Hadysalar

Täze Zelandiýanyň asmanynda seýrek “gyzyl spraýt” surata düşürildi
24.10.2025 16:46
6.3k+

Täze Zelandiýanyň asmanynda seýrek “gyzyl spraýt” surata düşürildi

Täze Zelandiýada üç fotosuratçy seýrek tebigy hadysany – “gyzyl spraýt” ýyldyrymyny surata düşürdi. Gyrmyzy reňkli öwüşginler adanyň asmanynda 11-nji oktýabrda peýda boldy diýip, The Guardian habar berýär. Fotosuratçy Tom Reý ispaniýaly kärdeşleri Dan Zafra we Hose Kantabrana bilen bilelikde Omaramanyň toýun gaýalarynyň üstünde Akmaýanyň ýoluny surata düşürmegi meýilleşdiripdi
Fransiýada Luwrdan soň ýene bir muzeý talandy
22.10.2025 21:41
5.3k+

Fransiýada Luwrdan soň ýene bir muzeý talandy

Fransiýada ýurduň demirgazyk-günbataryndaky Langr şäherinde “Deni Didronyň magaryf öýi” muzeýi talandy. Bu waka barada France Info habar berýär. 20-nji oktýabrda irden işe gelen muzeý işgärleri giriş gapysynyň we altyn hem kümüş teňňeli witrinalaryň döwlendigini gördi
2025-nji ýylyň iň ýagty kometasy 21-nji oktýabrda Ýere golaý geler
20.10.2025 14:54
5.6k+

2025-nji ýylyň iň ýagty kometasy 21-nji oktýabrda Ýere golaý geler

21-nji oktýabrda täze dogan Aý ýagty kometa bolan C/2025 A6 Lemmon-a syn etmek üçin örän gowy şertleri döreder – bu gün asman jisimi Ýere iň ýakyn aralykdan – takmynan, 89 million kilometrden geçer diýip, TASS habar berýär
Kaliforniýada kenara Günorta ýarymşarda duşýan syrly, iki tonnalyk balyk zyňlyp çykdy
20.10.2025 10:23
21k+

Kaliforniýada kenara Günorta ýarymşarda duşýan syrly, iki tonnalyk balyk zyňlyp çykdy

Demirgazyk Kaliforniýanyň kenarynda ýerli ýaşaýjylar kenara zyňlyp çykan uly, adaty bolmadyk balygy tapdylar. Soňra anyklanyşyna görä, bu adatça Günorta ýarym şarda ýaşaýan seýrek gudwinker güneş balygy (Mola tecta) bolup çykdy
Eýranda 700 müň ýyl ozal sönen hasaplanan Taftan wulkany oýandy
20.10.2025 10:11
6.8k+

Eýranda 700 müň ýyl ozal sönen hasaplanan Taftan wulkany oýandy

Eýranda 700 müň ýyldan gowrak ozal sönen diýlip hasaplanan Taftan wulkany hereket edip başlady. Bu barada Geophysical Research Letters amerikan ylmy žurnalynda neşir edilen dokladda aýdylýar. Bellenilişi ýaly, 2023-nji ýylyň iýulyndan 2024-nji ýylyň maýyna çenli wulkanyň çür depesi tas 9 santimetr ýokary galdy
ABŞ-da “Titan” batiskafynyň heläkçilige uçramagynyň sebäbi anyklandy
17.10.2025 20:57
11k+

ABŞ-da “Titan” batiskafynyň heläkçilige uçramagynyň sebäbi anyklandy

ABŞ-nyň Ulag howpsuzlygy boýunça milli geňeşi (NTSB) 2023-nji ýylyň iýunynda “Titanik” gämisiniň galyndylarynyň ýanyna çümen wagty ýarylan “Titan” batiskafynyň heläkçilige uçramagynyň sebäpleri barada hasabatyny hödürledi
Hytaýda maýlama sebäpli XXI asyryň ahyrynda tutuş ýurtda çaý ösdürip ýetişdirip bolar
16.10.2025 10:42
7.5k+

Hytaýda maýlama sebäpli XXI asyryň ahyrynda tutuş ýurtda çaý ösdürip ýetişdirip bolar

