Täze Toyota Sienta miniweni ýatylýan otaga, ofise ýa-da dynç almak üçin ýere öwrülip bilýär
09.08.2025 18:33
18k+

Täze Toyota Sienta miniweni ýatylýan otaga, ofise ýa-da dynç almak üçin ýere öwrülip bilýär

Toyota Ýaponiýada ykjam Sienta miniweniniň Juno ady bilen salonyny üýtgedip bolýan täze wersiýasyny hödürledi. Üçünji oturgyç hatarynyň deregine awtomobilde salony dürli maksatlar bilen üýtgedip gurmaga mümkinçilik berýän modul elementleri ýerleşdirildi
Nissan ýedi zawodyny ýapýar, 20 müňden gowrak işgär işden çykarylyp bilner
08.08.2025 16:29
6.1k+

Nissan ýedi zawodyny ýapýar, 20 müňden gowrak işgär işden çykarylyp bilner

Nissan Motor kompaniýasy Montini-Le-Bretonnýodaky (Fransiýa) sebit ofisiniň kärdeşler arkalaşygy bilen ştaty azaltmak barada gepleşiklere başlady. 560 töweregi adam zähmet çekýän bu ofisde kompaniýanyň Afrikadaky, Ýakyn Gündogardaky, Hindistandaky we Okeaniýadaky işleri hem dolandyrylýar
General Motors noutbuk we iýmit goýmak üçin gurlan stolly tirsekligi patentledi
07.08.2025 13:05
3.8k+

General Motors noutbuk we iýmit goýmak üçin gurlan stolly tirsekligi patentledi

General Motors kompaniýasy noutbuk, iýmit ýa-da kitap goýulýan stola öwrülip bilýän tirsekligiň gurluşyny patentledi. Patent üçin arza 2024-nji ýylyň ýanwar aýynda berildi, ýöne indi çap edildi. Resminama laýyklykda ulgam üç aýlanýan bölümden durýar
Hyundai Palisade 2026 tanyşdyryldy: Gibrid, 2,5 litrlik hereketlendiriji, ýöreýiş ätiýaçlygy 1000 km
07.08.2025 12:51
5.4k+

Hyundai Palisade 2026 tanyşdyryldy: Gibrid, 2,5 litrlik hereketlendiriji, ýöreýiş ätiýaçlygy 1000 km

Hyundai Motor Hytaý bazary üçin Palisade 2026 wnedorožnigini hödürledi. Modeliň satuwy 29-njy awgustda Çendu awtoulag sergisinde başlar. Täze model diňe 2,5 litrlik hereketlendirijiler bilen - 281 at güýçli turbo görnüşli benzinli hereketlendiriji we 334 at güýjüni öndürýän gibrid gurluş bilen elýeterlidir
Toyota ulaglarynyň bahasyny arzanlatmak üçin hytaý komponentlerini satyn alyp başlady
06.08.2025 17:57
11k+

Toyota ulaglarynyň bahasyny arzanlatmak üçin hytaý komponentlerini satyn alyp başlady

Toyota Tailanddaky zawodlarynda elektromobilleri ýygnamak üçin hytaý öndürijilerinden ulag komponentlerini satyn alyp başlady. Kompaniýa önümçilik çykdajylaryny azaltmak we bazarda bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlandyrmak üçin şeýle netijä geldi
Volkswagen iň uly Grand California ulag-öýüni täzeledi
06.08.2025 16:14
5.7k+

Volkswagen iň uly Grand California ulag-öýüni täzeledi

Volkswagen awgust aýynyň ahyrynda Germaniýanyň Dýusseldorf şäherinde geçiriljek sergide Grand California kemperiniň täzelenen görnüşini görkezmäge taýýarlanýar. Häzirlikçe öndüriji täze modeliň diňe iki suratyny çap etdi
1548 at güýçli Xiaomi SU7 Ultra jimhana stilinde peşeýär we tekerlerini tüsseledýär
06.08.2025 16:03
4.2k+

1548 at güýçli Xiaomi SU7 Ultra jimhana stilinde peşeýär we tekerlerini tüsseledýär

UPDRIFT YouTube kanaly 1548 at güýji bolan Xiaomi SU7 Ultra elektrik awtoulagyny görkezýän dokuz minutlyk wideony çykardy. Hytaýly ýaryş sürüjisi Ýe Çžiçena tarapyndan dolandyrylýan bu awtoulag “jimhana” stilindäki ýeser tilsimleri ýerine ýetirýär
Kia 2026-njy model ýylynyň täzelenen Sportage HEV ulagyny hödürledi
06.08.2025 15:51
4.8k+

