ABŞ-da Jeep Grand Cherokee ulagynyň täze wersiýasy hödürlendi

17.05.2025, 19:536,787

ABŞ-da 2026-njy ýylyň Jeep Grand Cherokee ulagynyň täze wersiýasy hödürlendi. Ýolsuz ýerden ýöreýän bu model 1993-nji ýylda başlanan däpleri dowam etdirmek bilen, has döwrebap we rahat boldy. Bu onuň premium SUV ulaglarynyň arasynda bäsdeşlige ukyplylygyny güýçlendirýär.

Awtomobiliň interýeri has rahat boldy: klimaty dolandyryş ýönekeýleşdi, düwmeler hem başgaça ýerleşdirildi, enjam paneli bolsa has tertipli görkezýän inedördül, döwrebap görnüşe eýe boldy.
Şeýle-de, dizaýnerler ulagyň daşky görnüşini üýtgetdi. Radiator gözenegi we faralar modele özboluşlylyk berýän täze dizaýny aldy.
Grand Cherokee 2026 iki we üç hatar oturgyçly görnüşlerde hem-de 4xe gibrid görnüşde elýeterlidir.
2025-nji ýylda bahalar arzanladylandan soň, öndüriji bahanyň sähel ýokarlanyp biljekdigini aýtdy. Ýöne modeliň bahasy we aýratynlyklary barada maglumatlar gijräk peýda bolar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.