2090-njy ýyla çenli Hytaýda çaý ösdürip ýetişdirmek üçin amatly 137 müň inedördül kilometre golaý täze ýer peýda bolup biler diýip, Günorta-Günbatar uniwersitetiniň alymlary N+1 neşirine beren maglumatynda aýdýarlar
Filippinlerde 7,6 bal ululykda ýertitreme bolup geçdi: sunami howpy yglan edildi
10.10.2025 17:50
18k+

Filippinlerde 7,6 bal ululykda ýertitreme bolup geçdi: sunami howpy yglan edildi

Filippinleriň kenarynda anna gününe geçilen gije güýçli ýertitreme bolup geçdi. Onuň ululygy 7,6 bal boldy diýip, Filippinleriň wulkanologiýa we seýsmologiýa instituty (Pholvolcs) habar berdi. Ýertitremäniň ojagy Dawao portundan, takmynan, 144 km uzaklykda, deňiz düýbünden 58 km töweregi çuňlukda ýerleşýär
Indoneziýada uly meteorit gaçdy
07.10.2025 14:59
10k+

Indoneziýada uly meteorit gaçdy

Duşenbe gününe geçilen gije Indoneziýanyň Çirebon şäheriniň ýaşaýjylary ýiti ýagtylygyň we güýçli sesiň şaýady boldy. Asmandan uly meteor uçup geçip, Ýawa deňzine gaçdy diýip, Milli gözleg we innowasiýa agentliginden (BRIN) astronomiýa professory Tomas Jamaluddin habar berdi
“Akylly” Galaxy Ring ýüzüginiň batareýasy eýesiniň barmagynda wagty çişdi
02.10.2025 18:03
7.7k+

“Akylly” Galaxy Ring ýüzüginiň batareýasy eýesiniň barmagynda wagty çişdi

Samsung Galaxy Ring-i ulanyjylaryň biriniň ýüzük barmagynda wagty litiý-ion batareýasy çişdi, şol sebäpli ýüzük onuň barmagyny pugta gysdy we ahyrynda ony aýyrmak üçin lukmanyň kömegi gerek boldy. Waka uçara münmezden öň bolup geçdi, şol sebäpli ýolagçy uçuşyny-da sypdyrdy
Günden soň iň ýagty ýyldyz ýakyn wagtda Ýerden hatda gündiz hem görner
25.09.2025 20:00
8.1k+

Günden soň iň ýagty ýyldyz ýakyn wagtda Ýerden hatda gündiz hem görner

Astronomlar uzak wagt bäri sorag döredýän adaty bolmadyk ýyldyz ulgamynyň syryny açdylar. Gürrüň Betelgeýze — Günüň yzysüre asmandaky iň ýagty ýyldyz — we onuň ýaş egindeş ýyldyzy barada barýar. Alymlaryň pikirine görä, birnäçe ýyldan Betelgeýze supernowa hökmünde partlap biler we onuň ýalynyny Ýerden hatda gündiz hem görmek mümkin bolar
Bangkokda köçäniň bir bölegi aşak çöküp, uly oý emele geldi
24.09.2025 23:51
22k+

Bangkokda köçäniň bir bölegi aşak çöküp, uly oý emele geldi

24-nji sentýabrda irden Bangkokyň taryhy böleginde Wajir hassahanasynyň golaýynda uly oý emele geldi. Onuň çuňlugy, takmynan, 50 metre, diametri bolsa 30 metre barabar. Köçäniň bir böleginiň aşak çökmegi netijesinde awtomobiller we elektrik geçiriji liniýalaryň sütünleri ýeriň aşagyna gitdi
Awstraliýada 1,5 mln adam umman derejesiniň ýokarlanmagy sebäpli howp astynda
19.09.2025 14:55
5.8k+

Awstraliýada 1,5 mln adam umman derejesiniň ýokarlanmagy sebäpli howp astynda

Awstraliýanyň klimat gullugy global ýylamanyň netijeleri barada çaklamasyny hödürledi. Maglumatlara görä, 2050-nji ýyla çenli umman derejesiniň ýokarlanmagy ýurduň 1,5 million ýaşaýjysynyň janyny howp astyna goýup biler diýip, The Guardian habar berýär
Ýere şu ýylda iň uly asteroidleriň biri golaýlaşýar
17.09.2025 23:21
9.8k+

