Dohanyň Ylym we tehnologiýa uniwersitetiniň wekilleri Türkmenistana geler

20.01.2026, 06:591,622

19-njy ýanwarda Türkmenistanyň Katar Döwletindäki ilçisi Myratgeldi Seýitmämmedow Kataryň Doha Ylym we tehnologiýa uniwersitetiniň rektory Salem Al Nuaimi bilen dusuşyk geçirdi.

Duşuşygyň başynda ilçi Türkmenistanda 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylandygy hakynda aýdyp, ýurt Garaşsyzlygynyň 35-ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaraly çäreler barada tanyşdyrdy.
Mundan başga-da, Türkmenistanda bilim ulgamynyň ösüşiniň halkara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi bilen berk baglanyşyklydygyny hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleri we ylmy merkezleri bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürip, bilelikdäki bilim maksatnamalaryny, akademiki alyş-çalyşlary hem-de mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça taslamalaryň amala aşyrylýandygyny belledi.
Täsirli geçen duşuşykda ýakyn wagtda Doha Ylym we tehnologiýa uniwersitetiniň wekilleriniň Türkmenistana meýilleşdirilýän saparynyň çäklerinde garaljak ylym-bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary barada hem maslahatlaşyldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.