Haýsy ulaglar ýygy-ýygydan ýol-ulag hadysalaryna uçraýar - Insurify-nyň reýtingi
21.05.2025 15:45
13k+

Haýsy ulaglar ýygy-ýygydan ýol-ulag hadysalaryna uçraýar - Insurify-nyň reýtingi

Ulaglaryň käbir modelleri ýol-ulag hadysalarynyň statistikasynda beýlekilerden has köp bellige alynýarlar. Bu dürli faktorlar: sürüjileriň demografiýasy, awtoulaglaryň göwrümi we hatda reňki bilen baglanyşyklydyr
Kia EV9 iň gowy elektromobilleriň arasynda dünýä bestselleri boldy
21.05.2025 15:40
3.5k+

Kia EV9 iň gowy elektromobilleriň arasynda dünýä bestselleri boldy

Kia EV9 dünýäniň elektromobil bazarynda öz ornuny berkitmegini dowam etdirýär. Model köp sanly abraýly baýraklara eýe boldy. 2025-nji ýylyň aprel aýynda ulag Volvo EX90 we Mercedes-Benz EQS bilen deňeşdiriji synaglarda üstün çykdy
Lamborghini Aventador S karbon sazlamasyny aldy we ýaryş ulagyna meňzeş boldy
21.05.2025 15:19
4k+

Lamborghini Aventador S karbon sazlamasyny aldy we ýaryş ulagyna meňzeş boldy

1016industries awtobezeg ussahanasy döwrebaplaşdyrylan, karbon obwesli, peseldilen podweskaly, altyndan tekerli Lamborghini Aventador S-i hödürledi. Sazlaýjylar onuň kuwwatyny we sport stilini saklap galdylar. Sport ulagyna täze kapot, uly splitter, gapdal elementler we yzky antiganat ýaly karbon aerodinamiki obwes berildi
BMW şuting-breýk äheňinde üýtgeşik konsept-karyny görkezmäge taýýarlanýar
21.05.2025 07:59
4.2k+

BMW şuting-breýk äheňinde üýtgeşik konsept-karyny görkezmäge taýýarlanýar

BMW şuting-breýk kuzowynda ýerine ýetirilip bilinjek üýtgeşik konsept-karynyň premýerasyna taýýarlanýar. Prototip 23 – 25-nji maýda geçiriljek Concorso d'Eleganza Villa d’Este 2025 awtomobil sergisinde görkeziler
Ford rul mehanizmindäki kemçilik sebäpli, 2025-nji ýylda çykan täze F-150 pikaplaryny yzyna çagyrýar
20.05.2025 14:53
5k+

Ford rul mehanizmindäki kemçilik sebäpli, 2025-nji ýylda çykan täze F-150 pikaplaryny yzyna çagyrýar

Ford kompaniýasy rul mehanizminde kemçiligiň bardygy sebäpli 9181 sany  F-150 2025 kysymly pikabynyň yzyna çagyrylýandygyny habar berdi. Zawodda berkidijiler nädogry oturdylypdyr, bu bolsa rul mehanizmindäki birikdirijini gowşadyp ýa-da onuň sypmagyna sebäp bolup bilýär
Al Paçino Maserati-ni esaslandyryjylar hakdaky baýopikde surata düşer
20.05.2025 14:51
2.4k+

Al Paçino Maserati-ni esaslandyryjylar hakdaky baýopikde surata düşer

Al Paçino italýan awtoulag brendini esaslandyryjylara bagyşlanan “Doganlar Mazeratiler” terjimehal filminiň aktýorlar düzümine goşuldy. Bu barada Hollywood Reporter habar berýär. “Çokundyran atanyň” (“Крестный отец”) ýyldyzy 1914-nji ýylda esaslandyrylan Maserati kompaniýasynyň esasy maýadarlaryndan biri Winçenso Wakkaronyň keşbini ýerine ýetirer
Chevrolet Silverado EV 2025 täze opsiýalara eýe boldy. Baha 98 müň dollara bardy
20.05.2025 14:49
3.9k+

