Saýlanan şäher
26 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Awto
Baş sahypa
/
Habarlar
/
Awto
29.07.2025 12:13
8.5k+
Toyota kompaniýasy Supra 2027-ni çykarmakda BMW bilen hyzmatdaşlygyny bes edýär
Toyota kompaniýasy Supra modeliniň indiki neslini işläp taýýarlamakda BMW bilen hyzmatdaşlygyny bes eder. Bu barada Best Car ýapon neşiri habar berdi. 2027-nji ýylyň täze GR Supra modeli doly derejede ýapon üpjünçiligine
29.07.2025 12:09
4.3k+
BYD Galaxy Watch akylly sagatlaryny öz ulaglary üçin açar edip ulanar ýaly etdi
Hytaýyň BYD awtoulag öndürijisi hytaý brendleriniň içinde ilkinji bolup Samsung Galaxy Watch akylly sagatlarynda sanly düwmelere goldawy ornaşdyrdy. NFC tehnologiýasyny ulanýan bu funksiýa häzirlikçe diňe Hytaýda bar, ýöne geljekde beýleki bazarlarda hem peýda bolup biler diýip Sammobile ýazýar
29.07.2025 12:03
6.5k+
Rolls-Royce gadymy Dunhuana gaýa suratlarynyň stilinde üç awtoulag döretdi
Rolls-Royce kompaniýasy özüniň Bespoke atelýesinde gadymy Dunhuana freskleriniň stilinde bezelen üç sany - Phantom, Cullinan we Spectre awtoulaglaryny görkezdi. Müň ýyldanam gowrak ozal döredilen bu gaýa suratlary buddizm sungatyny şöhlelendirýär we Merkezi Aziýanyň taryhy hem-de medeniýeti barada gymmatly maglumat çeşmesi hasaplanýar
28.07.2025 19:03
4.5k+
Xiaomi awtomobili daşyndan ses arkaly dolandyrmak ulgamyny patentledi
Xiaomi awtomobili daşyndan ses arkaly dolandyrmaga mümkinçilik berýän tehnologiýa üçin patent arzasyny berdi. Patent 25-nji iýulda Hytaýda neşir edildi. Onda hatda galmagalyň arasynda awtomobiliň salonyndan daşary aýdylýan ses buýruklaryny tanaýan ulgam barada beýan edilýär
28.07.2025 14:53
7.8k+
Toyota ABŞ-nyň bazary üçin Corolla we Corolla Hybrid sedanlaryny täzeledi
Amerikan bazary üçin 2026-njy ýylyň Toyota model hatarynda Corolla we Corolla Hybrid sedanlarynyň kämilleşdirilen görnüşleri peýda boldy. Modelleriň ikisi-de täzelenen üpjünçilige, täze howpsuzlyk ulgamlaryna we birneme ýokary bahalara eýe boldy
28.07.2025 13:49
5.2k+
Honda Aýrton Sennanyň F-1-de çykyş eden ulagyna oturdylan soňky V10-ny auksiona çykarar
Honda Racing awgust aýynda braziliýaly ýaryş sürüjisi Aýrton Senanyň Formula 1 awtoulagynda ulanylan iň soňky V10 hereketlendirijisini Kaliforniýanyň Bonhams auksionyna çykarar. 3,5 litrlik RA100E hereketlendirijisi 1990-njy ýylda Ýaponiýanyň we Awstraliýanyň Gran-prisinde MakLaren-Honda MP4 / 5B -de ulanyldy
28.07.2025 13:47
4.4k+
Toyota Indoneziýada bZ4X elektrokrossoweriniň önümçiligine başlar
Toyota kompaniýasy Indoneziýada täzelenen bZ4X elektrik krossoweriniň ýerli önümçiliginiň başlandygyny habar berdi. Bu barada GIIAS 2025 awtoulag sergisinde öndürijiniň wekilleri habar berdiler. Bu markanyň ýurtda ýygnalýan ilkinji elektrik ulagy bolar
27.07.2025 19:54
3.9k+
Porsche 911 modeliniň iň güýçli ýol wersiýasyny taýýarlaýar. Ol eýýämden Nýurburgringi eýmendirýär
Porsche 911-iň 2027-nji ýylda satuwa çykaryljak täze GT2 RS wersiýasynyň synaglaryny tamamlaýar. Nýurburgringde alnan suratlarda onuň ýaryş awtoulagyna ýakyndygy, ýöne jemgyýetçilik ýollary üçin hem amatly ulagdygy görünýär
