Hadysalar

Kamçatkada ýertitremeden soň XV asyrdan bäri ýatan wulkan oýandy
04.08.2025 13:24
10k+

Kamçatkada ýertitremeden soň XV asyrdan bäri ýatan wulkan oýandy

XV asyrdan bäri ýatan Kraşeninnikow wulkany Kamçatkanyň taryhynda ilkinji gezek atyldy. Bu barada Kamçatkanyň wulkan atylmagyna garşy göreş toparynda (KVERT) habar berdiler. Wulkan deňiz derejesinden alty kilometr belentlige kül pürkdi
ABŞ-da çakan 829 kilometrlik ýyldyrym dünýäde iň uzyn ýyldyrym diýlip ykrar edildi
03.08.2025 17:44
16k+

ABŞ-da çakan 829 kilometrlik ýyldyrym dünýäde iň uzyn ýyldyrym diýlip ykrar edildi

BMG-niň Bütindünýä meteorologiýa guramasynyň hünärmenleri dünýäde iň uzyn ýyldyrymy hasaba aldy. Ol 2017-nji ýylyň 22-nji oktýabrynda ABŞ-nyň asmanynda çakdy we Gündogar Tehasdan Kanzas-Siti töwereklerine uzady diýip, Space
2025-nji ýylyň iýul aýy Aşgabatda howa gözegçilikleriniň taryhynda dördünji iň yssy aý boldy
02.08.2025 17:26
11k+

2025-nji ýylyň iýul aýy Aşgabatda howa gözegçilikleriniň taryhynda dördünji iň yssy aý boldy

2025-nji ýylyň iýul aýy Aşgabatda howanyň gyzgynlyk derejesiniň ýokary galmagy boýunça dördünji aý hökmünde hasaba alyndy — bu bolsa 1891-nji ýyldan bäri alnyp barylýan meteorologik gözegçilikleriň taryhynda rekord görkeziji boldy
“Tomus, güýz, gyş, zibil...” Alymlar täze möwsümleriň dörändigini öňe sürýär
02.08.2025 07:41
13k+

“Tomus, güýz, gyş, zibil...” Alymlar täze möwsümleriň dörändigini öňe sürýär

Londonyň ykdysadyýet mekdebiniň we Beýik Britaniýadaky Ýork uniwersitetiniň alymlary adamzat işiniň Ýeriň tebigy sazlaşygyny düýpgöter üýtgedendigini aýdýar. Bu hem täze möwsümleriň – “tüsse” we “zibil” möwsüminiň peýda bolmagyna getirdi diýip, ylmy gözlege salgylanyp, Live Science habar berýär
Aý we Ýer bir günde Günüň öňüni örtdi. NASA-nyň zondy seýrek hadysany ýazga aldy
31.07.2025 20:18
7.6k+

Aý we Ýer bir günde Günüň öňüni örtdi. NASA-nyň zondy seýrek hadysany ýazga aldy

NASA-nyň gije-gündizleýin Günüň işjeňligini yzarlaýan Solar Dynamics Observatory (SDO) kosmos zondy 25-nji iýulda  seýrek hadysany bellige aldy. Günüň öňüni ilki Aý bölekleýin ýapdy we üç sagatdan soň Ýer hem şu ýagdaýy gaýtalady
Günüň üstünde üç ýyldan bäri ilkinji gezek täze polýar deşikler emele gelip başlady
30.07.2025 14:41
8.1k+

Günüň üstünde üç ýyldan bäri ilkinji gezek täze polýar deşikler emele gelip başlady

Günüň üstünde 2022-nji ýyldan bäri ilkinji gezek polýar koronal deşikler peýda bolup başlady. Bu barada Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Kosmos barlaglary institutynyň we Sibir bölüminiň Gün-Ýerüsti fizika institutynyň web sahypasyna salgylanýan TASS habar berdi
Kamçatkada 8,7 bal ululykda güýçli ýertitreme boldy. Ol 1952-nji ýyldan bäri iň ulusy
30.07.2025 12:59
17k+

Kamçatkada 8,7 bal ululykda güýçli ýertitreme boldy. Ol 1952-nji ýyldan bäri iň ulusy

