Saýlanan şäher
26 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Ýerli
Baş sahypa
/
Habarlar
/
Ýerli
25.10.2025 15:07
6.5k+
Türkmenistanyň Prezidenti itşynaslary Türkmen alabaýynyň baýramy bilen gutlady
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň itşynaslaryny, alabaý itleriniň janköýerlerini we ýurdumyzyň halkyny Türkmen alabaýynyň baýramy bilen gutlady. Döwlet Baştutany gutlagynda öý-ojagy, asudalygy goramakda, wepalylykda türkmen alabaýlarynyň tebigy we nusgalyk häsiýetlere eýedigini belläp geçýär
25.10.2025 15:00
3.2k+
Serdar Berdimuhamedow Gazagystanyň Prezidentini Respublika güni bilen gutlady
Prezident Serdar Berdimuhamedow Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe we ýurduň doganlyk halkyna milli baýram — Respublika güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi. Bu barada TDH habar berýär
25.10.2025 14:32
2.5k+
«Sanly çözgüt–2025» bäsleşiginiň saýlama tapgyry başlandy
Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginde IT-tehnologiýalaryny, emeli aňy we robot tehnikasyny ösdürmäge gönükdirilen innowasion bäsleşik — «Sanly çözgüt–2025» boýunça saýlama tapgyry geçirilýär. Bäsleşik ýedi ugurda geçiriler: emeli aň robot tehnika we awtomatlaşdyrma «akylly» oba hojalyk tehnologiýalary akylly şäher konsepsiýalary sanly lukmançylyk elektron bilim hyzmatlar ulgamynyň sanlylaşdyrylmagy
25.10.2025 14:25
7.2k+
CNPC «Galkynyş» käniniň 4-nji tapgyryny 2026-njy ýylyň başynda özleşdirmäge girişer
Hytaýyň nebitgaz korporasiýasy (CNPC), Türkmenistanyň iň iri tebigy gaz känleriniň biri bolan «Galkynyş» känini senagat taýdan özleşdirmegiň 4-nji tapgyryny 2026-njy ýylyň başlarynda başlamagy meýilleşdirýär. Bu barada «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2025 halkara forumynda aýtdy
25.10.2025 12:11
11k+
Türkmenistan 2027-nji ýylyň başynda TOPH boýunça Owganystana gaz iberip başlamagy meýilleşdirýär
Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) gaz geçirijisi boýunça Owganystana türkmen gazyny 2027-nji ýylyň başynda iberip başlamak meýilleşdirilýär. Bu barada TAPI Pipeline Company Limited kompaniýasynyň baş direktory Muhammetmyrat Amanow «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2025» halkara maslahatynda eden çykyşynda aýtdy
25.10.2025 09:51
5.5k+
Rimde “Kwirinale” köşgünde Türkmenistanyň we Italiýanyň Prezidentleriniň duşuşygy geçirildi
24-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Italiýa resmi saparynyň barşynda Italiýanyň Prezidenti Serjio Mattarella bilen duşuşdy. Duşuşygyň öňüsyrasynda Italiýa Respublikasynyň Prezidentiniň “Kwirinale” köşgünde döwlet Baştutanymyzy resmi garşylamak dabarasy boldy
25.10.2025 09:43
7.6k+
Serdar Berdimuhamedow Rimde näbelli esgeriň guburyna gül goýdy
24-nji oktýabrda Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Italiýa Respublikasyna resmi sapar bilen bardy. Italiýanyň Fýumiçino “Leonardo Da Winçi” halkara howa menzilinde Türkmenistanyň Prezidentini Italiýanyň resmi adamlary, şeýle hem ýurdumyzyň resmi wekiliýetiniň agzalary garşyladylar
25.10.2025 09:37
12k+
Gurbanguly Berdimuhamedow Bitarap Türkmenistan we Çandybil şaýollarynyň aýlawly çatrygynyň döwrebaplaşdyrylyşy bilen tanyşdy
24-nji oktýabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabadyň Bitarap Türkmenistan we Çandybil şaýollarynyň aýlawly çatrygyna baryp gördi. Häzirki döwürde bu ýerde döwrebaplaşdyryş işleri batly depginlerde alnyp barylýar
25.10.2025 09:31
8k+
Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabady bagy-bossanlyga büremek işleriniň depginine nägilelik bildirdi
24-nji oktýabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäherine iş saparyny amala aşyryp, Bitaraplyk binasyny döwrebaplaşdyrmak we onuň ýanaşyk ýerlerini göwnejaý abadanlaşdyrmak bilen baglanyşykly işleriň barşy bilen tanyşdy
25.10.2025 08:45
15k+
Gurbanguly Berdimuhamedow Bitaraplyk binasynyň ýanynda iş maslahatyny geçirdi