Ýere şu ýylda iň uly asteroidleriň biri golaýlaşýar

2025-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda Ýeriň golaýyndan 2025 FA22 asteroidi uçup geçer. Ol Aý orbitasynyň diametrinden biraz uly aralykdan geçer diýip, RYA-nyň Kosmos gözlegleri institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasy habar berdi
Alýaskadaky derýa baky doňaklygyň eremegi sebäpli mämişi reňke boýaldy
13.09.2025 15:05
7.9k+

Alýaskadaky derýa baky doňaklygyň eremegi sebäpli mämişi reňke boýaldy

Bir wagtlar arassa suwy bilen tanalýan Alýaskanyň demirgazyk-günbataryndaky Salmon derýasy soňky ýyllarda ep-esli üýtgedi. 1977-nji ýylda ýazyjy Jon Makfi ony "meniň öňde-soňda gören iň arassa suwum" diýip häsiýetlendirdi
Alymlar 13-14-nji sentýabrda magnit hadysalarynyň bolmagyny çaklaýarlar
13.09.2025 13:03
5.6k+

Alymlar 13-14-nji sentýabrda magnit hadysalarynyň bolmagyny çaklaýarlar

13-14-nji sentýabrda Ýer ýüzünde G2–G3 derejesindäki (bäş derejeli şkalada ikinji we üçünji dereje) magnit tupanlarynyň bolmagyna garaşylýar. Bu barada Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Kosmos barlaglary institutynyň Gün astronomiýasy laboratoriýasy hem-de Gün–Ýer fizikasynyň Sibir bölüminiň institutynda habar berildi
Ilkinji gezek Arktikanyň deňizlerinde awtoulag tekerleriniň bölejikleri tapyldy
11.09.2025 21:22
11k+

Ilkinji gezek Arktikanyň deňizlerinde awtoulag tekerleriniň bölejikleri tapyldy

Geçirilen barlaglar sandan galan teker önümleriniň, hatda şäherlerden uzakda ýerleşýän Arktika deňizlerine-de düşýändigini we deňiz durmuşyna täsir edip, mutasiýa sebäp bolup, şeýle hem adamlaryň we haýwanlaryň bedenine aralaşyp biljekdigini tassyklady
Alýaskanyň günorta-gündogarynda täze ada emele geldi
11.09.2025 06:35
9.5k+

Alýaskanyň günorta-gündogarynda täze ada emele geldi

Alýaskanyň günorta-gündogaryndaky buzly kölleriň birinde täze ada emele geldi. 1984-nji we 2025-nji ýyllar aralygynda düşürilen Landsat hemra suratlary kiçijik Prou-Hob dagyny gurşap alan Alsek buzlugynyň eräp, dagy ada öwrendigini görkezýär
Kosmosdan dünýäniň iň beýik dag derýasynyň ugrunyň nähili üýtgändigini görkezdiler
07.09.2025 19:15
11k+

Kosmosdan dünýäniň iň beýik dag derýasynyň ugrunyň nähili üýtgändigini görkezdiler

Tibetdäki Ýarlung Zangbo derýasy ortaça 4000 metr belentlikden akýar, bu bolsa ony dünýäniň iň beýik derýasyna öwürýär. Ýol ugrunda ol 6000 metrden gowrak çuňlukdan - Arizonadaky Uly kanýondan üç esse diýen ýaly uly, planetanyň iň çuň gurak kanýonyndan akyp geçýär
Serdar Berdimuhamedow Lissabonda bolup geçen pajygaly waka zerarly gynanç bildirdi
06.09.2025 10:07
16k+

Serdar Berdimuhamedow Lissabonda bolup geçen pajygaly waka zerarly gynanç bildirdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow Portugaliýa Respublikasynyň Prezidenti Marselo Rebelo de Souza ýurduň Lissabon şäherinde bolup geçen, adam pidalaryna we şikes ýetmelere getiren pajygaly waka zerarly gynanç hatyny iberdi
BMG La-Ninýa hadysasynyň oktýabr-dekabrda gaýdyp gelmek mümkinçiliginiň 60%-digini çaklaýar
05.09.2025 17:20
9.9k+