Chevrolet Silverado EV 2025 täze opsiýalara eýe boldy. Baha 98 müň dollara bardy

Chevrolet täzelenen Silverado EV 2025 elektrikli awtoulagyny görkezdi. Model birnäçe komplektasiýalarda elýeterli. Esasy WT bazasynyň bahasy 57 095 dollardan we iň ýokary derejeli RST Max Range-iň bahasy bolsa 97 895 dollardan başlaýar
Swikkaudaky Volkswagen zawody millionynjy elektromobili çykardy
20.05.2025 10:50
4.2k+

Swikkaudaky Volkswagen zawody millionynjy elektromobili çykardy

Germaniýanyň Swikkau şäherindäki zawod möhüm sepgide ýetdi - konweýerden millionynjy elektromobil çykdy. Ol Kings Red Metallic reňkine eýe bolan Volkswagen ID.3 GTX Performance boldy. Bäş ýarym ýylyň içinde zawod içinden ýandyrylýan hereketlendirijilerden doly ýüz öwrüp, elektromobil önümçiligine geçdi
Mazda «EZ-6» sedanynyň sport wersiýasyny hödürledi
20.05.2025 07:48
3.1k+

Mazda «EZ-6» sedanynyň sport wersiýasyny hödürledi

«Mazda» kompaniýasy hytaýly hyzmatdaşy «Changan» bilen bilelikde «EZ-6» sedanynyň Hytaý bazary üçin niýetlenen täze sport wersiýasyny çykardy. «Sports Edition» agressiw dizaýny bilen tapawutlanýar. Ol hem arassa elektromobil görnüşde, hem-de gibrid güýç ulgamly («Range Extender») görnüşde hödürlenýär
Audi Wengriýadaky zawodynda millionynjy «Q3» modelini öndürdi
20.05.2025 07:39
2.3k+

Audi Wengriýadaky zawodynda millionynjy «Q3» modelini öndürdi

«Audi» kompaniýasynyň Wengriýanyň Dýor şäherindäki zawodynda «Q3» awtoulagynyň millionynjy nusgasy öndürildi. Ilkinji gezek 2011-nji ýylda tanyşdyrylan ykjam awtoulag henizem kompaniýanyň iň meşhur modelleriniň biri bolmagynda galýar
Bary-ýogy 72 sany öndüriler: De Tomaso «P72» superkarynyň seriýa wersiýasyny tanyşdyrdy
19.05.2025 22:36
6.5k+

Bary-ýogy 72 sany öndüriler: De Tomaso «P72» superkarynyň seriýa wersiýasyny tanyşdyrdy

«De Tomaso Automobili» italýan brendi 11 ýyldan soň «P72» superkarynyň köpçülikleýin önümçilik üçin niýetlenen wersiýasyny hödürledi. Ilkinji ulaglar müşderilere 2025-nji ýylyň ahyrynda gowşurylar. Bu modelden bary-ýogy 72 sanysy öndüriler
Toyota 18 müň dollardan bZ5 kupe-krossoweriniň önümçiligine başlady
19.05.2025 18:58
5.1k+

Toyota 18 müň dollardan bZ5 kupe-krossoweriniň önümçiligine başlady

FAW Toyota bilelikdäki kärhanasy bZ5 elektrik kupe-krossoweriniň yzygiderli önümçiliginiň başlanandygyny habar berdi. Bu orta göwrümli awtomobil bolup, Hytaýda deslapky sargyt üçin eýýäm elýeterlidir. Täze ulag iki wersiýada hödürlenýär
Hyundai we Saud Arabystany täze ägirt awtomobil zawodyny gurýar
18.05.2025 22:43
12k+

Hyundai we Saud Arabystany täze ägirt awtomobil zawodyny gurýar

Patyşa Salman adyndaky awtomobil klasteriniň çäklerinde patyşa Abdallanyň ykdysady şäherinde (KAEC) Hyundai Motor Manufacturing Middle East (HMMME) zawodynyň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi. Bu Saud Arabystanynyň jemgyýetçilik maýa goýum gaznasy (PIF) bilen Hyundai Motor Company-nyň bilelikdäki kärhanasydyr
ABŞ-da Jeep Grand Cherokee ulagynyň täze wersiýasy hödürlendi
17.05.2025 19:53
6.8k+

