Saýlanan şäher
26 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Awto
Baş sahypa
/
Habarlar
/
Awto
25.10.2025 17:18
14k+
Alymlar guşlaryň köplenç haýsy ulaglary "hapalaýandygyny" anykladylar
Awtoulagyň guşlar tarapyndan hapalanmagy sürüjileriň aglabasynyň başyndan geçiren ýagdaýydyr. Görlüp oturylsa, bu diňe tötänlik däl eken. ABŞ-nyň Wirjiniýa ştatyndaky Alan’s Factory kompaniýasynyň barlagçylary geçiren gözlegleriniň netijesi boýunça, guşlaryň ulag saýlamagynda belli bir kanunalaýyklyk bar
25.10.2025 15:52
4.9k+
“60 sekuntda alyp gaçmak” filmindäki nusgawy Mustang Eleanor täzeden janlanýar
2025-nji ýylda meşhur “60 sekuntda alyp gaçmak” («Угнать за 60 секунд») filminiň remeýkiniň çykanyna 25 ýyl dolýar. Film Eleanor Mustang modeline hakyky meşhurlyk getirdi. Cinema Muscle Recreations kompaniýasy Eleanor GT500 atly baýramçylyk neşiriniň diňe 25 sany aýratyn nusgasyny çykaryljakdygyny mälim etdi
25.10.2025 11:56
2.5k+
Jeep Renegade önümçilikden aýryldy: onuň mirasdüşeri bolmaz
Stellantis kompaniýasy Italiýanyň Melfi şäherindäki zawodda Jeep Renegade krossoweriniň önümçiligini doly togtatdy. Kärdeşler arkalaşygynyň UGL Basilicata wekilleriniň habaryna görä, gurnama liniýasyndan soňky model düşdi we ulagyň göni ornuny tutjak täze nusga göz öňünde tutulmaýar
25.10.2025 11:50
2.3k+
Chevrolet transmissiýa näsazlygy sebäpli pikaplarynyň we furgonlarynyň bir toparyny yzyna gaýtarýar
General Motors kompaniýasy 2025–2026-njy ýyllaryň käbir Chevrolet modelleri boýunça hyzmat kampaniýasyny başlatdy. N252517790 programmasy Silverado 1500 we Colorado pikaplaryny, şeýle hem Express söwda furgonyny öz içine alýar
25.10.2025 11:46
3.7k+
Ferrari meşhur F40-dan ylham alnan ýeke-täk nusgada superkary çykardy
Ferrari markasynyň aýratyn taslamalar bölümi tarapyndan diňe bir nusgada döredilen täsin SC40 superkary tanyşdyryldy. Täze model 296 GTB platformasyna esaslanýar we meşhur Ferrari F40 modeline hormat hökmünde döredilipdir — bu onuň adynda hem, daşky görnüşiniň aýratynlyklarynda hem aýdyň görünýär
25.10.2025 11:28
4.5k+
Toyota ýetginjekler üçin iki orunlyk FT-Me elektrik ulagyny hödürledi
Toyota kompaniýasy ýetginjekler, täze sürüjiler hem-de eltip bermek hyzmatlary üçin niýetlenen iki orunlyk FT-Me elektrik ulagynyň nusgasyny hödürledi. Bu ulag kwadrisikl görnüşine degişli bolup, käbir ýurtlarda ony 14 ýaşdan başlap sürüp bolýar
25.10.2025 07:16
4k+
Toyota tebigatda işjeň dynç alyş üçin Corolla Cross ulagyny görkezdi
Toyota kompaniýasy SEMA amerikan sergisi üçin öz týuning taslamasyny hödürledi. Ulag üçin esas hökmünde Corolla Cross gibrid krossoweri alyndy we ol birnäçe aksessuarlaryň kömegi bilen başdangeçirmeler hem-de tebigatda işjeň dynç alyş üçin niýetlenen awtomobile öwrüldi
24.10.2025 09:47
7.2k+
Toyota iň kiçi Land Cruiser ulagyny hödürledi
Toyota kompaniýasy Ýaponiýada Land Cruiser hatarynda täze modeli – FJ indeksli ykjam SUV ulagyny hödürledi. Onuň üçin at üç ýyl ozal önümçilikden aýrylan ulagdan alyndy. Awtoulag hataryň uly wekilleriniň dogumly keşbini saklady, ýöne göwrüm taýdan has kiçi boldy: uzynlygy – 4575 mm, ini – 1855 mm, beýikligi – 1960 mm, teker bazasy bolsa – 2580 mm bolup, bu Prado-dan 270 mm gysgadyr