BMG La-Ninýa hadysasynyň oktýabr-dekabrda gaýdyp gelmek mümkinçiliginiň 60%-digini çaklaýar

Bütindünýä meteorologiýa guramasy şu ýylyň oktýabr-dekabr aýlarynda ekwatorial Ýuwaş ummanynda suwuň temperaturasynyň peselmegi bilen baglanyşykly tebigy hadysa bolan La-Ninýa şertleriniň gelmek ähtimallygyny 60% diýip çaklady
Gimalaý buzluklary her ýyl millionlarça Olimpiýa basseýnine barabar buz ýitirýär
05.09.2025 16:55
7.8k+

Gimalaý buzluklary her ýyl millionlarça Olimpiýa basseýnine barabar buz ýitirýär

Aziýanyň beýik daglaryndaky buzluklar çalt azalýar: her ýyl 22 gigatonnadan gowrak buz ýitip gidýär, bu dokuz million Olimpiýa basseýnine deňdir. Şeýle deňeşdirme Ýuta uniwersitetiniň we Wirjiniýa Tehnologiýalar institutynyň täze barlagynda getirilýär
Dünýäde iň uly aýsberg bolan A23a tomusda üç bölege bölündi
02.09.2025 18:52
12k+

Dünýäde iň uly aýsberg bolan A23a tomusda üç bölege bölündi

Dünýäde iň uly aýsberg A23a tomusda, takmynan, 1000 inedördül kilometr ýitirip, üç bölege bölündi. Bu barada Arktika we Antarktika ylmy-gözleg instituty habar berýär. Institutyň maglumatlaryna görä, bir wagtyň özünde meýdany 60-dan 300 inedördül kilometre çenli bolan üç uly bölek bölündi – aýsberg öz meýdanynyň, takmynan, 36%-ini ýitirdi
Ýeri G2-G3 derejeli magnit tupanlary gurşap aldy. Olar azyndan bir gün dowam eder
02.09.2025 16:30
5.9k+

Ýeri G2-G3 derejeli magnit tupanlary gurşap aldy. Olar azyndan bir gün dowam eder

Ýerde 2-nji sentýabra geçilen gije magnit tupanlary başlady. Olar azyndan bir gün dowam eder diýip, RYA-nyň Kosmos gözlegleri institutynyň we Gün-Ýer fizikasy institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasynyň metbugat gullugy habar berýär
Gmail haker hüjümine sezewar boldy. Google 2,5 mlrd ulanyjyny paroly üýtgetmäge çagyrdy
29.08.2025 19:55
5k+

Gmail haker hüjümine sezewar boldy. Google 2,5 mlrd ulanyjyny paroly üýtgetmäge çagyrdy

Google kompaniýasy 2,5 mlrd Gmail ulanyjysyny ShinyHunters topary tarapyndan geçirilen haker hüjüminden soň paroly üýtgetmäge çagyrdy. Kompaniýa akkauntlarda şübheli hereketleri ünsli yzarlamagyň we iki şertli tassyklaýyş ýaly goşmaça gorag çärelerini ulanmagyň möhümdigini belledi diýip, New York Post habar berýär
Aý Günüň golaýyndan geçdi: teleskoplar Gün tutulmasyna taýýarlygy düşürip ýetişdiler
25.08.2025 13:42
12k+

Aý Günüň golaýyndan geçdi: teleskoplar Gün tutulmasyna taýýarlygy düşürip ýetişdiler

23-nji awgustda Aý Günüň ýanyndan geçdi. Bu hadysany GOES-19 kosmos apparatyna ornaşdyrylan SUVI Gün teleskoplary ýazga aldy. Suratlar we wideo ýazgylar Aşgabat wagty bilen irden sagat 10 töwereginde, astronomik täze Aý döwründen takmynan bir sagat öň düşürildi
Kaliforniýadaky gurakçylyk 2025-nji ýylda badam hasylynyň azalmagyna getirer
22.08.2025 18:54
3.7k+