ABŞ-da Jeep Grand Cherokee ulagynyň täze wersiýasy hödürlendi

ABŞ-da 2026-njy ýylyň Jeep Grand Cherokee ulagynyň täze wersiýasy hödürlendi. Ýolsuz ýerden ýöreýän bu model 1993-nji ýylda başlanan däpleri dowam etdirmek bilen, has döwrebap we rahat boldy. Bu onuň premium SUV ulaglarynyň arasynda bäsdeşlige ukyplylygyny güýçlendirýär
Toyota 375 at güýji we 420 km geçýän ýoly bilen bZ Woodland krossowerini çykardy
17.05.2025 19:52
8.1k+

Toyota 375 at güýji we 420 km geçýän ýoly bilen bZ Woodland krossowerini çykardy

Toyota kompaniýasy täze bz Woodland elektrik krossowerini anons etdi. Model syýahatçylara niýetlenip, doly herekete getiriji, umumy kuwwaty 375 at güýji bolan iki elektrik hereketlendirijisi we ýolsuz ýerden hereket etmek üçin X-Mode ulgamy bilen enjamlaşdyryldy
Has uzyn, giň we kuwwatly täze Toyota bZ4X Touring çykdy. Geçýän menzili 560 km çenli
17.05.2025 19:49
7.5k+

Has uzyn, giň we kuwwatly täze Toyota bZ4X Touring çykdy. Geçýän menzili 560 km çenli

Toyota kompaniýasy Touring ady bilen bZ4X elektrik krossoweriniň täze görnüşini hödürledi. Ol Ýewropa bazary üçin niýetlenip, uly göwrümi we amatlylygy bilen tapawutlanýar. Model adaty bZ4X-den 140 mm uzyn we 20 mm beýik boldy
Dünýäniň elektromobil bazary soňky 4 ýylda tas üç esse ösdi
17.05.2025 14:53
3.4k+

Dünýäniň elektromobil bazary soňky 4 ýylda tas üç esse ösdi

Dünýäde elektromobil satuwy 2025-nji ýylyň ilkinji dört aýynda 5,6 mln ulaga ýetdi we bu 2024-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 29% köpdür. Diňe aprel aýynda 1,5 mln elektrokar satyldy diýip, Rho Motion habar berýär
SAIC dünýädäki iň uly awtoparomy suwa goýberdi: ol her saparda 9500 awtoulag daşaýar
17.05.2025 13:25
9.1k+

SAIC dünýädäki iň uly awtoparomy suwa goýberdi: ol her saparda 9500 awtoulag daşaýar

Dünýädäki iň uly ro-ro görnüşli gämi «SAIC Group-yň» golçur kompaniýasynyň flotuna goşuldy. 15-nji maýda gämi Hytaýdan Ýewropa tarap ilkinji saparyna ugrady diýip, «ITHome» portaly habar berýär. Ägirt «Anji Ansheng» awtoparomy bir gatnawda 9500 awtoulag daşap bilýär
Toyota «Land Cruiser-iň» binýadynda döredilen wodorodly roweri Aýa iberer
17.05.2025 13:18
6k+

Toyota «Land Cruiser-iň» binýadynda döredilen wodorodly roweri Aýa iberer

Toyota kompaniýasy «Lunar Cruiser» atly Aý roweriniň ilkinji açyk synaglaryny geçirdi. Rower Ýaponiýanyň JAXA we ABŞ-nyň NASA agentlikleri bilen hyzmatdaşlykda işlenip düzülýär. Taslama «Land Cruiser» modeline esaslanýar we geljekki «Artemis» missiýalary üçin ulanyljak ulag hökmünde 2019-njy ýyldan bäri kämilleşdirilýär diýip, «autoevolution» habar berýär
Toyota «bZ4X-iň» ornuna täze «bZ» elektrokrossowerini hödürledi: tapawutlary näme?
16.05.2025 16:45
4.3k+

Toyota «bZ4X-iň» ornuna täze «bZ» elektrokrossowerini hödürledi: tapawutlary näme?

