Midjourney emeli aň guraly wideo döretmäge niýetlenen ilkinji modelini hödürledi

21.06.2025, 17:171,921
1 / 2

Emeli aň tehnologiýalary boýunça öňdebaryjy kompaniýalaryň biri bolan Midjourney wideo döretmek üçin ilkinji V1 modeliniň işe girizilendigini habar berdi.

V1 modeli ulanyjy tarapyndan döredilen ýa-da ýüklenen islendik suraty gysga wideorolige öwürmäge ukyplydyr.
Wideolary döretmek we animirlemek häzirki wagtda diňe neýrotoryň tölegli abunaçylaryna niýetlenen web wersiýasynda elýeterlidir.
Midjourney-iň V1 modeliniň işe girizilmegi OpenAI kompaniýasynyň Sora, Runway Gen 4, Adobe-niň Firefly we Google-yň Veo 3 ýaly beýleki generatiw emeli aňlaryň arasynda güýçli bäsdeşlik döreder.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.