TikTok-a indi Instagram we Facebook platformalarynda mahabat bermek gadagan

10.10.2026, 10:247,173

Meta kompaniýasy TikTok we onuň esasy eýesi bolan ByteDance kompaniýasyna Facebook hem-de Instagram platformalarynda mahabat ýerleşdirmegi gadagan etdi.

Çäklendirmeler ABŞ-da, Kanadada, Müsürde, Indoneziýada, Ýaponiýada, Tailandda we Wýetnamda hereket edýär. Gadaganlyk ByteDance hyzmatlaryna salgylanmalary öz içine alýan mahabatlary ýerleşdirýän beýleki mahabat berijilere hem degişlidir.

«Biz ulanyjylarymyzy öz goşundylarymyzdan başga ýere çekmegi maksat edinýän bäsdeşimiziň mahabatyny ýerleşdirmäge borçly däl» diýip, Meta kompaniýasynyň wekili Kris Sgro aýtdy.

Tehnologiýa ägirtleriniň arasyndaky gapma-garşylyk awgust aýynda ýitileşdi. Şonda Meta ABŞ-nyň birnäçe ştatynyň häkimiýetleri bilen kämillik ýaşyna ýetmedikleri goramaga gönükdirilen täze mümkinçilikleri ornaşdyrmak barada ylalaşdy. Şondan bäri kompaniýa TikTok we Google kompaniýasyna degişli YouTube platformalaryna hem şeýle çäreleri görmegi talap edip basyş görkezýär.

Sentýabr aýynda TikTok bu talaplary ret etdi we ulanyjylaryň profillerinden Instagram sahypalaryna gönüden-göni geçmäge mümkinçilik berýän salgylanmalary aýyrdy. Bu bolsa ulanyjylaryň beýleki platformalara geçmegini kynlaşdyrdy.

Meta kompaniýasynyň ýolbaşçylary TikTok platformasyny jemgyýetçilik üçin möhüm çärelere gatnaşmazlykda hem açyk tankytladylar. Olaryň arasynda ABŞ-nyň Baş hirurgynyň edarasy tarapyndan guralan, elektron enjamlaryny aşa köp ulanmagyň zyýanyna bagyşlanan soňky çäre hem-de Wekiller palatasynyň Hytaý boýunça ýörite komiteti bilen milli howpsuzlyk meselelerine bagyşlanan duşuşyk bar.

Şol bir wagtyň özünde, iki platforma hem çagalaryň howpsuzlygy bilen bagly hukuk meseleleri boýunça kynçylyklara duçar bolýar. Awgust aýynda kazyýet Meta kompaniýasyny 942 million dollar jerime tölemäge we kämillik ýaşyna ýetmedikleriň sosial ulgamlarda geçirýän wagtyny çäklendirmäge borçly etdi. Şol aýda TikTok hem ABŞ-nyň Adalat ministrligi bilen çagalaryň şahsy durmuşynyň eldegrilmesizligi baradaky kanunlary bozmak işi boýunça 400 million dollar tölemek dogrusynda ylalaşdy.