Saýlanan şäher
26 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Ýerli
Baş sahypa
/
Habarlar
/
Ýerli
22.01.2026 00:16
19k+
Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy wezipesinden boşadyldy
Ý.Nuryýew, başga işe geçýändigi sebäpli, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy, serhet goşunlarynyň serkerdebaşysy wezipesinden boşadyldy. Prezident Serdar Berdimuhamedow degişli resminama 21-nji ýanwarda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisiniň barşynda gol çekdi
21.01.2026 18:53
1.4k+
Raşid Meredow ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili bilen duşuşdy
21-nji ýanwarda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili Eduards Stipraýs bilen duşuşdy. Stipraýs Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň (SPECA) hepdeliginiň çäklerinde geçirilýän çärelere gatnaşmak üçin Aşgabada geldi
21.01.2026 18:49
1.6k+
Milli mirasymyzyň düýni, şu güni we ertiri: «Miras» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan neşir edilýän «Miras» ylmy-köpçülikleýin žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Giň okyjylar köpçüligine niýetlenen bu neşir türkmen halkynyň ruhy we taryhy mirasyny öwrenmek boýunça alnyp barylýan ylmy-barlag işleriniň netijeleri bilen tanyşdyrmagyny dowam edýär
21.01.2026 16:52
3.1k+
Pekinde Türkmenistanyň HHR-däki ilçisi Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary bilen duşuşdy
20-nji ýanwarda Türkmenistanyň ilçihanasynyň binasynda Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky ilçisi Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) Baş sekretary Nurlan Ýermekbaýew bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler
21.01.2026 16:48
4.1k+
Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti «THE Awards Asia 2026» bäsleşiginiň ýeňijileriniň gysga sanawyna girdi
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti «THE Awards Asia 2026» abraýly baýragyň ýylyň ylmy-barlag taslamasy: «STEM» ugry boýunça ýeňijileriň gysga sanawyna girdi. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň saýtynda habar berilýär
21.01.2026 10:36
4.7k+
Aşgabatda 2026-njy ýylda geçiriljek sport we medeni çäreleri beýan etmek üçin ýörite media topar döredildi
Döredilen media toparyň düzümine ýurduň bäş sany öňdebaryjy ýokary okuw mekdebiniň — Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň
21.01.2026 10:31
3.8k+
Hytaýyň ilçihanasy Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetine 190 sany okuw kitap sowgat berdi
Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetine hytaý diline, taryhyna we medeniýetine degişli okuw edebiýatlarynyň 190 nusgasyny gowşurdy. Bu barada «Neýtralnyý Türkmenistan» gazetinde habar berilýär
21.01.2026 10:24
3.4k+
Türkmenistanyň Prezidenti SPEKA hepdeliginiň çäklerinde Ykdysady foruma gatnaşyjylary gutlady
Prezident Serdar Berdimuhamedow SPEKA hepdeliginiň çäklerinde Ykdysady foruma gatnaşyjylara gutlag hatyny iberdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Türkmenistanyň Prezidenti gutlagynda «Garaşsyz
20.01.2026 14:02
21k+
Türkmenistanyň ýygyndysynyň iň gymmat futbolçysy Gyrgyzystanyň «Bars» klubuna geçdi
«Bars» gyrgyz futbol kluby Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň 25 ýaşly merkezi ýarym goragçysy Teýmur Çaryýewiň transferini resmi taýdan yglan etdi. «"Bars" futbol kluby türkmenistanly ýarym goragçy Teýmur Çaryýew bilen şertnama baglaşylandygyny şatlyk bilen habar berýär» diýlip, klubuň metbugat gullugynyň maglumatynda aýdylýar
20.01.2026 13:46
9.2k+
Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti sport iýmitini getirijileri saýlamak boýunça bäsleşik yglan etdi
Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti sport iýmitini we ýörite iýmit goşundylaryny degişli halkara guramanyň güwänamasy bolan öndürijilerden satyn alyp, olary ýurdumyza getirmek hyzmatlaryny ýerine ýetiriji ni saýlap almak boýunça bäsleşik yglan etdi
20.01.2026 13:41
2k+
20-23-nji ýanwarda Aşgabatda SPECA hepdeligi geçirilýär
20-23-nji ýanwar aralygynda Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň (SPECA) hepdeligi geçirilýär. Bu çäreler Türkmenistanyň 2025-nji ýylda maksatnama başlyklyk etmeginiň çäklerinde guralýar diýip, «Neýtralnyý Türkmenistan» gazeti belleýär
20.01.2026 13:24
2.9k+
24-nji ýanwarda Aşgabatda hukuk meseleleri boýunça raýatlar kabul ediler
24-nji ýanwarda Aşgabatda Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň binasynda hukuk meseleleri boýunça raýatlaryň jemgyýetçilik kabul edişligi geçiriler. Jemgyýetçilik kabul edişligine Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň, Baş prokuraturasynyň, Ýokary kazyýetiniň işgärleriniň we Aşgabat şäher adwokatlar kollegiýasynyň agzasy gatnaşar
20.01.2026 12:53
2.4k+
Türkmenistanda zenanlaryň arasynda döredijilik bäsleşigi yglan edildi
«Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasy Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi hem-de Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi bilen bilelikde ýurdumyzyň döredijilik bilen meşgullanýan zenanlarynyň arasynda «Zenan — Zeminiň zynaty» atly bäsleşigi yglan etdi
20.01.2026 12:09
3.8k+
Aşgabatda çekeleşikli ýagdaýda küşt boýunça Türkmenistanyň çempionaty - I liga geçirilýär
18—24-nji ýanwar aralygynda Aşgabat şäheriniň Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde küşt boýunça Türkmenistanyň çempionaty — I liga geçirilýär. Çempionata 81 küştçi gatnaşýar, şol sanda 27-si — gyzlaryň arasynda, 54-si — açyk derejede
20.01.2026 12:03
6.2k+
Aşgabatda suratkeş Berdiguly Amansähedowyň «Gum aýdymlary» atly sergisi görkezilýär
Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň sergi zalynda ussat suratkeş Berdiguly Amansähedowyň 75 ýyllygyna bagyşlanan «Gum aýdymlary» atly giň gerimli sergi açyldy. Tomaşaçylara 110-dan gowrak özboluşly eseri hödürleýän bu sergi suratkeşiň medeniýetleriň dialogyna goşan halkara goşandynyň ykrarynyň görnükli mysaly boldy
20.01.2026 11:59
1.6k+
Dohanyň Ylym we tehnologiýa uniwersitetiniň wekilleri Türkmenistana geler
19-njy ýanwarda Türkmenistanyň Katar Döwletindäki ilçisi Myratgeldi Seýitmämmedow Kataryň Doha Ylym we tehnologiýa uniwersitetiniň rektory Salem Al Nuaimi bilen dusuşyk geçirdi. Duşuşygyň başynda ilçi Türkmenistanda
19.01.2026 23:42
1.6k+
Raşid Meredow Awstriýanyň federal ministri bilen sanly ulgam arkaly duşuşyk geçirdi
19-njy ýanwarda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow bilen Awstriýanyň Ýewropa we halkara işler boýunça federal ministri Beate Maýnl-Raýzingeriň arasynda sanly ulgam arkaly duşuşyk geçirildi
19.01.2026 23:11
7.3k+
Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalyk toplumyny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi
Şu gün, 19-njy ýanwarda Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy
19.01.2026 22:50
2k+
Türkmenistanyň biržasynda geçen hepdede jemi bahasy 10 mln dollara golaý bolan geleşikler baglaşyldy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda jemi bahasy ABŞ-nyň 9 million 898 müň dollaryndan gowrak geleşikleriň 32-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň, Özbegistanyň we Ukrainanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi satyn aldylar
19.01.2026 16:16
13k+
Biznes çykdajylaryny nädip azaltmaly we satyn alşy nädip çaltlandyrmaly: ALSAT.com.tm-de 5 peýdaly mümkinçilik (23 000+ haryt)
