Porsche-niň girdejisi ABŞ-nyň nyrhlary we Hytaýda satuwlaryň peselmegi sebäpli 40% aşaklady
05.05.2025 16:17
4.4k+

Porsche-niň girdejisi ABŞ-nyň nyrhlary we Hytaýda satuwlaryň peselmegi sebäpli 40% aşaklady

Porsche Trampyň administrasiýasy tarapyndan daşary ýurt awtoulaglaryna girizilen 25 göterimlik gümrük paçlary sebäpli, agyr maliýe kynçylyklary bilen ýüzbe-ýüz boldy. Kompaniýanyň birinji çärýek boýunça hasabatyna görä, awtoulag pudagyndaky operasion girdeji 43,8% peseldi, Porsche AG-niň umumy girdejisi 40,5% azaldy, satuwdan gazanylýan girdejililik derejesi 14,2%-den 8,6%-e düşdi
Tesla, Toyota we Ford: Baýlaryň münýän ulag brendleri aýdyldy
05.05.2025 15:36
13k+

Tesla, Toyota we Ford: Baýlaryň münýän ulag brendleri aýdyldy

Maliýe we analitik maglumatlary hödürleýän S&P Global Mobility amerikan kompaniýasy ABŞ-da ilat ýazuwyndan alnan girdeji maglumatlaryny awtoulaglaryň hasaba alyş maglumatlary bilen utgaşdyrdy. Maksat – ýyllyk girdejisi 500 müň dollardan geçýän adamlaryň iň köp saýlaýan awtoulag brendleriniň sanawyny düzmekdi
Mansory saýlanmak isleýänler üçin altyn çaýylan G-Class kysymly wnedorožnigini hödürledi
05.05.2025 12:30
9.2k+

Mansory saýlanmak isleýänler üçin altyn çaýylan G-Class kysymly wnedorožnigini hödürledi

Mansory týuning-atelýesi altyn çaýylan kuzowly we kuwwatly hereketlendirijili Mersedes-AMG G 63-iň düýpgöter üýtgedilen görnüşini hödürledi. Wnedorožnik uzaldylan teker bazasyny, şonuň hasabyna bolsa salonda aýak goýulýan ýeri giňiş iki sany aýratyn kapitan oturgyçlaryny aldy
Volkswagen ID. Buzz ulagyny yzyna çagyrýar. Buzz. Miniwen “çakdan aşa giň” hasaplandy
05.05.2025 12:23
5.6k+

Volkswagen ID. Buzz ulagyny yzyna çagyrýar. Buzz. Miniwen “çakdan aşa giň” hasaplandy

Volkswagen ABŞ-da we Kanadada satylan ähli ID. Buzz miniwenleriniň yzyna çagyrylandygyny habar berdi. Munuň sebäbi juda gülkünç - üçünji hataryň oturgyçlary gaty giň hasaplanyp, Amerikanyň standartlaryna laýyk gelmeýär eken
602 at güýjündäki Cadillac Escalade 2025 tanyşdyryldy
04.05.2025 19:49
4.6k+

602 at güýjündäki Cadillac Escalade 2025 tanyşdyryldy

Callaway Cars kompaniýasy 2025-nji ýylyň «Cadillac Escalade» we «Escalade ESV» modelleri üçin täze SC602 týuning toplumyny tanyşdyrdy diýip, «GM Authority» habar berýär. Toplumyň esasynda 6,2 litrlik benzin bilen işleýän L87 kysymly V8 hereketlendiriji ýerleşýär
Iň kiçi Ferrari-niň kämilleşdirilen wersiýasy hödürlendi
04.05.2025 14:35
3.6k+

Iň kiçi Ferrari-niň kämilleşdirilen wersiýasy hödürlendi

Ferrari kompaniýasy 296 GTB Speciale ady bilen 296 GTB modeliniň kämilleşdirilen wersiýasyny hödürledi. Bu brendiň hatarynda iň ykjam modeldir. Kupe bilen bilelikde üsti açyk wersiýa – 296 Speciale A hem çykaryldy
Mazda dolandyryş bölümindäki kemçilik sebäpli Miata 2025-i satmagy wagtlaýyn togtatdy
04.05.2025 13:37
2.3k+

Mazda dolandyryş bölümindäki kemçilik sebäpli Miata 2025-i satmagy wagtlaýyn togtatdy