26.07.2025 17:49
4.5k+
Mercedes özüniň esasy C-Class Estate uniwersalyny gaýtadan işlemäge taýýarlanýar
Mersedes-Benz C-Class Estate uniwersalyny gaýtadan işlemäge taýýarlanýar. Modeliň ilkinji çykyşy 2026-njy ýylyň ortalaryna meýilleşdirilýär. Häzirki wagtda ol Günorta Ýewropada synagdan geçýär. Ogryn düşürilen suratlar awtoulagyň dizaýnyna, tehnologiýasyna we gibrid ulgamlaryna üýtgeşmeleriň girizilendigini görkezýär
26.07.2025 17:44
5.4k+
GM ulaglaryna sürüjiniň keýpini duýmagy we interýeri şoňa görä sazlamagy öwreder
General Motors sürüjiniň ýa-da ýolagçylaryň emosional ýagdaýyny tanaýan we awtoulagyň içini şoňa sazlaýan tehnologiýany patentledi. Ulgam keýpiňi seljermek üçin kameralary, mikrofonlary, ýüregiň urşunyň sensorlaryny we dem alşy duýýan datçiklerini ulanýar
26.07.2025 12:03
4.8k+
Toyota meşhur RAV4-i üçin uly täzelenme taýýarlaýar
Toyota 2024-nji ýylda ABŞ-da iň köp satylan iň meşhur RAV4 krossoweri üçin möhüm täzelenme taýýarlaýar. ABŞ-ly dilerleriň bellemegine görä, modeliň täze nesli 2026-njy ýylda peýda bolar we kuwwaty 320 at güýjüne deň we ýöreýiş ätiýaçlygy 80 km çenli bolan elektrik gibrid we elektrik görnüşlerini (HEV we PHEV) hödürlär
25.07.2025 11:46
5.9k+
Nissan hereketlendirijiniň kemçilikleri sebäpli 444 müňe golaý ulagyny yzyna çagyrýar
ABŞ-nyň Milli ýol hereketiniň howpsuzlygy dolandyryş gullugy (NHTSA) 12 sany ýangyn ýa-da heläkçilik ýaly VC-Turbo hereketlendirijisi bilen baglanyşykly 1900 hadysanyň üstüni açdy. Bu üýtgeýän gysyşly hereketlendirijiler 2019-2024-nji ýyllar aralygynda öndürilen Nissan Rogue-de, Altima-da, Infiniti QX50-de we QX55-de oturdyldy
25.07.2025 11:42
19k+
Millionlarça dollarlyk seýrek RUF CTR sport awtoulagy ewakuatordan gaçyrdylar
San-Fransiskoda daşaýyş wagtynda Porsche 911-iň binýadynda gurlan seýrek RUF CTR sport awtoulagy zaýalandy. Bu waka awtoulag ewakuatordan düşürilýärkä bolup geçdi: awtoulag aşak tigirlenip, rampadan gaçdy we yzky bamperi bilen asfalta uruldy diýip, ýerli sosial ulgamlara salgylanýan Carscoops habar berdi
25.07.2025 11:32
10k+
Toyota bahasy 64 müň dollardan başlaýan Sequoia 2026 wnedorožnigini tanyşdyrdy
Toyota 2026-njy model ýylynyň täzelenen doly derejeli Sequoia wnedorožnigini görkezdi. Esasy wersiýasynyň bahasy 1600 dollar ýokarlandy we indi 64 025 dollar boldy. Munuň öwezine model has köp premial enjamlary aldy
24.07.2025 18:16
19k+
ABŞ we Ýaponiýa ýapon awtoulaglaryna hem-de beýleki harytlara salynýan paçlary azaltmak barada ylalaşdylar
ABŞ bilen Ýaponiýa käbir ýapon harytlaryna, şol sanda awtoulaglara gümrük paçlaryny azaltmagy göz öňünde tutýan nyrh syýasatyny üýtgetmek barada ylalaşyk gazandy. Muny ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp özüniň Truth Social sosial ulgamynda yglan etdi we bu şertnamany ýurtlaryň arasyndaky “taryhda iň uly” şertnama diýip atlandyrdy
24.07.2025 17:56
12k+
Jeep, Peugeot we Chrysler ulaglarynyň öndürijisi birinji ýarym ýylda 2,3 milliard ýewro ýitgi barada habar berdi
