Saýlanan şäher
26 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Azerbaýjan
Baş sahypa
/
Habarlar
/
Azerbaýjan
16.09.2025 19:02
2.1k+
Aşgabatda Hazar deňzi meseleleri boýunça iş toparynyň 11-nji mejlisi geçirilýär
15-nji sentýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministrliginde Hazar deňzi meseleleri boýunça ýokary derejeli iş toparynyň on birinji mejlisi öz işine başlady. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär
15.09.2025 11:48
9.8k+
Türkmenistan Azerbaýjanda guruljak metjidiň taslamasyny düzmek boýunça bäsleşik yglan etdi
Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Azerbaýjanyň Fizuli şäherinde metjidiň taslamasyny düzmek we gurmak üçin kotirowka görnüşde bäsleşik yglan etdi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi
02.09.2025 13:42
7.2k+
Ilham Aliýew Aşgabatdaky foruma çakylygy üçin Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirdi
Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen hatynda 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan foruma gatnaşmaga çakylygy üçin hoşallygyny bildirdi
01.09.2025 14:09
7.5k+
“Barselonanyň” akademiýasyna ilkinji gezek azerbaýjanly futbolçy goşuldy
“Barselonanyň” akademiýasy 17 ýaşly azerbaýjanly ýarymgoragçy Ibragim Babaýew bilen şertnama baglaşdy. Ol La Masiýada Azerbaýjanyň ilkinji wekili boldy. Katalon klubuna geçmezden ozal Babaýew Şweýsariýanyň “Serwett” klubunyň ýaşlar toparynda çykyş etdi
30.08.2025 18:22
2.8k+
Azerbaýjanda oktýabr aýynda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçiriler
2025-nji ýylyň oktýabr aýynda Azerbaýjanda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçiriler. Bu barada Trend agentligi habar berýär. Çäreler iki ýurduň arasyndaky ynsanperwer we medeni hyzmatdaşlygyň çäginde guralyp, halklaryň arasyndaky dostlugy hem-de özara düşünişmegi berkitmekde möhüm waka bolar
30.08.2025 13:26
6.4k+
Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan optiki-paýlaýyş merkezleriniň ulgamyny döretmegi maslahatlaşýar
Azerbaýjan, Özbegistan we Türkmenistan optiki-paýlaýyş merkezleriniň ulgamyny döretmegi hem-de durnukly söwda-logistika zynjyrlaryny ösdürmegi meýilleşdirýärler. ORIENT agentliginiň Report neşirine salgylanyp habar
23.08.2025 08:54
22k+
Azerbaýjanyň Prezidentine ahalteke bedewi, Özbegistanyň Prezidentine köşekli düýe sowgat berildi
22-nji awgustda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň, Azerbaýjanyň we Özbegistanyň Prezidentleriniň metbugat maslahaty tamamlanandan soňra, ýokary derejedäki üçtaraplaýyn duşuşyk mynasybetli medeni çäreler geçirildi
23.08.2025 08:40
6.6k+
«Türkmenistan — Azerbaýjan — Özbegistan» formatyndaky üçtaraplaýyn duşuşygynda gol çekilen resminamalar
22-nji awgustda Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň ýokary derejeli üçtaraplaýyn duşuşygy tamamlanandan soňra, resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Dabaranyň çäklerinde:
23.08.2025 08:31
4.3k+
Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan söwda gatnaşyklaryny giňeltmek meselelerini maslahatlaşdy
22-nji awgustda geçirilen «Türkmenistan — Azerbaýjan — Özbegistan» formatyndaky üçtaraplaýyn duşuşygyň barşynda özara haryt dolanyşygyny ep-esli artdyrmak, ykdysady ösüşi höweslendirmek meselelerine möhüm ornuň degişlidigi nygtaldy
23.08.2025 08:14
7.7k+
Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan bitewi ulag strategiýasyny döretmek başlangyjyny maslahatlaşýar
22-nji awgustda “Awazada” geçirilen «Türkmenistan — Azerbaýjan — Özbegistan» formatyndaky üçtaraplaýyn duşuşygyň barşynda eden çykyşynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow üçtaraplaýyn hyzmatdaşlykda ulag ulgamynyň aýratyn ähmiýetli orny eýeleýändigini belledi
23.08.2025 07:59
13k+
Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen elektrik energiýasyny Azerbaýjana we Ýewropa ibermek mümkinçilikleri barada aýtdy
22-nji awgustda “Awazada” geçirilen «Türkmenistan — Azerbaýjan — Özbegistan» formatyndaky üçtaraplaýyn duşuşygyň barşynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow birnäçe başlangyçlar bilen çykyş etdi
23.08.2025 07:31
6.8k+
Özbegistanyň we Azerbaýjanyň Prezidentleri Awazada üçtaraplaýyn duşuşykda çykyş etdiler
22-nji awgustda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky Kongresler merkezinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewiň we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda üçtaraplaýyn duşuşyk geçirildi
22.08.2025 15:59
8.6k+
Awazada Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Özbegistanyň ýokary derejeli duşuşygy öz işine başlady
Şu gün, 22-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň ýokary derejeli duşuşygy öz işine başlady diýip, TDH habar berýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hazaryň kenarynda geçirilýän ýokary derejede duşuşyga gatnaşmak üçin Balkan welaýatyna ugrady
22.08.2025 12:56
4.7k+
Awazada Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ilham Aliýew bilen duşuşygy geçirildi