Üpjün edijileri gözlemek üçin näçe wagtyňyz gidýär? Soňky pursatda gyssagly satyn alyşlar, nädogry haryt, üstesine-de logistika… näçe pul gidýär? Gysgaça aýtsak: gaty köp. Dogrusy: şeýle işlemek indi hiç kime ýaramaýar
19.01.2026 15:02
2.7k+
Türkmenistan Frankfurtda geçirilen Heimtextil 2026 öý tekstili sergisine gatnaşdy
Türkmenistan Germaniýanyň Maýn boýundaky Frankfurt şäherinde ýerleşýän «Messe Frankfurt» halkara sergi merkezinde öý tekstili üçin dünýäniň iň ähmiýetli sergilerinden biri bolan «Heimtextil 2026» sergisine gatnaşdy
19.01.2026 11:49
26k+
«Arkadag» – «Al-Nasr» futbol klublarynyň duşuşygynyň biletleri satylyp başlandy
Aşgabat şäheriniň häkimligi Türkmenistanyň «Arkadag» futbol kluby bilen Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» toparynyň arasynda AFC-2 Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň ilkinji duşuşygyna biletleriň onlaýn satuwyny ýola goýdy
19.01.2026 11:09
9.1k+
Türkmen milli senenamasy boýunça uly çille tamamlanyp, kiçi çille başlady
18-nji ýanwarda uly çille öz ornuny kiçi çillä berdi. Bu möwsüm 7-nji fewrala çenli dowam eder. «Gaharjaň», «keçjal» diýen atlary alan kiçi çille bu ýyl hem özüniň gar-ýagşy bilen geldi. Ýakyn günleriň howa maglumatlary muňa şaýatlyk edýär
19.01.2026 07:10
12k+
Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty: gar gatyşykly ýagyş dowam eder
Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi. Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda we ahyrynda gar gatyşykly ýagyş ýagar
18.01.2026 15:58
6.1k+
Russiýanyň ilçisi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň 2026-njy ýyl üçin meýilnamalaryny mälim etdi
Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçisi Iwan Wolynkin Aşgabatda geçiren brifinginde 2025-nji ýylda ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň jemlerini jemledi we 2026-njy ýyl üçin hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny kesgitledi
18.01.2026 15:07
4.2k+
“Ýönekeý” Hytaýda, Türkiýede we Malaýziýada okamak isleýänler üçin amatly şertleri hödürleýär
“Ýönekeý” kompaniýasy Hytaýda, Türkiýede we Malaýziýada okamak isleýänler üçin amatly tekliplerini hödürleýär. Ýurdumyzda isleg bildirilýän ugurlar boýunça dünýäniň öňdebaryjy uniwersitetlerine okuwa girmek isleýänleri hasaba almak işleri dowam edýär
18.01.2026 13:37
3.1k+
Türkmenistanly okuwçylar Astanadaky halkara olimpiadada 16 medal gazandylar
2026-njy ýylyň 10-14-nji ýanwary aralygynda Astanada geçirilen matematika, fizika we kompýuter ylymlary boýunça 22-nji Halkara Žautykow olimpiadasynda türkmen mekdep okuwçylary ajaýyp netijeleri görkezdiler. Gazagystanyň Bilim ministrliginiň Daryn merkezi tarapyndan guralan abraýly intellektual marafona 16 ýurtdan 600-den gowrak zehinli ýaşlar gatnaşdy
18.01.2026 10:02
13k+
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň instituty okuwa çagyrýar
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň instituty okuwa girmäge isleg bildirýän dalaşgärleriň resminamalarynyň kabul edilip başlanandygyny habar berýär. Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutyna içeri
18.01.2026 10:00
5.8k+
Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
17-nji ýanwarda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Türkmen bedewiniň milli baýramyna görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşmak maksady bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna bardy
17.01.2026 17:37
3.4k+
Aşgabatda meşhur ýapon animeleriniň sazlaryndan ybarat konsert bolar
Aşgabatda Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň ýerine ýetirmeginde dünýä belli ýapon animeleriniň sazlaryndan ybarat konsert geçiriler. «Simfoniýa Anime» atly bu sazly agşam 1-nji fewralda Mukamlar köşgünde bolar
