýip görmäge niýetlenip döredilen Doppl atly synag programmasyny hödürledi. Ol häzirki wagtda diňe ABŞ-da iOS we Android enjamlarynda elýeterlidir diýip, TechCrunch habar berýär
01.07.2025 19:01
5.4k+
Pekinde gumanoid robotlaryň arasynda ilkinji futbol ýaryşy geçirildi
Hytaýyň paýtagtynda gumanoid robotlaryň gatnaşmagynda özboluşly futbol ýaryşy geçirildi. Olar diňe emeli aň tarapyndan dolandyrylmak bilen, hiç hili daşarky gatyşyk bolmazdan meýdançada özbaşdak hereket edip, topy alyp, derwezä depdi
30.06.2025 11:03
3.5k+
Indem Microsoft kazyýetde: kompaniýa emeli aňy türgenleşdirmek üçin bikanun göçürilen kitaplary ulanmakda aýyplanýar
Birnäçe amerikaly ýazyjylar Nýu-Ýorkuň Federal kazyýetine Microsoft kompaniýasyna garşy şikaýat bilen ýüz tutdy. Olaryň aýtmagyna görä, kompaniýa «Megatron» atly dil modelini türgenleşdirmek üçin awtorlaryň rugsady bolmazdan, bikanun göçürilen sanly eserleriň nusgalaryny ulanýar
30.06.2025 10:53
4.3k+
Xiaomi Sony-nyň kamerasy oturdylan 40 gramlyk AI Glasses akylly äýneklerini hödürledi. Bahasy 278 dollar
Xiaomi kompaniýasy Hytaýda geçirilen uly tanyşdyryş dabarasynda AI Glasses atly akylly äýneklerini hödürledi. Enjamda wizual interfeýs ýok, diňe ses arkaly dolandyrylýar. Sensor panel sag tutaryň üstünde ýerleşýär
27.06.2025 20:05
2.5k+
Emeli aň WhatsApp-da okalmadyk hatlaryň gysgaça mazmunyny jemläp aýdyp berer
WhatsApp messenjeri täze «Message Summaries» atly funksiýasynyň işe girizilendigini mälim etdi. Bu funksiýa arkaly ulanyjylar okalmadyk hatlaryň emeli aň tarapyndan taýýarlanan gysgaça mazmunyny görüp bilerler
27.06.2025 17:11
2.6k+
Kazyýet Meta kompaniýasyna emeli aňy türgenleşdirmek üçin awtorlyk tekstleri ulanmaga rugsat berdi
Kaliforniýanyň (ABŞ) Demirgazyk okrugynyň federal kazyýeti 25-nji iýunda awtorlyk hukugy bilen goralýan tekstleri emeli aňy türgenleşdirmek üçin peýdalanmak bilen baglanyşykly kazyýet işinde Meta Platforms kompaniýasynyň peýdasyna çözgüt kabul etdi
27.06.2025 11:29
3.4k+
Google AI indi näme gözleýäniňizi bilýär. AI gözleg ulgamy özüni ulanyja görä sazlaýar
Google öz gözleg ulgamynyň AI Mode režimine şahsylaşdyrylan teklipleri ornaşdyryp başlady. Indi ulanyjylar kompaniýanyň mobil programmasynda bu režime geçenlerinde özleriniň Google-daky işjeňligine esaslanýan teklipleri görýärler
26.06.2025 18:32
4.4k+
ABŞ-nyň kazyýeti OpenAI-y hatda pozulan çatlary hem saklap galmaga borçlandyrdy. Bu ulanyjylarda howsala döredýär
Nýu-Ýorkyň Günorta okrugynyň Okrug kazyýeti OpenAI kompaniýasyny ChatGPT ulanyjylarynyň ähli gepleşiklerini, şol sanda öçürilen we anonim söhbetleri hem saklamaga borçlandyrdy. Bu karara garşy arz etmek synanyşyklary ret edildi diýip, Ars Technica neşiri habar berýär
26.06.2025 17:39
6.2k+
Barlaglara görä, emeli aňlar ýalan sözlemäge we manipulýasiýa etmäge hem ukyply
Uly dil modellerini (LLM) döredijiler heniz hem emeli aňyň jogaby nädip döredýändigine doly düşünmeýärler diýip, täze barlaglara salgylanýan Financial Times ýazýar. Anthropic, Google, OpenAI we xAI laboratoriýalarynda jogaplar döredilende AI-niň pikirleniş ädimini yzarlamaga mümkinçilik berýän “pikirler zynjyry” usuly ulanylýar
25.06.2025 10:59
5.4k+
Mask Grok-uň täze wersiýasynyň “adamzadyň ähli bilimlerine” eýe boljakdygyny aýtdy