24.10.2025 09:42
1.7k+
Mercedes-AMG premium goşar sagatlarynyň täze kolleksiýasyny hödürledi
Mercedes-AMG kompaniýasy Mercedes-AMG brendi bilen goşar sagatlarynyň täze hataryny hödürledi. Olary markanyň resmi dilerlerinden satyn alyp bolýar. Flagman model, AMG Automatic Chronograph Business hronografynyň bahasy 2500 ýewro barabar
23.10.2025 12:33
2.6k+
Porsche kompaniýasyna onuň öňki işgäri, ozal Ferrari bilen McLaren-de işlän hünärmen ýolbaşçylyk eder
Porsche AG-yň Synçylar geňeşi täze baş direktor hökmünde kompaniýada ozal ýokary wezipeleri eýelän Mihael Leýtersi belledi. Ol 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwarynda wezipä girişer. Ondan öňki ýolbaşçy, soňky on ýylyň dowamynda premium brende ýolbaşçylyk eden Oliwer Blýume tutuş Volkswagen toparynyň baş direktory wezipesini saklap galar
23.10.2025 10:07
1.8k+
Xiaomi Nýurburgring ýolunda täze YU7 GT elektrokrossoweriniň soňky synagyny geçirýär
Xiaomi kompaniýasy meşhur Nýurburgring ýolunda täze YU7 GT elektrik krossoweriniň soňky synaglaryny geçirýär. Ulagyň prototipi doly taýýar kuzowda görkezildi — bu bolsa köpçülikleýin önümçiligiň ýakyn wagtda başlanjakdygyny görkezýär
23.10.2025 10:04
3.2k+
Toyota Crown Kluger 2026 – täze tehnologiýaly krossower tanyşdyryldy
Toyota kompaniýasy Hytaýda Crown Kluger 2026 krossoweriniň täze neslini tanyşdyrdy. Modeliň bahasy 40 000 – 46 500 dollar aralygynda bolar. Täze krossower alyjylara iki görnüşde hödürlener: 2,0 litrlik benzinli hereketlendiriji, 2,5 litrlik gibrid ulgam bilen enjamlaşdyrylan wersiýalar
23.10.2025 10:00
2.3k+
Nissan Teana — Huawei sanly kokpiti bilen enjamlaşdyrylan ilkinji benzinli awtoulag bolar
Nissan kompaniýasy Hytaý bazary üçin niýetlenen täzelenen Teana sedanyny tanyşdyrdy. Öndüriji täze modeliň Huawei sanly kokpiti bilen enjamlaşdyrylan ilkinji adaty benzinli awtoulag boljakdygyny aýtdy. Mundan ozal bu tehnologiýa diňe elektrik we gibrid ulaglarynda ulanylýardy
22.10.2025 20:17
3.8k+
ABŞ-da elektromobillere berilýän subsidiýalaryň ýatyrylmagy sebäpli GM 1,6 milliard dollar ýitirer
General Motors konserni ABŞ-da elektrik ulaglaryny satyn almak üçin 30-njy sentýabra çenli güýji bar bolan federal salgyt ýeňillikleriniň ýatyrylmagy netijesinde, takmynan 1,6 milliard dollar ýitgi çeker diýip çaklaýar
22.10.2025 19:57
3.9k+
Toyota-nyň we Honda-nyň bölek şaýlary bambukdan we ýumurtga gabygyndan ýasalyp başlanar
Toyota we Honda kompaniýalarynyň bölek şaýlaryny öndürijiler önümçilik zynjyrlaryny ekologiýa taýdan has arassa etmek maksady bilen biomateriallar bilen synag geçirip başladylar. Ulanylmagy öwrenilýän materiallaryň arasynda bambuk süýümi we ýumurtga gabygy bar diýip, Nikkei Asia habar berýär
21.10.2025 16:12
5.1k+
Hytaýda kislorod işläp çykarýan krossower döredildi
Hytaýyň Leapmotor kompaniýasy içerki bazarda täze D19 krossowerini hödürledi. Modeliň esasy aýratynlygy daglyk sebitlerde gezelenç wagty ulanmak üçin niýetlenen kislorod generatorynyň bolmagydyr. Onuň öndürijiligi minutda 8 litre barabar