22-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Özbegistanyň ýokary derejeli duşuşygyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen ýurdumyza gelen Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew arasynda duşuşyk geçirildi
22.08.2025 11:49
9.7k+
Ilham Aliýew iş sapary bilen Türkmenistana geldi
22-nji awgustda Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň çakylygy boýunça, iş sapary bilen Türkmenistana geldi. Türkmenbaşy halkara howa menzilinde goňşy döwletiň Baştutanynyň hormatyna Hormat garawuly nyzama düzüldi
22.08.2025 09:02
7.8k+
22-nji awgustda Awazada Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Özbegistanyň Liderleriniň sammiti geçiriler
Şu gün, 22-nji awgustda Hazaryň türkmen kenarynda ýerleşýän “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda «Azerbaýjan – Türkmenistan – Özbegistan» formatyndaky üçtaraplaýyn sammit geçiriler. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň çakylygy boýunça sammite Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gatnaşar diýip, özbek Lideriniň metbugat gullugy habar berýär
10.08.2025 23:51
9.8k+
Gurbanguly Berdimuhamedow Ilham Aliýewi we azerbaýjan halkyny taryhy ylalaşyklaryň gazanylmagy bilen gutlady
10-njy awgustda azerbaýjan tarapynyň başlangyjy bilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi
09.08.2025 15:32
6k+
Awazada Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň medeniýet-sungat ussatlarynyň konserti boldy
8-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky teatrlaşdyrylan interaktiw deňiz suw çüwdürimler toplumynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň dabaraly konserti boldy
06.08.2025 18:15
7.7k+
Awazada Hazar deňziniň meseleleri boýunça kenarýaka döwletleriň wekilleriniň ýygnagy geçirildi
5-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda türkmen tarapynyň guramagynda Hazarýaka döwletleriniň wekilleriniň ýygnagy geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär. Çärä Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň we Türkmenistanyň ýokary derejeli wekilleri gatnaşdylar
06.08.2025 14:18
6.3k+
Awazada forumyň çäklerinde Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Azerbaýjanyň üçtaraplaýyn duşuşygy geçirildi
5-nji awgustda Awazada BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň (LLDC3) çäklerinde, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew we Azerbaýjanyň Premýer-ministri Ali Asadowyň üçtaraplaýyn duşuşygy geçirildi
05.08.2025 11:13
6.6k+
Dünýägözel Gulmanowa Özbegistanyň, Azerbaýjanyň, RF-niň we Marokkonyň parlament wekilleri bilen duşuşdy
4-nji awgustda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň (LLDC3) çäginde Parlament forumy geçirildi. Forumyň çäginde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa Özbegistanyň, Azerbaýjanyň, Russiýanyň we Marokkonyň parlament wekiliýetleri bilen duşuşyklary geçirdi
29.07.2025 13:13
5.3k+
Bakuwda türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň mejlisi geçirildi
28-nji iýulda Bakuwda Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky Ykdysady we ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki Hökümetara toparynyň 8-nji mejlisi geçirildi. Mejlis Türkmenistanyň wise-premýeri Nökerguly Atagulyýewiň we Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarowyň başlyklyk etmeginde geçirildi
18.07.2025 07:36
22k+
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna garabag tohumyndan bolan bedew sowgat berildi
17-nji iýulda Azerbaýjana saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew Jydyr düzüne bardylar. Jydyr düzi Şuşa şäheriniň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň dynç almak üçin iň meşhur künjekleriniň biri bolupdyr
18.07.2025 07:28
13k+
Gurbanguly Berdimuhamedow meşhur opera aýdymçysy Bülbüliň öý-muzeýine we Göwher Aga metjidine baryp gördi
17-nji iýulda Azerbaýjana saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Ilham Aliýew bilen bilelikde Azerbaýjanyň meşhur opera aýdymçysy Bülbüliň Şuşadaky öý-muzeýine baryp gördi
18.07.2025 07:18
10k+
Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjanyň Fizuli we Şuşa şäherlerine baryp gördi
17-nji iýulda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjana saparynyň medeni maksatnamasynyň çäklerinde Fizuli we Şuşa şäherlerine baryp gördi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy uçarda Fizuli şäherine ugrady
17.07.2025 13:22
12k+
Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjanda “Sea Breeze” dynç alyş toplumyna baryp gördi
16-njy iýulda türkmen halkynyň Milli Lideri Azerbaýjana saparynyň çäklerinde “Sea Breeze” dynç alyş toplumyna baryp gördi. Bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedowy Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew we “Sea Breeze” toplumynyň esaslandyryjysy Emin Agalarow garşyladylar
17.07.2025 13:09
10k+
Gurbanguly Berdimuhamedow Kawkaz musulmanlarynyň müdiriýetiniň başlygy bilen duşuşdy
