Meksikadaky BMW zawody 6 ýylda ýarym million awtomobil görkezijisine ýetdi

16.10.2025, 04:133,008

BMW-niň Meksikanyň San-Luis-Potosi şäherindäki zawody möhüm sepgide ýetdi – konweýerden ýarym millionynjy awtomobil çykdy. Bu üstünlik zawod resmi taýdan açylandan bary-ýogy alty ýyldan soň gazanyldy.

Ýubileý awtomobil M2 modeli üçin eksklýuziw bolan mahmal-gök reňkli BMW M2 CS boldy. Kupeniň çäkli seriýasy 2024-nji ýylyň awgustynda M2 Racing bilen bilelikde çykaryldy. BMW yzygiderli önümçilikden öň M2 CS prototipini Nýurburgring ýolunda synagdan geçirdi. Bu ýerde ol ykjam önümçilik awtomobilleriniň arasynda rekord wagty görkezdi.
San-Luis-Potosidäki BMW zawody 2019-njy ýylyň iýunynda 3-nji seriýanyň sedanlarynyň önümçiligi bilen işläp başlady. 2021-nji ýylyň sentýabrynda assortimente 2-nji seriýanyň kupesi, 2022-nji ýylyň dekabrynda bolsa hatara ýokary öndürijilikli M2 modeli goşuldy.
Umuman, zawod alty ýylyň dowamynda BMW üçin möhüm merkeze öwrülip, hem adaty modelleri, hem ýokary öndürijilikli eksklýuziw modelleri ýola goýdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.