24-nji oktýabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Bitaraplyk binasynyň ýanynda Hökümet agzalarynyň gatnaşmagynda Guramaçylyk döwlet toparynyň hojalyk iş maslahatyny geçirdi. Bu
25.10.2025 07:36
4.2k+
Muhammetgeldi Aýazow Saud Arabystanyndaky ilçi hökmünde wezipesine girişdi
22-nji oktýabrda Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetgeldi Aýazow Saud Arabystany Patyşalygynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Abdul Majid bin Raşid Al Samarä özüniň ynanç hatlaryň nusgalaryny gowşurdy
25.10.2025 07:33
2.3k+
Türkmenistanyň bilim ministri Hytaýyň ilçisi bilen täze taslamalary maslahatlaşdy
22-nji oktýabrda Türkmenistanyň bilim ministri J.Gurbangeldiýew Hytaý Halk Respublikasynyň ýurdumyzdaky ilçisi Si Şumin bilen duşuşdy. Bu barada ministrligiň saýtynda habar berilýär. Ministr ilçini wezipesine girişmegi bilen gutlap, bilim ulgamy boýunça türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň strategik häsiýetini nygtady
25.10.2025 07:28
2.7k+
Raşid Meredow 5-nji Tbilisi Ýüpek ýoly forumynda çykyş etdi
22-nji oktýabrda türkmen wekiliýeti 5-nji Tbilisi Ýüpek ýoly forumyna gatnaşdy. Wekiliýete Türkmenistanyň wise-premýeri, daşary işler ministri Raşid Meredow ýolbaşçylyk etdi. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine
25.10.2025 07:22
1.6k+
Aşgabatda BMG-niň 80 ýyllygy bellenildi we hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasyna gol çekildi
23-nji oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllygyna bagyşlanan maslahat geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli
24.10.2025 22:08
2k+
Raşid Meredow Bahreýniň hem-de Kuweýtiň daşary işler ministrleri bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
23-nji oktýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Bahreýn Patyşalygynyň hem-de Kuweýt Döwletiniň daşary işler ministrleri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler
24.10.2025 11:44
6k+
Türkmenbaşyda Halkara Deňiz Guramasy we Halkara Gidrografik Guramasy bilen bilelikde sebitleýin okuw maslahaty geçiriler
Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde Halkara Deňiz Guramasy we Halkara Gidrografik Guramasy bilen bilelikde sebitleýin okuw maslahaty geçiriler. Prezident Serdar Berdimuhamedow 23-nji oktýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde bu baradaky teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy
24.10.2025 11:38
3.5k+
Noýabr-dekabrda Türkmenistanda geçiriljek halkara bilim olimpiadalary, bäsleşikler we halkara ylmy-amaly maslahatlar
23-nji oktýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Orazdurdyýewa şu ýylyň noýabr-dekabr aýlarynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde geçiriljek halkara bilim olimpiadalary we bäsleşikleri, şeýle hem halkara ylmy-amaly maslahatlar barada hasabat berdi
24.10.2025 11:30
1.6k+
Serdar Berdimuhamedow Antoniu Guterrişi BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygy bilen gutlady
Prezident Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişe BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. “Geçen segsen ýylyň dowamynda Birleşen Milletler Guramasy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen tagallalaryň birleşdirilýän möhüm merkezine öwrüldi
24.10.2025 11:22
5.8k+
Türkmenistanda Gurbannazar Ezizowyň doglan gününiň 85 ýyllygy belleniler
Noýabr aýynda Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyň eýesi Gurbannazar Ezizowyň doglan gününiň 85 ýyllygy mynasybetli aýdym-sazly dabara guralar. Bu barada 23-nji oktýabrda wise-premýer B
24.10.2025 11:08
5k+
Serdar Berdimuhamedow Italiýa resmi sapar bilen barar. Işewürlik maslahatyna we Rimde serginiň açylyşyna gatnaşar
Prezident Serdar Berdimuhamedow Italiýa Respublikasyna resmi saparyny amala aşyrar. Sapara taýýarlyk görlüşi barada wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow Hökümet mejlisinde hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň Italiýa Respublikasyna boljak resmi sapary döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmekde we pugtalandyrmakda möhüm ädime öwrüler
