22-nji awgustda Awazada Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Özbegistanyň Liderleriniň sammiti geçiriler

22.08.2025, 04:027,812

Şu gün, 22-nji awgustda Hazaryň türkmen kenarynda ýerleşýän “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda «Azerbaýjan – Türkmenistan – Özbegistan» formatyndaky üçtaraplaýyn sammit geçiriler.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň çakylygy boýunça sammite Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gatnaşar diýip, özbek Lideriniň metbugat gullugy habar berýär.
Sammitiň gün tertibine haryt-ykdysady gatnaşyklary çuňlaşdyrmak, ulag-aragatnaşyk infrastrukturasyny ösdürmek, energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlyk we ynsanperwer alyş-çalşyklary giňeltmek ýaly mowzuklar girýär.
Şeýle hem birnäçe bilelikdäki resminamanyň gol çekilmegi garaşylýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.