30-njy iýula geçilen gije Kamçatkanyň (Russiýa) kenaryndan 161 km uzaklykda 32 km çuňlukda 8,7 bal ululykda ýertitreme bolup geçdi. Bu 1952-nji ýyldan bäri iň güýçli ýertitreme boldy diýip, Russiýanyň Ylymlar Akademiýasynyň Geofizika gullugynyň şahamçasynyň metbugat gullugy habar berdi
2027-nji ýylyň awgustynda boljak doly Gün tutulmasy XXI asyrda iň uzak dowam etjegi bolar
29.07.2025 14:16
11k+

2027-nji ýylyň awgustynda boljak doly Gün tutulmasy XXI asyrda iň uzak dowam etjegi bolar

2027-nji ýylyň 2-nji awgustynda boljak  Gün tutulmasy 6 minut 22 sekunt dowam eder. Bu üstümizdäki asyryň Gün tutulmasynyň iň uzak döwri bolar diýip,  Space.com ýazýar. Neşir sosial ulgamlarda we metbugatda “dünýä garaňkylyga bürener” diýlen köp sanly oýlanyşyksyz aýdylan “çaklamalaryň” üstünden gülýär
Türkiýede tokaý ýangynlary sebäpli 1700 adam göçürildi
28.07.2025 12:35
9.1k+

Türkiýede tokaý ýangynlary sebäpli 1700 adam göçürildi

Türkiýäniň birnäýe welaýatlarynda uly tokaý ýangynlary bilen göreş dowam edýär. Ýangyn tokaý massiwlerini, ýaşaýyş zolaklaryny we oba hojalyk ýerlerini gurşap aldy diýip, Anadolu agentligi habar berýär. Hususan-da, Bursa, Antalýa, Izmir, Bilejik welaýatlarynda, şeýle-de Uşak, Mersin we Diýarbakir sebitlerinde ýagdaý has çylşyrymly
Hazar deňziniň derejesiniň peselmegi suwdaky jandarlaryň günorta süýşmegine getirdi
26.07.2025 12:54
22k+

Hazar deňziniň derejesiniň peselmegi suwdaky jandarlaryň günorta süýşmegine getirdi

Hazar deňzi gözegçiligiň bütin taryhynda rekord pes derejä – ýörite Baltika ulgamy boýunça minus 29 metre ýetdi. Şeýle maglumatlary Bütinrussiýa balyk hojalygy ylmy-gözleg institutynyň Hazar şahamçasynyň hünärmenleri berýär diýip, TASS belleýär
Serdar Berdimuhamedow Russiýada bolup geçen awiaheläkçilik zerarly W.Putine gynanç bildirdi
25.07.2025 11:00
26k+

Serdar Berdimuhamedow Russiýada bolup geçen awiaheläkçilik zerarly W.Putine gynanç bildirdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine “Angara” awiakompaniýasynyň raýat uçarynyň heläkçilige uçramagy we köp sanly adam pidalaryna getirmegi zerarly gynanç hatyny iberdi
Lawa derýalary we iki kilometrlik jaýryklar: Islandiýada uly wulkan atylmasy bolup geçdi
18.07.2025 23:58
10k+

Lawa derýalary we iki kilometrlik jaýryklar: Islandiýada uly wulkan atylmasy bolup geçdi

16-njy iýulda Islandiýanyň günorta-günbataryndaky Reýkýanes ýarym adasynda Sundhnukur wulkany atyldy. Bu ýarym adada ozal 800 ýyllap ýatan wulkanlaryň 2021-nji ýyldan bäri 12-nji atylyşy boldy.  Ýokaryk böwsülip çykan lawa uly jaýrygy emele getirip, üç inedördül kilometrden gowrak ýere akdy
Ýaponiýanyň Tokara adalarynda 3 hepdäniň içinde 2000-den gowrak ýertitremesi bolup geçdi
16.07.2025 12:42
8.7k+

Ýaponiýanyň Tokara adalarynda 3 hepdäniň içinde 2000-den gowrak ýertitremesi bolup geçdi

Ýaponiýanyň uzakdaky Tokara adalarynda soňky üç hepdäniň dowamynda 2000-den gowrak ýertitremeleri bolup geçdi. Käbir ýer yranmalarynyň magnitudasy 5 baldan geçdi. Bu barada Ýaponiýanyň Meteorologiýa guramasy habar berdi
Ägirt uly aýsberg Grenlandiýanyň obasyna golaý ýüzüp bardy. Ol ýaşaýjylara howp salýar
16.07.2025 12:01
18k+