Ilon Mask Grok emeli aňynyň täze wersiýasynyň “adamzadyň ähli bilimlerini” özüne almalydygyny aýtdy. Ol bu barada X sosial ulgamynda ýazdy we öz AI-siniň öwrenmek üçin başga başlangyç maglumatlara esaslanýandygy sebäpli bäsdeşleriniň çözgütlerinden tapawutlanjakdygyny belläp geçdi
25.06.2025 10:13
4.6k+
Russiýada emeli aňyň döreden mazmunlaryny tapawutlandyrmaga kömek etjek tehnologiýa döredildi
Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Ulgam programmirleme instituty emeli aňyň kömegi bilen döredilen mazmuny awtomatiki bilgilemäge ukyply ulgamy döretdi diýip, RIA Nowosti habar berýär. Tehnologiýa, adamlar üçin görünmeýän, ýöne kompýuterler tarapyndan aňsat tanalýan sanly bellikleri ulanýar
23.06.2025 13:26
8.5k+
Hytaýda kung-fu hakyndaky nusgawy filmleri emeli aň tehnologiýalarynyň kömegi bilen dikeltmek isleýärler
Hytaýyň kino gaznasy we onuň hyzmatdaşlary emeli aň tehnologiýasy arkaly söweş sungaty baradaky 100 nusgawy filmi dikeltmek boýunça giň gerimli işe başladylar. Bu barada 27-nji Şanhaý halkara film festiwalynda yglan edildi diýip, Variety ýazýar
23.06.2025 12:49
3.9k+
ChatGPT-ä baglylyk beýniniň işjeňligini we döredijilik ukybyny peseldýär - barlaglar
Massaçusets tehnologiýa institutynyň (MIT) alymlary tekstler bilen işleşende ChatGPT - ä aşa bil baglamagyň öwreniş ukybyňy we tankydy pikirlenmäňi peseldip biljekdigini anykladylar. Bu barada täze barlaga salgylanýan Time žurnaly habar berýär
21.06.2025 17:17
1.9k+
Midjourney emeli aň guraly wideo döretmäge niýetlenen ilkinji modelini hödürledi
Emeli aň tehnologiýalary boýunça öňdebaryjy kompaniýalaryň biri bolan Midjourney wideo döretmek üçin ilkinji V1 modeliniň işe girizilendigini habar berdi. V1 modeli ulanyjy tarapyndan döredilen ýa-da ýüklenen islendik suraty gysga wideorolige öwürmäge ukyplydyr
20.06.2025 19:06
3.7k+
OpenAI-iň ýolbaşçysy Meta-nyň hünärmenleri $100 mln bonus bilen çekmek synanyşygy barada aýtdy
OpenAI-iň baş direktory Sem Altman Mark Sukerbergiň Meta korporasiýasynyň öz kompaniýasynyň işgärlerini özüne çekmek üçin 100 mln dollara çenli möçberde bonus hem-de has ýokary ýyllyk töleglerini hödürländigini aýtdy
20.06.2025 17:35
3.3k+
Microsoft we Amazon kompaniýalarynyň işgärleri EA sebäpli köpçülikleýin işden çykarylar
Microsoft kompaniýasy emeli aň tehnologiýalaryna çykdajylaryň artmagy sebäpli müňlerçe iş ornuny azaltmagy meýilleşdirýär. EA-nyň ýaýramagy sebäpli işgärleri azaltmak barada Amazon kompaniýasy hem habar berdi. Bloomberg-iň çeşmelere salgylanyp ýazmagyna görä, Microsoft-da işden çykarmalaryň uly bölegi satuw bölümleriniň işgärlerine täsir eder
20.06.2025 17:28
2k+
Maskyň xAI startapy girdeji almak maksady bilen her aý $1 mlrd sarp edýär
Ilon Maskyň xAI startapy her aý 1 mlrd dollar sarp edýär, çünki ösen EA modellerini döretmek üçin çykdajylar kompaniýanyň girdejisinden ýokary bolýar. Bu barada çeşmelere salgylanyp, Bloomberg habar berýär. Çykdajylary ýapmak üçin xAI karz we paýdarlar kapitaly görnüşinde 9,3 mlrd dollar çekmäge synanyşýar
19.06.2025 13:55
4k+
Instagram ulanyjylary akkauntlaryň sebäpsiz petiklenmeginden zeýrenýär
Instagram ulanyjylary eýýäm birnäçe hepde bäri akkauntlaryň açyk sebäp bolmazdan köpçülikleýin petiklenmeginden zeýrenýär. Köpler muny emeli aňa esaslanýan ulgamyň işinde bolup biljek bökdençlikler bilen baglanyşdyrýar