17.01.2026 15:28
7.7k+
Türkmenistanda nagt däl hasaplaşyklaryň möçberi 20,2 mlrd manatdan geçdi
2025-nji ýylyň ýanwar — noýabr aýlary aralygynda Türkmenistanda bank kartlary arkaly amala aşyrylan nagt däl tölegleriň umumy möçberi 20,2 milliard manatdan geçdi. Bu barada «Bank habarlary» elektron žurnaly habar berýär
17.01.2026 14:21
13k+
Türkmen futbolçysy Wepa Jumaýew Özbegistanyň «Aral» klubuna geçdi
Türkmenistanly goragçy Wepa Jumaýew karýerasyny Özbegistanyň Pro-ligasynda dowam etdirer. Maglumatlara görä, milli ýygyndynyň futbolçysy Nukus şäheriniň «Aral» kluby bilen şertnama baglaşdy. 25 ýaşly goragçy soňky 5 möwsümini Belarus çempionatynda geçirdi
17.01.2026 13:50
16k+
TM CELL we Türkmentelekom hemişe onlaýn bolmagyňyz üçin internete elýeterliligi giňeldýär
Türkmenistanda dünýä meýillerine eýerilip, hünärmenlere we adaty ulanyjylara aragatnaşyk üçin çykdajylaryny netijeli dolandyrmaga hem-de hemişe onlaýn bolmaga mümkinçilik berýän çözgütler işjeň ornaşdyrylýar. Ykjamlygy halaýan ulanyjylar üçin «TM CELL» («Altyn Asyr» ÝGPJ) milli operatory internet-bukjalarynyň giň toplumyny hödürleýär
17.01.2026 11:10
8.3k+
Aşgabat — Türkmenbaşy demir ýoly döwrebaplaşdyrylar
16-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer M.Çakyýew Aşgabat — Türkmenbaşy demir ýoluny döwrebaplaşdyrmak babatda taýýarlanan teklibi Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna hödürledi. Bellenilişi
17.01.2026 09:02
9.7k+
Türkmenistanyň Prezidenti protokol gullugynyň işini kämilleşdirmäge gönükdirilen teklipleri goldady
16-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň protokol gullugynyň işini kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi
17.01.2026 08:54
4.2k+
Türkmenistanda söwda amallaryny ýönekeýleşdirmek boýunça pudagara iş topary dörediler
Türkmenistanda söwda amallaryny ýönekeýleşdirmek boýunça pudagara iş toparyny döretmek babatda degişi işler alnyp barylýar. Bu barada wise-premýer N.Atagulyýew Hökümet mejlisinde habar berdi. Hususan-da, wise-premýer ýurdumyzyň goşulyşan Aziýa — Ýuwaş umman sebitinde serhetüsti söwdany ýeňilleşdirmek hakynda çarçuwaly Ylalaşygy ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi
17.01.2026 08:47
5.6k+
Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda döwrebaplaşdyryş işleri geçiriler
16-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi
17.01.2026 08:43
4.3k+
Serdar Berdimuhamedow SPECA hepdeligini ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy
Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň (SPECA) hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görýär. Bu ugurda alnyp barylýan işler barada wise-premýer H
17.01.2026 08:05
3.8k+
2026-njy ýylda kabul ediljek aspirantlaryň, dalaşgärleriň hem-de ordinatorlaryň sany tassyklanyldy
Türkmenistanda 2026-njy ýylda ylmyň ugurlary boýunça aspirantura kabul ediljek aspirantlaryň hem-de alymlyk derejelerine dalaşgärlige hasaba alynjak dalaşgärleriň, şeýle hem kliniki ordinatura kabul ediljek ordinatorlaryň sany tassyklanyldy
16.01.2026 23:47
8.8k+
Iki asyrdan soň türkmen nusgawy şahyry Seýdiniň täze goşgulary tapyldy
2025-nji ýylda nusgawy türkmen şahyry Seýitnazar Seýdiniň doglan gününe 250 ýyl doldy. Ýakynda, tutuş döredijiligi watançylyk ideýasyna ýugrulan serkerde şahyryň täze goşgulary ýüze çykaryldy. Bu barada Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymy Jeren Atabaýewa «Edebiýat we sungat» gazetinde çap edilen makalasynda gürrüň berýär
«
1
…
15
16
17
…
160
»
«
1
…
12
13
14
15
16
17
18
19
20
…
160
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.