Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Tramp Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy ýurduň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy bilen gutlady. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.
ABŞ-nyň Prezidenti öz gutlag hatynda bu baýramçylyk mynasybetli iň gowy arzuwlaryny beýan edip, Birleşen Ştatlaryň Türkmenistanyň syýasy özygtyýarlygyny ykrar eden ilkinji ýurtlaryň biri hökmünde döwletiň taryhynda aýratyn orun eýeleýändigini belledi:
«Halkyňyzyň bu şanly senäni baýram edýän gününde Aşgabadyň köçeleri milli buýsanja beslener. Birleşen Ştatlar Türkmenistanyň syýasy özygtyýarlylygyny ykrar eden ilkinji ýurtlaryň biri hökmünde Siziň döwletiňiziň taryhynda aýratyn orun eýeledi. Men bu şanly baýramyň şatlygyny Siziň bilen paýlaşyp bilýändigime buýsanýaryn.
Geçen ýylyň noýabr aýynda Ak tamda Sizi kabul etmek meniň üçin örän ýakymly boldy. Biziň umumy maksady paýlaşýandygymyzy, ýagny ýurtlarymyzyň bähbitlerini birinji orunda goýýandygymyzy bilýärin we iki ýurduň arasyndaky diplomatik hem-de ykdysady gatnaşyklar üçin hoşallygymy bildirýärin. Bu gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna berk ynanýaryn.
Meniň maşgalam hem Size we türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan edýär».