16-njy iýulda Azerbaýjanda saparda bolýan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow günüň ikinji ýarymynda Kawkaz musulmanlarynyň müdiriýetiniň başlygy Şeýh-ul-islam Allahşukur Paşazade bilen duşuşdy
17.07.2025 12:35
7.1k+
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň Başlygy bilen duşuşdy
16-njy iýulda Baku şäherinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň Başlygy Sahiba Gafarowa bilen duşuşygy boldy. Sahiba Gafarowa türkmen halkynyň Milli Liderini Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň sessiýalarynyň geçýän ýeri bolan uly mejlisler zaly bilen tanyşdyrdy we degişli maglumatlary berdi
17.07.2025 12:27
7.4k+
Gurbanguly Berdimuhamedow Geýdar Aliýewi we Azerbaýjanyň milli gahrymanlaryny hatyralady
16-njy iýulda Azerbaýjana saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow azerbaýjan halkynyň umumymilli Lideri Geýdar Aliýewiň baky aram tapan ýeri bolan Hormat meýdançasyna baryp, Geýdar Aliýewiň guburyna gül desselerini goýdy
17.07.2025 12:05
16k+
Baku şäherinde Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň haýyr-sahawat gaznalarynyň wekilleriniň duşuşygy geçirildi
16-njy iýulda Baku şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa bilen Geýdar Aliýew gaznasynyň wise-prezidenti Leýla Aliýewanyň arasynda duşuşyk geçirildi
17.07.2025 11:58
4.6k+
Baku şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ilham Aliýew bilen duşuşygy boldy
16-njy iýulda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasyna saparynyň çäklerinde Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen gepleşikleri geçirdi. Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň “Zagulba” köşgünde geçirilen duşuşygyň barşynda Ilham Aliýew türkmen halkynyň Milli Liderine Azerbaýjana sapar bilen gelmäge çakylygy kabul edendigi üçin hoşallyk bildirdi
05.07.2025 06:08
6.1k+
Türkmenistanyň wekiliýeti Hankendi şäherinde YHG-nyň sammitinde teklipler bilen çykyş etdi
4-nji iýulda Hankendi şäherinde (Azerbaýjan) Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň (YHG) “Durnukly we howanyň üýtgemegine durnukly geljek üçin YHG-nyň täze garaýşy” atly 17-nji sammiti geçirildi. Sammite daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşdy diýip, DIM-niň metbugat gullugy habar berýär
04.07.2025 19:15
3.8k+
Türkmenistanyň daşary işler ministri azerbaýjanly kärdeşi bilen duşuşdy
3-nji iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Azerbaýjanyň daşary işler ministri Jeýhun Baýramow bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär. Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler
04.07.2025 12:15
10k+
Raşid Meredow Owganystanyň wise-premýeriniň wezipesini ýerine ýetiriji bilen TOPH we TOP taslamalaryny maslahatlaşdy
3-nji iýulda daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti ykdysady meseleler boýunça Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarynyň wezipesini ýerine ýetiriji Abdul Gani Baradar bilen duşuşyk geçirdi
04.07.2025 11:29
9.6k+
Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew Raşid Meredowy kabul etdi
3-nji iýulda Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowy kabul etdi. Duşuşyk barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berdi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm taraplary ara alnyp maslahatlaşyldy
28.05.2025 08:15
4.2k+
Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjany Garaşsyzlyk güni bilen gutlady
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewe hem-de ýurduň doganlyk halkyna Azerbaýjanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi
09.05.2025 11:24
1.9k+
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleri telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdiler
8-nji maýda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Azerbaýjanyň daşary işler ministri Jeýhun Baýramowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy habar berýär
09.05.2025 10:59
2.5k+
Türkmen kompaniýalary Bakuda geçiriljek sergilerde oba hojalyk we azyk önümlerini görkezer
Türkmenistan Azerbaýjanda geçiriljek Caspian Agro 18-nji halkara oba hojalyk hem-de InterFood Azerbaijan 30-njy halkara azyk senagaty sergilerine gatnaşar. Sergiler 13-16-njy maý aralygynda Bakunyň Ekspo-merkezinde geçiriler
08.05.2025 16:17
11k+
Azerbaýjanda Hazar deňzi bilen Gara deňzi ýerasty tunel arkaly birleşdirmek teklip edildi
Azerbaýjanyň ADOG kompaniýasy bilen Halkara Zira porty Hazar deňzi bilen Gara deňzi ýerasty tunel arkaly birleşdirmek teklibini orta atdy. Bu barada azerbaýjan maglumat portaly «Minval Politika» habar berýär. Taslamada diametri 10 metr bolan tuneliň gurluşygy göz öňünde tutulýar
08.05.2025 15:11
9k+
Azerbaýjanyň Prezidenti Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny sapar bilen gelmäge çagyrdy
Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy sapar bilen Azerbaýjana gelmäge çagyrdy. Bu barada azerbaýjan Lideriniň türkmen halkynyň Milli Liderine iberen hatynda aýdylýar
«
1
2
3
…
7
»
«
1
2
3
4
5
6
7
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.