Mazda garaşylmadyk ýagdaýda 2025-nji model ýylynyň MX-5 Miata rodsterini ABŞ-nyň bazaryna ibermegini wagtlaýyn togtatdy. Munuň sebäbi dolandyryş modulynda bolup biläýjek näsazlykdy. Ulaglar portlaryň ammarlarynda wagtlaýyn saklanýar
Toyota iň ýokary derejeli Yaris Cross gibridiniň bahasyny arzanlatdy
04.05.2025 02:32
5.7k+

Toyota iň ýokary derejeli Yaris Cross gibridiniň bahasyny arzanlatdy

Toyota 2025-nji model ýyly üçin Yaris Cross krossowerini täzeledi we kuwwaty 130 at güýji bolan gibrid gurluşly wersiýasyny arzanlatdy. Indi bu elektrik gurluşy diňe bir ýokary derejeli Executive komplektasiýasynda däl, eýsem has amatly bahaly Dynamic-de hem elýeterlidir
Hyundai Kona 2025 tanyşdyryldy
03.05.2025 11:49
4.6k+

Hyundai Kona 2025 tanyşdyryldy

Hyundai  Kona 2025 krossoweriniň täzelenen görnüşini hödürledi. Esasy täzelik - Modern Plus esasynda döredilen H-Pick komplektasiýasynyň bolmagy. Oňa gapdal we yzky çaknyşyklaryň öňüni alyş ulgamlary, ýolagçy awtoulagdan çykanda duýduryjy, şeýle-de üçekdäki ýükdany girýär
BMW we Toyota wodorod tehnologiýalaryny işläp taýýarlamaklaryny tizleşdirýär
03.05.2025 11:46
5.7k+

BMW we Toyota wodorod tehnologiýalaryny işläp taýýarlamaklaryny tizleşdirýär

BMW wodorod tehnologiýalarynyň kämilleşdirilmegi boýunça meýilnamalaryny resmi taýdan tassyklady. Kompaniýa häzirki wagtda «iX5 Hydrogen» atly wodorodly modeli synag edýär we 2028-nji ýyla çenli Toyota bilen hyzmatdaşlykda wodorod bilen işleýän awtoulagyň köpçülikleýin önümçiligine başlamagy meýilleşdirýär
«Golaýdaky dükana gideli» diýmek ýeterlik: BMW ulaglaryna DeepSeek ornaşdyrylar
03.05.2025 11:14
4.7k+

«Golaýdaky dükana gideli» diýmek ýeterlik: BMW ulaglaryna DeepSeek ornaşdyrylar

BMW 2025-nji ýylyň üçünji çärýeginden başlap, awtoulaglaryna DeepSeek emeli aň ulgamyny ornaşdyrmaga taýynlanýar. Bu barada «ITHome» portaly habar berýär. Kompaniýa meşhur çat-botuň nähili işlejekdigini ozal hem düşündiripdi
Hytaýda Xiaomi-niň ikinji elektrokarynyň täze görnüşi patentleşdirildi
03.05.2025 11:03
2.1k+

Hytaýda Xiaomi-niň ikinji elektrokarynyň täze görnüşi patentleşdirildi

Hytaýyň Senagat we maglumat tehnologiýalary ministrliginiň soňky maglumatlaryna görä, Xiaomi YU7 elektromobiliniň täze görnüşi 835 km ýol ätiýaçlygy bilen çykarylar. Şeýlelikde, indi bir elektromotorly modelleriň hatarynda geçýän aralygy boýunça dört görnüş elýeterli bolar: 725, 810, 820 we 835 km
Chery-nyň täze krossoweri howpsuzlyk synagynda 11,5 tonna agrama çydady
02.05.2025 18:09
18k+

Chery-nyň täze krossoweri howpsuzlyk synagynda 11,5 tonna agrama çydady

Chery kompaniýasy özüniň täze Tiggo 8 CSH gibrid krossoweri üçin “awtomobil diňi” synagyny geçirdi. Bu barada brendiň metbugat gullugy habar berdi. Synagda bu brendiň ýedi awtomobili biri-biriniň üstünden dik goýuldy we netijede 12 metrlik “diň” emele geldi
Toyota Camry 2026 täze Dark Cosmos reňkine we Nightshade wersiýasyna eýe boldy
02.05.2025 18:01
12k+

