Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli sergi, halkara ylmy maslahat we halkara bäsleşik geçiriler

24.10.2025, 05:576,097

Oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmenistanda Türkmen alabaýynyň baýramy giňden belleniler. 23-nji oktýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer T.Atahallyýew baýram mynasybetli geçiriljek çärelere görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Baýram mynasybetli sergi, halkara ylmy maslahat, Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň V mejlisi, şeýle hem “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” atly halkara bäsleşigiň jemleýji tapgyry guramaçylykly geçiriler.
Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýere Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli dabaraly çäreleri ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.