24.10.2025 11:01
4.8k+
Balkanabatda Eýranyň Gülüstan welaýatynyň eksport mümkinçilikleriniň sergisi geçiriler
Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde Eýran Yslam Respublikasynyň Gülüstan welaýatynyň eksport mümkinçilikleriniň sergisini geçirmäge taýýarlyk görülýär. 23-nji oktýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer N
24.10.2025 10:57
6.1k+
Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli sergi, halkara ylmy maslahat we halkara bäsleşik geçiriler
Oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmenistanda Türkmen alabaýynyň baýramy giňden belleniler. 23-nji oktýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer T.Atahallyýew baýram mynasybetli geçiriljek çärelere görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi
24.10.2025 10:52
4.8k+
Boldumsaz etrabynda Pensiýa gaznasynyň bölüminiň täze edara binasy gurlar
Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynda Pensiýa gaznasynyň bölüminiň täze edara binasy gurlar. Bu ugurda alnyp barylýan işler barada 23-nji oktýabrda wise-premýer H.Geldimyradow Hökümet mejlisinde hasabat berdi
24.10.2025 10:06
2.1k+
Türkmenistan Botswana Respublikasy bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy
20-nji oktýabrda Nýu-Ýork şäherinde Türkmenistan bilen Botswana Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak hakyndaky Bilelikdäki Beýanata gol çekmek dabarasy boldy. Dabara Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanasynyň binasynda geçirildi
24.10.2025 10:01
2k+
Türkmenistan ÝUNESKO-nyň maslahatynda sportuň arassalygyny goramak we dopinge garşy göreş tagallalaryna goldawyny bildirdi
Türkmenistanyň wekiliýeti Sportda dopinge garşy göreş baradaky Halkara konwensiýasynyň Taraplarynyň Maslahatynyň 10-njy sessiýasyna (COP10) gatnaşdy. Mejlis Fransiýanyň Pariž şäherindäki ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynda 20-22-nji oktýabr aralygynda geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler
24.10.2025 09:55
2.4k+
Türkmenistanyň täze ilçisi BAE-niň Daşary işler ministrliginde ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy
Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki täze bellenen ilçisi Baýram Baýramow BAE-niň daşary işler ministriniň orunbasary Omar Obaid Alheýsan Alşamsä ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Türkmenistanyň DIM
23.10.2025 23:14
4.6k+
Raşid Meredow Gruziýa resmi saparynyň çäklerinde ýurduň ýolbaşçylary bilen duşuşdy
21-nji oktýabrda Türkmenistanyň wise-premýeri, daşary işler ministri Raşid Meredow resmi saparynyň çäginde Gruziýanyň Prezidenti Mihail Kawelaşwili hem-de Premýer-ministr Irakli Kobaħidze bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi
23.10.2025 22:28
12k+
Dünýägözel Gulmanowa Moskwada RF-niň Federasiýa Geňeşiniň we Döwlet Dumasynyň başlyklary bilen duşuşdy
20-22-nji oktýabrda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Russiýa Federasiýasynda resmi sapar bilen boldy. 21-nji oktýabrda wekiliýetiň agzalary Kreml diwarynyň ýanyndaky Näbelli esgeriň guburyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdylar hem-de “Moskwa Kremli” döwlet taryhy-medeni muzeý-goraghanasyna baryp gördüler
23.10.2025 17:38
5.9k+
Türkmen talyplarynyň täze derman serişdelerini döretmek boýunça geçiren barlagy Indoneziýada bäsleşikde altyn medal aldy
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyplary Indoneziýanyň Surabaýa şäherinde ýakynda geçirilen «World Youth Invention and Innovation Award 2025» (WYIIA) halkara ylmy bäsleşiginde altyn medala mynasyp boldular
23.10.2025 12:23
2.1k+
OGT-2025 halkara sergisiniň we maslahatynyň birinji gününiň netijeleri
22-nji oktýabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň guramagynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2025» atly XXX halkara maslahat we sergi öz işine başlady
23.10.2025 12:12
1.3k+