Stellantis 2025-nji ýylyň birinji ýarymynda 2,3 milliard ýewro arassa ýitgi çekdi. Bu barada awtoulag öndürijisiniň deslapky ýarym ýyllyk hasabatynda aýdylýar. Çap edilen maglumatlara görä, hasabat döwrüniň arassa girdejisi, bir ýyl ozalky 85 milliard ýewro bilen deňeşdirilende, 74,3 milliard ýewro boldy
24.07.2025 17:42
7k+
Dünýäde täze ulaglara bolan isleg artýar. Ýarym ýylda 44 milliondan gowrak ulag satyldy
2025-nji ýylyň iýun aýynda dünýäde 7 731 358 sany täze ýeňil ulag we ýeňil söwda ulaglary satyldy, bu bolsa 2024-nji ýylyň iýun aýy bilen deňeşdirilende 2,1 göterim köpdür diýip, GlobalData konsalting kompaniýasynyň maglumatlaryna salgylanýan Just Auto habar berýär
24.07.2025 10:35
9.2k+
Huawei täze Luxeed R9 krossowerini synagdan geçirýär, ýöne kynçylyklar bar
Huawei-iň Chery bilen hyzmatdaşlykda döreden Luxeed R9 flagman elektrik krossoweri ilkinji gezek ýol synaglary wagtynda görüldi. Modeliň ilkinji görkezilişi noýabr aýyna meýilleşdirildi. Awtoulagyň dizaýnynda brendiň firma stili görkezilýär: ýaýbaň kapot, "Starlight" bezeg elementleri we uniwersaly ýada salýan uzap gidýän kuzow
24.07.2025 10:26
4.5k+
General Motors erbet ýol barada duýduryş ulgamyny döredýär
General Motors sürüjilere ýol şertleriniň ýaramazdygyny duýdurýan ulgam üçin patent almaga arzasyny berdi. 2023-nji ýylyň dekabrynda berlen arza US 2025/0200526 A1 belgisi bilen 2025-nji ýylyň 19-njy iýunynda köpçülige mälim boldy diýip, GM Authority habar berýär
23.07.2025 07:24
12k+
BMW X5-iň täze nesli iDrive X standart we 600 at güýçli gibrid bolar
BMW X5-iň täze neslini çykarmaga taýynlanýar. Onuň ilkinji görkezilişi 2026-njy ýylyň mart aýynda bolar, satuwlar güýzde başlar. Bäşinji nesil modeliň taryhynda tehnologik taýdan iň öseni bolar diýip, Motor.es habar berýär
22.07.2025 19:43
7.3k+
Volkswagen-iň “Land Cruiser-ine” sargyt kabul edilip başlandy
Hytaýda FAW-Volkswagen kompaniýasynyň “öz Land Cruiser-i” hökmünde görkezýän täze Talagon ulagyna sargyt kabul edilip başlandy. Ýolsuz ýerden ýöreýän bu model brendiň uly SUV-laryň segmentine gaýdyp gelmek boýunça strategiýasynyň bir bölegi boldy
21.07.2025 19:15
6.9k+
Tesla her 1,5 minutda bir Model 3 satýar. Eýýäm 3 mln ulag satyldy
Tesla täze sepgide ýetendigini habar berdi: ilkinji gezek hödürlenenden bäri 7 ýylyň dowamynda bütin dünýäde 3 mln Model 3 awtomobili satyldy. Kompaniýanyň wekilleriniň aýtmagyna görä, “ortaça her 1,5 minutda bir ulag satylýar” – diýip, Autohome ýazýar
21.07.2025 18:30
5.8k+
BMW 108 ýyllygyny belleýär
2025-nji ýylyň 21-nji iýulynda BMW-niň döredilenine 108 ýyl bolýar – kompaniýa 1917-nji ýylda Bayerische Motoren Werke ady bilen hasaba alyndy. Häzirki günde BMW brendi kämilligiň, ýokary derejäniň we sürmekden lezzetiň nyşany bolmagynda galýar
21.07.2025 13:54
4.8k+
Pirelli täze tekerleriniň çykmagy mynasybetli Gudwudda superkarlaryň dabaraly ýörişini geçirdi
Pirelli kompaniýasy P Zero şinalarynyň bäşinji nesliniň ilkinji çykyşynyň we asyl modeliniň 40 ýyllygyny mynasybetli Gudwudda geçen Tizlik festiwalynda superkarlaryň dabaraly ýörişini geçirdi. Ýörişden geçen awtoulaglaryň umumy kuwwatynyň 10 000 at güýjünden ybarat bolandygy habar berildi
20.07.2025 17:49
5.6k+