Kaliforniýadaky gurakçylyk 2025-nji ýylda badam hasylynyň azalmagyna getirer

2025-nji ýylda badam hasyly Kaliforniýadaky gurakçylyk sebäpli ep-esli azalar, çünki bu ýerde badamyň global möçberiniň, takmynan, 80%-i ösdürilip ýetişdirilýär diýip, The Telegraph ýazýar. Ýagdaý köp ýurtlarda çörekçileri we süýjülik öndürijileri adaty reseptlere gaýtadan seretmäge mejbur eder
Gün özünden uly plazma zyňdy
21.08.2025 19:48
15k+

Gün özünden uly plazma zyňdy

20-nji awgustda astronomlar soňky ýyllaryň iň uly Gün hadysalarynyň birini hasaba aldy: Günüň günorta polýusyndan uly protuberanes zyňyldy. Onuň uzynlygy, takmynan, 1,5 mln kilometr boldy, bu bolsa Günüň öz diametrinden (takmynan, 1,4 mln km) hem uludyr
Günde tegmilleriň sany ep-esli azaldy, ol alawlama işjeňligini gowşadyp biler
18.08.2025 15:56
4.2k+

Günde tegmilleriň sany ep-esli azaldy, ol alawlama işjeňligini gowşadyp biler

Günüň Ýere bakýan tarapynda Gün tegmilleri asla galmady diýen ýaly. Bu barada RYA-nyň Kosmos gözlegleri institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasy habar berdi. Hünärmenleriň maglumatlaryna görä, ýokary takyklykdaky suratlarda häzir dört sany tegmilli ýeri görmek bolýar
Ýewropada rekord yssy sebäpli dörän tokaý ýangynlarynyň ýetiren zyýany 90% töweregi ýokarlandy
18.08.2025 10:00
8.6k+

Ýewropada rekord yssy sebäpli dörän tokaý ýangynlarynyň ýetiren zyýany 90% töweregi ýokarlandy

2025-nji ýylda Ýewropada aşa yssy howa tokaý ýangynlarynyň ýetirýän zyýanynyň ep-esli ýokarlanmagyna sebäp boldy. Ýokary temperatura ösümlikleri guradyp, ýangynyň ýaýramagyny aňsatlaşdyrdy. The Guardian gazetiniň berýän habaryna görä, şu ýyl Ýewropada 400 000 gektardan gowrak tokaý ýandy, bu bolsa soňky 20 ýyldaky ortaça görkezijiden 87% köpdür
17-nji awgustda Ýeriň golaýyndan 15 gatly jaýyň ululygynda asteroid uçup geçer
16.08.2025 00:36
8.6k+

17-nji awgustda Ýeriň golaýyndan 15 gatly jaýyň ululygynda asteroid uçup geçer

17-nji awgustda Aşgabat wagty bilen 14:30-da diametri 50 metr töweregi bolan 2025 PM asteroidi Ýeriň golaýyndan uçup geçer. Russiýanyň Ylymlar Akademiýasynyň Kosmos gözlegleri institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasynyň maglumatlaryna görä, planeta çenli iň az aralyk, takmynan, bir Aý orbitasynyň diametrine barabar bolar – bu bir million kilometrden az
ABŞ-da öýüň üçegini deşen meteoritiň ýaşy Ýerden 20 million ýyl uly bolup çykdy
15.08.2025 12:43
7.9k+

ABŞ-da öýüň üçegini deşen meteoritiň ýaşy Ýerden 20 million ýyl uly bolup çykdy

“Makdono meteoriti” adyny alan kosmos daşy iýun aýynda ABŞ-nyň Jorjiýa ştatynyň Makdono şäherindäki bir öýüň üçegini deşdi. Jorjiýa uniwersitetinden planetar geolog Skott Harris bu materialy öwrendi we meteoritiň takmynan 4,56 milliard ýyl ozal emele gelendigini kesgitledi
Ýaponiýada rekord dereje ýagyşlar we siller zerarly ewakuasiýa yglan edildi
11.08.2025 23:52
11k+

Ýaponiýada rekord dereje ýagyşlar we siller zerarly ewakuasiýa yglan edildi

Ýaponiýanyň ululygy boýunça üçünji adasy bolan Kýusýuda suw joşmalaryna we süýşgünlere getiren güýçli ýagyşlar sebäpli ýerli häkimiýetler köpçülikleýin ewakuasiýa yglan etdiler. Bu barada The Japan Times habar berýär
Türkiýede 6,1 bal ululykda ýertitreme bolup geçdi
11.08.2025 14:12
22k+

