Klein Vision 1000 km-e çenli geçip bilýän uçýan awtomobilini hödürledi

13.05.2025, 05:435,520
1 / 3

Slowakiýanyň Klein Vision kompaniýasy awtomobil bilen uçaryň funksiýalaryny birleşdirýän ulag serişdesini – AirCar 2-ni hödürledi.

Ýerde AirCar 2 tizligini 200 km/sag, howada bolsa 250 km/sag çenli artdyrýar. Režimleriň arasyndaky geçiş 80 sekunt wagt alýar. Sürüjä hiç hili güýç sarp etmek gerek däl: korpusdan awtomatik ýagdaýda ganatlar çykýar, spoýler guýruga öwrülýär we propeller işläp başlaýar.
Ulagyň uzynlygy 6 metr bolup, bu ony adaty awtoduralgalarda ýerleşdirmäge mümkinçilik berýär. Uçuş režiminde geçilýän menzil 1000 km barabar.


Awtomobiliň bahasy 800 müň dollardan başlaýar.
Kompaniýa 2025-nji ýylyň sentýabr aýynda AirCar 2-niň ygtyýarnama almagyny tamamlamagy we köpçülikleýin önümçilige başlamagy meýilleşdirýär. Ýylda 100 uçýan ulagyň çykarylmagyna garaşylýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.