Ägirt uly aýsberg Grenlandiýanyň obasyna golaý ýüzüp bardy. Ol ýaşaýjylara howp salýar

Grenlandiýanyň günbatar kenaryndaky Innaarsuit obasynyň ýaşaýjylary ägirt uly aýsberg sebäpli ewakuasiýa edildi. Buz iki bölege bölündi we häzir balyk zawodyndan hem azyk dükanyndan birnäçe metr uzaklykda obanyň üstüne abanýar diýip, Bild ýazýar
“Jeýms Uebb” “Kosmos baýguşynyň” şekilini surata aldy
14.07.2025 16:50
4.3k+

“Jeýms Uebb” “Kosmos baýguşynyň” şekilini surata aldy

“Jeýms Uebb” kosmos teleskopy haýran galdyryjy wakanyň - iki sany halka şekilli galaktikanyň çaknyşygynyň şekilini düşürdi. Bu takmynan 38 million ýyl ozal, Ýerden milliardlarça ýagtylyk ýyly uzaklykda bolup geçdi
“Çane-6” Aýyň asteroid bilen çaknyşmagynyň netijeleri barada täze maglumatlary aldy
14.07.2025 10:59
3.3k+

“Çane-6” Aýyň asteroid bilen çaknyşmagynyň netijeleri barada täze maglumatlary aldy

Hytaýyň “Çane-6” missiýasy tarapyndan Aýyň arka tarapyndan getirilen toprak nusgalarynyň seljermesi alymlara, takmynan, 4 mlrd ýyl ozal uly asteroid bilen çaknyşmagyň Aý mantiýasynyň çuň gatlaklarynyň düzümini üýtgedip bilendigini anyklamaga mümkinçilik berdi
Bir köpek Hindistanda süýşgün wagty onlarça adamyň halas bolmagyna kömek etdi
12.07.2025 19:29
23k+

Bir köpek Hindistanda süýşgün wagty onlarça adamyň halas bolmagyna kömek etdi

Hindistanyň Himaçal-Pradeş ştatyndaky Siýathi obasynda bäş aýlyk güjük süýşgün wagty 67 adamy ölümden halas etdi. Gahrymana öwrülen itiň taryhyny The Independent gürrüň berdi. 30-njy iýun gijesi birnäçe hepde ozal obada öý tapynan it gaty ses bilen üýrüp, hojaýynyny ukudan oýardy
Tehasdaky suw joşmasynyň ýetiren zyýanlary kosmosdan görkezildi
11.07.2025 14:30
20k+

Tehasdaky suw joşmasynyň ýetiren zyýanlary kosmosdan görkezildi

Maxar Technologies kompaniýasy ABŞ-nyň Tehas ştatyndaky güýçli suw joşmasynyň netijelerine degişli düşüren hemra suratlaryny çap etdi. Suratlar uzak wagtlap ýagan ýagyş sebäpli suwuň derejesiniň birden ýokarlanmagy bilen bagly Gwadelupe derýasynyň uzaboýundaky ýerleriň üýtgändigini görkezýär
ESA kosmosdan Ortaýer deňziniň näderejede gyzýandygyny görkezdi
10.07.2025 11:35
6.2k+

ESA kosmosdan Ortaýer deňziniň näderejede gyzýandygyny görkezdi

Ýewropadaky aşa yssy howa hatda kosmosdan hem aýdyň görünýär. Ýewropa kosmos agentligi (ESA) Ortaýer deňzi sebitindäki gury ýerleriň we suwuň üstki temperaturasynyň ýokarlanýandygyny görkezýän emeli hemra suratyny çap etdi
Indoneziýadaky Lewotobi Laki Laki wulkany 18 km beýiklikde kül zyňdy
08.07.2025 20:12
7.9k+

