Italiýanyň Piza şäherinde talyplar dünýäde iň uly kagyz uçary ýasap, ony uçurdy. Bu barada «New Atlas» neşiri habar berýär.

Täze uçar «Icarus» diýlip atlandyryldy. Onuň ganatynyň gerimi 20,04 metre, uzynlygy 7 metre, agramy bolsa 28,49 kilograma ýetýär. Bu model hakyky awiasiýa inženerçiligine ýakyn bolan logika boýunça döredildi.
Uçary taýýarlamak üçin galyňlygy iki dürli bolan 300 kg töweregi kagyz we 60 kg golaý «Vinavil Pro» ýelimi ulanyldy. Talyplar uçuşyň durnuklylygyny hem-de netijeliligini gazanmak üçin «Icarus» taslamasynyň üstünde birnäçe aý zähmet çekdi.

Netijede, «Icarus» 59 metr aralyga uçup, Braunşweýg tehnologik institutynyň 2013-nji ýylda ýasan kagyz uçarynyň rekordyny täzeledi. Ginnesiň rekordlar kitabynyň hünärmenleri bu täze üstünligi 25-nji iýunda Bolonýada geçirilen «We Make Future» sergisinde hasaba aldy.