Kia 2026-njy model ýylynyň täzelenen Sportage HEV ulagyny hödürledi

Kia kompaniýasy täzelenen 2026-njy model ýylynyň Sportage HEV gibrid krossowerini görkezdi. ABŞ-da awtoulagyň başlangyç bahasy 30 290 dollar, bu Ýewropa bazaryndakydan ep-esli arzan. Model sanly gurallar paneli we iki sany 12,3 dýuým ekranly ccNC Lite multimediýa ulgamy bilen enjamlaşdyrylandyr
Toyota 2028-nji ýylda Camry, Land Cruiser we 4Runner ulaglarynyň modellerini täzelär
05.08.2025 15:15
12k+

Toyota 2028-nji ýylda Camry, Land Cruiser we 4Runner ulaglarynyň modellerini täzelär

Toyota Demirgazyk Amerikanyň bazary üçin awtomobil hataryny düýpli täzelemegi göz öňünde tutýar. Hususan-da, 2028-nji ýylda kompaniýa täzelenen Camry, Land Cruiser 250 (ABŞ-da model diňe Land Cruiser diýlip atlandyrylýar) we 4Runner ulaglaryny hödürlär diýip, Automotive News ýazýar
Ford tormoz näsazlyklary sebäpli 312 müň awtomobili yzyna gaýtarýar
04.08.2025 17:05
3.8k+

Ford tormoz näsazlyklary sebäpli 312 müň awtomobili yzyna gaýtarýar

Ford kompaniýasy elektron tormoz güýçlendirijisiniň mümkin bolan näsazlygy sebäpli ABŞ-da 312 müň awtomobili yzyna gaýtarýar. Bu barada ABŞ-nyň Milli ýol hereketiniň howpsuzlyk edarasynyň (NHTSA) saýtynda habar berilýär
Finlýandiýanyň paýtagtynda soňky ýylda adam pidasyna getiren ýekeje-de ýol-ulag hadysasy bolmady
04.08.2025 00:15
13k+

Finlýandiýanyň paýtagtynda soňky ýylda adam pidasyna getiren ýekeje-de ýol-ulag hadysasy bolmady

Soňky 12 aýyň dowamynda Finlýandiýanyň paýtagty Helsinkide ýol-ulag hadysalary sebäpli ýekeje-de ölüm hadysasy hasaba alynmady. Bu barada şäher häkimligine we polisiýa gullugyna salgylanyp, Yle neşiri habar berýär
BMW M3 CS Touring Nýurburgring ýolunda iň tiz seriýalaýyn uniwersal boldy
04.08.2025 00:07
5.3k+

BMW M3 CS Touring Nýurburgring ýolunda iň tiz seriýalaýyn uniwersal boldy

BMW-niň täze M3 CS Touring modeli meşhur Nýurburgring ýolunda seriýa görnüşli uniwersal awtoulaglaryň arasynda täze rekord goýdy — ol ýoluň bir aýlawyny 7 minut 29,490 sekuntda geçdi. Bu netijäni kompaniýa aprel aýynda hasaba aldy, ýöne şu wagta çenli resmi taýdan yglan etmändi
Hytaýda altyndan nyşanlary we 1196 at güýji bolan kaşaň ulag satylyp başlandy
03.08.2025 17:04
13k+

Hytaýda altyndan nyşanlary we 1196 at güýji bolan kaşaň ulag satylyp başlandy

Hytaýda BYD konserniniň doly göwrümli Yangwang U8L ulagy üçin sargytlar açyldy. Ulanyjylar islege görä daşynda 24 karat altyndan ýasalan iki nyşan we rulda ýene bir altyn logotip bolan wersiýany satyn alyp biler
Týunerler BMW XM-i 1000 at güýjüne çenli güýçlendirdi
01.08.2025 15:00
4.6k+

Týunerler BMW XM-i 1000 at güýjüne çenli güýçlendirdi

G-Power atelýesi kuwwaty 950 at güýjüne we aýlanma güýji 1400 Nm deň bolan kämilleşdirilen BMW XM superkrossowerini hödürledi. Model Mansory-dan karbon kuzow elementlerine, 23 dýuýmlyk disklere, ýörite döredilen gaz çykaryjy ulgama, kuwwaty artdyrylan goşa turboly 4,4 litrlik V8 hereketlendirijisine eýe boldy
Täze Toyota Camry 2026 15 görnüşde hödürlenýär
30.07.2025 19:11
24k+