Toyota Camry 2026 täze Dark Cosmos reňkine we Nightshade wersiýasyna eýe boldy

Toyota ABŞ-da 2026-njy model ýylynyň täzelenen Camry ulagyny hödürledi. Esasy täzelik – SE we XSE wersiýalaryna esaslanan Nightshade Edition boldy. Nightshade wersiýasynyň esasy aýratynlygy garaňky stil bolup, radiator gözeneginde, aýnalarda, gapy tutarlarynda, spoýlerde we yzky bamperde gara detallar hem-de 19 dýuýmlyk gara diskler we garaldylan nyşanlar bilen tapawutlanýar
Toyota Türkmenistanyň çäginde sowadyş ulgamlaryny mugt barlamak boýunça aksiýa başlatdy
01.05.2025 20:57
23k+

Toyota Türkmenistanyň çäginde sowadyş ulgamlaryny mugt barlamak boýunça aksiýa başlatdy

Toyota Central Asia FZE resmi distribýutory «Garagum Ulag» HJ we «Beýik Ýüpek Ýoly» HK resmi diler merkezleri bilen hyzmatdaşlykda 2014–2025-nji ýyllar aralygynda öndürilen Toyota we Lexus kysymly awtoulaglaryň esasy sowadyş ulgamlarynyň mugt barlagyny geçirmek boýunça aksiýanyň başlanandygyny habar berdi
Täze Toyota Tacoma IIHS-niň heläkçilik synagyndan geçip bilmedi, Infiniti QX80 iň ýokary bal gazandy
01.05.2025 14:34
14k+

Täze Toyota Tacoma IIHS-niň heläkçilik synagyndan geçip bilmedi, Infiniti QX80 iň ýokary bal gazandy

Amerikanyň Ýol hereketiniň howpsuzlygy instituty (IIHS) iki sany meşhur ulagyň - Toyota Tacoma-nyň we Infiniti QX80-iň gatnaşmagynda täze heläkçilik synagynyň netijelerini çap etdi. Olaryň netijeleri biri-birine düýbünden gapma-garşy boldy
Dubaýyň polisiýasy köçelere Mansory-nyň eksklýuziw Rolls-Royce Cullinan ulagynda gözegçilik eder
01.05.2025 14:19
15k+

Dubaýyň polisiýasy köçelere Mansory-nyň eksklýuziw Rolls-Royce Cullinan ulagynda gözegçilik eder

Dubaýyň polisiýasy ulag parkyna täze patrul ulagyny - Germaniýanyň Mansory atelýesiniň düzen Rolls-Royce Cullinan-yny goşdy. Awtoulag Arabian Travel Market 2025 sergisinde görkezildi we emirlikde hukuk goraýjy edaralar tarapyndan ulanylýan kaşaň we güýçli ulaglaryň ýygyndysyna goşuldy
Opel "Corsa" modeliniň millionynjy nusgasyny çykardy
01.05.2025 13:01
3.2k+

Opel "Corsa" modeliniň millionynjy nusgasyny çykardy

Opel häzirki nesil «Corsa» modeliniň millionynjy nusgasynyň çykarylyşyny dabaraly ýagdaýda belledi. Metbugat beýannamasyna görä, dabaraly çäreler kompaniýanyň Rýusselshaým şäherindäki (Germaniýa) baş edarasynda we awtoulagyň ýygnalýan ýeri bolan Saragosa şäherindäki (Ispaniýa) zawodda geçirildi
Lamborghini täze «Temerario» gibrid superkaryny hödürledi
30.04.2025 13:15
3.9k+

Lamborghini täze «Temerario» gibrid superkaryny hödürledi

Italiýanyň meşhur Lamborghini awtokonserni täze gibrid superkary bolan «Temerario-ny» resmi taýdan hödürledi. Tas 1000 at güýjüni öndürýän täze model, bir wagtlar meşhur bolan «Huracan-yň» ornuny tutar. Täze sportkar eýýäm şu ýyldan başlap ýollarda görnüp başlar
“Greenhill”: Türkmen kompaniýasy ýokary görkezijili çalgy ýaglaryny öndürip başlady
30.04.2025 11:39
5.9k+

“Greenhill”: Türkmen kompaniýasy ýokary görkezijili çalgy ýaglaryny öndürip başlady

