3I/ATLAS ýyldyzara kometasy 19-njy dekabrda irden Ýere iň ýakyn nokatdan geçdi. Hasaplamalara görä, obýekte çenli iň az aralyk 268 million 918 müň kilometr boldy. Bu barada Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Kosmos gözlegleri institutynyň metbugat gullugy habar berdi.
Kometanyň has ýakyn gelen wagty Aşgabat wagty bilen 09:16 töweregi bolup geçdi. Institut aralygyň sähel üýtgeýändigini, sebäbi kometanyň astronomik ölçegler boýunça Ýerden örän haýal daşlaşýandygyny belleýär. Hatda iň ýakyn nokatda-da aralyk Ýerden Güne çenli aralykdan iki esse uly, şonuň üçin kometanyň biziň planetamyza islendik täsiri doly aradan aýrylýar.
3I/ATLAS 2025-nji ýylyň 1-nji iýulynda ýüze çykaryldy. Alymlar onuň Gün ulgamymyzda ýokary tizlik we üýtgeşik ýol boýunça hereket edýän başga bir ýyldyz ulgamyndan gelen kometadygyny anyklady. Şeýle-de, kosmos jisiminiň ýaşy 7,5 milliard ýyldan gowrak diýlip çaklanyldy, ýagny Günden 3 milliard ýyl uly.
3I/ATLAS adamzat tarapyndan ýüze çykarylan üçünji ýyldyzara obýekt boldy. Ol daşky alamatlary boýunça özüni adaty kometa ýaly alyp barýar, ýöne düzümi bilen tapawutlanýar. Suw saklaýan beýleki meňzeş kosmos jisimlerinden tapawutlylykda, bu kometa, esasan, gaty kömürturşy gazyndan – gurak buzdan ybarat.
Kometa ýüze çykarylandan soň, onuň uçuş ýolunyň üýtgeşikdigi sebäpli başga planetalylaryň gämisi bolup biljekdigi barada çaklamalar peýda bolup başlady. Ýöne edaranyň işgäri Natan Eýsmont kometanyň emeli gelip çykyşy baradaky nazaryýeti ret edip, onuň ýolunyň üýtgemeginiň tebigy prosesler bilen baglanyşyklydygyny düşündirdi: Güne ýakynlaşanda kometa işjeň ýagdaýda gaz we tozan çykaryp başlaýar, bu hem reaktiw güýji döredip, onuň hereketini üýtgedýär.