Täze Toyota Camry 2026 15 görnüşde hödürlenýär

GAC-Toyota bilelikdäki kärhanasy Hytaý bazary üçin resmi taýdan 2026-njy model ýylynyň täze Camry-sini hödürledi. Ulag üç dürli güýç gurluşy bilen elýeterlidir: 2,0 litrlik atmosfera benzinli hereketlendiriji we 2,0 hem-de 2,5 litrlik hereketlendirijä esaslanýan iki sany özi zarýad alýan gibrid ulgam
Ferrari Purosangue-leriň hemmesini diýen ýaly tormoz kemçiligi sebäpli yzyna çagyrar
30.07.2025 18:25
3.9k+

Ferrari Purosangue-leriň hemmesini diýen ýaly tormoz kemçiligi sebäpli yzyna çagyrar

Ferrari kompaniýasy 2025-nji ýylyň fewralyndan şu wagta çenli öndürilen Purosangue krossowerleriniň hemmesini diýen ýaly yzyna çagyrýandygyny mälim etdi. ABŞ-nyň Milli ýol hereketiniň howpsuzlygy dolandyryş gullugynyň (NHTSA) habaryna görä , diňe ABŞ-nyň bazaryndan 541 ulag hyzmat merkezlerine iberiler
Genesis täze V8 hereketlendirijisini görkezdi
30.07.2025 18:23
7.7k+

Genesis täze V8 hereketlendirijisini görkezdi

Genesis kompaniýasy sekiz silindrli täze hereketlendirijiniň şekillerini görkezdi. Ol Oreca kompaniýasy tarapyndan çydamlylyk ýaryşy üçin işlenip düzülen GMR-001 bolidi üçin niýetlenendir diýip, CarBuzz neşiri habar berýär
Volvo XC 70 wnedorožnigi skandinaw äheňine eýe boldy
29.07.2025 19:01
5.6k+

Volvo XC 70 wnedorožnigi skandinaw äheňine eýe boldy

Volvo kompaniýasy XC70 wnedorožniginiň täze modelini çykardy. Geçirilýän gibrid özünde skandinaw äheňli ýokary tehnologiýany jemleýär. XC70 SMA-nyň platformasynda gurlan. Güýç gurluşy 1,5 litrlik benzinli hereketlendirijiden we 120 kW kuwwatly elektrik hereketlendirijisinden ybarat
Toyota kompaniýasy Supra 2027-ni çykarmakda BMW bilen hyzmatdaşlygyny bes edýär
29.07.2025 12:13
8.7k+

Toyota kompaniýasy Supra 2027-ni çykarmakda BMW bilen hyzmatdaşlygyny bes edýär

Toyota kompaniýasy Supra modeliniň indiki neslini işläp taýýarlamakda BMW bilen hyzmatdaşlygyny bes eder. Bu barada Best Car ýapon neşiri habar berdi. 2027-nji ýylyň täze GR Supra modeli doly derejede ýapon üpjünçiligine
BYD Galaxy Watch akylly sagatlaryny öz ulaglary üçin açar edip ulanar ýaly etdi
29.07.2025 12:09
4.5k+

BYD Galaxy Watch akylly sagatlaryny öz ulaglary üçin açar edip ulanar ýaly etdi

Hytaýyň BYD awtoulag öndürijisi hytaý brendleriniň içinde ilkinji bolup Samsung Galaxy Watch akylly sagatlarynda sanly düwmelere goldawy ornaşdyrdy. NFC tehnologiýasyny ulanýan bu funksiýa häzirlikçe diňe Hytaýda bar, ýöne geljekde beýleki bazarlarda hem peýda bolup biler diýip Sammobile ýazýar
Rolls-Royce gadymy Dunhuana gaýa suratlarynyň stilinde üç awtoulag döretdi
29.07.2025 12:03
6.5k+