Türkmenistanda ýakynda täze nesil SP çalgy ýaglaryny öndürýän kärhana işläp başlady. Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda ýerleşýän "Täze senagat" açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bu ugurda ilkinji önümçilik işlerine girişdi
Chevrolet Braziliýanyň bazary üçin S10 100 Years Edition pikabyny hödürledi
30.04.2025 11:28
2.7k+

Chevrolet Braziliýanyň bazary üçin S10 100 Years Edition pikabyny hödürledi

General Motors Braziliýada täze 2026-njy ýyl «Chevrolet S10 100 Years Edition» pikabyny resmi tavdan tanyşdyrdy. Kompaniýanyň metbugat gullugyna görä, ýörite wersiýa brendiň ýüz ýyllygyny bellemek üçin taýýarlanyldy we deňsiz-taýsyz modelleri çykarmak däbini dowam etdirýär
Volkswagen ýewropa bazarynda elektromobil satuwy boýunça Tesla-dan geçdi
30.04.2025 11:10
2.2k+

Volkswagen ýewropa bazarynda elektromobil satuwy boýunça Tesla-dan geçdi

JATO Dynamics-iň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylyň birinji çärýeginde Volkswagen Tesla-dan öňe geçip, Ýewropa Bileleşiginiň çäginde iň meşhur elektromobil brendi boldy diýip, «Business Insider» neşiri habar berýär
Peugeot 208 hetçbegi Ýewropada iň köp satylan awtomobil boldy
29.04.2025 13:53
4.6k+

Peugeot 208 hetçbegi Ýewropada iň köp satylan awtomobil boldy

Peugeot 208 hetçbegi 2025-nji ýylyň mart aýynda Ýewropada Dacia Sandero-dan öňe geçip, iň köp satylan awtomobil boldy. Bu barada JATO Dynamics-iň maglumatlaryna salgylanyp, “Awtostat” habar berýär. Çeşmelere görä, mart aýynda bu modelden 25 241 awtomobil satyldy, bu 2024-nji ýylyň degişli aýy bilen deňeşdirilende 7% köpdür
Mercedes-iň “Gün boýagy” awtomobillere ýylda goşmaça 14 müň km geçmäge mümkinçilik berer
28.04.2025 18:27
5.6k+

Mercedes-iň “Gün boýagy” awtomobillere ýylda goşmaça 14 müň km geçmäge mümkinçilik berer

Auto Shanghai 2025 sergisinde Mercedes-Benz elektromobiller üçin täze tehnologiýalary hödürledi. Olaryň biri-de – “Gün boýagy” bolup, ol ulaglara goşmaça energiýa almaga we zarýad bermezden ýylda goşmaça müňlerçe kilometr geçmäge mümkinçilik berer
Zacoe awtobezeg ussahanasy Ferrari SF90-ny F-35 söweşjeň uçarynyň äheňinde bezeg etdi
28.04.2025 17:22
4.5k+

Zacoe awtobezeg ussahanasy Ferrari SF90-ny F-35 söweşjeň uçarynyň äheňinde bezeg etdi

Zacoe Performance atelýesi Ferrari SF90 Stradale üçin týuningiň täze iki sany görnüşini döretdi. Birinji toplum - gury uglerod süýüminden ýasalan karbon obwes. Ol korpusyň asylky suduryny we superkaryň firma owadanlygyny saklamak bilen bir hatarda, awtoulagyň agramyny ýeňledýär we aerodinamikany gowulandyrýar
ABŞ-da Jeff Bezosyň goldawy bilen döredilen elektropikap satuwa çykaryldy
28.04.2025 16:42
6.2k+

ABŞ-da Jeff Bezosyň goldawy bilen döredilen elektropikap satuwa çykaryldy

Los-Anjelesde (ABŞ) Slate Auto atly startap «Truck» atly ykjam elektropikabyny hödürledi. Taslama Amazon-yň esaslandyryjysy Jeff Bezos tarapyndan bölekleýin maliýeleşdirilýär. Model iki orunlyk kabina we çykdajylary azaltmak üçin iň az funksiýalar toplumy bilen bir konfigurasiýada bolar
Nissan taryhyndaky iň uly zyýany barada hasabat berdi
28.04.2025 16:39
4.6k+