Indoneziýadaky Lewotobi Laki Laki wulkany 18 km beýiklikde kül zyňdy

Indoneziýanyň Flores adasynda Lewotobi Laki Laki wulkanynyň güýçli atylmasy bolup geçdi. Asmana 18 km beýiklikdäki kül sütüni göterildi diýip, ýerli häkimiýetlere salgylanyp, CNA habar berýär. Indoneziýanyň wulkanologiýa agentliginiň maglumatlaryna görä, wulkan gaty sesli partlamalar bilen atyldy
Dünýäde CO₂ zyňyndylary rekord derejede 40,8 milliard tonna ýetdi
08.07.2025 10:25
5.5k+

Dünýäde CO₂ zyňyndylary rekord derejede 40,8 milliard tonna ýetdi

Geçen ýyl dünýäde kömürturşy gazynyň zyňyndylary CO₂ ekwiwalentinde 40,8 milliard tonna ýetdi. Bu barada Energetika instituty (EI) tarapyndan neşir edilen “2025-nji ýylda dünýä energetikasynyň san maglumatyna syn” atly täze hasabatda aýdylýar
Orbitadan bulutlaryň üstünde seýrek ýyldyrym surata alyndy
07.07.2025 13:30
9.1k+

Orbitadan bulutlaryň üstünde seýrek ýyldyrym surata alyndy

NASA-nyň zenan astronawty Nikol Aýers Halkara kosmos stansiýasynyň bortundan ýyldyrymyň seýrek görnüşini – spraýty surata aldy. Surat stansiýa Meksika bilen ABŞ-nyň üstünden uçup geçen wagty düşürildi. Aýersiň aýtmagyna görä, şeýle surat alymlara spraýtlaryň tebigatyna, olaryň aýratynlyklaryna we tupan bilen baglanyşygyna has gowy düşünmäge kömek edýär
Dünýäniň iň gurak ýerleriniň biri bolan Atakama çölüni gar örtdi
27.06.2025 20:25
16k+

Dünýäniň iň gurak ýerleriniň biri bolan Atakama çölüni gar örtdi

Çiliniň demirgazygynda Atakama çölünde gar ýagdy. Bu çöl Ýer ýüzünde iň gurak sebitleriň biri hökmünde tanalýar. Şeýle-de bolsa, bu seýrek hadysa ALMA (Atacama Large Millimeter/submillimeter Array) obserwatoriýasynyň sosial ulgamlarynda paýlaşylan wideolarynda görkezildi
16 mlrd login we parol internete syzdyryldy. Bu taryhda iň uly syzyş
20.06.2025 22:51
5.3k+

16 mlrd login we parol internete syzdyryldy. Bu taryhda iň uly syzyş

Internete Google, Apple, Facebook akkauntlaryndan we dünýädäki beýleki meşhur platformalardan 16 milliard login we parol syzdy. Bu barada Forbes habar berip, muny taryhda iň uly maglumat syzmasy diýip atlandyrýar
Ispaniýada we Portugaliýada aprelde bolup geçen köpçülikleýin tok öçmäniň sebäbi belli boldy
19.06.2025 09:56
9.2k+

Ispaniýada we Portugaliýada aprelde bolup geçen köpçülikleýin tok öçmäniň sebäbi belli boldy

Ispaniýanyň Ekologiýa we demografiýa ministrligi 28-nji aprelde tutuş Ispaniýany we goňşy Portugaliýany elektrik energiýasyz galdyran sebit derejesindäki blekauty (köpçülikleýin tok öçmek) derňemegiň netijelerini hödürledi
Indoneziýadaky wulkanyň kül sütüni 10 kilometr beýiklige ýetdi
18.06.2025 13:57
7.8k+

Indoneziýadaky wulkanyň kül sütüni 10 kilometr beýiklige ýetdi

Indoneziýada Lewotobi Laki-laki wulkany atylyp başlandy diýip, SindoNews neşiri habar berýär. Ýerli wulkanologiýa merkeziniň maglumatlaryna görä, kül sütüni dagyň çür depesinden 10 müň metre göterildi. Wulkana gözegçilik nokadynyň işgärleri ýerli ýaşaýjylara we syýahatçylara wulkanyň golaýynda bolmagyň howpludygyny duýdurdy
Günde iň ýokary derejeli alawlama bolup geçdi
18.06.2025 13:56
7.1k+