Toyota «bZ4X» modeliniň ornuny tutjak täze «bZ» elektrokrossowerini hödürledi. Täzelenen wersiýa kämilleşdirilen dizaýny, has uzak ýol aralygy we Tesla-nyň zarýad infrastrukturasyny goldamagy bilen tapawutlanýar
Toyota ABŞ-daky täze paçlar sebäpli sagatda tas bir million dollar ýitirýär
15.05.2025 00:13
12k+

Toyota ABŞ-daky täze paçlar sebäpli sagatda tas bir million dollar ýitirýär

Toyota Motor ABŞ-nyň awtomobilleriň we awtoulag bölekleriniň importy üçin girizen 25% pajynyň esasy pidasy boldy. Ýapon wekilleriniň hasaplamalaryna görä, kompaniýa sagatda, takmynan, bir million dollar ýitirýär
Mumbaýda smartfonlardan we noutbuklardan ýygnalan ilkinji hindi ýaryş ulagy görkezildi
14.05.2025 14:57
7.8k+

Mumbaýda smartfonlardan we noutbuklardan ýygnalan ilkinji hindi ýaryş ulagy görkezildi

Mumbaýda Envision Energy kompaniýasy Recover-E ulagyny hödürledi. Bu Hindistanda doly elektron galyndylardan döredilen ilkinji ýaryş elektrokarydyr. Awtomobil köne smartfonlardan, noutbuklardan we planşetlerden ýygnaldy
Camry we Accord yzda: Volkswagen Passat Hytaýda sedan satuwynda öňdebaryjy boldy
14.05.2025 14:54
4.8k+

Camry we Accord yzda: Volkswagen Passat Hytaýda sedan satuwynda öňdebaryjy boldy

2025-nji ýylyň Volkswagen Passat ulagy Hytaýda iň köp satylýan orta göwrümli sedan boldy. Ol arzanladyşlar we döwrebap tehnologiýalaryň netijesinde aprel aýynda Toyota Camry we Honda Accord sedanlaryndan öňe geçdi
Toyota premýerasyndan öň täze RAV4-üň suratlaryny görkezdi
14.05.2025 14:45
4.2k+

Toyota premýerasyndan öň täze RAV4-üň suratlaryny görkezdi

Toyota ilkinji gezek RAV4 krossoweriniň täze nesliniň resmi tizerini hödürledi. Modeliň doly premýerasy 20-nji maýda bolar. Suratlarda awtomobil ýokardan görkezilýär, şeýle-de onuň interýeri hödürlenýär. Model kuzowyň iki reňkli boýagyna eýe boldy
Cadillac-yň 615 at güýjüni berýän V seriýaly ilkinji awtoulagy sport awtoulaglaryndan has çalt bat alýar
14.05.2025 11:12
2.9k+

Cadillac-yň 615 at güýjüni berýän V seriýaly ilkinji awtoulagy sport awtoulaglaryndan has çalt bat alýar

Cadillac kompaniýasy V seriýaly doly elektrik güýji bilen işleýän ilkinji modeli bolan Lyriq-V elektrik krossowerini satyp başlady. Onuň önümçiligine 2025-nji ýylyň mart aýynda ABŞ-nyň Tennessi şäherindäki zawodynda başlanypdy
Xiaomi SU7 iň haýal arzanlaýan elektrokar boldy: ýapon brendleri bu ugurda yza galýar
14.05.2025 11:08
3k+

Xiaomi SU7 iň haýal arzanlaýan elektrokar boldy: ýapon brendleri bu ugurda yza galýar

Xiaomi SU7 iň haýal arzanlaýan elektromobilleriň arasynda öňdebaryjy boldy. Baha taýdan has durnukly modelleriň ilkinji onlugynda ýekeje-de Toyota ýok. Ozal ýapon brendleriniň awtomobilleri, aýratynam, Toyota bahasyny haýal ýitirýär we gaýtadan satmak üçin hem uly ýitgisiz hasap edilýärdi
Tesla ulanylan Model 3 we Model Y awtoulaglaryny 257 müň km-e çenli kepillik bilen hödürleýär
13.05.2025 12:22
3.1k+

Tesla ulanylan Model 3 we Model Y awtoulaglaryny 257 müň km-e çenli kepillik bilen hödürleýär

Tesla ulanylan «Model 3» we «Model Y» elektromobillerini giňeldilen kepillik bilen satuwa çykardy. Kompaniýa batareýa we hereketlendiriji ulgamy üçin, 160 müň mile (takmynan, 257 müň kilometre) çenli kepillik berýär diýip, «Carscoops» neşiri habar berýär
Täze MAN ýük ulagy BMW-niň zawodlarynyň arasynda üstünlikli synagdan geçdi
13.05.2025 12:21
6.8k+