Nissan taryhyndaky iň uly zyýany barada hasabat berdi

Nissan taryhyndaky iň uly zyýan barada hasabat berdi. Mart aýynda tamamlanan maliýe ýylynyň netijelerine görä, Nissan-yň arassa zyýanynyň mukdary 700-750 mlrd ýena (4,91-5,26 mlrd dollar) bolupdyr. Bu görkeziji işini halas etmek üçin giň gerimli we düýpli özgertmeleri geçirýän öndüriji üçin rekord boldy diýip, «Reuters» agentligi habar berýär
Tesla çagalary goramak üçin mobil goşundysyna täze funksiýa girizdi
28.04.2025 16:12
3.4k+

Tesla çagalary goramak üçin mobil goşundysyna täze funksiýa girizdi

Tesla mobil goşundysyna «Child Left Alone Detection» funksiýasyny goşdy. Bu funksiýa ulagda unudylan çagalary goramak üçin niýetlenendir. 4.44.0 täzelenmesi öňden bar bolan 4D radar we salonyň içindäki hereket duýujy enjamlar bilen bilelikde, howpsuzlygy ýokarlandyrmak üçin alnyp barylýan çäreleriň bir bölegi boldy
Bazardaky bäsdeşlik Nissany Hytaýda krossowerleriň önümçiligini ýapmaga mejbur etdi
28.04.2025 14:04
5.7k+

Bazardaky bäsdeşlik Nissany Hytaýda krossowerleriň önümçiligini ýapmaga mejbur etdi

Nissan kompaniýasy 2026-njy ýylyň 31-nji martyna çenli Hytaýyň Uhan şäherindäki zawodynda awtoulag öndürmegi bes etmegi meýilleşdirýär. Bu barada ýagdaýdan habarly çeşmeler Reuters habarlar gullugyna habar berdiler
Şanhaýda halkasyz we baş harplar bilen ýazylan täze brendden AUDI E5 Sportback hödürlendi
28.04.2025 13:32
7.5k+

Şanhaýda halkasyz we baş harplar bilen ýazylan täze brendden AUDI E5 Sportback hödürlendi

2025-nji ýylyň Şanhaý awtosalonynda täze AUDI brendiniň ilkinji köpçülikleýin elektromobili görkezildi. Täze brendiň ady indi baş harplar bilen ýazylýar we adaty dört halkaly logotipden aýryldy. Täze E5 Sportback – bu 5 metrlik uniwersal
Honda yzky çyralaryň näsazlygy sebäpli, 153 müňe golaý Acura MDX ulagy ýene yzyna çagyrýar
27.04.2025 12:23
3.8k+

Honda yzky çyralaryň näsazlygy sebäpli, 153 müňe golaý Acura MDX ulagy ýene yzyna çagyrýar

Honda kompaniýasy 2014-2020-nji ýyllar aralygynda öndürilen 152 müň 573 sany «Acura MDX» krossowerini täzeden yzyna çagyrýandygyny mälim etdi. Sebäp – yzky çyralara çyglylygyň aralaşmagy. Bu mesele 2019-njy ýylda düzedilmäge synanyşylypdy, ýöne gaýtadan ýüze çykdy: öň bejerilen awtoulaglaryň yzky çyralary hem ýene-de buglanýar we işlemegini bes edýär
Nissan garaşylmadyk ýagdaýda täze pikabyny hödürledi – Frontier Pro Plug-In Hybrid
26.04.2025 13:13
6.2k+

Nissan garaşylmadyk ýagdaýda täze pikabyny hödürledi – Frontier Pro Plug-In Hybrid

Nissan kompaniýasy Şanhaýdaky awtosergide ilkinji plagin-gibrid pikaby bolan «Frontier Pro-ny» tanyşdyrdy. Adynyň tanyşdygyna garamazdan, bu model adaty «Nissan Frontier-den» düýpgöter tapawutlanýar. Täze pikabyň dizaýny Nissan-yň Şanhaýdaky dizaýn studiýasy tarapyndan işlenip taýýarlanyldy
BYD altyn logotip we 1180 at güýji bilen premium ulagyny hödürledi
25.04.2025 22:35
7.2k+

BYD altyn logotip we 1180 at güýji bilen premium ulagyny hödürledi

Şanhaý awtosalonynda BYD kompaniýasy Yangwang U8L premium ulagyny görkezdi. Ýolsuz ýerden ýöreýän bu model iki reňkde hödürlenýär – Obsidian Black we Sun Gold, ýöne onuň esasy aýratynlygy öň we yzky böleklerde ýerleşdirilen Oracle logotipi boldy – ol 24 karat altyndan ýasaldy
Škoda dizel ulaglaryna ekologiýa taýdan arassa ýangyç guýup başlady
25.04.2025 22:03
2.7k+