Rolls-Royce gadymy Dunhuana gaýa suratlarynyň stilinde üç awtoulag döretdi

Rolls-Royce kompaniýasy özüniň Bespoke atelýesinde gadymy Dunhuana freskleriniň stilinde bezelen üç sany - Phantom, Cullinan we Spectre awtoulaglaryny görkezdi. Müň ýyldanam gowrak ozal döredilen bu gaýa suratlary buddizm sungatyny şöhlelendirýär we Merkezi Aziýanyň taryhy hem-de medeniýeti barada gymmatly maglumat çeşmesi hasaplanýar
Xiaomi awtomobili daşyndan ses arkaly dolandyrmak ulgamyny patentledi
28.07.2025 19:03
4.6k+

Xiaomi awtomobili daşyndan ses arkaly dolandyrmak ulgamyny patentledi

Xiaomi awtomobili daşyndan ses arkaly dolandyrmaga mümkinçilik berýän tehnologiýa üçin patent arzasyny berdi. Patent 25-nji iýulda Hytaýda neşir edildi. Onda hatda galmagalyň arasynda awtomobiliň salonyndan daşary aýdylýan ses buýruklaryny tanaýan ulgam barada beýan edilýär
Toyota ABŞ-nyň bazary üçin Corolla we Corolla Hybrid sedanlaryny täzeledi
28.07.2025 14:53
7.9k+

Toyota ABŞ-nyň bazary üçin Corolla we Corolla Hybrid sedanlaryny täzeledi

Amerikan bazary üçin 2026-njy ýylyň Toyota model hatarynda Corolla we Corolla Hybrid sedanlarynyň kämilleşdirilen görnüşleri peýda boldy. Modelleriň ikisi-de täzelenen üpjünçilige, täze howpsuzlyk ulgamlaryna we birneme ýokary bahalara eýe boldy
Honda Aýrton Sennanyň F-1-de çykyş eden ulagyna oturdylan soňky V10-ny auksiona çykarar
28.07.2025 13:49
5.3k+

Honda Aýrton Sennanyň F-1-de çykyş eden ulagyna oturdylan soňky V10-ny auksiona çykarar

Honda Racing awgust aýynda braziliýaly ýaryş sürüjisi Aýrton Senanyň Formula 1 awtoulagynda ulanylan iň soňky V10 hereketlendirijisini Kaliforniýanyň Bonhams auksionyna çykarar. 3,5 litrlik RA100E hereketlendirijisi 1990-njy ýylda Ýaponiýanyň we Awstraliýanyň Gran-prisinde MakLaren-Honda MP4 / 5B -de ulanyldy
Toyota Indoneziýada bZ4X elektrokrossoweriniň önümçiligine başlar
28.07.2025 13:47
4.5k+

Toyota Indoneziýada bZ4X elektrokrossoweriniň önümçiligine başlar

Toyota kompaniýasy Indoneziýada täzelenen bZ4X elektrik krossoweriniň ýerli önümçiliginiň başlandygyny habar berdi. Bu barada GIIAS 2025 awtoulag sergisinde öndürijiniň wekilleri habar berdiler. Bu markanyň ýurtda ýygnalýan ilkinji elektrik ulagy bolar
Porsche 911 modeliniň iň güýçli ýol wersiýasyny taýýarlaýar. Ol eýýämden Nýurburgringi eýmendirýär
27.07.2025 19:54
3.9k+

Porsche 911 modeliniň iň güýçli ýol wersiýasyny taýýarlaýar. Ol eýýämden Nýurburgringi eýmendirýär

Porsche 911-iň 2027-nji ýylda satuwa çykaryljak  täze GT2 RS wersiýasynyň synaglaryny tamamlaýar. Nýurburgringde alnan suratlarda onuň ýaryş awtoulagyna ýakyndygy, ýöne jemgyýetçilik ýollary üçin hem amatly ulagdygy görünýär
Mercedes özüniň esasy C-Class Estate uniwersalyny gaýtadan işlemäge taýýarlanýar
26.07.2025 17:49
4.6k+

Mercedes özüniň esasy C-Class Estate uniwersalyny gaýtadan işlemäge taýýarlanýar

Mersedes-Benz C-Class Estate uniwersalyny gaýtadan işlemäge taýýarlanýar. Modeliň ilkinji çykyşy 2026-njy ýylyň ortalaryna meýilleşdirilýär. Häzirki wagtda ol Günorta Ýewropada synagdan geçýär. Ogryn düşürilen suratlar awtoulagyň dizaýnyna, tehnologiýasyna we gibrid ulgamlaryna üýtgeşmeleriň girizilendigini görkezýär
GM ulaglaryna sürüjiniň keýpini duýmagy we interýeri şoňa görä sazlamagy öwreder
26.07.2025 17:44
5.5k+