21.10.2025 16:08
4.6k+
Ýewropada täze Toyota RAV4-üň satuwy başlady: bahalar 42,8 müň ýewrodan başlaýar
Ýewropada täze, altynjy nesil Toyota RAV4 ulagynyň satuwy başlandy. Esasy wersiýa üçin baha 42,8 müň ýewrodan başlaýar. Italiýada bolsa ony aýda 299 ýewro töleg bilen satyn alyp bolýar. Model täze dizaýna eýe boldy: uly radiator gözenegi, C şekilli faralar, kuzowyň relýef gapdallary we 20 dýuýmlyk tigir diskleri
21.10.2025 12:03
5.9k+
Islegiň peselmegi barada gürrüňem ýok: elektromobilleriň we gibridleriň global satuwy rekord derejä ýetdi
Sentýabr aýynda elektrik awtoulaglarynyň we plug-in gibridleriň dünýä boýunça satuwy geçen ýylyň degişli aýy bilen deňeşdirilende 26% ýokarlanyp, rekord derejede — 2,1 million birlige ýetdi diýip, Reuters habarlar gullugy Rho Motion barlag kompaniýasynyň maglumatlaryna salgylanyp habar berýär
20.10.2025 18:10
17k+
Jetour Zongheng G700 ulagy Ýanszy derýasyny ýüzüp geçdi
Chery kompaniýasynyň suwda ýüzýän Jetour Zongheng G700 ulagy Ýanszy derýasyny özbaşdak kesip geçen ilkinji awtomobil hökmünde taryha girdi. Ulag iki kenaryň arasyndaky 1480 metr aralygy geçip, munuň üçin 22 minut sarp etdi diýip, CarNewsChina habar berýär
20.10.2025 17:47
7.2k+
Ferrari awtomobiliň duran ýerinden bat almagynyň üýtgeşik usulyny tapdy
Ferrari kompaniýasy awtomobil duran ýerinden hereket edip başlanda, hereketlendirijiniň kuwwatyny dogry paýlaýan funksiýanyň – Launch Control ulgamyny işjeňleşdirmegiň üýtgeşik usulyna patent almak üçin arza berdi
20.10.2025 17:40
7.9k+
Ford ulaglary ýel goýberen tekerlerini domkratsyz özbaşdak çalşyp biler
Ford kompaniýasy ýelini goýberen tekerleri anyklap, olary çalyşmaga kömek etjek ulgam üçin patent almaga arza berdi. 0319733 belgili arza 2024-nji ýylyň ýazynda tabşyryldy, ýöne diňe häzir çap edildi. Ulgam tekerde basyşyň pese gaçandygyny hasaba alýan sensorlary ulanýar
20.10.2025 17:23
3.6k+
Yamaha özi hereket edýän we adamyň hereketlerine düşünýän motosikli döretdi
Yamaha kompaniýasy Motodroid 2 konseptini hödürledi. Bu deňagramlylygy saklap, adamyň kömegi bolmazdan hereket edip, sürüjisiz ýöräp bilýän motosikldir. Model özbaşdak aýaga durup, ony ýygnap bilýär, şeýle-de adama motosikliň üstünde dik, ýarym ýatan ýaly dürli ýagdaýda oturmaga mümkinçilik berýär
20.10.2025 11:00
3.2k+
Mitsubishi indiki ýyl täze Outlander-iň çykjakdygyny tassyklady
Mitsubishi ýapon awtokonserniniň Demirgazyk Amerikadaky bölümi 2026-njy ýylda meşhur Outlander krossoweriniň doly täze, hakykatdan-da ýolsuz ýerlere niýetlenen görnüşini hödürlejekdigini tassyklaýardy. 2025-nji ýylda çykarylan Outlander Trail Edition modelinden soň, kompaniýa indiki ädim hökmünde doly wnedorožnik mümkinçiliklerine eýe bolan täze modifikasiýany döretmek kararyna geldi
20.10.2025 10:43
2.2k+
Chevrolet Tahoe 2026-da üçünji hatar oturgyçlary aýyrmak funksiýasy peýda boldy
