Aşgabatda Hazar deňzi meseleleri boýunça iş toparynyň 11-nji mejlisi geçirilýär

16.09.2025, 14:022,095

15-nji sentýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministrliginde Hazar deňzi meseleleri boýunça ýokary derejeli iş toparynyň on birinji mejlisi öz işine başlady. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär.

Mejlise Türkmenistanyň (wekiliýet ýolbaşçysy – M.G.Atajanow), Azerbaýjan Respublikasynyň (wekiliýet ýolbaşçysy – S.A.Şarifow), Eýran Yslam Respublikasynyň (wekiliýet ýolbaşçysy – K.G.Abadi), Gazagystan Respublikasynyň (wekiliýet ýolbaşçysy – Z.A.Amanžolowa) hem-de Russiýa Federasiýasynyň (wekiliýet ýolbaşçysy – N.N.Udowiçenko) wekiliýetleri gatnaşdylar. Mejlise türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy M.G.Atajanow ýolbaşçylyk etdi.
Mejlisiň dowamynda taraplar Hazar deňzinde asyl göni çyzyklary goýmagyň usullaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Mejlisiň çäklerinde Hazar deňzindäki hyzmatdaşlyga syn hem berildi, hem-de Daşary işler ministrleriniň nobatdaky duşuşygyna taýýarlyk meselelerine seredilip geçildi.
Mundan başga-da taraplar Hazar deňziniň suwunyň çekilmegi bilen bagly meseleler boýunça hazarýaka döwletleriniň iş toparyny döretmek meselelerine hem seredip geçdiler. 
Hazar deňzi meseleleri boýunça iş toparynyň on birinji mejlisi öz işini dowam etdirýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.