19.06.2025 11:07
1.3k+
Adobe kompaniýasy Firefly-yň ähli emeli aň gurallary bilen ykjam goşundysyny çykardy
Generatiw emeli aň hyzmatlarynyň platformasy bolan Adobe Firefly indi Android we iOS smartfonlarynda elýeterli boldy. Täze ykjam goşundy tekst beýany boýunça surat we wideo döretmäge, şeýle-de suraty redaktirlemek üçin EA gurallaryny ulanmaga mümkinçilik berýär diýip, The Verge ýazýar
18.06.2025 14:31
2.7k+
Täzelenen ChatGPT suratlar arkaly gözlemegi we kontekste has gowy düşünmegi öwrendi
OpenAI ChatGPT Search gözleg ulgamyny kämilleşdirdi. Täze wersiýasyna surat gözlegini goşdy, kontekste düşünmegi gowulandyrdy we gaýtalanýan jogaplary azaltmak üçin dowamly söhbetdeşligi ýatda saklamagyny gowulandyrdy
17.06.2025 10:43
2.3k+
Oýnawaçlar “akyllanar”: “Barbi” gurjagyny döredijiler OpenAI bilen hyzmatdaşlyga başlady
Mattel kompaniýasy OpenAI bilen hyzmatdaşlyk barada habar berdi. Metbugat relizine görä, “Barbi” gurjaklaryny we beýleki meşhur oýunjaklary öndürýän kompaniýa ChatGPT dil modelini işläp düzüjiler bilen bilelikde dünýädäki çagalar we maşgalalar üçin akylly hem interaktiw güýmenjeleri döretmek bilen meşgullanar
16.06.2025 17:31
1.1k+
Meta kompaniýasy EA maglumat merkezlerini geotermal energiýa bilen üpjün eder
Meta kompaniýasy XGS Energy bilen geotermal tehnologiýalar arkaly öndürilýän uglerod taýdan bitarap 150 megawattlyk elektrik energiýasyny üpjün etmek boýunça şertnama baglaşdy. Bu energiýa kompaniýanyň Nýu-Meksiko ştatyndaky (ABŞ) emeli aň bilen baglanyşykly maglumatlary işläp taýýarlaýan maglumat merkezlerinde peýdalanylar
15.06.2025 15:33
5.2k+
Disney we NBCUniversal öz personažlaryny ulanandygy üçin neýroulgamy kazyýete berdi
The Walt Disney Company we NBCUniversal kinokompaniýalary Los-Anjelesiň federal kazyýetine emeli aňyň kömegi bilen şekil döretmek bilen meşgullanýan Midjourney startapyna garşy şikaýat arzasyny berdi. Bu barada The New York Times habar berýär
15.06.2025 12:42
6.3k+
Toyota robotlar we EA bolan dünýäde ilkinji synag şäherini açmaga taýýarlanýar
Toyota kompaniýasy özboluşly taslamany – Woven City atly dünýäde ilkinji akylly şäheri işe girizmäge taýýarlanýar. Onuň açylyşy şu ýylyň güýzüne meýilleşdirildi diýip, Interesting Engineering habar berýär. Şäher Tokiodan 140 km uzaklykda, Sidzuoka prefekturasyndaky öňki Higasi-Fudzi zawodynyň ýerinde döredilýär
14.06.2025 12:35
4.2k+
Matematikler çylşyrymly meseleleri çözmekde emeli aňdan geçip bilmediler
Kaliforniýanyň Berkli şäherinde Epoch AI tarapyndan gurnalan iki günlük ýapyk çäre geçirildi. Çärede dünýäniň 30 sany öňdebaryjy matematigi OpenAI-yň o4-mini çat-boty bilen bäsleşdi. Maksat neýro ulgamyň çylşyrymly logiki piker ýörediş ukybyny barlamakdy
13.06.2025 10:58
4.7k+
Hytaýda giriş synaglary döwründe emeli aň programmalarynyň käbir funksiýalary öçürildi
Hytaý kompaniýalary milli giriş synagy bolan Gaokaonyň adalatly geçmegini üpjün etmek maksady bilen, meşhur çat-botlarynda şekil tanamak funksiýalaryny wagtlaýyn öçürdiler. Bu synag 7-10-njy iýun aralygynda mekdeplerde geçirildi diýip, «Bloomberg» agentligi habar berýär
«
1
…
11
12
13
…
28
»
«
1
…
8
9
10
11
12
13
14
15
16
…
28
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.