Täze MAN ýük ulagy BMW-niň zawodlarynyň arasynda üstünlikli synagdan geçdi

Täze «MAN eTGX» ýük ulagy Germaniýanyň Leýpsig we Regensburg şäherindäki BMW zawodlarynyň arasyndaky gatnawda üstünlikli synagdan geçip, uzak aralyga ýük daşamak üçin amatlydygyny subut etdi. Kuwwaty 544 at güýjüne çenli bolan elektrikli ýük ulagy her 100 kilometre bary-ýogy 75 kWt-sagat energiýa sarp edýär we 500 km çenli aralygy geçip bilýär
Awtoulagyňyz tomus paslyna taýýarmy?
13.05.2025 11:28
11k+

Awtoulagyňyz tomus paslyna taýýarmy?

Tomus adamlaryň aglabasynyň dynç alşa çykýan, syýahata, uzak ýerlere saparlara gidýän döwri bolýar. Bu jogapkärçilikli döwürde awtoulagyňyzyň lapyňyzy keç etmezligi üçin öňünden yssy howa taýýarlanmak maslahat berilýär
Nissan Leaf 2020-de hakerlere ruly dolandyrmaga mümkinçilik berýän howply gowşaklyk tapyldy
13.05.2025 10:58
3.2k+

Nissan Leaf 2020-de hakerlere ruly dolandyrmaga mümkinçilik berýän howply gowşaklyk tapyldy

Black Hat Asia 2025 konferensiýasynda PCAutomotive kompaniýasynyň hünärmenleri 2020-nji ýylyň Nissan Leaf elektrik ulagynda howply gowşaklygyň bardygyny habar berdiler. Mesele multimediýa ulgamynyň Bluetooth moduly bilen baglanyşykly diýip, SPEEDME neşiri ýazýar
Klein Vision 1000 km-e çenli geçip bilýän uçýan awtomobilini hödürledi
13.05.2025 10:43
5.6k+

Klein Vision 1000 km-e çenli geçip bilýän uçýan awtomobilini hödürledi

Slowakiýanyň Klein Vision kompaniýasy awtomobil bilen uçaryň funksiýalaryny birleşdirýän ulag serişdesini – AirCar 2-ni hödürledi. Ýerde AirCar 2 tizligini 200 km/sag, howada bolsa 250 km/sag çenli artdyrýar. Režimleriň arasyndaky geçiş 80 sekunt wagt alýar
Ilon Mask: Hytaý 2025-nji ýylda ulag satuwy boýunça ABŞ-dan we Ýewropadan öňe geçer
13.05.2025 10:42
6.7k+

Ilon Mask: Hytaý 2025-nji ýylda ulag satuwy boýunça ABŞ-dan we Ýewropadan öňe geçer

Hytaý 2025-nji ýylda ilkinji gezek umumy awtomobil satuwy boýunça ABŞ-dan we Ýewropadan öňe geçer diýip, Ilon Mask aýdýar. X sosial ulgamyndaky sahypasynda Tesla-nyň ýolbaşçysy bu ýurduň eýýäm birnäçe ýyl bäri adaty liderleriň yzyndan ýetip, ulag önümçiliginde öňdebaryjydygyny belledi
Nissan Ýaponiýada 1 mlrd-lyk taslamasyny ýatyrýar. Kompaniýa ýitgiler sebäpli çykdajylaryny azaldýar
12.05.2025 16:32
3.4k+

Nissan Ýaponiýada 1 mlrd-lyk taslamasyny ýatyrýar. Kompaniýa ýitgiler sebäpli çykdajylaryny azaldýar

Nissan Motor kompaniýasy Ýaponiýanyň Kitakyusýu şäherinde elektrik ulaglary üçin LFP batareýalaryny öndürýän zawod gurmagy goýbolsun etdi. Taslamanyň bahasy 153,3 milliard ýena (takmynan 1,05 milliard dollar) bolmalydy diýip, Reuters belleýär
Audi A6 e-hybrid hödürlendi: has uly batareýa, 362 at güýji we benzinsiz 111 km ýol geçýär
12.05.2025 16:16
3.6k+

Audi A6 e-hybrid hödürlendi: has uly batareýa, 362 at güýji we benzinsiz 111 km ýol geçýär