GM ulaglaryna sürüjiniň keýpini duýmagy we interýeri şoňa görä sazlamagy öwreder

General Motors sürüjiniň ýa-da ýolagçylaryň emosional ýagdaýyny tanaýan we awtoulagyň içini şoňa sazlaýan tehnologiýany patentledi. Ulgam keýpiňi seljermek üçin kameralary, mikrofonlary, ýüregiň urşunyň sensorlaryny we dem alşy duýýan datçiklerini ulanýar
Toyota meşhur RAV4-i üçin uly täzelenme taýýarlaýar
26.07.2025 12:03
4.9k+

Toyota meşhur RAV4-i üçin uly täzelenme taýýarlaýar

Toyota 2024-nji ýylda ABŞ-da iň köp satylan iň meşhur RAV4 krossoweri üçin möhüm täzelenme taýýarlaýar. ABŞ-ly dilerleriň bellemegine görä, modeliň täze nesli 2026-njy ýylda peýda bolar we kuwwaty 320 at güýjüne deň we ýöreýiş ätiýaçlygy 80 km çenli bolan elektrik gibrid we elektrik görnüşlerini (HEV we PHEV) hödürlär
Nissan hereketlendirijiniň kemçilikleri sebäpli 444 müňe golaý ulagyny yzyna çagyrýar
25.07.2025 11:46
6k+

Nissan hereketlendirijiniň kemçilikleri sebäpli 444 müňe golaý ulagyny yzyna çagyrýar

ABŞ-nyň Milli ýol hereketiniň howpsuzlygy dolandyryş gullugy (NHTSA) 12 sany ýangyn ýa-da heläkçilik ýaly VC-Turbo hereketlendirijisi bilen baglanyşykly 1900 hadysanyň üstüni açdy. Bu üýtgeýän gysyşly hereketlendirijiler 2019-2024-nji ýyllar aralygynda öndürilen Nissan Rogue-de, Altima-da, Infiniti QX50-de we QX55-de oturdyldy
Millionlarça dollarlyk seýrek RUF CTR sport awtoulagy ewakuatordan gaçyrdylar
25.07.2025 11:42
19k+

Millionlarça dollarlyk seýrek RUF CTR sport awtoulagy ewakuatordan gaçyrdylar

San-Fransiskoda daşaýyş wagtynda Porsche 911-iň binýadynda gurlan seýrek RUF CTR sport awtoulagy zaýalandy. Bu waka awtoulag ewakuatordan düşürilýärkä bolup geçdi: awtoulag aşak tigirlenip, rampadan gaçdy we yzky bamperi bilen asfalta uruldy diýip, ýerli sosial ulgamlara salgylanýan Carscoops habar berdi
Toyota bahasy 64 müň dollardan başlaýan Sequoia 2026 wnedorožnigini tanyşdyrdy
25.07.2025 11:32
10k+

Toyota bahasy 64 müň dollardan başlaýan Sequoia 2026 wnedorožnigini tanyşdyrdy

Toyota 2026-njy model ýylynyň täzelenen doly derejeli Sequoia wnedorožnigini görkezdi. Esasy wersiýasynyň bahasy 1600 dollar ýokarlandy we indi 64 025 dollar boldy. Munuň öwezine model has köp premial enjamlary aldy
ABŞ we Ýaponiýa ýapon awtoulaglaryna hem-de beýleki harytlara salynýan paçlary azaltmak barada ylalaşdylar
24.07.2025 18:16
19k+

ABŞ we Ýaponiýa ýapon awtoulaglaryna hem-de beýleki harytlara salynýan paçlary azaltmak barada ylalaşdylar

ABŞ bilen Ýaponiýa käbir ýapon harytlaryna, şol sanda awtoulaglara gümrük paçlaryny azaltmagy göz öňünde tutýan nyrh syýasatyny üýtgetmek barada ylalaşyk gazandy. Muny ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp özüniň Truth Social sosial ulgamynda yglan etdi we bu şertnamany ýurtlaryň arasyndaky “taryhda iň uly” şertnama diýip atlandyrdy
Jeep, Peugeot we Chrysler ulaglarynyň öndürijisi birinji ýarym ýylda 2,3 milliard ýewro ýitgi barada habar berdi
24.07.2025 17:56
12k+