General Motors 2026-njy ýylyň Chevrolet Tahoe kysymly ulagynyň korporatiw wersiýasy üçin täze konfigurasiýany hödürledi. Indi korporatiw müşderiler üçin niýetlenen Commercial (1FL) komplektasiýasynda RPO ATD kody bilen üçünji hataryň oturgyçlaryny aýyrmak funksiýasy elýeterli boldy
20.10.2025 10:29
6.1k+
Mercedes-Benz mahmal salonly we Gün panellerinden ýasalan kaşaň kupesini görkezdi
Mercedes-Benz häzirki zaman tehnologiýalaryny nusgawy bezeg elementleri bilen sazlaşdyrýan täze konseptual kupesini — Vision Iconic modelini görkezdi. Bu ulag synag platformasy bolmak bilen bir hatarda brendiň taryhy awtoulaglaryna hormat hökmünde hem döredildi
20.10.2025 10:09
2k+
Ford ABŞ-da kemer bilen bagly näsazlyk sebäpli tas 625 müň ulagy yzyna gaýtarýar
Ford amerikan awtoöndürijisi ABŞ-da tas 625 müň ulagyň yzyna gaýtarylýandygyny habar berdi. Munuň sebäbi howpsuzlyk kemeriniň we yzyny görkezýän kameranyň monitorynyň işindäki näsazlyk boldy diýip, ABŞ-nyň Ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça milli edarasyna (NHTSA) salgylanyp, Reuters habar berýär
18.10.2025 23:02
3.6k+
Volkswagen kompaniýasy Touareg krossoweriniň hoşlaşyk wersiýasyny çykarýar
Volkswagen kompaniýasy 2026-njy ýylda Touareg krossowerini çykarmagy bes edýändigini mälim etdi. Bu waka mynasybetli brend modeliň hoşlaşyk wersiýasyny – Final Edition-y hödürledi. Adaty wersiýalardan tapawutlylykda
18.10.2025 12:47
3.6k+
Mitsubishi Tokioda syýahat üçin gibrid krossower-kemperini görkezer
Mitsubishi kompaniýasy 29-njy oktýabrda Tokioda açyljak Japan Mobility Show sergisinde täze konseptiniň premýerasyna taýýarlanýar. Öndüriji asfaltsyz ýollardan uzakda syýahat etmek we şol bir wagtyň özünde-de ýaşamak üçin döredilen synag awtomobilini, ähtimal, krossowerini görkezer
18.10.2025 07:03
8.5k+
Toyota dünýäniň iň gymmat awtomobil brendi diýlip ykrar edildi
Interbrand konsalting kompaniýasy dünýä brendleriniň bahasynyň ýyllyk reýtingini hödürledi. Iň gymmat awtomobil brendi ýene-de Toyota boldy, ol umumy reýtingde altynjy orny eýeledi. Ýapon awtoulag ägirdi diňe iri IT kompaniýalaryndan yza galdy
18.10.2025 06:59
2.5k+
Porsche meşhur sportkarlaryň stilinde hojalyk enjamlarynyň kolleksiýasyny hödürledi
Porsche kompaniýasy SMEG italýan brendi bilen bilelikde döredilen hojalyk enjamlarynyň täze kolleksiýasyny hödürledi. Oňa hem çäkli çykaryljak eksklýuziw modeller, hem köpçülige elýeterli boljak enjamlar girdi
17.10.2025 20:21
4.5k+
Toyota kompaniýasy Century-ny Lexus-dan ýokary premium brend etmegi meýilleşdirýär
Toyota konserni öz brend ulgamynda Century brendiniň ornuny takyk kesgitlemek isleýär. Kompaniýanyň ýolbaşçysy Akio Toýoda Century-nyň geljekde Toyota-nyň flagmany bolup, Lexus-dan ýokarda durjakdygyny aýtdy. Century hatarynyň haçan giňeldilip başlanjakdygy entek belli däl
17.10.2025 17:14
5.3k+
Iň soňky Volvo V90, önümçilikden aýrylandan soň, muzeýe iberildi
Şwesiýanyň Volvo kompaniýasynyň Gýoteborgdaky zawodynyň gurnama hataryndan iň soňky V90 uniwersaly düşdi. Bu awtoulag satylmaz — ol kompaniýanyň muzeýinde hemişelik ýerleşdiriler. Volvo-nyň bellemegine görä, bu modeli öndürmegiň bes edilmegi islegiň azalmagy bilen däl-de, kompaniýanyň global önümçilik strategiýasynyň täzelenmegi bilen baglydyr