Škoda dizel ulaglaryna ekologiýa taýdan arassa ýangyç guýup başlady

Škoda Auto Çehiýadaky zawodlarynda täze dizel awtomobilleri hem-de içerki logistika ulaglary üçin ýangyç hökmünde wodorodyň kömegi bilen arassalanan ösümlik ýagyny (HVO) ulanyp başlady. HVO biodizel ýaly oba hojalyk ekinlerinden däl-de, ulanylan ösümlik ýagy we ýaglar ýaly galyndylardan öndürilýär
Ford F-150 pikaby gelşikli sport týuningine eýe boldy
25.04.2025 16:20
6.5k+

Ford F-150 pikaby gelşikli sport týuningine eýe boldy

Roush Performance týuning atelýesi 2025-nji ýylyň Ford F-150 Nitemare-sini hödürledi. Peseldilen podweskaly, kuwwatly dolandyryşly we premium bezegli bu sport pikaby XL we XLT komplektasiýalaryna esaslanýar. Täze önüm Regular we SuperCrew kabinaly wersiýalarda elýeterlidir
Şanhaýdaky awtosergide BMW 3 Series-iň 50 ýyllygyna bagyşlanan ýörite wersiýasy görkezildi
25.04.2025 15:57
5.2k+

Şanhaýdaky awtosergide BMW 3 Series-iň 50 ýyllygyna bagyşlanan ýörite wersiýasy görkezildi

Şanhaýdaky halkara awtosergide BMW kompaniýasy «3 Series» modeliniň 50 ýyllygyna bagyşlanan, çäkli nusgada çykarylan wersiýasyny görkezdi. Ondan 2500 sanysy öndüriler we olaryň ählisi diňe Hytaý bazary üçin niýetlenendir
Mart boýunça awtoulaglaryň satuwy: Hytaý we ABŞ ösüşde, Gündogar Ýewropada bolsa satuwlar peselýär
25.04.2025 15:05
7.7k+

Mart boýunça awtoulaglaryň satuwy: Hytaý we ABŞ ösüşde, Gündogar Ýewropada bolsa satuwlar peselýär

2025-nji ýylyň mart aýynda dünýäde ýeňil we ýeňil täjirçilik maksatly awtoulaglaryň satuwy 8,57 million birlige ýetdi, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 7,6% köpdür. Bu barada «GlobalData-nyň» gözlegine salgylanyp, «Just Auto» habar berýär
Tesla-nyň birinji çärýekdäki arassa girdejisi 71% pese gaçdy
25.04.2025 14:40
4.3k+

Tesla-nyň birinji çärýekdäki arassa girdejisi 71% pese gaçdy

2025-nji ýylyň birinji çärýeginde amerikaly Tesla elektromobil öndürijisi 409 million dollar arassa girdeji gazandy. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 71% azdyr. Kompaniýanyň umumy girdejisi 9% peselip, 19,34 milliard dollar boldy
Şanhaý awtosalonynda HarmonyOS-ly Toyota bZ7 sedany görkezildi
25.04.2025 11:54
4.9k+

Şanhaý awtosalonynda HarmonyOS-ly Toyota bZ7 sedany görkezildi

GAC-Toyota bilelikdäki kärhanasy Şanhaý awtosalonynda Toyota bZ7 elektrik sedanynyň köpçülikleýin wersiýasyny hödürledi. Awtomobil ýylyň ahyrynda satuwa çykar. Ulag Huawei-niň HarmonyOS operasion ulgamyna eýe boldy
Lexus ES modeliniň sekizinji neslini görkezdi. Ol indiki ýyl satuwa çykar
24.04.2025 22:58
12k+

Lexus ES modeliniň sekizinji neslini görkezdi. Ol indiki ýyl satuwa çykar

Lexus kompaniýasy Şanhaý awtosergisinde sekizinji nesil «ES» sedanyny görkezdi. Täze ulag modeliň taryhyndaky iň uly täzelenmä eýe boldy. Adatça, Hytaýda esasan ýerli bazar üçin niýetlenen ulaglar görkezilýär, emma bu gezek Lexus dünýä bazary üçin niýetlenen geljekki modeliň nusgasyny köpçülige ýetirdi
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.