Günde iň ýokary derejeli alawlama bolup geçdi

18-nji iýunda Günde iň ýokary X derejeli kuwwatly alawlama bolup geçdi. Bu barada Gün işjeňligine gözegçilik merkezine salgylanyp, TASS habar berýär. X1.3 derejeli alawlama soňky üç hepdede şeýle derejeli ilkinji alawlama boldy
Hindistanyň iň baý adamlaryndan biri ary ýuwdup aradan çykdy
17.06.2025 13:20
20k+

Hindistanyň iň baý adamlaryndan biri ary ýuwdup aradan çykdy

Hindistanly milliarder Sanjaý Kapur Londonda 53 ýaşynyň içinde geň ýagdaýlarda aradan çykdy. Bu barada The New York Times  ýazýar. Bu pajygaly waka polo oýny oýnalýan wagtynda bolup geçdi. Şaýatlaryň sözlerine görä, telekeçi "Men bir zatlar-a ýuwutdym
2025-nji ýylyň maý aýy umman gözegçiliginiň taryhynda ikinji iň yssy aý boldy
16.06.2025 14:19
7.8k+

2025-nji ýylyň maý aýy umman gözegçiliginiň taryhynda ikinji iň yssy aý boldy

2025-nji ýylyň maý aýynda dünýä ummanynyň üstüniň ortaça temperaturasy 20,79 gradus boldy – bu gözegçiligiň taryhynda ikinji iň ýokary görkezijidir diýip, Ýewropanyň Copernicus gullugy habar berýär. 2024-nji ýylyň maý aýynda goýlan rekord dereje bu görkezijiden bary-ýogy 0,14 gradus ýokarydy
Serdar Berdimuhamedow Hindistanyň ýolbaşçylaryna awiaheläkçilik zerarly gynanç bildirdi
13.06.2025 12:12
22k+

Serdar Berdimuhamedow Hindistanyň ýolbaşçylaryna awiaheläkçilik zerarly gynanç bildirdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Draupadi Murmuwa hem-de Premýer-ministri Narendra Modä ýurduň Ahmedabad şäherinde ýolagçy uçarynyň heläkçilige uçramagy hem-de bu betbagtçylygyň köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelere getirmegi zerarly gynanç hatyny iberdi
Müňlerçe ulagly Morning Midas gämisi bir hepde bäri Ýuwaş ummanda ýanmagyny dowam edýär
13.06.2025 09:50
22k+

Müňlerçe ulagly Morning Midas gämisi bir hepde bäri Ýuwaş ummanda ýanmagyny dowam edýär

Bir hepde mundan ozal Alýaskanyň kenarlaryndaky Ýuwaş ummanda ot alan Morning Midas ýük gämisi ýanmagyny we ýüzmegini dowam etdirýär. ABŞ-nyň kenar goragy edarasy tarapyndan alnan surat gämä düýpli zyýan ýetendigini görkezýär
Hindistanda dünýäde ilkinji gezek Boeing Dreamliner heläkçilige uçrady, ýekeje ýolagçy diri galdy
13.06.2025 09:48
22k+

Hindistanda dünýäde ilkinji gezek Boeing Dreamliner heläkçilige uçrady, ýekeje ýolagçy diri galdy

12-nji iýunda Hindistanyň günbataryndaky Gujarat ştatynda Air India awiakompaniýasynyň Boeing 787-8 Dreamliner ýolagçy uçary heläkçilige uçrady. Ol Ahmadabat şäherinden Londona gatnaw edýärdi. Heläkçilik uçar howa menzilinden uçandan gysga wagtdan soň bolup geçdi
Kanadadaky tokaý ýangynlaryndan çykýan tüsse baryp kosmosdan hem görünýär
07.06.2025 19:01
15k+

Kanadadaky tokaý ýangynlaryndan çykýan tüsse baryp kosmosdan hem görünýär

NASA-nyň Ýerden 1,5 million kilometr uzaklykdaky Lagranj L1 nokadynda ýerleşýän DSCOVR hemrasy Kanadadaky tokaý ýangynlaryndan çykan tüssäni surata aldy. Surat 2025-nji ýylyň 31-nji maýynda düşürildi. Kanadadaky tokaý ýangynlary birnäçe gün bäri dowam edýär
Türkmen alymlary Derweze gaz krateriniň alawlamasyny peseltmegi başardylar
07.06.2025 12:21
16k+