Porsche-niň güýç gurluşy oturdylan kater Monakodaky ýaryşda tizlik rekordyny goýdy
Frauscher x Porsche 850 Fantom spidboty Monakoda geçen Energy Boat Challenge ýaryşynda täze tizlik rekordyny goýdy . “Açyk deňiz” synpynda ol 49,84 uzel tizlige çykdy, bu sagatda 92,3 kilometre barabardyr. Bu ýaryşyň taryhynda iň ýokary görkezijidir
20.07.2025 17:41
3.9k+
Xiaomi YU7 elektromobiliniň hakyky ýol ätiýaçlygy aýdylyşyndan üçden bir esse az bolup çykdy
Max wersiýasyndaky Xiaomi YU7 2026 elektrik krossoweri bir zarýadda 492 kilometr ýol geçdi, ýagny bu resmi taýdan yglan edilen görkezijiden 258 km az boldy. Şeýle maglumaty, modeliň garaşsyz synaglarynyň netijelerine esaslanyp, Hytaýyň Sohu neşiri habar berdi
20.07.2025 14:24
5.3k+
Ford Hytaýda Bronco-nyň adaty bolmadyk has uly görnüşini çykarar
Ford kompaniýasy Bronco modeliniň dünýä bazaryna hödürlenen ähli wersiýalaryndan tapawutlanýan, üýtgedilen görnüşini Hytaý bazaryna çykarmaga taýýarlanýar. Täze model Jiangling Ford bilelikdäki kärhanasy tarapyndan işlenip düzüldi we gibrid hem-de doly elektrik görnüşinde hödürlener
19.07.2025 14:20
6.6k+
Täze BMW Neue Klasse Hytaýda ýerli Momenta-dan awtopilot alar
BMW konserni Hytaýyň şertlerine uýgunlaşdyrylan elektrik ulaglary bolan Neue Klasse maşgalasy üçin ýarym awtonom dolandyryş ulgamyny işläp taýýarlajak Hytaýyň Momenta başlangyjy bilen şertnama baglaşdy. Hytaýda modelleriň satuwy 2026-njy ýylda başlamaly diýip, Tencent News neşiri habar berýär
19.07.2025 07:16
6.9k+
“Tokio driftinden” mämişi-gara Mazda RX-7 1,2 mln dollara satyldy
“The Fast and the Furious: Tokyo Drift” (Тройной форсаж: Токийский дрифт) filminden meşhur Mazda RX-7 Gudwuddaky Tizlik festiwalynyň çäklerinde geçirilen Bonhams auksionynda satyldy. Ahyrky baha 911 müň funt sterling – takmynan, 1,2 mln dollar boldy
19.07.2025 06:33
4.5k+
Mitsubishi maşgala we syýahat üçin ýedi orunlyk Destinator krossowerini döretdi
Mitsubishi kompaniýasy ýedi orunlyk täze Destinator krossowerini hödürledi. Tanyşdyryş Indoneziýadaky GAIKINDO halkara awtoulag sergi jaýynda geçirildi. Bu model Günorta-Gündogar Aziýanyň, Ýakyn Gündogaryň we Afrikanyň bazarlary üçin niýetlenendir we uly maşgalalaryň isleglerini kanagatlandyrmak üçin işlenip taýýarlandy
19.07.2025 06:28
3k+
Mersedes-Benz awtoulag hereketdekä wideo jaňlary etmäge rugsat berer
Mersedes-Benz kompaniýasy Microsoft Teams-iň üsti bilen awtoulagy togtatmazdan, wideo jaňlary etmäge mümkinçilik berýän funksiýanyň girizilendigini habar berdi. Bu täzelik nemes awtoulag öndürijisini ulag hereketdekä wideo jaňlary etmek üçin oturdylan kamera bilen ilkinji bolup üpjün edýän öndürijä öwürýär
18.07.2025 19:21
5.4k+
Täzelenen Kia Sorento täze opsiýalary aldy, has "akylly" we ygtybarly ulaga öwrüldi
Kia kompaniýasy Günorta Koreýada täzelenen 2026 Sorento krossoweri bilen tanyşdyrdy. Indi modeliň esasy toplumy Lane Keeping Assist 2 we ruluň tutawajyny dolandyrmak ulgamlaryny öz içine alýar. Şeýlelikde, sürüjä giňeldilen kömek funksiýalary ulagyň ähli wersiýalarynda elýeterli boldy
18.07.2025 12:31
2.3k+
Hyundai öz awtoulaglarynyň nawigasiýasyna Google Places hyzmatyny ornaşdyrdy