Audi täze «A6 sedan» we «A6 Avant» ulaglarynyň tokdan zarýad alýan gibrid görnüşlerini tanyşdyrdy. Öňki modellere garanyňda, täze wersiýalaryň batareýasy 45% ulalyp, 20,7 kWt⋅s sygyma ýetirilipdir. Bu bolsa WLTP standartyna görä, diňe elektrik energiýasy bilen sedanda 111 km, uniwersalda bolsa 106 km ýol geçmäge mümkinçilik berýär
Volkswagen Tiguan L Pro 2025 arzanladyş we ömürlik kepillik bilen satuwa çykdy
12.05.2025 16:13
3.5k+

Volkswagen Tiguan L Pro 2025 arzanladyş we ömürlik kepillik bilen satuwa çykdy

SAIC Volkswagen bilelikdäki kärhanasy 2025-nji model ýylynyň täzelenen Volkswagen Tiguan L Pro krossoweriniň satuwynyň başlandygyny habar berdi. Model güýçli hereketlendiriji, opsiýalaryň giň toplumy we ömürlik kepillik bilen elýeterlidir
BMW-niň girdejisi birinji çärýekde 26,4% aşaklady
12.05.2025 12:53
4.7k+

BMW-niň girdejisi birinji çärýekde 26,4% aşaklady

BMW Group ýylyň ilkinji çärýegini 2,17 mlrd ýewro girdeji bilen tamamlady, bu bolsa 2024-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 26,4% pesdir. Kompaniýanyň umumy girdejisi hem 7,8% peselip, 33,76 mlrd ýewro boldy
Volvo yzy görkezýän kamerasyndaky näsazlyk sebäpli 413 müňden gowrak ulagyny yzyna çagyrýar
12.05.2025 12:06
6.8k+

Volvo yzy görkezýän kamerasyndaky näsazlyk sebäpli 413 müňden gowrak ulagyny yzyna çagyrýar

Volvo yzy görkezýän kamerasynda näsazlyk bardygy sebäpli ABŞ-da 413 151 ulagyny yzyna çagyrýar. Yzky geçiriş işledilende kameranyň ýüzüne şekil çykman biler, bu bolsa heläkçilik howpuny ýokarlandyrýar. Bu barada ABŞ-nyň Milli ýol hereketiniň howpsuzlygy gullugy (NHTSA) habar berdi
LG innowasion awtoulag displeýini hödürledi: süýnýän sensorly ekran fiziki düwmeleri emele getirýär
12.05.2025 07:09
4.9k+

LG innowasion awtoulag displeýini hödürledi: süýnýän sensorly ekran fiziki düwmeleri emele getirýär

LG Electronics Kaliforniýada (ABŞ) geçirilen SID Display Week sergisinde awtoulaglar üçin täze displeý tehnologiýasyny tanatdy – süýnýän we fiziki düwmeleri emele getirýän OLED ekran. Bu çözgüt sensorly ekran bilen fiziki dolandyryşy utgaşdyrýar diýip, «TechRadar» neşiri habar berýär
ABŞ-da Teslanyň Robotaxi haryt nyşanyny bellige almakdan ýüz öwürdiler. At juda umumy hasaplanyldy
12.05.2025 07:04
5.8k+

ABŞ-da Teslanyň Robotaxi haryt nyşanyny bellige almakdan ýüz öwürdiler. At juda umumy hasaplanyldy

Tesla kompaniýasynyň Robotaxi haryt nyşanyny hasaba almakdan ýüz öwürdiler. ABŞ-nyň patent gullugy bu ady juda umumy gördi we bellige almagyň talaplaryna laýyk gelmeýär diýip hasaplady. Sürüjisiz taksi ugruny işjeň ösdürýän Tesla indi bu önüminiň tutjak ornuna täzeden garamaly bolar
Diňe benzinli Corolla-lar geçmişde galdy. Toyota 15 700 dollardan täze gibrid Corolla-ny hödürledi
11.05.2025 22:25
11k+

Diňe benzinli Corolla-lar geçmişde galdy. Toyota 15 700 dollardan täze gibrid Corolla-ny hödürledi

Toyota Ýaponiýada Corolla awtomobilleriniň täzelenen hataryny hödürledi we ýurtda satylýan ähli modelleriň indi diňe gibrid boljakdygyny habar berdi. Bu awtomobilleriň hem benzin, hem elektrik hereketlendirijisini ulanjakdygyny aňladýar