Aşgabatda BMG-niň 80 ýyllygyna bagyşlanan maslahat açyldy
Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň 80 ýyllygyna bagyşlanan maslahat öz işine başlady. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçirilýän foruma gatnaşyjylary Prezident Serdar Berdimuhamedow gutlady
23.10.2025 12:03
1.4k+
Türkmenistanyň sport ulgamynyň wekilleri Mongoliýada halkara okuw maslahatyna gatnaşdylar
Türkmenistanyň sport ulgamynyň wekilleri 20-21-nji oktýabrda Mongoliýanyň paýtagty Ulan-Bator şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň talyplar sporty boýunça guramalarynyň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň gatnaşmagynda halkara okuw maslahatyna gatnaşdylar
23.10.2025 11:51
4.2k+
Rimde Kapitoliý muzeýinde ilkinji gezek «Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýalary» atly sergi geçiriler
2025-nji ýylyň 25-nji oktýabryndan 2026-njy ýylyň 12-nji apreli aralygynda Rim şäherindäki Kapitoliý muzeýiniň Palazzo dei Conservatori zallarynda «Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýalary» atly sergi geçiriler. Italiýaly tomaşaçylara ilkinji gezek Margiana we Parfiýa gadymy medeniýetleriniň arheologik tapyndylary görkeziler
23.10.2025 11:33
1.9k+
Tatarystanyň ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary türkmen kärdeşleri bilen tejribe alyşýarlar
Aşgabatda Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebinde türkmen mugallymlary üçin hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça on günlük okuwlar başlandy. Okuwlary RF-niň Tatarystan Respublikasynyň Neberežnyý Çelny şäherindäki Döwlet mugallymçylyk uniwersitetiniň (NGPU, RF) hünärmenleri alyp barýar
23.10.2025 11:25
3.4k+
Türkmenistanyň bilim ulgamynyň wekiliýeti ABŞ-a iş saparyny amala aşyrýar
Türkmenistanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň we ýöriteleşdirilen okuw jaýlarynyň mugallymlaryndan hem-de ýolbaşçylaryndan ybarat wekiliýet Amerika Birleşen Ştatlaryna iş saparyny amala aşyrýar. Türkmenistanyň
23.10.2025 11:18
1.5k+
Hindistanyň täze ilçisi Raşid Meredowa ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy
Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Hindistanyň täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bandaru Wilsonbabudan ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi. Türkmenistanyň daşary işler ministri ilçini jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlap, oňa işinde üstünlikleri arzuw etdi
23.10.2025 11:14
974
Raşid Meredow Indoneziýanyň daşary işler ministri bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
20-nji oktýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Indoneziýayň daşary işler ministri Sugiononyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä
23.10.2025 11:11
1.7k+
Türkmenistanyň we Kataryň DIM-niň ýolbaşçylary dekabrda Aşgabatda geçiriljek forumy maslahatlaşdylar
20-nji oktýabrda Türkmenistanyň wise-premýeri, Daşary işler ministri Raşid Meredow Kataryň Premýer-ministri, Daşary işler ministri Şeýh Mohammed bin Abdulrahman Al Tani bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, söhbetdeşligiň barşynda taraplar iki döwletiň arasyndaky syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň ýokary derejesini bellediler
23.10.2025 11:07
6.1k+
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Russiýa Federasiýasyna resmi sapary amala aşyrýar
20-nji oktýabrda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherine resmi sapary başlandy. Bu barada milli Parlamentiň metbugat gullugy habar berýär
23.10.2025 10:45
5.9k+
«Arkadag» FK Kataryň «Al-Ahli» topary bilen duşuşygynda deňme-deň oýnady
Futbol boýunça Türkmenistanyň çempiony «Arkadag» FK Kataryň «Al-Ahli» topary bilen AFK-2 Çempionlar Ligasyndaky toparlaýyn tapgyryň üçünji oýnunda deňme-deň oýnady. Duşuşyk Dohada «Al-Tumama» stadionynda geçirildi we 2:2 hasabynda tamamlandy
«
1
…
32
33
34
…
160
»
«
1
…
29
30
31
32
33
34
35
36
37
…
160
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.