Hyundai ccNC multimediýa ulgamyna Google Places hyzmatyny birleşdirdi. Täzelenme häzirki wagtda Konany hem öz içine almak bilen, Santa Fe-niň we Tucson-nyň täze nesilleri, şeýle hem Ioniq 5, Ioniq 5 N we geljekki Ioniq 9 ýaly iň täze programma üpjünçiligi bolan modeller üçin elýeterlidir
18.07.2025 12:20
8.2k+
Nissan elektrik awtoulaglarynyň ýerine täze ramly ulaglary çykarar
Nissan ABŞ-nyň Missisipi ştatynyň Kanton şäherindäki zawodynda elektrik ulaglarynyň önümçiligini bes edip, birbada birnäçe ramly modeliň önümçiligini ýola goýmagy meýilleşdirýär. Kompaniýa elektrikli awtoulaglara bolan gyzyklanmanyň azalmagy, täze gümrük paçlarynyň girizilmegi we ABŞ-da elektrik awtoulaglaryny satyn almak üçin subsidiýalaryň ýatyrylmagy sebäpli strategiýasyny üýtgetmek kararyna geldi
18.07.2025 06:54
8.3k+
Renault Fransiýanyň Prezidenti üçin sowutlanan krossower döretdi
Renault kompaniýasy Rafale Hyper Hybrid E-Tech krossoweriniň Fransiýanyň Prezidenti üçin döredilen ýörite görnüşini hödürledi. Awtomobiliň ýeke-täk nusgasy sowutlanan kuzowa, uzaldylan teker bazasyna we aýratyn bezege eýe boldy
17.07.2025 14:32
3k+
Dünýäde elektromobil satuwy birinji ýarymýyllykda 28% ýokarlandy
2025-nji ýylyň ilkinji alty aýynda bütin dünýäde 9,1 mln elektromobil satyldy we bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 28% köpdür. Şeýle maglumatlary Rho Motion analitikleri berýär. Hytaý satuwy 32% – 5,5 mln elektromobile çenli ýokarlandyryp, iň uly dünýä bazary adyny saklady
15.07.2025 13:48
4k+
Range Rover ilkinji gezek logotip edindi
Range Rover 1970-nji ýyllarda döredilenden bäri ilkinji gezek öz logotipi bilen tanyşdyrdy. Dikligine deňleşdirilen altynsow reňkli R harpy görnüşindäki täze nyşan awtoulaglardaky däp bolan nyşanyň ornuny tutmasa-da, brendiň wizual stiliniň elementine öwrüler
15.07.2025 13:43
3.3k+
Lanzante McLareniň Le-Mandaky ýeňşiniň hormatyna üç orunlyk 95-59 superkaryny çykardy
Lanzante kompaniýasy 1995-nji ýyldaky “Le-Manyň 24 sagady” ýaryşynda McLaren-iň ýeňşiniň 30 ýyllygynyň hormatyna döredilen üç orunlyk 95-59 superkaryny görkezdi. Bu model hersiniň bahasy 1 million funt sterling bolan (1,355 million dollar töweregi) 59 sany çäkli nusgada öndüriler
15.07.2025 13:21
5.6k+
Tesla Seminiň netijeliligi hakyky synaglarda barlanyp görüldi
ArcBest logistika kompaniýasy tarapyndan geçirilen üç hepdelik synagda Tesla Semi elektrik ýük ulagy bir mile (1,6 km) 1,55 kilowat sagat energiýa sarp edýändigini görkezdi. Bu ulag 7230 kilometrden gowrak ýoly geçip, hakyky ýük daşamakda yzygiderli ulanylýardy
15.07.2025 13:03
4.1k+
Lamborghini meýilnamalaryny üýtgedip, Urus-y elektrikleşdirilmegini yza süýşürdi
Lamborghini Urus krossoweriniň elektrik çekişine geçmegi azyndan 2035-nji ýyla çenli yza süýşürilýär. Bu barada kompaniýanyň başlygy Stefan Winkelmann Autoсar-a beren interwýusynda habar berdi. Meýilnamalaryň täzeden gözden geçirilmeginiň awtoulag bazaryndaky näbellilik sebäpli ýüze çykandygyny mälim etdi
«
1
…
22
23
24
…
86
»
«
1
…
19
20
21
22
23
24
25
26
27
…
86
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.