Jeep, Peugeot we Chrysler ulaglarynyň öndürijisi birinji ýarym ýylda 2,3 milliard ýewro ýitgi barada habar berdi

Stellantis 2025-nji ýylyň birinji ýarymynda 2,3 milliard ýewro arassa ýitgi çekdi. Bu barada awtoulag öndürijisiniň deslapky ýarym ýyllyk hasabatynda aýdylýar. Çap edilen maglumatlara görä, hasabat döwrüniň arassa girdejisi, bir ýyl ozalky 85 milliard ýewro bilen deňeşdirilende, 74,3 milliard ýewro boldy
Dünýäde täze ulaglara bolan isleg artýar. Ýarym ýylda 44 milliondan gowrak ulag satyldy
24.07.2025 17:42
7.1k+

Dünýäde täze ulaglara bolan isleg artýar. Ýarym ýylda 44 milliondan gowrak ulag satyldy

2025-nji ýylyň iýun aýynda dünýäde 7 731 358 sany täze ýeňil ulag we ýeňil söwda ulaglary satyldy, bu bolsa 2024-nji ýylyň iýun aýy bilen deňeşdirilende 2,1 göterim köpdür diýip, GlobalData konsalting kompaniýasynyň maglumatlaryna salgylanýan Just Auto habar berýär
Huawei täze Luxeed R9 krossowerini synagdan geçirýär, ýöne kynçylyklar bar
24.07.2025 10:35
9.3k+

Huawei täze Luxeed R9 krossowerini synagdan geçirýär, ýöne kynçylyklar bar

Huawei-iň Chery bilen hyzmatdaşlykda döreden Luxeed R9 flagman elektrik krossoweri ilkinji gezek ýol synaglary wagtynda görüldi. Modeliň ilkinji görkezilişi noýabr aýyna meýilleşdirildi. Awtoulagyň dizaýnynda brendiň firma stili görkezilýär: ýaýbaň kapot, "Starlight" bezeg elementleri we uniwersaly ýada salýan uzap gidýän kuzow
General Motors erbet ýol barada duýduryş ulgamyny döredýär
24.07.2025 10:26
4.6k+

General Motors erbet ýol barada duýduryş ulgamyny döredýär

General Motors sürüjilere ýol şertleriniň ýaramazdygyny duýdurýan ulgam üçin patent almaga arzasyny berdi. 2023-nji ýylyň dekabrynda berlen arza US 2025/0200526 A1 belgisi bilen 2025-nji ýylyň 19-njy iýunynda köpçülige mälim boldy diýip, GM Authority habar berýär
BMW X5-iň täze nesli iDrive X standart we 600 at güýçli gibrid bolar
23.07.2025 07:24
12k+

BMW X5-iň täze nesli iDrive X standart we 600 at güýçli gibrid bolar

BMW X5-iň täze neslini çykarmaga taýynlanýar. Onuň ilkinji görkezilişi 2026-njy ýylyň mart aýynda bolar, satuwlar güýzde başlar. Bäşinji nesil modeliň taryhynda tehnologik taýdan iň öseni bolar diýip, Motor.es habar berýär
Volkswagen-iň “Land Cruiser-ine” sargyt kabul edilip başlandy
22.07.2025 19:43
7.4k+

Volkswagen-iň “Land Cruiser-ine” sargyt kabul edilip başlandy

Hytaýda FAW-Volkswagen kompaniýasynyň “öz Land Cruiser-i” hökmünde görkezýän täze Talagon ulagyna sargyt kabul edilip başlandy. Ýolsuz ýerden ýöreýän bu model brendiň uly SUV-laryň segmentine gaýdyp gelmek boýunça strategiýasynyň bir bölegi boldy
Tesla her 1,5 minutda bir Model 3 satýar. Eýýäm 3 mln ulag satyldy
21.07.2025 19:15
7k+

Tesla her 1,5 minutda bir Model 3 satýar. Eýýäm 3 mln ulag satyldy

Tesla täze sepgide ýetendigini habar berdi: ilkinji gezek hödürlenenden bäri 7 ýylyň dowamynda bütin dünýäde 3 mln Model 3 awtomobili satyldy. Kompaniýanyň wekilleriniň aýtmagyna görä, “ortaça her 1,5 minutda bir ulag satylýar” – diýip, Autohome ýazýar