Türkmen alymlary Derweze gaz krateriniň alawlamasyny peseltmegi başardylar

Garagum sährasyndaky Derweze gaz krateriniň ýanmagynyň depgini üç esse azaldy. Bu barada «Türkmengaz» döwlet konserniniň Tebigy gaz ylmy-barlag institutynyň barlaghanasynyň müdiri Irina Lurýewa habar berdi. "Krateriň tertipsiz ýanmagynyň ýygjamlygy 2023-nji ýylyň awgust aýy bilen deňeşdirilende üç esseden gowrak azaldy
Ägirt uly aýsberg A23a Antarktidanyň kenarynda saýdan çykyp, ýene ýüzüp başlady
05.06.2025 10:12
10k+

Ägirt uly aýsberg A23a Antarktidanyň kenarynda saýdan çykyp, ýene ýüzüp başlady

Ululygy boýunça Lýuksemburgyň çägi bilen deňleşýän A23a ägirt uly aýsbergi  Günorta ummanyň suwlarynda ýene-de hereket edip başlady. Bu barada Arktika we Antarktika ylmy-gözleg institutynyň metbugat gullugy habar berdi
Saharadan galyňlygy 4 km bolan ägirt uly tozan buludy Amerikanyň üstünden iner
05.06.2025 10:05
10k+

Saharadan galyňlygy 4 km bolan ägirt uly tozan buludy Amerikanyň üstünden iner

Şu hepde Saharadan uly tozan buludy Atlantik ummanynyň üstünden geçip, Karib basseýnini örtdi we indi ABŞ-a tarap barýar. Tozan bulutlary her ýyl Sahara howa gatlagy diýlip atlandyrylýan atmosfera hadysasynyň netijesinde emele gelýär diýip, Science Alert habar berýär
66 sagatlap dowam eden magnit tupany tamamlandy
04.06.2025 16:13
11k+

66 sagatlap dowam eden magnit tupany tamamlandy

1-nji iýunda sagat 5:00 töweregi başlanan magnit tupanlary 3-nji iýunda 23:00 töweregi tamamlandy. Russiýanyň Ylymlar Akademiýasynyň Kosmos gözlegleri institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasynyň maglumatlaryna görä, olaryň umumy dowamlylygy 66 sagat boldy
Tibetiň asmanynda ýyldyrymyň seýrek görnüşi bolan "gyzyl spraýt" surata düşürildi
04.06.2025 10:59
7k+

Tibetiň asmanynda ýyldyrymyň seýrek görnüşi bolan "gyzyl spraýt" surata düşürildi

Tebigy hadysaly suratlary bilen tanalýan hytaýly astro suratçy Dun Şuçan seýrek atmosfera hadysasyny - gyzyl spraýty surata düşürdi. Surat Tibet platosynda deňiz derejesinden 5000 metrden gowrak belentlikden düşürildi
Kýolnda Ikinji jahan urşy döwrüniň partlaman galan bombalary tapyldy: 20 müň adam ewakuasiýa ediler
04.06.2025 10:51
10k+

Kýolnda Ikinji jahan urşy döwrüniň partlaman galan bombalary tapyldy: 20 müň adam ewakuasiýa ediler

Germaniýada 20 müň töweregi adam Ikinji jahan urşy döwrüniň ok-därileriniň tapylmagy sebäpli ewakuasiýa ediler. Bu barada ýerli administrasiýa salgylanyp, Bild habar berýär. 2-nji iýunda Kýolnyň Doýs sebitinde alnyp barlan geologiki işleriň dowamynda hünärmenler üç amerikan awiabombasyny tapdy
Sisiliýada Etna wulkany 2014-nji ýyldan bäri iň güýçli ýagdaýynda atylyp başlandy
04.06.2025 10:46
6.8k+

Sisiliýada Etna wulkany 2014-nji ýyldan bäri iň güýçli ýagdaýynda atylyp başlandy

Sisiliýada Etna wulkany atylyp başlandy. Bu barada Italiýanyň Milli geofizika we wulkanologiýa institutyna salgylanyp, ANSA agentligi habar berýär. Wulkan atylmazdan öň krateriň bir bölegi opuryldy, bu hem piroklastik akymyna getirdi – bu gyzgyn gazlaryň, külüň we daşlaryň garyndysydyr