Türkiýede 6,1 bal ululykda ýertitreme bolup geçdi

Türkiýäniň günbataryndaky Balykesir şäherinde 6,1 bal ululykda ýertitreme hasaba alyndy. Bu barada respublikanyň Içeri işler ministrliginiň adatdan daşary ýagdaýlar boýunça departamentine (AFAD) salgylanyp, TRT Haber habar berýär
FT: Bütin dünýäde kenarýakalar çäge gorunyň tükenmegi sebäpli ýitýär
08.08.2025 16:16
4.8k+

FT: Bütin dünýäde kenarýakalar çäge gorunyň tükenmegi sebäpli ýitýär

ABŞ-dan başlap, Awstraliýa çenli dürli ýurtlarda kenarýakalara eroziýanyň çaltlaşmagy we çäge gorunyň tükenmegi sebäpli ýitmek howpy abanýar. Bu barada Financial Times habar berýär. Neşiriň maglumatlaryna görä, klimat üýtgemeleri kenarýakalaryň tebigy tozmak prosesini güýçlendirýär
Aý 7-nji sentýabrdaky tutulma wagtynda gyzyl reňke eýe bolar
08.08.2025 15:15
6.8k+

Aý 7-nji sentýabrdaky tutulma wagtynda gyzyl reňke eýe bolar

7-nji sentýabrda doly Aý tutulmasy bolup geçer we onuň dowamynda Aý bir ýarym sagat töweregi Ýeriň kölegesinde bolar. Bu döwürde tebigy hemra gyzylymtyl reňke eýe bolar diýip, Moskwa planetariýasynyň usuly goldaw bölüminiň başlygy, astronom Lýudmila Koşmana salgylanyp, TASS habar berýär
8-nji awgustda Ýere soňky iki aýda iň güýçli magnit hadysasy aralaşar
07.08.2025 18:51
12k+

8-nji awgustda Ýere soňky iki aýda iň güýçli magnit hadysasy aralaşar

8-nji awgustda Ýerde soňky iki aýda iň güýçli magnit hadysasynyň bolmagyna garaşylýar. Bu barada RIA Nowosti agentligi astronom, RF-niň Ylymlar akademiýasynyň professory Sergeý Bogaçýowa salgylanyp habar berýär
Fransiýanyň günortasynda 1949-njy ýyldan bäri iň uly tokaý ýangyny lowlaýar
07.08.2025 18:06
14k+

Fransiýanyň günortasynda 1949-njy ýyldan bäri iň uly tokaý ýangyny lowlaýar

Fransiýanyň günortasynda 1949-njy ýyldan bäri iň uly tokaý ýangyny dowam edýär. Ot ýüzlerçe ýerli ýaşaýjylaryň göçürilmegine getirdi diýip, BFM TV habar berýär. Ýangyn-halas ediş gullugynyň başlygy Kristof Maniniň aýtmagyna görä, alaw 16 müň gektary gurşap aldy we 90 kilometre ýaýrady
Kamçatka ýertitremesinden soň ýerinden 2 metr töweregi süýşdi
07.08.2025 13:31
10k+

Kamçatka ýertitremesinden soň ýerinden 2 metr töweregi süýşdi

Ýakynda bolan ýertitremesi netijesinde Kamçatka ýarym adasynyň günorta bölegi günorta-gündogara iki metre golaý süýşüpdir. Bu barada Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Geofiziki gullugynyň Kamçatka bölüminiň işgärleri habar berdi
Hindistanyň demirgazygyndaky suw joşguny tutuş obany basdy
07.08.2025 12:06
14k+

Hindistanyň demirgazygyndaky suw joşguny tutuş obany basdy

Hindistanyň demirgazyk bölegindäki güýçli ýagyşlar suw joşgunlaryna we sil akymlaryna getirdi. Uttarakhand ştatynda Dharali dag obasy bütinleý diýen ýaly weýran boldy. India Today-iň maglumatlaryna görä, azyndan dört adam heläk boldy, 50-den gowrak adam dereksiz ýitdi diýlip hasaplanýar