Balkanabatda Eýranyň Gülüstan welaýatynyň eksport mümkinçilikleriniň sergisi geçiriler

24.10.2025, 06:014,821

Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde Eýran Yslam Respublikasynyň Gülüstan welaýatynyň eksport mümkinçilikleriniň sergisini geçirmäge taýýarlyk görülýär. 23-nji oktýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer N.Atagulyýew Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, iki dostlukly ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmekde köpugurly sergilere möhüm orun degişlidir. Şundan ugur alnyp, häzirki wagtda Eýran Yslam Respublikasynyň Gülüstan welaýatynyň edara-kärhanalarynyň gatnaşmagynda eksport mümkinçiliklerine ýöriteleşdirilen sergini geçirmek üçin taýýarlyk işleri alnyp barylýar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýere sergisi geçirmäge ýokary derejede taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.