17.10.2025 16:55
3.7k+
Yamaha doly dolandyrylýan şassili trisikl döretdi
Ýaponiýanyň Yamaha kompaniýasy üç tigirli Tricera ulagynyň täzelenen görnüşini hödürledi. Täze modeliň esasy aýratynlygy — üç tigriniň ählisiniň hem dolandyrylmagyny üpjün edýän ulgamdyr. Prototip şu aýyň ahyrynda Tokioda geçiriljek Japan Mobility Show sergisinde ilkinji gezek görkeziler
17.10.2025 12:16
6.3k+
Audi meşhur “Gelendwagen” bilen bäsleşip biljek ulagyny taýýarlamaga girişdi
Mercedes-Benz G-Class 1970-nji ýyllaryň ahyryndan bäri elli ýyla golaý wagt bäri nemes awtoulag stiliniň nyşany bolup galýar. BMW-niň X5 we XM ýaly modelleri bar, emma hakyky “Gelendwageniň” bäsdeşi häzire çenli döredilmedi
17.10.2025 00:22
3.8k+
GM wodorod ulaglarynyň eýýamyny tamamlaýar: esasy ugur elektromobiller boldy
General Motors wodorod ýangyç elementleriniň üstünde işlemegini bes edýändigini resmi taýdan yglan edip, köpýyllyk HYDROTEC maksatnamasyny tamamlady. Munuň deregine kompaniýa batareýa tehnologiýalaryny ösdürmäge we elektromobil hataryny giňeltmäge ünsi jemlär
16.10.2025 23:07
4k+
Jeep täzelenen Grand Wagoneer 2026 ulagyny hödürledi
Jeep 2026-njy ýylyň Grand Wagoneer ulagyny hödürledi. Ýolsuz ýerden ýöreýän bu ulag nusgawy amerikan stilini döwrebap tehnologiýalar we gibrid ulgam bilen utgaşdyrýar. Täze nesil Wagoneer bilen Grand Wagoneer modellerini düýbünden täze dizaýna we giňeldilen mümkinçiliklere eýe bolan bir awtomobile birleşdirýär
16.10.2025 09:20
2.6k+
Ford ilkinji gezek şahsy kolleksiýasyndan awtomobil satar
Ford Motor kompaniýasy taryhynda ilkinji gezek öz kolleksiýasyndaky awtomobilleriň birini satmak kararyna geldi. 18-nji oktýabrda geçiriljek Barrett-Jackson auksionyna 2006-njy ýylyň 3-nji belgili Ford GT Heritage Edition modeli çykarylar
16.10.2025 09:14
2.9k+
Nvidia kompaniýasy Porsche 911-iň tekerini kuwwatly oýun kompýuterine öwürdi
Nvidia kompaniýasy JCustom modderi bilen bilelikde gönüden-göni Porsche 911 superkarynyň tigirine oturdylan özboluşly oýun kompýuterini hödürledi. Kompýuteri işletmek üçin hakyky awtomobil brelogy ulanylýar, suw blogunda bolsa ulagyň kiçijik nusgasy oturdyldy
16.10.2025 09:13
3k+
Meksikadaky BMW zawody 6 ýylda ýarym million awtomobil görkezijisine ýetdi
BMW-niň Meksikanyň San-Luis-Potosi şäherindäki zawody möhüm sepgide ýetdi – konweýerden ýarym millionynjy awtomobil çykdy. Bu üstünlik zawod resmi taýdan açylandan bary-ýogy alty ýyldan soň gazanyldy. Ýubileý awtomobil M2 modeli üçin eksklýuziw bolan mahmal-gök reňkli BMW M2 CS boldy
15.10.2025 15:32
12k+
Toyota 2025-nji ýylda çykan 50 müňden gowrak Sienna ulagyny yzyna gaýtarýar
Toyota kompaniýasy 2025-nji ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda öndürilen Sienna Hybrid awtoulaglaryny meýletin yzyna çagyrýandygyny mälim etdi. Öndüriji ikinji hataryň oturgyçlarynyň relsleri bilen baglanyşykly mümkin bolan meseläni ýüze çykardy, diýip Carscoops ýazýar
«
1
…
16
17
18
…
86
»
«
1
…
13
14
15
16
17
18
19
20
21
…
86
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.