Toyota Crown Kluger 2026 – täze tehnologiýaly krossower tanyşdyryldy

23.10.2025, 10:043,243
1 / 3

Toyota kompaniýasy Hytaýda Crown Kluger 2026 krossoweriniň täze neslini tanyşdyrdy. Modeliň bahasy 40 000 – 46 500 dollar aralygynda bolar.

Täze krossower alyjylara iki görnüşde hödürlener:

  • 2,0 litrlik benzinli hereketlendiriji,
  • 2,5 litrlik gibrid ulgam bilen enjamlaşdyrylan wersiýalar.

Alyjylar, şeýle hem, öň tekerleri ýa-da ähli tekerli hereketli görnüşini saýlap bilerler.
Salon häzirki zaman tehnologiýalary bilen baýlaşdyrylypdyr:

  • 15,6 dýuýmlyk merkezi dolandyryş ekrany, ýüz tanaýyş funksiýasy bilen,
  • “dury şassi” ulgamy — aşakdaky kameranyň üsti bilen ýol ýagdaýyny görkezýär,
  • ýokary durulykdaky yzy görüş kamerasy,
  • sesi basýan yzky aýna,
  • 50W-lyk simsiz zarýad beriji,
  • 64 reňkli LED gurşaw yşyklandyryşy.

Ölçegleri:

  • Uzynlygy – 5015 mm,
  • Ini – 1930 mm,
  • Beýikligi – 1750 mm,
  • Teker bazasy – 2850 mm.

2,0 litrlik wersiýa:

  • Kuwwaty – 182 kWt,
  • Torky – 380 Nm,
  • 8 tizlikli awtomatiki geçiriş,
  • häzirki zaman ähli tekerli hereket ulgamy.

2,5 litrlik gibrid wersiýa:

  • Kuwwaty – 181 kWt,
  • Elýeterli görnüşler: öň tigirli ýa-da ähli tigirli,
  • Geçirişi – E-CVT (ýzygiderli üýtgeýän).

Täze Crown Kluger özüniň kuwwatly hereketlendirijileri, ýokary derejeli rahatlygy we akylly tehnologiýalary bilen Hytaý bazarynda möhüm orun eýelär diýlip garaşylýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.