Ýeriň Demirgazyk ýarymşarynda doly Gün tutulmasy boldy: täsin suratlar

13.08.2026, 11:296,349
1 / 15

12-nji awgust agşamy planetamyzyň Demirgazyk ýarymşarynda doly Gün tutulmasy bolup geçdi.

Bu hadysany Grenlandiýanyň, Islandiýanyň, Portugaliýanyň we Ispaniýanyň ýaşaýjylary öz gözleri bilen gördüler. Günbatar Ýewropanyň uly şäherlerinde bolsa Aý Günüň 85%-den 95%-e çenli bölegini ýapdy.

Bu waka Ýewropa sebitinde 1999-njy ýyldan bäri ilkinji doly Gün tutulmasy boldy. Adatdan daşary astronomik hadysa uly gyzyklanma döretdi: sebitiň iň uly şäherlerinde Gün tutulmasyny synlamak üçin niýetlenen ýörite äýnekler we dürbüler birnäçe gün öňünden doly satylyp gutaryldy.

Indiki doly Gün tutulmasy eýýäm 2027-nji ýylyň 2-nji awgustynda garaşylýar. Onuň doly fazasyny Ispaniýanyň günortasynda, şeýle hem Demirgazyk Afrikada synlap bolar.

Krakow, Polşa
Artur Widak / NurPhoto / Getty Images

Sankt-Peterburg, Russiýa
Alexei Danichev / Sputnik / Scanpix / LETA

Grenlandiýanyň kenarýakasyndaky «Ambition» kruiz laýnerinde
Owen Humphreys / PA Wire / PA Images / Scanpix / LETA

Çepde: Buitrago-del-Losoýa, Ispaniýa. Surat: Susana Vera / Reuters / Scanpix / LETA
Sagda: Reýkýawik, Islandiýa. Surat: Denis Balibouse / Reuters / Scanpix / LETA

London, Beýik Britaniýa
Yui Mok / PA Wire / PA Images / Scanpix / LETA

Polşanyň Premýer-ministri Donald Tusk Warşawada Gün tutulmasyny synlaýar
Paweł Supernak / EPA / Scanpix / LETA

Kaliningrad, Russiýa
Alexandr Podgorchuk / Sputnik / Scanpix / LETA

Brýussel, Belgiýa
Olivier Hoslet / EPA / Scanpix / LETA

London, Beýik Britaniýa. «Arsenal» toparynyň janköýerjigi «Emirates» stadionynda Gün tutulmasyny synlaýar
Catherine Ivill / AMA / Getty Images

Zalsburg, Awstriýa
Barbara Gindl / APA / AFP / Getty Images

San-Asensio, Ispaniýa
Ander Gillenea / AFP / Scanpix / LETA

Weýmut, Beýik Britaniýa. Gün tutulmasyny synlamak üçin äýnek satylýan dükana nobat. Adamlar irden sagat altyda gelip, nobat belläp başladylar
Finnbarr Webster / Getty Images

Falmut, Beýik Britaniýa. Ýerli dükanlaryň birinde satuwda Gün tutulmasyny synlamaga niýetlenen äýnegiň galmandygyny duýdurýan ýazgy
Hugh Hastings / Getty Images

Arkos-de-las-Salinasdaky Hawalambre astrofizika obserwatoriýasyndan görnüş, Ispaniýa
Christian Hartmann / Reuters

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.